Saýlanan şäher
26 iýul 2026
Türkmen
Ulgama girmek
Awtoulaglar
Spestehnika
Awtoşaýlar
Beýleki Bildirişler
Biznes Hasaplar
Habarlar
Ulgama girmek
Baş sahypa
Awtoulaglar
Awtoşaýlar
Beýleki Bildirişler
Biznes Hasaplar
Habarlar
Garaňky tema
Dil
Meniň profilim
Syýasat we ykdysadyýet
Baş sahypa
/
Habarlar
/
Syýasat we ykdysadyýet
26.05.2025 23:29
3.8k+
Türkmen biržasy geçen hepdäniň söwdalarynyň netijelerini mälim etdi
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 14-si hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Singapuryň, Owganystanyň işewür toparlarynyň wekilleri “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen karbamidi, hlorly natrini satyn aldylar
26.05.2025 23:24
6.1k+
Pekinde “Merkezi Aziýa – Hytaý” formatynyň daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň duşuşygy geçirildi
24-nji maýda Pekin şäherinde “Merkezi Aziýa – Hytaý” formatynyň Daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň duşuşygy geçirildi. Türkmen tarapyna Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow wekilçilik etdi diýip, ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynda habar berdiler
26.05.2025 22:24
4.7k+
10 sany halyça «Türkmenistanyň at gazanan halyçysy» diýen hormatly at dakyldy
Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli «Türkmenistanyň at gazanan halyçysy» diýen hormatly ady dakmak hakynda Permana gol çekdi. Resminama laýyklykda, hala çeper nagyşlary salmakda
26.05.2025 22:18
2.4k+
Türkmenistanyň Prezidenti Gruziýany Garaşsyzlyk güni bilen gutlady
Prezident Serdar Berdimuhamedow Gruziýanyň Prezidenti Mihail Kawelaşwilä Gruziýanyň milli baýramy — Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi. Döwlet Baştutany mümkinçilikden
26.05.2025 20:19
6k+
Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidentini Aşgabadyň güni we haly baýramy bilen gutlady
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow Prezident Serdar Berdimuhamedowy Aşgabat şäheriniň güni hem-de Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli türkmen halkynyň we Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň adyndan gutlady
26.05.2025 20:12
4.4k+
Aşgabat şäheriniň häkimligi «Changsha Zoomlion» hytaý kompaniýasyndan jemagat tehnikalaryny satyn alar
Aşgabat şäheriniň häkimligi Hytaý Halk Respublikasynyň «Changsha Zoomlion Environmental Industry Co., Ltd» kompaniýasyndan jemagat hyzmatlaryny ýerine ýetirýän ýöriteleşdirilen awtoulaglary, jemagat tehnikalaryny we enjamlary hem-de olaryň ätiýaçlyk şaýlaryny satyn alar
26.05.2025 20:05
5.4k+
Türkmenabatda superfosfat we ammoniý sulfaty dökünlerini öndürýän toplum gurlar
Türkmenabatdaky S.A.Nyýazow adyndaky himiýa zawodynda superfosfat we ammoniý sulfaty dökünlerini öndürýän toplum gurlar. «Türkmenhimiýa» döwlet konsernine degişli toplumyň taslamasyny düzmek we ony gurmak barada Koreýa Respublikasynyň «Daewoo Engineering & Construction Co
26.05.2025 00:26
11k+
Serdar Berdimuhamedow Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli sergä we foruma gatnaşyjylary gutlady
Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli haly we haly önümleriniň sergisine hem-de Türkmen halyşynaslarynyň bütindünýä jemgyýetiniň XXV mejlisine gatnaşyjylary gutlady. "Türkmen zenanynyň
26.05.2025 00:16
2.7k+
Serdar Berdimuhamedow Iordaniýanyň Patyşasyny Garaşsyzlyk güni bilen gutlady
Prezident Serdar Berdimuhamedow Iordaniýa Haşimit Patyşalygynyň Patyşasy Abdulla II bin Al Husseýne we ýurduň ähli halkyna Iordaniýa Haşimit Patyşalygynyň Garaşsyzlygy mynasybetli mähirli gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi
25.05.2025 19:13
3.1k+
Aşgabatda Türkmenistanyň Halkara pul gaznasy bilen hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlary maslahatlaşyldy
23-nji maýda Türkmenistanyň DIM-nde daşary işler ministriniň orunbasary Serdar Muhammetdurdyýew bilen Halkara pul gaznasynyň (HPG) Türkmenistan boýunça missiýasynyň başlygy Anna Rouz Bordonyň ýolbaşçylygyndaky HPG-niň wekiliýetiniň arasynda duşuşyk geçirildi
