Saýlanan şäher
27 iýul 2026
Türkmen
Ulgama girmek
Awtoulaglar
Spestehnika
Awtoşaýlar
Beýleki Bildirişler
Biznes Hasaplar
Habarlar
Ulgama girmek
Baş sahypa
Awtoulaglar
Awtoşaýlar
Beýleki Bildirişler
Biznes Hasaplar
Habarlar
Garaňky tema
Dil
Meniň profilim
Sport
Baş sahypa
/
Habarlar
/
Sport
23.06.2025 13:49
11k+
Agyr agramda UFC-niň çempiony Jon Jons karýerasyny tamamlady. Guşak Aspinalla geçdi
Agyr agramda UFC-niň çempiony Jon Jons 37 ýaşynda karýerasyny tamamlady. Bu barada söweş guramasynyň prezidenti Dana Uaýt Azerbaýjanda metbugat maslahatynda aýtdy. Bu ýerde UFC Fight Night ýaryşy geçirildi. “Jon Jons düýn agşam jaň edip, karýerasyny tamamlaýandygyny aýtdy
23.06.2025 12:17
2.8k+
Gazagystanly tennisçi Aleksandr Bublik Germaniýada ATP 500 ýaryşynyň ýeňijisi boldy
Gazagystanly tennisçi Aleksandr Bublik Gallede (Germaniýa) geçirilen ATP 500 ýaryşynyň ýeňijisi boldy. Finalda ol russiýaly Daniil Medwedewi 6:3, 7:6 hasabynda utdy. Duşuşyk 1 sagat 21 minut dowam etdi. Bu Bubligiň Galledäki ýaryşda 2023-nji ýyldaky ýeňşinden soň ikinji ýeňşi boldy
23.06.2025 01:08
7k+
Türkmen karateçileri Bişkekde Merkezi Aziýanyň çempionatynda 12 medal gazandylar
Türkmenistanly karateçiler Bişkek şäherinde geçirilýän Merkezi Aziýanyň WKF karate boýunça 10-njy çempionatynda jemi 12 medal gazandylar. Bu barada Türkmenistanyň karate-do federasiýasy habar berdi. Ýaryşa Gazagystan, Gyrgyzystan, Täjigistan, Türkmenistan we Özbegistandan gelen 609 türgen gatnaşýar
22.06.2025 17:38
6.5k+
Türkmen türgenleri Wýetnamda Aziýanyň çempionatynda dört medal gaznadylar
pälwanlary Wýetnamyň Wungtau şäherinde geçirilýän ýaşlaryň arasyndaky Aziýa çempionatynda (23 ýaşa çenli) dört medal gazandy. Türkmen türgenleri erkin göreş boýunça bir kümüş we iki bürünç medal eýelemegi başardylar
21.06.2025 12:22
8.8k+
“Liwerpul” “Baýerden” Florian Wirsi satyn aldy: APL üçin rekord transfer
20-nji iýunda “Liwerpul” Germaniýanyň milli ýygyndysynyň ýarymgoragçysy Florian Wirsi Lewerkuzeniň “Baýerinden” satyn aldy. Transfermarkt portalynyň maglumatlaryna görä, transfer iňlis klubuna 125 mln ýewro düşdi, bu hem Premýer-liganyň taryhynda satyn alnan iň gymmat futbolçy boldy
21.06.2025 12:08
10k+
APL “Mançester Sitä” yzygiderli gijä galmalary üçin uly möçberde jerime saldy
Angliýanyň Premýer-ligasy ýaryşyň oýunlary başlamak we dikeltmek bilen bagly düzgünlerini yzygiderli bozandygy üçin “Mançester Siti” klubuna jerime salynýandygyny habar berdi. APL-iň resmi saýtyndaky beýana görä, geçen möwsümde Hosep Gwardiolanyň topary meýdança dokuz gezek gijä galyp çykdy
21.06.2025 11:58
5k+
Ispaniýanyň patyşasy Rafael Nadala markiz titulyny berdi
Ispaniýanyň patyşasy Filipp VI “Uly tuwulga” ýaryşlarynyň 22 gezek çempiony, tennisçi Rafael Nadala markiz dworýan titulyny berdi. Bu monarhyň tagta çykmagynyň 10 ýyllygy mynasybetli geçirilen çärede bolup geçdi
21.06.2025 02:42
23k+
Abdulla Babaýew Fight Nights-yň ýaryşynda garşydaşyny demikdiriji usul bilen ýeňdi
