Syýasat we ykdysadyýet

Hytaý dünýä bazaryny polat bilen doldurdy: Eksportda täze rekord goýuldy
17.01.2026 16:51
10k+

Hytaý dünýä bazaryny polat bilen doldurdy: Eksportda täze rekord goýuldy

Söwda päsgelçilikleriniň bardygyna garamazdan, Hytaý geçen ýyly polat eksportynyň taryhy rekordy bilen tamamlady. Bloomberg agentliginiň habar bermegine görä, diňe dekabr aýynda Hytaý daşary ýurtlara 11,3 million tonna polat iberip, 2015-nji ýyldaky iň ýokary görkezijisinden hem öňe geçdi
Türkmenistanda nagt däl hasaplaşyklaryň möçberi 20,2 mlrd manatdan geçdi
17.01.2026 15:28
7.7k+

Türkmenistanda nagt däl hasaplaşyklaryň möçberi 20,2 mlrd manatdan geçdi

2025-nji ýylyň ýanwar — noýabr aýlary aralygynda Türkmenistanda bank kartlary arkaly amala aşyrylan nagt däl tölegleriň umumy möçberi 20,2 milliard manatdan geçdi. Bu barada «Bank habarlary» elektron žurnaly habar berýär
HZG: 2025-nji ýylda dünýäde ýaş adamlaryň her bäşinjisi ne okady, ne-de işledi
17.01.2026 14:30
4.8k+

HZG: 2025-nji ýylda dünýäde ýaş adamlaryň her bäşinjisi ne okady, ne-de işledi

2025-nji ýylda dünýäde her bäşinji ýaş adam ne okuw, ne-de iş bilen meşgullandy. Şeýle maglumatlar Halkara zähmet guramasynyň (HZG) häzirki ýyl üçin hasabatynda saklanýar. Hasabata görä, bilim, iş ýa-da hünär taýýarlygy bilen meşgullanmaýan ýaşlaryň paýy 20%-e ýetdi
Ak tam daşary ýurt çipleriniň importyna 25% gümrük pajyny girizdi
17.01.2026 11:14
2.3k+

Ak tam daşary ýurt çipleriniň importyna 25% gümrük pajyny girizdi

Birleşen Ştatlar 14-nji ýanwardan başlap ýarymgeçirijileriň importyna 25% möçberde gümrük pajyny girizdi. Bu barada Ak tamyň metbugat gullugy Prezident Donald Trampyň yglan eden jarnamasynyň tekstini neşir etmek bilen habar berdi
Aşgabat — Türkmenbaşy demir ýoly döwrebaplaşdyrylar
17.01.2026 11:10
8.3k+

Aşgabat — Türkmenbaşy demir ýoly döwrebaplaşdyrylar

16-njy ýanwarda geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda wise-premýer M.Çakyýew Aşgabat — Türkmenbaşy demir ýoluny döwrebaplaşdyrmak babatda taýýarlanan teklibi Türkmenistanyň Prezidentiniň garamagyna hödürledi. Bellenilişi
Türkmenistanyň Prezidenti protokol gullugynyň işini kämilleşdirmäge gönükdirilen teklipleri goldady
17.01.2026 09:02
9.7k+

Türkmenistanyň Prezidenti protokol gullugynyň işini kämilleşdirmäge gönükdirilen teklipleri goldady

16-njy ýanwarda geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredow Türkmenistanyň protokol gullugynyň işini kämilleşdirmek boýunça durmuşa geçirilýän çäreler barada hasabat berdi
Türkmenistanda söwda amallaryny ýönekeýleşdirmek boýunça pudagara iş topary dörediler
17.01.2026 08:54
4.2k+

Türkmenistanda söwda amallaryny ýönekeýleşdirmek boýunça pudagara iş topary dörediler

Türkmenistanda söwda amallaryny ýönekeýleşdirmek boýunça pudagara iş toparyny döretmek babatda degişi işler alnyp barylýar. Bu barada wise-premýer N.Atagulyýew Hökümet mejlisinde habar berdi. Hususan-da, wise-premýer ýurdumyzyň goşulyşan Aziýa — Ýuwaş umman sebitinde serhetüsti söwdany ýeňilleşdirmek hakynda çarçuwaly Ylalaşygy ýerine ýetirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi
Serdar Berdimuhamedow SPECA hepdeligini ýokary derejede geçirmegi tabşyrdy
17.01.2026 08:43
4.3k+

