Saýlanan şäher
27 iýul 2026
Türkmen
Ulgama girmek
Awtoulaglar
Spestehnika
Awtoşaýlar
Beýleki Bildirişler
Biznes Hasaplar
Habarlar
Ulgama girmek
Baş sahypa
Awtoulaglar
Awtoşaýlar
Beýleki Bildirişler
Biznes Hasaplar
Habarlar
Garaňky tema
Dil
Meniň profilim
Sport
Baş sahypa
/
Habarlar
/
Sport
28.08.2025 12:23
4.4k+
Jordanyň we Braýantyň gollary bolan kartoçka auksionda rekord 12,9 mln dollara satyldy
Meşhur basketbolçylar Maýkl Jordan we Kobi Braýant tarapyndan gol goýlan kartoçka ABŞ-da Heritage Auctions auksionynda 12,9 mln dollara satyldy. Bu mukdar sport kartoçkalary üçin rekord boldy diýip, Bi-bi-si habar berýär
28.08.2025 11:47
6.2k+
Çempionlar ligasynyň esasyna tapgyryna gatnaşyjylaryň ählisi kesgitlendi
28-nji awgusta geçilen gije Çempionlar ligasynyň pleý-off tapgyrynyň soňky oýunlary tamamlandy. Netijede, Ýewropanyň esasy ýaryşynyň umumy tapgyryna gatnaşjak klublaryň ählisi belli boldy. Ýaryş üçin ýollamany iň soňky bolup “Kaýrat” (Gazagystan), “Budýo-Glimt” (Norwegiýa), “Pafos” (Kipr), “Karabah” (Azerbaýjan), “Brýugge” (Belgiýa), “Benfika” (Portugaliýa) we “Kopengagen” (Daniýa) aldy
27.08.2025 16:39
9.3k+
Çempionlar ligasynyň täze toplary gijeki asmandan, kosmosdan we demirgazyk şapagyndan ylham alyp döredildi
Ýewropa futbol assosiasiýalarynyň birleşigi (UEFA) 2025/26 möwsüminiň erkekler we zenanlar Çempionlar ligasy üçin täze resmi toplaryny hödürledi. Täze modeller ýaryşyň umumy tapgyrynda ulanylar. Erkekler Çempionlar ligasy üçin top gök we altyn nagyşlar bilen bezeldi
26.08.2025 14:29
11k+
Türkmenistan CAFA Milletler kubogynda Gyrgyzystan, Özbegistan we Oman bilen duşuşar
Merkezi Aziýanyň Futbol Assosiasiýasynyň (CAFA) Milletler kubogynyň toparçalaýyn tapgyrynyň oýunlarynyň tertibi resmi taýdan mälim edildi. Bu barada CAFA-nyň metbugat gullugy habar berýär. CAFA-nyň Milletler kubogy taryhda ikinji gezek geçirilýär
26.08.2025 11:00
5.4k+
Forbes 2025-nji ýylda dünýäniň iň baý tennisçilerini atlandyrdy
Forbes žurnaly 2025-nji ýylda dünýäniň iň baý tennisçileriniň reýtingini hödürledi. Sanawda birinji orny ýylda 48,3 mln dollar girdeji bilen ispaniýaly Karlos Alkaras eýeledi. Ikinji orunda 47,3 mln dollar bilen italiýaly Ýannik Sinner ýerleşdi
25.08.2025 12:20
5.5k+
13 ýaşly tennisçi Tailandda geçen halkara ýaryşda Türkmenistana iki sany altyn medal getirdi
Tailand Patyşalygynyň Uly Bangkok sebitine degişli bolan Nonthaburi welaýatynda 14 ýaşa çenli ýetginjekleriň arasynda Aziýanyň Tennis federasiýasynyň (ATF) guramagynda halkara tennis ýaryşy geçirildi. Ýaryşda üstünlikli çykyş eden türkmen türgenleri üç görnüş boýunça altyn, bir görnüşde bolsa bürünç medal gazandylar
24.08.2025 16:45