Garyşyk söweş sungatynyň türkmenistanly wekili Abdulla Babaýew halkara ýaryşlarynda üstünlikli çykyşlaryny dowam edýär. Bu gezek ol Ulýanowskide (Russiýa) geçirilen Fight Nights ýaryşynda russiýaly garşydaşy Habib Guseýnowdan üstün çykdy
20.06.2025 17:01
12k+
Messi jerime urgusyndan gol geçirmek boýunça futbolçylaryň üçlügine girdi: öňde Pele bilen Žuninýo bar
ABŞ-da geçirilýän Klublaýyn dünýä çempionatynyň ikinji tapgyrynda “Inter Maýami” Portugaliýanyň “Portu” klubuny 2:1 hasabynda utdy. Bu ýeňiş Lionel Messiniň klubuny FIFA-nyň howandarlygyndaky resmi ýaryşda Ýewropa toparyny utan KONKAKAF-yň (Demirgazyk we Merkezi Amerika futbol konfederasiýasy) ilkinji wekili etdi diýip, Statsdufoot habar berýär
20.06.2025 09:45
4.6k+
Angliýanyň Premýer-ligasy täze möwsüm üçin senenamany hödürledi
Angliýanyň Premýer-ligasy resmi saýtynda 2025/2026 möwsümi üçin oýunlaryň tertibini hödürledi. Birinji tapgyr 2025-nji ýylyň 16-njy awgustyna geçilýän gije başlar – Angliýanyň häzirki çempiony “Liwerpul” öz meýdançasynda “Bornmuty” kabul eder
20.06.2025 09:43
3.7k+
NBA-nyň “Los-Anjeles Leýkers” kluby sport taryhynda rekord mukdara satylar
Milli basketbol assosiasiýasynyň (NBA) “Los-Anjeles Leýkers” klubuna eýeçilik edýän Bass maşgalasy topary 10 mlrd dollara satar. Bu barada çeşmä salgylanyp, ESPN habar berýär. Klubuň paýnamalarynyň gözegçilik bukjasy 2021-nji ýyldan bäri toparyň paýnamalarynyň az bölegine eýeçilik edýän TWG Global kompaniýasynyň baş direktory Mark Uoltere geçer
19.06.2025 13:49
10k+
FourFourTwo meýdançada eýeleýän orunlary boýunça dünýäniň iň gowy futbolçylaryny saýlady
Britaniýanyň FourFourTwo neşiri häzirki wagtda dünýäniň iň gowy futbolçylarynyň reýtingini düzdi. Her orun üçin neşir ilkinji onlugy saýlady, ýöne biz olaryň diňe ilkinji bäşligi bilen çäkleneris. Derwezebanlar: 1
19.06.2025 11:34
6.7k+
Aşgabatda küşt boýunça halkara ýaryşyň umumy medal hasabynda Türkmenistan birinji orny eýeledi
18-nji iýunda Aşgabatda üç gün dowam eden küşt boýunça halkara ýaryş tamamlandy. Bu akyl-paýhas bäsleşigine Ýewropanyň, Aziýanyň 11 ýurdundan 8, 10 we 12 ýaşlaryndaky türgenleriň 129-sy gatnaşdy. Arkadag şäherindäki
19.06.2025 10:03
2.6k+
“Ýuwentus” adidas bilen şertnamasyny 13 ýyl uzaltdy: ylalaşyk kluba € 408 mln getirer
Turiniň “Ýuwentus” futbol kluby adidas kompaniýasy bilen täze uzak möhletleýin şertnama baglaşdy. Bu barada Tuttosport neşiri habar berýär. Çeşmäniň maglumatlaryna görä, täze şertnama kluba 408 mln ýewro girdeji getirer
17.06.2025 00:00
8.2k+
Ronaldu Esports World Cup kibersport ýaryşynyň ilçisi boldy
Kriştianu Ronaldu kibersport boýunça iň uly ýaryş bolan Esports World Cup (EWC) ýaryşynyň global ilçisi boldy. Bu barada ýaryşyň guramaçylary we futbolçynyň özi sosial toruna habar berdi. «Men Esports World Cup
16.06.2025 17:29
8.4k+
Messi we NFL-iň ýyldyzy Mahoums adidas-yň ruhlandyryjy wideosyna düşdi
“Inter Maýaminiň” argentinaly futbolçysy Lionel Messi we NFL-iň (National Football League) oýunçysy, “Kanzas-Siti Çifsiň” kwoterbegi Patrik Mahoums adidas-yň wideosynyň gahrymanlary boldy. Wideoda türgenler sport zalyndaky ylgaw trenažýorynda ylgaýar
