“Bawariýa” 11-nji gezek Germaniýanyň Superkubogyny aldy

17.08.2025, 08:407,662

"Bawariýa” futbol boýunça Germaniýanyň Superkubogy ugrundaky oýunda “Ştutgarty” 2:1 hasabynda utup, kubogyň eýesi boldy. Duşuşyk Ştutgartda geçirildi.

Ýeňijileriň düzüminde Garri Keýn (18-nji minut) we Luis Dias (77) gol geçirdi. Garşydaş topardan öz hasabyna goly Jeými Leweling ýazdy (90+4).

“Bawariýa” geçen möwsüm Germaniýanyň çempiony boldy, “Ştutgart” bolsa ýurduň Kubogyny utupdy.

Mýunhen kluby Superkubok üçin oýna 18-nji gezek gatnaşyp, 11-nji gezek ýeňiş gazandy. Bu rekorddyr.

“Ştutgart” kubok üçin üçünji gezek göreşdi, onuň hasabynda 1992-nji ýylda bir ýeňiş bar. Geçen ýyl ol “Baýerden” penaltide utuldy.

Germaniýanyň Superkubogy 2025/2026 möwsüminden başlap, germaniýaly futbolçy we tälimçi, iki gezek “Altyn topuň” eýesi Frans Bekkenbaueriň adyny göterer. Beýik futbolçy 2024-nji ýylda 78 ýaşynda aradan çykdy.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.