6.3k+
«Barselona» üçünji egin-eşik toplumyny hödürledi: Klub 11 ýyldan bäri ilkinji gezek mämişe reňke dolanar
«Barselona» futbol kluby 2025/26 möwsüm üçin üçünji egin-eşik toplumyny görkezdi. Hansi Fligiň topary 2014/15 möwsüminden bäri ilkinji gezek mämişi köýnekçede meýdana çykar. Klub taryhynda bu reňk sekizinji gezek ulanylar
24.08.2025 15:09
17k+
Ronaldu "Al-Nasr" bilen ýene bir kubogy elden gidirdi, ýöne futbolçy täze rekord goýdy
Kriştianu Ronaldunyň çykyş edýän "Al-Nasr" futbol kluby Saud Arabystanynyň Superkubogynyň final oýnunda "Al-Ahliden" utuldy. Duşuşyk "Gonkong - So-Kon-Po" stadionynda geçirildi. Oýnuň esasy wagty deňme-deň - 2:2 hasabynda tamamlandy
23.08.2025 18:33
22k+
Tramp 2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynyň bijeleriniň çekiljek senesini we ýerini aýtdy
ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp 2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynyň bije çekişiginiň 5-nji dekabrda Waşingtonyň Kennedi adyndaky Ýerine ýetiriş sungat merkezinde geçiriljekdigini habar berdi. Ol muny FIFA-nyň prezidenti Janni Infantinonyň gatnaşmagynda Prezidentiň iş otagyndan ýörite ýüzlenme bilen aýtdy
22.08.2025 19:07
15k+
Nike Braziliýadan sekiz ýaşly futbolçy bilen şertnama baglaşdy
Nike Braziliýadan “Flamengo” klubunyň çagalar toparynda çykyş edýän sekiz ýaşly futbolçy Natansinýo bilen şertnama baglaşdy. Bu barada O Globo neşiri habar berýär. Geçen möwsümde Natansinýo 8 ýaşa çenli oýunçylaryň arasynda Rio-de-Žaneýronyň çempionatynyň iň gowy bombardiri boldy
21.08.2025 19:55
4.6k+
Türkmen karateçileri Daşkentde Merkezi Aziýanyň Kubogynda 24 medal gazandylar
18-20-nji awgust aralygynda Daşkent şäherinde kýokuşunkaý karate boýunça Merkezi Aziýanyň Kubogy geçirildi. Türkmenistanyň ýygyndy topary ýaryşda ýokary netijeleri görkezip, 6 altyn, 4 kümüş we 14 bürünç medala mynasyp boldy
21.08.2025 16:34
15k+
UFC-niň täze çempiony Hamzat Çimaýew dünýäniň iň gowy söweşijileriniň bäşligine girdi
Orta agramda UFC-niň çempiony Hamzat Çimaýew täzelenen Pound4Pound (P4P) reýtinginde dördünji orny eýeledi. BAE-den ýeňilmedik söweşiji UFC 319 ýaryşynda geçirilen titul söweşinde GAR-yň wekili Drikus dýu Plessiden üstün çykandan soň birbada 10 orun ýokary galdy
21.08.2025 16:32
8.9k+
44 ýaşly braziliýaly derwezeban futboldaky oýunlarynyň sany boýunça rekord goýdy
“Fluminenseniň” braziliýaly derwezebany Fabio professional futbolda gatnaşan oýunlarynyň sany boýunça rekord eýesi boldy. Onuň hasabynda indi 1391 oýun bar. 44 ýaşly futbolçy çarşenbe güni Günorta Amerika kubogynyň 1/8 finalynyň Kolumbiýanyň “Amerika De Kali” toparyna garşy oýnuna başlangyç düzümde çykdy
21.08.2025 16:03