16.06.2025 14:15
3.4k+
Gattuzo Italiýanyň milli futbol ýygyndysynyň baş tälimçisi boldy
Italiýanyň futbol federasiýasy (FIGC) resmi saýtynda Jennaro Gattuzonyň milli toparyň baş tälimçisi wezipesine bellenendigini habar berdi. 47 ýaşly hünärmen 19-njy iýunda, penşenbe güni “Skuadra adzurranyň” tälimçisi hökmünde tanyşdyrylar
16.06.2025 14:13
2.2k+
Jorj Rassell Kanadanyň Gran-prisiniň ýeňijisi boldy, Antonelli ilkinji gezek münbere çykdy
“Mersedes” toparynyň britaniýaly sürüjisi Jorj Rassell “Formula-1” dünýä çempionatynyň onunjy tapgyry bolan Kanadanyň Gran-prisiniň ýeňijisi boldy. Ýaryş Monrealdaky Žil Wilnýow adyndaky awtodromda geçirildi. Bu Rasselliň karýerasynda dördünji ýeňşi boldy
16.06.2025 12:53
7k+
“Bawariýa” Klublaýyn dünýä çempionatynyň birinji oýnunda “Oklend Sitä” garşy 10 gol geçirdi
Mýunheniň “Bawariýasynyň” futbolçylary Klublaýyn dünýä çempionatynyň toparlaýyn tapgyrynyň birinji oýnunda täze Zelandiýanyň “Oklend Siti” toparyny 10:0 hasabynda utdy. Oýun Sinsinnatide geçirildi. 61-nji minutda meýdança çykan Jamal Musiala üç gol geçirdi
16.06.2025 11:05
4.4k+
Arman Dýuplantis şestli bökmekde 12-nji gezek dünýä rekordyny täzeledi
Iki gezek Olimpiýa çempiony Arman Dýuplantis şestli bökmekde täze dünýä rekordyny goýdy. Bu Stokgolmda geçirilen “Brilliant ligasy” tapgyrynda bolup geçdi. Ol ýaryşda 6,00 metr netije bilen ýeňiş gazandy, soňra birinji synanyşykda 6,28 metr beýiklikden geçdi
15.06.2025 23:00
5.1k+
Norwegiýaly Warholm taryhda ilkinji bolup päsgelçilikli 300 m aralygy 33 sekuntdan tiz ylgap geçdi
Norwegiýaly Karsten Warholm Osloda geçirilen “Bişletdäki oýunlarda” päsgelçilikli 300 metr aralyga ylgamakda dünýä rekordyny goýdy. Ol taryhda ilkinji bolup bu aralygy 33 sekuntdan tiz ylgap geçdi – onuň netijesi 32,67 sekunt boldy
15.06.2025 22:33
10k+
38 ýaşly Kamaru Usman UFC on ESPN 69 ýaryşynda Hoakin Bakliden üstün çykdy
15-nji iýunda Atlantada (ABŞ) UFC on ESPN 69 ýaryşy geçirildi. Agşamyň esasy wakasy UFC-niň öňki çempiony nigeriýaly Kamaru Usman bilen amerikaly Hoakin Bakliniň arasynda ýarym orta agramda geçirilen söweş boldy
15.06.2025 12:27
11k+
Janköýerleriň ýürekleri oýundan öň oýun wagtyndakysyna garanyňda has çalt urýar. Alymlar munuň sebäbini anykladylar
Görlüp oturylsa, futbol janköýerleri oýnuň dowamynda däl-de, eýsem ondan öň has uly tolgunmany başdan geçirýän eken. ABŞ-ly we braziliýaly alymlar “Proceedings of the National Science Academy” žurnalynda çap edilen barlagda janköýerleriň ýüreginiň näme üçin oýna başladýan jürlewügiň çalynmazdan öň has çalt urýandygyny anykladylar
14.06.2025 20:13
7.4k+
Türkmen küştçüleri Günbatar Aziýanyň çempionatynda 3 medal gazandylar
4 — 12-nji iýun aralygynda Şri-Lanka Respublikasynyň Kolombo şäherinde sportuň küşt görnüşi boýunça 20 ýaşa çenli ýaşlaryň arasynda Günbatar Aziýanyň çempionaty geçirildi. Dünýäniň
14.06.2025 13:29