Serdar Berdimuhamedow SPECA hepdeligini ýokary derejede geçirmegi tabşyrdy

Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnamasynyň (SPECA) hepdeligini geçirmäge taýýarlyk görýär. Bu ugurda alnyp barylýan işler barada wise-premýer H
2026-njy ýylda kabul ediljek aspirantlaryň, dalaşgärleriň hem-de ordinatorlaryň sany tassyklanyldy
17.01.2026 08:05
3.8k+

2026-njy ýylda kabul ediljek aspirantlaryň, dalaşgärleriň hem-de ordinatorlaryň sany tassyklanyldy

Türkmenistanda 2026-njy ýylda ylmyň ugurlary boýunça aspirantura kabul ediljek aspirantlaryň hem-de alymlyk derejelerine dalaşgärlige hasaba alynjak dalaşgärleriň, şeýle hem kliniki ordinatura kabul ediljek ordinatorlaryň sany tassyklanyldy
Wenada Türki döwletleriň guramasynyň hepdeliginiň çäklerinde türkmen medeniýetiniň sergisi geçirildi
16.01.2026 22:34
2.4k+

Wenada Türki döwletleriň guramasynyň hepdeliginiň çäklerinde türkmen medeniýetiniň sergisi geçirildi

Awstriýanyň paýtagty Wena şäherinde 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň ýyly» şygary astynda geçmegi mynasybetli medeni çäre geçirildi. Bu çäre Türkmenistanyň Awstriýadaky ilçihanasynyň başlangyjy bilen gurallady
Türkmenistanyň we Ermenistanyň işewürleri Ýerewanda gepleşikleri geçirdiler
16.01.2026 21:53
1.6k+

Türkmenistanyň we Ermenistanyň işewürleri Ýerewanda gepleşikleri geçirdiler

15-nji ýanwarda Ýerewan şäherinde Türkmenistanyň we Ermenistanyň döwlet edaralarynyň hem-de işewür toparlarynyň işewürlik duşuşygy geçirildi. Duşuşyga iki ýurduň dokma we azyk senagaty, oba hojalygy, derman senagaty, ulag-logistika, zergärçilik senagaty, syýahatçylyk pudaklarynda ýöriteleşen kompaniýalarynyň wekilleri gatnaşdylar
Türkmenistanyň DIM-nde Palestinanyň ilçisi bilen duşuşyk geçirildi
16.01.2026 21:46
2.2k+

Türkmenistanyň DIM-nde Palestinanyň ilçisi bilen duşuşyk geçirildi

16-njy ýanwarda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa Palestina Döwletiniň ilçisi Rana Abu Hijleh bilen duşuşdy. Türkmenistanyň DIM-niň habar bermegine görä, duşuşygyň dowamynda taraplar türkmen-palestin gatnaşyklary boýunça özara gyzyklanma bildirilýän häzirki meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar
Ispaniýa raýatlyga kabul etmek boýunça taryhy rekord goýdy
16.01.2026 15:59
7.2k+

Ispaniýa raýatlyga kabul etmek boýunça taryhy rekord goýdy

Ispaniýa 2025-nji ýylda raýatlyga kabul etmekde rekord derejä ýetdi. Muny Instituto Nacional de Estadística (INE) tarapyndan berlen maglumatlara esaslanýan Eurostat doly tassyklady. Statistika görä, geçen ýyl 252 476 daşary ýurtly Ispaniýanyň raýatlygyny aldy
ABŞ 75 ýurduň raýatlary üçin immigrasiýa wizalaryny togtadýar
16.01.2026 15:47
10k+

ABŞ 75 ýurduň raýatlary üçin immigrasiýa wizalaryny togtadýar

ABŞ-nyň Döwlet departamenti 75 ýurduň raýatlary üçin immigrasiýa wizalaryny bermegi togtadýar diýip, Fox News departamentiň gulluk beýanyna salgylanyp habar berdi. Teleýaýlym tarapyndan gözden geçirilen içki resminama görä, ilçihanalaryň işgärleri arzaçylary barlamak we saýlamak işleri tamamlanýança wiza bermekden wagtlaýyn saklanmalydyrlar
Senagat metallarynyň bahasy ýokarlanýar: galaýy we mis taryhy rekordlaryny täzeledi
16.01.2026 12:30
4.8k+

Senagat metallarynyň bahasy ýokarlanýar: galaýy we mis taryhy rekordlaryny täzeledi