5.6k+
Salah üçünji gezek PFA tarapyndan ýylyň iň gowy oýunçysy üçin baýragy aldy – bu rekord
“Liwerpulyň” wingeri Mohamed Salah Angliýanyň Professional futbolçylaryň assosiasiýasy (PFA) tarapyndan ýylyň iň gowy futbolçysy üçin baýraga mynasyp boldy. Müsürli oýunçy bu baýragy üçünji gezek alýar we bu rekorddyr
20.08.2025 08:40
4.2k+
24 ýaşda 24-nji ýeňiş: Iga Swýontek Sinsinnatidäki WTA 1000 ýaryşynyň ýeňijisi boldy
Polşaly tennisçi Iga Swýontek Sinsinnatidäki (ABŞ) WTA 1000 tennis ýaryşynyň finalynda ýeňiş gazandy. Finalda ol italiýaly Žasmin Paolinini 7:5, 6:4 hasabynda utdy. Oýun 1 sagat 49 minut dowam etdi. Oýnuň başynda Swýontek 0:3 hasabynda utulyp gelýärdi, ol garşydaşynyň oýnuň dowamynda dört breýk etmegine ýol berdi, ýöne soň oýny öz peýdasyna öwürmegi başardy
20.08.2025 08:37
7.9k+
“Liwerpul” transferlerde £200 mln gazandy, ýöne £300 mln sarp etdi
“Liwerpul” futbol kluby şu tomus öz taryhynda iň güýçli transfer kampaniýasyny geçirýär. Klub oýunçy satuwyndan 200 mln funt sterlingden gowrak gazandy, ýöne täze oýunçylar üçin çykdajylary 300 mln funt sterlingden geçdi diýip, ESPN ýazýar
20.08.2025 08:24
13k+
Ronaldunyň kömegi bilen geçirilen gol “Al-Nasry” Saud Arabystanynyň Superkubogynyň finalyna çykardy
“Al-Nasr” futbol boýunça Saud Arabystanynyň Superkubogynyň ýarym final oýnunda “Al-Ittihady” utdy. Oýun Gonkongda geçirilip, Kriştianu Ronaldunyň toparynyň peýdasyna 2:1 hasabynda tamamlandy. Oýunda hasaby 10-njy minutda “Al-Nasryň” hüjümçisi Sadio Mane açdy
19.08.2025 18:40
10k+
FIFA Klublaýyn dünýä çempionatyny 48 kluby gatnaşdyryp, her iki ýyldan geçirmek mümkinçiligini öwrenýär
FIFA 2029-njy ýyldan başlap Klublaýyn dünýä çempionatyny her iki ýyldan bir gezek geçirmegi ara alyp maslahatlaşýar diýip, The Guardian neşiri habar berýär. Bu teklip ilkibaşda “Real” kluby tarapyndan orta atyldy
19.08.2025 15:53
30k+
Alp Arslan Begenjow dünýä çempiony titulyny gorap bilmedi
Erkin göreş boýunça türkmen pälwany Alp Arslan Begenjow (79 kg çenli agram kategoriýasy) 20 ýaşa çenli türgenleriň arasynda göreş boýunça ýaşlar dünýä çempionatynyň dörtden bir finalyndan geçip bilmedi. Ýaryş 17 – 24-nji awgust aralygynda Bolgariýanyň Samokow şäherinde 650 türgeniň gatnaşmagynda geçirilýär
19.08.2025 13:48
10k+
Ronaldunyň kluby “Al-Nasr” Günden we çölden ylham alyp döredilen täze eşigini görkezdi
“Al-Nasr” saud futbol kluby 2025/2026 möwsümi üçin öý eşigini resmi taýdan hödürledi. Tanyşdyryşa toparyň öňdebaryjy oýunçylary, şol sanda Kriştianu Ronaldu, Sadio Mane we toparyň täze oýunçysy Žoau Feliks gatnaşdy diýip, Footy Headlines habar berýär
18.08.2025 15:42
2.7k+