10k+
«Altyn topa» dalaşgärler 7-nji awgustda yglan ediler, baýraklar 22-nji sentýabrda gowşurylar
Abraýly futbol baýragy bolan «Altyn top» (Ballon d'Or) baýragyna dalaşgärler 7-nji awgustda yglan ediler. «France Football» neşiriniň resmi hasaby möwsümiň iň gowy oýunçysy bolmaga dalaş edýän futbolçylaryň adynyň şol gün yglan ediljekdigini tassyklady
14.06.2025 13:22
8.1k+
“Real” “Riwer Pleýtiň” 17 ýaşly oýunçysy Mastantuono üçin €63,2 mln töledi
Madridiň “Realy” Argentinanyň “Riwer Pleýt” klubunyň 17 ýaşly wingeri Franko Mastantuononyň transferi üçin 63,2 mln ýewro töledi. Bu transfer Argentina futbolynyň taryhynda iň ulusy boldy diýip, “Riwer Pleýt” toparynyň metbugat gullugy belledi
14.06.2025 11:22
9.4k+
UEFA «Barselona» klubuna salan iň ýokary jerimesini üç esse azaldar we synag möhletini berer
«Barselona» maliýe hasabatyndaky düzgün bozulmalar bilen baglylykda, UEFA bilen jezany ýeňilleşdirmek boýunça ylalaşdy. «Diario Sport» neşiriniň maglumatlaryna görä, UEFA klubuň maliýe hasabatyndaky nädogry maglumatlar sebäpli salynjak jerimesini 60 million ýewrodan, takmynan, 20 million ýewro çenli peselder
14.06.2025 10:49
1.5k+
15 — 19-njy iýunda Aşgabatda küşt boýunça halkara ýaryş geçiriler
15 — 19-njy iýun aralygynda Aşgabatda küşt boýunça halkara ýaryş geçiriler. Ýaryşa taýýarlyk görlüşi barada anna güni Hökümet mejlisinde wise-premýer B.Orazdurdyýewa hasabat berdi. Ýaryşlar Aşgabat şäherindäki Ýöriteleşdirilen küşt we şaşka mekdebinde geçiriler
14.06.2025 10:23
2.1k+
“Tottenhem” “Brentforddan” Tomas Franky baş tälimçi wezipesine belledi
“Tottenhem” Tomas Frankyň baş tälimçi wezipesine bellenendigini yglan etdi. 51 ýaşly daniýaly hünärmen bilen şertnama 2028-nji ýyla çenli hereket eder. Frank täze wezipede Enj Postekogluny çalyşdy. KHBS-iň maglumatlaryna görä, “Brentford”, takmynan, 12 mln ýewro möçberde öwez tölegine tälimçini goýbermäge razy boldy
14.06.2025 09:53
2.5k+
Suwda ýüzüji Makintoş 5 günde üçünji dünýä rekordyny goýdy
Üç gezek Olimpiýa çempiony Sammer Makintoş Kanadanyň çempionatynda 400 metr aralyga toplumlaýyn ýüzmekde dünýä rekordyny täzeledi. Täze netije 4 minut 23,65 sekunt boldy. Bu aralykda öňki rekord hem onuň özüne degişlidi
13.06.2025 17:42
9.3k+
Kewin de Brýoýne resmi taýdan “Napoliniň” oýunçysy boldy
Belgiýaly ýarymgoragçy Kewin de Brýoýne “Napoliniň” oýunçysy boldy. Bu barada italýan klubunyň metbugat gullugy habar berdi. “Şa Kew şu ýerde” – diýlip, “Napoliniň” X sosial ulgamyndaky (ozal Twitter) habarynda aýdylýar
13.06.2025 12:19
12k+
Aleksander-Arnold “Realyň” oýunçysy boldy we 12-nji belgini aldy
12-nji iýunda “Real Madrid Sitide” Madridiň “Realynyň” täze gyraky goragçysy Trent Aleksander-Arnoldyň resmi tanyşdyrylyşy geçirildi. 26 ýaşly angliýaly futbolçy bilen şertnama alty ýyl hereket eder. Täze klubda Trent 12-nji belgi bilen oýnar
13.06.2025 10:14
4.8k+
“Bawariýa” adidas-dan täze öý eşigini görkezdi