25.05.2025 18:42
6.4k+
Ýewropa Komissiýasynyň ýolbaşçysyna Gurbanguly Berdimuhamedowyň çakylygy gowşurdyldy
Ýewropa Komissiýasynyň Başlygy hanym Ursula fon der Lýaýene 2025-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Aşgabatda geçiriljek Halkara parahatçylyk we ynanyşmak forumyna gatnaşmak üçin çakylyk haty gowşuryldy. Türkmenistanyň
25.05.2025 10:48
6.6k+
Daniýada pensiýa ýaşy 70 ýaşa çenli ýokarlandyrylar
Daniýanyň parlamenti pensiýa ýaşyny tapgyrlaýyn ýokarlandyrmak meýilnamasyny tassyklady. 2040-njy ýyla çenli ol 70 ýaşa ýeter diýip, The Local Denmark portaly habar berýär. Çözgüt 1970-nji ýylyň 31-nji dekabryndan soň doglan raýatlara degişlidir
24.05.2025 19:30
5.8k+
Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy HHR-iň Başlygynyň orunbasary bilen duşuşdy
23-nji maýda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa Hytaýa iş saparynyň çäklerinde HHR-iň Başlygynyň orunbasary Han Çžen bilen duşuşdy. Duşuşygyň barşynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň Türkmenistanyň başlangyjy
24.05.2025 19:20
13k+
Tramp iPhone smartfonlary ABŞ-da öndürilmese, Apple-e 25% paç girizmek isleýär
ABŞ-nyň häkimiýetleri Apple kompaniýasy iPhone önümçiligini ABŞ-a geçirmedik ýagdaýynda, kompaniýanyň harytlaryna 25% gümrük paçlaryny girizer. Bu barada Birleşen Ştatlaryň Prezidenti Donald Tramp aýtdy. “Men öň Apple-den Tim Kuka iPhone-yň Hindistanda ýa-da başga bir ýerde däl-de, ABŞ-da öndürilmegine we ýygnalmagyna garaşýandygymy aýdypdym
24.05.2025 11:43
2.4k+
Aşgabatda iýunda “Turkmentextile Expo — 2025” halkara sergi-ýarmarkasu geçiriler
2025-nji ýylyň 11 — 13-nji iýuny aralygynda Aşgabatda Söwda-senagat edarasynyň binasynda “Turkmentextile Expo — 2025” atly halkara sergi-ýarmarkasy geçiriler. Wise-premýer N.Atagulyýew bu ugurda alnyp barylýan taýýarlyk işleri barada Hökümet mejlisiniň barşynda döwlet Baştutanyna hasabat berdi
24.05.2025 11:35
7k+
Türkmenistanda wirtual aktiwler we maýningi düzgünleşdirmek hakynda Kanunyň taslamasy taýýarlanyldy
Türkmenistanda wirtual aktiwleriň dolanyşygynda gatnaşyklary düzgünleşdirmek maksady bilen, “Wirtual aktiwler hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasy işlenip taýýarlanyldy. Bu barada wise-premýer H.Geldimyradow 23-nji maýda geçirilen Hökümet mejlisinde habar berdi
23.05.2025 19:19
8.5k+
Hytaýda «ýaşyl» energetikanyň ösüşi ilkinji gezek CO2 zyňyndylarynyň azalmagyna getirdi
Hytaý 2024-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, kömürturşy gazynyň (CO2) zyňyndylaryny ilkinji gezek 1,6% azaltmagy başardy. Bu netije ýel, Gün we ýadro energiýalarynyň giňden ulanylmagy bilen gazanyldy diýip, «Carbon Brief» britan neşiri habar berýär
23.05.2025 15:45
6.9k+
Beýik Britaniýa Çagos arhipelagyny Mawrikiý Respublikasyna gaýtaryp berdi
Beýik Britaniýanyň premýer-ministri Kir Starmer Hindi ummanyndaky Çagos arhipelagyny Mawrikiý Respublikasyna geçirmegi göz öňünde tutýan ylalaşyga gol çekdi diýip, «BBC» habar berýär. Arhipelag ýedi adadan ybarat
23.05.2025 15:26
2.6k+
Türkmenistan Termez dialogynyň birinji mejlisine gatnaşdy
20-nji maýda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow Merkezi we Günorta Aziýanyň arasyndaky arabaglanyşyk boýunça Termez dialogynyň birinji mejlisine gatnaşdy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-nde habar berdiler
23.05.2025 13:14
12k+
Dünýägözel Gulmanowa Pekinde Hytaýyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komitetiniň Başlygy bilen duşuşdy
Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň Hytaýa iş saparynyň çäklerinde Hytaý Halk Respublikasynyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komitetiniň Başlygy Çao Letzi bilen giňişleýin düzümdäki duşuşygy geçirildi
23.05.2025 13:09
1.8k+
Türkmenistanly ýaşlar Täjigistanda geçirilýän halkara foruma gatnaşýarlar