Aşgabatda taekwondo boýunça Koreýa Respublikasynyň ilçisiniň kubogy ugrunda ýaryş tamamlandy
Aşgabatda Olimpiýa şäherçesinde çagalaryň we ýetginjek türgenleriň arasynda taekwondo boýunça Koreýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisiniň kubogy ugrunda geçirilen ýaryş tamamlandy
18.08.2025 09:01
9.6k+
Türkmen lukmanlary ilkinji gezek çaga ysmaz keselini bejermek boýunça çylşyrymly operasiýany geçirdiler
Türkmenistanyň hirurg lukmanlary Germaniýadan çagyrylan hünärmen bilen bilelikde Türkmenistanda ilkinji gezek selektiw dorsal rizotomiýa — çaga ysmaz keselini bejermek boýunça çylşyrymly neýrohirurgiki operasiýany üstünlikli geçirdiler
17.08.2025 23:29
4.8k+
Nike-yň esaslandyryjysy Fil Naýt rak bilen göreşe 2 mlrd dollar bagyş etdi
Amerikaly işewür, Nike brendiniň egindeş esaslandyryjysy Fil Naýt aýaly Penni bilen bilelikde rak keseline garşy göreşe 2 mlrd dollar bagyş etdi. Bu barada The Wall Street Journal habar berdi. Serişdeler Oregonyň Saglygy goraýyş we ylym uniwersitetine gönükdirildi
17.08.2025 13:40
7.7k+
“Bawariýa” 11-nji gezek Germaniýanyň Superkubogyny aldy
"Bawariýa” futbol boýunça Germaniýanyň Superkubogy ugrundaky oýunda “Ştutgarty” 2:1 hasabynda utup, kubogyň eýesi boldy. Duşuşyk Ştutgartda geçirildi. Ýeňijileriň düzüminde Garri Keýn (18-nji minut) we Luis Dias (77) gol geçirdi
17.08.2025 13:33
21k+
Täze çempion! Hamzat Çimaýew Dýu Plessiden üstün çykyp, orta agramda çempion guşagyny aldy
16-njy awgustdan 17-nji awgusta geçilen gije (Aşgabat wagty bilen irden) Çikagodaky United Center arenasynda UFC 319 ýaryşy geçirildi. Onuň esasy wakasy günorta afrikaly Drikus dýu Plessi bilen BAE-niň wekili Hamzat Çimaýewiň arasynda orta agramda titul söweşi boldy
16.08.2025 19:04
4.2k+
Türkmen tennisçileri Tailandda geçirilen ýaryşda üç altyn we bir bürünç medal gazandylar
Türkmen türgenleri 14 ýaşa çenli tennisçileriň halkara ýaryşynda üç altyn we bir bürünç medaly gazandylar. Ýaryşlar Tailandyň Nontaburi welaýatynda (Beýik Bankok) Aziýanyň Tennis Federasiýasynyň (ATF) guramagynda geçirildi
16.08.2025 18:35
8.3k+
"Barselonanyň" YouTube-kanaly FIFA-dan we NBA-dan öňe geçip, sport guramalarynyň arasynda iň meşhury boldy
“Barselona” klubunyň YouTube-kanalynyň agzalarynyň sany 23,8 milliona ýetdi. Bu görkeziji kluby platformadaky iň meşhur sport guramasyna öwürdi diýip, klubuň metbugat gullugy habar berdi. Agzalarynyň sany boýunça katalon kluby FIFA-ny (23,6 mln) we NBA-ny (23,3 mln) yzda goýdy
16.08.2025 18:26
8.9k+
UEFA klublaryň täzelenen reýtingini çykardy: birinji - «Real»