Ýylyň başynda reňkli metallaryň bazarynda çalt ösüş hasaba alyndy. Bloomberg agentliginiň habar bermegine görä, galaýy we misiň bahalary taryhy rekord derejelerine ýetdi. Londonyň Metal Biržasynda (LME) galaýynyň bahasy 6% ýokarlanyp, bir tonnasy üçin 52 495 dollara ýetdi
Türkmenistanyň Merkezi saýlaw topary saýlaw möwsüminiň başlanandygyny yglan etdi
16.01.2026 12:19
6.4k+

Türkmenistanyň Merkezi saýlaw topary saýlaw möwsüminiň başlanandygyny yglan etdi

14-nji ýanwarda Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň mejlisi geçirilip, onda öňde boljak saýlawlara guramaçylykly taýýarlyk görmek we geçirmek bilen baglanyşykly meselelere garaldy
Lebap welaýat häkimliginiň jemagat hojalygy birleşigine 148 sany tehnika gelip gowuşdy
16.01.2026 00:09
17k+

Lebap welaýat häkimliginiň jemagat hojalygy birleşigine 148 sany tehnika gelip gowuşdy

Lebap welaýat häkimliginiň jemagat hojalygy birleşigine kuwwatly, ähli amatlyklary bolan awtoulaglaryň, tehnikalaryň we enjamlaryň uly toplumynyň tehnikalaryň 148 sanysy gelip gowuşdy. Bu barada "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron neşiri habar berýär
Türkmenistan Ýewropa Bileleşigi bilen syýasy we ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmegi maslahatlaşdy
15.01.2026 23:57
1.8k+

Türkmenistan Ýewropa Bileleşigi bilen syýasy we ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmegi maslahatlaşdy

14-nji ýanwarda daşary işler ministri Raşid Meredow Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky ilçisi Beata Peksa bilen duşuşyk geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň metbugat gullugy habar berdi. Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistanyň Ýewropa Bileleşigi bilen hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmek bilen baglanyşykly giň gerimli meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar
Günorta Koreýanyň wonasy soňky 17 ýylda iň pes derejä gaçdy
15.01.2026 22:21
3.4k+

Günorta Koreýanyň wonasy soňky 17 ýylda iň pes derejä gaçdy

Günorta Koreýanyň wonasy 2009-njy ýyldaky global maliýe çökgünliginden bäri iň pes derejä gaçdy. Milli walýutanyň gowşamagynyň dowam etmegi kapitalyň ýurtdan çykýan döwründe hümmeti durnuklaşdyrmagyň usullaryny gözleýän ýurt häkimiýetlerine basyşy güýçlendirýär diýip, Bloomberg agentligi habar berdi
Türkmenistanyň kenar gulluklary Hazarda betbagtçylyga uçran eýran ýük gämisindäki adamlaryň dadyna ýetişdi
14.01.2026 18:53
33k+

Türkmenistanyň kenar gulluklary Hazarda betbagtçylyga uçran eýran ýük gämisindäki adamlaryň dadyna ýetişdi

14-nji ýanwarda Türkmenistanyň Hazar deňzindäki kenar gulluklary betbagtçylyga uçran Rona atly eýran ýük gämisindäki 14 adamyň ählisini halas etdiler. Türkmenistanyň DIM-niň Metbugat gullugynyň habar bermegine görä, betbagtçylyga uçran gämi SOS signalyny beripdir
Fransiýada çaga dogluş derejesi Ikinji Jahan urşy döwründäki derejä düşdi
14.01.2026 18:08
11k+

Fransiýada çaga dogluş derejesi Ikinji Jahan urşy döwründäki derejä düşdi

Fransiýanyň Milli Statistika we Ykdysady Barlaglar Institutynyň (INSEE) maglumatlaryna görä, 2025-nji ýylda Fransiýada dogluş derejesi 1944-nji ýyldan bäri iň pes derejä ýetdi. Agentligiň maglumatlarynda 2025-nji ýylda ýurt boýunça 654,000 çaga doglandygy aýdylýar
Bloomberg: ýapon ýenasynyň dollardaky hümmeti 2024-nji ýyldan bäri iň pes derejä düşdi
14.01.2026 18:01
5.6k+

Bloomberg: ýapon ýenasynyň dollardaky hümmeti 2024-nji ýyldan bäri iň pes derejä düşdi