21–24-nji maý aralygynda Täjigistanyň paýtagty Duşenbe şäherinde 100-den gowrak wekiliň gatnaşmagynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Aýlagdaky arap döwletleriniň Hyzmatdaşlyk Geňeşine agza ýurtlaryň ýaşlar forumy geçirilýär
23.05.2025 13:04
6.1k+
Türkmenistanyň Mejlisiniň wekiliýeti Pekinde Sun Sinlin adyndaky merkeze baryp gördi
22-nji maýda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýeti Hytaýa iş saparynyň çäklerinde Pekin şäherindäki Sun Sinlin adyndaky Ýaşlar, ylym we tehnologiýa alyş-çalyş merkezinde boldular. Bu barada milli parlamentiň metbugat gullugy habar berýär
23.05.2025 12:23
1.7k+
Wideoaragatnaşyk görnüşinde BMG-niň Türkmenistandaky ýurt boýunça toparynyň mejlisi geçirildi
22-nji maýda wideoaragatnaşyk görnüşinde BMG-niň Türkmenistandaky ýurt boýunça toparynyň mejlisi geçirildi. Duşuşyga Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow, BMG-niň Türkmenistandaky agentlikleriniň we bu guramanyň sebitleýin düzümleriniň ýolbaşçylary gatnaşdylar diýip, türkmen daşary syýasat edarasynyň saýtynda habar berilýär
22.05.2025 20:12
1.5k+
Türkmenistan we BMG ýaşlar syýasaty babatynda hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryny maslahatlaşdylar
21-nji maýda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow BMG-niň Baş sekretarynyň Ýaşlaryň işleri boýunça kömekçisi Felipe Paulýer bilen duşuşdy. Duşuşygyň barşynda taraplar Türkmenistan bilen BMG-niň arasyndaky ýaşlar syýasaty babatyndaky hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryna we geljegine giňişleýin garadylar hem-de Türkmenistanyň ýaşlar diplomatiýasynyň ösmegine goşýan goşandyny bellediler
22.05.2025 12:25
3.3k+
Bitkoiniň bahasy ilkinji gezek 110 müň dollardan geçdi
Maý aýynyň 22-ne geçilýän gije bitkoiniň bahasy ilkinji gezek 110 müň dollardan geçdi. Muňa «Binance» kriptobiržasynyň maglumatlary şaýatlyk edýär. Aşgabat wagty bilen sagat 8:45-de bitkoiniň bahasy iň ýokary derejesine – 111müň 880 dollara ýetdi
22.05.2025 00:50
14k+
Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy iş sapary bilen Hytaýa bardy
21-nji maýda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowanyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet iş sapary bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Pekin şäherine bardy. Bu barada milli parlamentiň metbugat gullugy habar berýär
21.05.2025 16:36
10k+
Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrligi we FAO mallary bellige almak boýunça taslamany işe girizdi
20-nji maýda Aşgabatdaky «Arçabil» myhmanhanasynda BMG-niň Azyk we oba hojalyk guramasy FAO-nyň TCP/TUK/4002 «Mallary bellige almak we yzarlaýyş boýunça milli ulgamyň (NAITIS) strategiýasyny we Ýol kartasyny işläp taýýarlamak» atly taslamasynyň durmuşa geçirilişine badalga beren tanyşdyryş seminary geçirildi
21.05.2025 11:59
7.9k+
Türkmenistan Eýrana serhediniň aýratyn böleklerinde söwda-ykdysady zolaklary döretmegi teklip etdi
19-20-nji maýda Tähranda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-eýran toparynyň 18-nji mejlisi geçirildi. Türkmenistanyň DIM-niň habar bermegine görä, duşuşykda türkmen tarapyna – Türkmenistanyň daşary işler Ministri Raşid Meredow hem-de eýran tarapyna Eýranyň Ýol we şäher gurluşyk ministri Farzane Sadeg Malwajerd ýolbaşçylyk etdi
21.05.2025 11:53
9k+
Aşgabat bilen Almatynyň arasynda howa gatnawyny dikeltmek mümkinçiligi maslahatlaşylýar
Astanada Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň baş direktory Mämmethan Çakyýew bilen Gazagystanyň ulag ministri Marat Karabaýewiň arasynda gepleşikler geçirildi. Gazagystanyň Ulag ministrliginiň metbugat gullugynyň habar bermegine görä, taraplar birnäçe başlangyçlary, şol sanda Almaty – Aşgabat ugry boýunça uçuşlaryň dikeldilmegini ara alyp maslahatlaşdylar
21.05.2025 11:43
7k+
Raşid Meredow Tähranda Eýranyň Prezidenti Masud Pezeşkian bilen duşuşdy