2025/26 möwsüminiň öňüsyrasynda UEFA klublaýyn reýtingini täzeledi. Sanawda ilkinji orny 117,5 utuk toplan Madridiň "Realy" eýeledi. Geçen möwsümde “Real” hiç bir kubogy gazanyp bilmese-de, UEFA-nyň reýtingi soňky bäş möwsümde toparlaryň Ýewrokuboklardaky netijelerine görä düzülenligi sebäpli "Real" sanawyň başyna çykdy
16.08.2025 17:30
3.7k+
Kiokuşinkaý karate boýunça Türkmenistanyň ýygyndysy Merkezi Aziýa Kubogyna gatnaşýar
Türkmenistanyň kiokuşinkaý karate boýunça ýygyndy topary Merkezi Aziýa Kubogyna gatnaşmak üçin Özbegistana ugrady. Ýaryş 18–20-nji awgustda Daşkent şäherinde geçiriler. Sebitdäki iň güýçli türgenleri jemlejek ýaryş türkmen karateçileri üçin 2025-nji ýylyň 28–31-nji noýabry aralygynda Ýaponiýanyň Maebasi şäherinde geçiriljek Dünýä çempionatyna taýýarlygyň möhüm tapgyry bolar
16.08.2025 16:21
16k+
“Men ony ýatyraryn”, “Oň bir güni galdy”: ertir Çimaýew – Dýu Plessi söweşi geçiriler
17-nji awgustda Çikagoda (Illinoýs ştaty, ABŞ) UFC 319 ýaryşy geçiriler. Orta agramda çempion guşagy üçin agşamyň esasy söweşinde Hamzat Çimaýew bilen Drikus dýu Plessi duşuşar. Çimaýew BAE-niň baýdagy bilen çykyş edýär
16.08.2025 01:08
13k+
AFK-2 Çempionlar ligasynda "Arkadag" bilen "Ahal" FK-laryň garşydaşlary barada bilmeli zatlar
«Arkadag» we «Ahal» futbol klublary AFK-2 Çempionlar ligasynyň toparlaýyn tapgyrynyň bije çekişliginiň netijesinde garşydaşlaryny bildiler. Bu ýaryş Aziýanyň Çempionlar ligasyndan soň abraýy boýunça ikinji möhüm klub ýaryşydyr
16.08.2025 00:50
3.7k+
Aşgabatda Koreýa Respublikasynyň ilçisiniň Kubogy ugrunda taekwando boýunça 13-nji çempionat geçiriler
16-17-nji awgustda Aşgabatda Koreýa Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçisiniň Kubogy ugrunda taekwando boýunça 13-nji çempionat geçiriler. Ýaryşlar Olimpiýa şäherçesinde Başa-baş söweş sungaty binasynda geçiriler
16.08.2025 00:03
8.5k+
La Liganyň başlygy “Barselona” barada maliýe maglumatlaryny aýan edendigi üçin işden çykarylyp bilner
La Liganyň prezidenti Hawýer Tebas “Barselona” futbol kluby barada gizlin maglumatlary aýan etmekde aýyplamalardan soň wezipeden aýrylyp bilner. Bu barada AS gazeti habar berýär. Ispaniýanyň Demokratiýa we sport aç-açanlygy assosiasiýasynyň başlygy Migel Anhel Galan Ýokary sport geňeşine (CSD) 50 sahypalyk resminama berip, onda Tebasyň bäş düzgün bozma ýol berendigini nygtady
15.08.2025 18:52
4k+
Dýuplantis karýerasynda 13-nji we tomusda 2-nji gezek rekordy täzeledi
Şwesiýaly şestli böküji Arman Dýuplantis Budapeştdäki Memorial Iştwan Dýulaýda täze dünýä rekordyny goýdy. Ol 6,29 metr beýiklikden geçdi. Bu onuň tomusda ikinji we karýerasynda 13-nji rekordy boldy. Iýul aýynda 25 ýaşly türgen Stokgolmdaky “Brilliant ligasy” tapgyrynda birinji synanyşykda 6,28 metr netijäni görkezdi
15.08.2025 12:53
12k+