Ýaponiýada mümkin bolan irki parlament saýlawlary baradaky çaklamalar sebäpli ýena 2024-nji ýylyň iýul aýyndan bäri dollara garşy iň pes derejä düşdi. Bu barada Bloomberg bu barada habar berdi. «Sişenbe güni ýapon walýutasy 0,5% pese gaçdy we 2025-nji ýylyň ýanwarynda bellenen 158,87 pes derejesindende aşak düşdi
Emeli aň geçen ýyl IT pudagynda 240 müň işgäriň işden çykarylmagyna sebäp boldy
14.01.2026 11:05
2k+

Emeli aň geçen ýyl IT pudagynda 240 müň işgäriň işden çykarylmagyna sebäp boldy

RationalFX kompaniýasynyň maglumatlaryna görä, 2025-nji ýylda global tehnologiýa pudagynda 244 851 işgär kemeldi. Çünki, Intel, Amazon we Microsoft ýaly uly kompaniýalar emeli aň tehnologiýalaryna uly möçberde maýa goýmagyny dowam etdirýär
Ilon Maskyň Grok çat-boty Gemini bilen birlikde Pentagonyň kompýuter ulgamyna birikdiriler
14.01.2026 09:39
4k+

Ilon Maskyň Grok çat-boty Gemini bilen birlikde Pentagonyň kompýuter ulgamyna birikdiriler

Ilon Maskyň xAI kompaniýasy tarapyndan işlenip düzülen Grok çat-boty ýanwar aýynyň ahyryna çenli Pentagonyň kompýuter ulgamyna birikdiriler we edaranyň gulluk maglumatlaryndan başlap, aňtaw materiallaryna çenli ähli maglumatlaryna elýeterli bolar
Raşid Meredow Azerbaýjanyň ilçisi bilen 2026-njy ýyl üçin meýilleşdirilen çäreleri maslahatlaşdy
13.01.2026 15:21
2.7k+

Raşid Meredow Azerbaýjanyň ilçisi bilen 2026-njy ýyl üçin meýilleşdirilen çäreleri maslahatlaşdy

12-nji ýanwarda daşary işler ministri Raşid Meredow Azerbaýjanyň ilçisi Gismet Gezalow bilen duşuşdy. Türkmenistanyň DIM-niň habar bermegine görä, duşuşygyň dowamynda taraplar türkmen-azerbaýjan gatnaşyklarynyň häzirki möhüm ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar
Raşid Meredow Eýranyň ilçisi bilen duşuşdy
13.01.2026 15:18
6.2k+

Raşid Meredow Eýranyň ilçisi bilen duşuşdy

12-nji ýanwarda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Eýran Yslam Respublikasynyň ýurdumyzdaky ilçisi Ali Mojtaba Ruzbehani bilen duşuşyk geçirdi. Türkmenistanyň DIM-niň habar bermegine görä, duşuşygyň dowamynda taraplar özara gyzyklanma bildirilýän ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar
BMG: Global JIÖ geljek iki ýylda pandemiýadan öňki görkezijä gaýdyp gelmez
13.01.2026 12:26
3.9k+

BMG: Global JIÖ geljek iki ýylda pandemiýadan öňki görkezijä gaýdyp gelmez

Birleşen Milletler Guramasynyň hasabatyna görä, 2026-njy ýylda dünýä ykdysadyýetiniň ösüşi 2025-nji ýyldaky 2,8%-den soň 2026-njy ýylda 2,7%-e çenli haýallar. Çaklamalara görä, 2027-nji ýylda ösüş 2,9% bolar, bu bolsa 2010 – 2019-njy ýyllar aralygyndaky ortaça 3,2% görkezijiden pesdir
Altynyň bahasy taryhda ilkinji gezek 4600 dollardan, kümşüňki bolsa 84 dollardan geçdi
13.01.2026 10:56
5.2k+

Altynyň bahasy taryhda ilkinji gezek 4600 dollardan, kümşüňki bolsa 84 dollardan geçdi

Altynyň bahasy taryhda ilkinji gezek bir unsiýasy üçin 4600 dollardan ýokary galdy. Duşenbe güni, 12-nji ýanwarda Nýu-Ýorkuň gazna biržasyndaky (COMEX) söwdalarda fewral aýy üçin altyn fýuçersleri 2,5% gymmatlap, iň ýokary nokadynda unsiýasy üçin 4612,70 dollara ýetdi
Türkmenistanyň Prezidenti häkimler bilen oba hojalyk toplumynda alnyp barylýan işleri maslahatlaşdy
13.01.2026 10:20
6.7k+

Türkmenistanyň Prezidenti häkimler bilen oba hojalyk toplumynda alnyp barylýan işleri maslahatlaşdy

