“Ýuwentus” adidas bilen şertnamasyny 13 ýyl uzaltdy: ylalaşyk kluba € 408 mln getirer

19.06.2025, 05:032,578

Turiniň “Ýuwentus” futbol kluby adidas kompaniýasy bilen täze uzak möhletleýin şertnama baglaşdy. Bu barada Tuttosport neşiri habar berýär.

Çeşmäniň maglumatlaryna görä, täze şertnama kluba 408 mln ýewro girdeji getirer. Klub bu mukdary 2038-nji ýyla çenli niýetlenen şertnamanyň hereket edýän döwrüniň dowamynda alar.
2028-nji ýyla çenli şertler öňküligine galýar: “Ýuwentus” adidas-dan möwsüm üçin 46,1 mln ýewro almagyny dowam eder. 2028-nji ýyldan başlap tölegler ýylda 40,8 mln ýewro çenli azalar.
“Ýuwentus” bilen adidas brendiniň arasyndaky hyzmatdaşlyk 2015-nji ýylda başlady. Mundan ozal kluby esbaplar bilen Nike kompaniýasy üpjün edipdi. 

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.