«Arkadag» we «Ahal» toparlarynyň AFK-2 Çempionlar ligasynda garşydaşlary belli boldy
"Arkadag" we "Ahal" futbol klublary AFK-2 Çempionlar ligasynyň toparlaýyn tapgyrynda garşydaşlaryny bildiler. Toparlaýyn tapgyryň duşuşyklary 2025-nji ýylyň sentýabr-dekabr aýlarynda geçiriler. Toparlaýyn tapgyryň bije çekmek dabarasy şu gün geçirilip, Aziýanyň Futbol konfederasiýasynyň YouTube kanalynyň efirinde göni ýaýlymda görkezildi
14.08.2025 16:14
6.8k+
Luis Enrike Ýewropanyň iň gowy 30 tälimçisiniň sanawynda birinji orny eýeledi
ESPN portaly Ýewropanyň iň gowy 30 futbol tälimçisiniň reýtingini hödürledi. Birinji orny ispaniýaly hünärmen, fransuz “Pari Sen-Žermeniniň” baş tälimçisi Luis Enrike eýeledi. Awtorlar reýting düzülende tälimçiniň ussatlygy, stili, topary dolandyryşy, aragatnaşyklary, üstünlikleri we haýran galdyrmak, täze pikirleri döretmek we şowsuzlyklardan soň dikelmek ukyby göz öňünde tutuldy
14.08.2025 14:01
24k+
Döwletjan Ýagşymyradow PFL-iň tituly ugrunda Kori Anderson bilen Dubaýda rewanş geçirer
Garyşyk söweş stiliniň türkmenistanly wekili Döwletjan Ýagşymyradow amerikaly Kori Andersona garşy rewanş almak mümkinçiligini gazandy. Ýarym agyr agramda PFL-iň çempionlyk guşagy üçin tutluşyk 2025-nji ýylyň 3-nji oktýabrynda Dubaýda geçiriler, diýip promouşeniň resmi saýtynda habar berilýär
14.08.2025 13:03
7.8k+
Ukrainaly Zabarnyý “PSŽ-niň” taryhynda iň gymmat satyn alnan oýunçylaryň biri boldy
Ukrainaly goragçy Ilýa Zabarnyý “Pari Sen-Žermeniň” (PSŽ) taryhynda iň gymmat satyn alnan oýunçylaryň biri boldy. Muny Transfermarkt portalynyň maglumatlary görkezýär. 22 ýaşly futbolçy 9-njy awgustda Angliýanyň “Bornmut” klubundan 63 mln ýewro geçdi
14.08.2025 12:53
10k+
“Real” FIFA-dan we UEFA-dan “Barsa” bilen “Wilýarrealyň” ABŞ-daky oýnuny gadagan etmegi talap etdi
Madridiň “Realy” Ispaniýanyň çempionatynyň 17-nji tapgyrynyň “Wilýarreal” bilen “Barselonanyň” arasyndaky oýnunyň Ispaniýanyň çäginden daşary geçirilmegine garşy çykdy. Ozal La Liganyň bu duşuşygy dekabrda Maýamidäki “Hard Rok” stadionynda geçirmek barada gepleşikleri alyp barýandygy, Ispaniýanyň Patyşalyk futbol federasiýasynyň bolsa bu pikiri makullap, UEFA ýüz tutandygy habar berlipdi
14.08.2025 12:22
3.8k+
«Mançester Siti» Jek Grilişi kärendesine «Ewertona» berdi
«Mançester Sitiniň» hüjümçi ýarym goragçysy Jek Griliş 2025/26 möwsüminde «Ewertonyň» düzüminde kärendesine çykyş eder. 29 ýaşly futbolçy Liwerpul klubunda bir ýyl oýnar, möwsümiň ahyrynda bolsa «Ewerton» ony 50 million funt sterlinge doly satyn almak mümkinçiligine eýe bolar
«
1
…
26
27
28
…
161
»
«
1
…
23
24
25
26
27
28
29
30
31
…
161
»
Copyright © 2026
TMCARS News
. All rights reserved.