Mýunheniň “Bawariýasy” 2025/2026 möwsümi üçin täze öý eşigini hödürledi. Klubuň tehniki hemaýatkäri bolup Germaniýanyň adidas kompaniýasy çykyş edýär. Täze eşik toplumy adaty gyzyl-ak reňklerde ýerine ýetirildi, ýöne onda “M” harpyny emele getirýän özboluşly “glitç” effekti bar
12.06.2025 22:04
2.2k+
2026-njy ýylyň “Formula-1” möwsüminde Madridde hem ýaryş geçiriler
Halkara awtomobil federasiýasy (FIA) we “Formula-1-iň” ýolbaşçylygy 2026-njy ýyl möwsüminiň dünýä çempionatynyň senenamasyny hödürledi. Geçenki üç ýylda bolşy ýaly jemi 24 ýaryş meýilleşdirilýär. Möwsüm 6-8-nji martda Awstraliýadaky tapgyrdan başlar we 4-6-njy dekabrda Abu-Dabide tamamlanar
12.06.2025 09:44
11k+
ABŞ-da täze görnüşde Klublaýyn dünýä çempionaty başlaýar: ýaryş barada bilmeli zatlar
15-nji iýundan 13-nji iýul aralygynda ABŞ-da 2025-nji ýylyň futbol boýunça Klublaýyn dünýä çempionaty geçiriler. Taryhda ilkinji gezek ýaryş alty kontinental konfederasiýadan 32 toparyň gatnaşmagynda giňeldilen görnüşde geçer
11.06.2025 22:36
8.9k+
Transfermarkt La Liga klublarynyň düzüm bahalaryny täzeledi: “Real” – birinji, “Barselona” – ikinji
Transfermarkt portaly ispan La Ligasynyň klublarynyň düzümleriniň bahalary boýunça maglumatlary täzeledi. Reýtingde birinji orny oýunçylarynyň umumy bahasy 1,33 mlrd ýewro bolan Madridiň “Realy” eýeledi. “Barselona” 1,07 mlrd ýewro bilen ikinji orunda ýerleşdi
11.06.2025 22:30
5.2k+
Kanadaly suwda ýüzüji Sammer Makintoş üç günde ikinji dünýä rekordyny goýdy
18 ýaşly kanadaly suwda ýüzüji Sammer Makintoş 200 metr aralyga toplumlaýyn ýüzmekde täze dünýä rekordyny goýdy. Bu barada Kanadanyň Suwda ýüzmek federasiýasynyň saýtynda habar berilýär. Ol milli saýlama ýaryşlarynda 2 minut 5,7 sekunt netijäni görkezdi
11.06.2025 16:17
9.3k+
“Mançester Siti” Reýndersi, Şerkini we Ait-Nurini alandygyny habar berdi
“Mançester Siti” dört sany täze oýunçy – goragçy Raýan Ait-Nuri, ýarymgoragçylar Tijani Reýnders we Raýan Şerki hem-de derwezeban Markus Bettinelli bilen şertnama baglaşandygyny habar berdi. Niderlandlaryň milli ýygyndysynyň 26 ýaşly oýunçysy Reýnders topara soňky iki möwsümde oýnan “Milan” klubundan geçdi
11.06.2025 15:58
7.4k+
“Mançester Siti” iki reňkli zolak bilen täze eşik toplumyny hödürledi
Angliýanyň “Mançester Siti” futbol kluby 2025/2026 möwsümi üçin myhmançylykda geýjek täze eşik toplumyny hödürledi. Germaniýanyň Puma sport brendi eşigiň dizaýnyny Nýu-Ýorkdan dizaýner we hudožnik Kolm Dilleýniň KidSuper studiýasy bilen hyzmatdaşlykda taýýarlady
11.06.2025 14:58
12k+
Braziliýa Dünýä çempionatlarynyň saýlama tapgyrlarynyň ählisinden geçmegi başaran ýeke-täk ýygyndy bolmagynda galýar
Braziliýanyň milli ýygyndysy Paragwaýy 1:0 hasabynda ýeňip, resmi taýdan 2026-njy ýylda geçiriljek futbol boýunça Dünýä çempionatyna gatnaşmaga hukuk gazandy. Şeýlelikde, Braziliýa ähli dünýä çempionatlarynyň saýlama tapgyryndan geçmegi başaran taryhda ýeke-täk milli ýygyndy bolmagynda galýar
«
1
…
31
32
33
…
161
»
«
1
…
28
29
30
31
32
33
34
35
36
…
161
»
Copyright © 2026
TMCARS News
. All rights reserved.