20-nji maýda Tähran şäherinde türkmen wekiliýetiniň Eýrana iş saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň Eýranyň Prezidenti Masud Pezeşkian bilen duşuşygy geçirildi. Bu barada türkmen daşary syýasat edarasynyň saýtynda habar berilýär
21.05.2025 10:27
11k+
Türkmenistanyň wekiliýeti şäher gurluşygynda tejribe alyşmak üçin Saud Arabystanynda iş saparynda bolar
Wise-premýer B.Annamämmedowyň ýolbaşçylygyndaky ýurdumyzyň wekiliýeti Saud Arabystany Patyşalygynyň Er-Riýad şäherinde gulluk iş saparynda bolar. Degişli Buýruga Türkmenistanyň Prezidenti gol çekdi. Resminama laýyklykda, wekiliýet wekiliýet 2025-nji ýylyň 21 — 23-nji maý aralygynda iş saparyny amala aşyrylar
21.05.2025 10:23
5.2k+
Serdar Berdimuhamedow Halkara agyr atletika federasiýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi
20-nji maýda Prezident Serdar Berdimuhamedow ýurdumyza sapar bilen gelen Halkara agyr atletika federasiýasynyň ýolbaşçysy Mohammed Jaludy kabul etdi diýip, TDH habar berýär. Duşuşygyň dowamynda nygtalyşy ýaly, Türkmenistan sporty we bedenterbiýäni ösdürmäge aýratyn ähmiýet berýär
21.05.2025 10:18
11k+
Serdar Berdimuhamedow galla oragyna we “Soňky jaň” dabarasyna taýýarlyk boýunça hasabatlary diňledi
20-nji maýda Prezident Serdar Berdimuhamedow wise-premýer T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy diýip, TDH habar berýär
20.05.2025 22:25
12k+
Ýewropa boýunça iň uzak iş hepdesi Türkiýede
Türkiýe iş hepdesiniň dowamlylygy boýunça Ýewropada birinji orny eýeleýär. Bu barada Ýewrostatyň soňky maglumatlaryna salgylanyp, Kazinform habar berýär. Bellenilişi ýaly, ortaça türk işçisi hepdede 43,1 sagat işde bolýar
20.05.2025 15:22
11k+
Dünýäde 300 milliona golaý adam azyk ýetmezçiliginden ejir çekýär
Häzirki wagtda dünýäniň 53 ýurdunda 300 milliona golaý adam agyr azyk ýetmezçiligi bilen ýüzbe-ýüz bolýar. «Global Report on Food Crises» hasabatyna görä, bu häzirki wagta çenli hasaba alnan iň ýokary görkezijidir
20.05.2025 14:08
4.4k+
Raşid Meredow Tähran dialog forumy – 2025-de çykyş etdi
18-19-njy maýda Tähran şäherinde Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň ýanyndaky Syýasy we halkara barlaglar merkeziniň guramagynda Tähran dialog forumy – 2025 (Tehran Dialogue Forum) geçirildi
20.05.2025 13:53
11k+
Tbilisiniň teleýaýlym diňi Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň reňkleri bilen yşyklandyryldy
18-nji maýda Tbilisiniň teleýaýlym diňi Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň reňkleri bilen yşyklandyryldy. Şol güni türkmen halky Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň gününi baýram etdi. Türkmenistanyň
20.05.2025 10:00
12k+
Serdar Berdimuhamedow Mary welaýatynda gant şugundyrynyň ýokary hasylynyň öndürilmegini üpjün etmegi tabşyrdy
Prezident Serdar Berdimuhamedow Azyk senagaty döwlet birleşigine hem-de Mary welaýatynyň häkimligine Mary welaýatynyň etraplarynda gant şugundyrynyň ýokary hasylynyň öndürilmegini üpjün etmegi tabşyryp, Karara gol çekdi
20.05.2025 08:06
3.3k+
Gurbanguly Berdimuhamedow BAE-niň wise-prezidenti bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy
19-njy maýda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň wise-prezidenti, Premýer-ministriniň orunbasary, Prezidentiň iş dolandyryş ministri Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýýanyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi
20.05.2025 07:58
10k+
Türkmenistanyň Prezidenti Rim Papasyny işe girişmegi mynasybetli gutlady
Prezident Serdar Berdimuhamedow Onuň Ruhany hezretleri Papa Leo XIV-ä Rim Papasy hökmünde işe girişmegi mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny iberdi. Döwlet Baştutany gutlag hatynda Papa Leo XIV-niň bu wezipede adamzadyň ruhy gymmatlyklaryny, agzybirligi we parahatçylygy berkitmekde ähli tagallalary etjekdigine ynam bildirdi
«
1
…
50
51
52
…
260
»
«
1
…
47
48
49
50
51
52
53
54
55
…
260
»
Copyright © 2026
TMCARS News
. All rights reserved.