2026-njy ýylyň “Formula-1” möwsüminde Madridde hem ýaryş geçiriler

12.06.2025, 22:042,271

Halkara awtomobil federasiýasy (FIA) we “Formula-1-iň” ýolbaşçylygy 2026-njy ýyl möwsüminiň dünýä çempionatynyň senenamasyny hödürledi. Geçenki üç ýylda bolşy ýaly jemi 24 ýaryş meýilleşdirilýär.

Möwsüm 6-8-nji martda Awstraliýadaky tapgyrdan başlar we 4-6-njy dekabrda Abu-Dabide tamamlanar.
Senenama ilkinji gezek Madridiň hem ýaryş ýoly goşuldy, bu ýerde Ispaniýanyň Gran-prisiniň tapgyrlarynyň biri geçiriler. Şol bir wagtyň özünde, Emiliýa-Romanýanyň Gran-prisi meýilnamadan aýryldy.
2026-njy ýylyň çempionatyna täze üç topar gatnaşar – Cadillac, Audi we Ford. Şeýle-de, bolidler tarapyndan ekologiki taýdan arassa ýangyjyň ulanylmagyny göz öňünde tutýan täze tehniki düzgünler güýje girer.

Tapgyrlaryň doly tertibi şeýle görnüşde:

  • Awstraliýanyň Gran-prisi – 6-8-nji mart;
  • Hytaýyň Gran-prisi – 13-15-nji mart;
  • Ýaponiýanyň Gran-prisi – 27-29-njy mart;
  • Bahreýniň Gran-prisi – 10-12-nji aprel;
  • Saud Arabystanynyň Gran-prisi – 17-19-njy aprel;
  • Maýaminiň Gran-Prisi – 1-3-nji maý;
  • Kanadanyň Gran-prisi – 22-24-nji maý;
  • Monakonyň Gran-prisi – 5-7-nji iýun;
  • Ispaniýanyň Gran-prisi (Barselona) – 12-14-nji iýun;
  • Awstriýanyň Gran-prisi – 26-28-nji iýun;
  • Beýik Britaniýanyň Gran-prisi – 3-5-nji iýul;
  • Belgiýanyň Gran-prisi – 17-19-njy iýul;
  • Wengriýanyň Gran-prisi – 24-26-njy iýul;
  • Niderlandlaryň Gran-prisi – 21-23-nji awgust;
  • Italiýanyň Gran-prisi – 4-6-njy sentýabr;
  • Ispaniýanyň Gran-prisi (Madrid) – 11-13-nji sentýabr;
  • Azerbaýjanyň Gran-prisi – 25-27-nji sentýabr;
  • Singapuryň Gran-prisi – 9-11-nji oktýabr;
  • ABŞ-nyň Gran-prisi (Ostin) – 23-25-nji oktýabr;
  • Meksikanyň Gran-prisi – 30-njy oktýabr – 1-nji noýabr;
  • Braziliýanyň Gran-prisi – 6-8-nji noýabr;
  • ABŞ-nyň Gran-prisi (Las-Wegas) – 19-21-nji noýabr;
  • Kataryň Gran-prisi – 27-29-njy noýabr;
  • Abu-Dabiniň Gran-prisi – 4-6-njy dekabr.
Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.