12-nji ýanwarda Prezident Serdar Berdimuhamedow wise-premýer T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we welaýatlarda alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy
Berlinde 4 million kilogram ýeralma mugt paýlanýar
13.01.2026 09:45
9.1k+

Berlinde 4 million kilogram ýeralma mugt paýlanýar

Berlinde 4 million kilogram ýeralma mugt paýlanýar. Bu aksiýa Berliner Morgenpost gazeti we Ecosia kompaniýasy tarapyndan geçirilýär. Olaryň maglumatlaryna görä, mugt ýeralmanyň agramy, takmynan, 800 uly piliň agramy bilen deňdir
Raşid Meredow Kaha Imnadze bilen öňüni alyş diplomatiýasy boýunça hyzmatdaşlyk meýilnamalaryny maslahatlaşdy
12.01.2026 18:07
2.7k+

Raşid Meredow Kaha Imnadze bilen öňüni alyş diplomatiýasy boýunça hyzmatdaşlyk meýilnamalaryny maslahatlaşdy

12-nji ýanwarda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow BMG-niň Baş sekretarynyň Ýörite wekili, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebit merkeziniň ýolbaşçysy Kaha Imnadze bilen duşuşdy
Aşgabadyň jemagat hojalygy gulluklaryna 194 sany täze awtotehnika gelip gowuşdy
12.01.2026 17:59
23k+

Aşgabadyň jemagat hojalygy gulluklaryna 194 sany täze awtotehnika gelip gowuşdy

Aşgabadyň jemagat hojalygy gulluklarynyň awtoparky Aşgabat şäher häkimliginiň ygtyýaryna berlen 194 sany täze ulaglar we tehnikalar bilen dolduryldy. Täze tehnikalar şäher infrastrukturasyny arassalamak, abadanlaşdyrmak we oňa hyzmat etmek üçin niýetlenendir diýip, Türkmenistan Halkara habarlar merkezi (THP) habar berýär
Türkmenistanyň biržasynda geçen hepdäniň söwdalarynyň jemi 45 million dollardan gowrak boldy
12.01.2026 16:19
2k+

Türkmenistanyň biržasynda geçen hepdäniň söwdalarynyň jemi 45 million dollardan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda jemi bahasy ABŞ-nyň 45 million 470 müň dollaryndan gowrak bolan geleşikleriň 79-sy hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Özbegistanyň, Owganystanyň
Türkmenistanyň DIM-nde Hazar deňziniň meseleleri boýunça pudagara toparyň 64-nji mejlisi geçirildi
12.01.2026 16:15
1.9k+

Türkmenistanyň DIM-nde Hazar deňziniň meseleleri boýunça pudagara toparyň 64-nji mejlisi geçirildi

10-njy ýanwarda Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Hazar deňziniň meseleleri boýunça pudagara toparynyň 64-nji mejlisi geçirildi. Bu barada türkmen daşary syýasat edarasynda habar berdiler. Türkmenistanyň
Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäheriniň ikinji tapgyryndaky işler bilen tanyşdy
11.01.2026 14:11
9.1k+

Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäheriniň ikinji tapgyryndaky işler bilen tanyşdy

10-njy ýanwarda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy. Bu barada “Watan” habarlar gepleşiginde habar berildi. Türkmen halkynyň Milli Liderine Arkadag şäheriniň lukmançylyk klasteriniň önümçilik kärhanalarynyň şekil taslamalary we olaryň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary görkezildi
Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky haýyr-sahawat gaznasynyň resmi web-saýty döredildi
11.01.2026 13:52
7.1k+

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky haýyr-sahawat gaznasynyň resmi web-saýty döredildi

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň resmi web-saýty işe girizildi. Resmi web-saýty Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç
Serdar Berdimuhamedow wise-premýerleriň 2026-njy ýyl üçin iş meýilnamalaryny makullady
10.01.2026 11:59
17k+

Serdar Berdimuhamedow wise-premýerleriň 2026-njy ýyl üçin iş meýilnamalaryny makullady

9-njy ýanwarda Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň 2026-njy ýyldaky ilkinji mejlisini geçirdi. Mejlisiň barşynda wise-premýerler garamagyndaky pudaklarda 2026-njy ýyl üçin iş meýilnamalarynyň taslamalary barada hasabat berdiler
ABŞ-nyň Kongresi Trampyň NASA-nyň býujetini azaltmak baradaky teklibini ret etdi
10.01.2026 11:32
3.8k+

ABŞ-nyň Kongresi Trampyň NASA-nyň býujetini azaltmak baradaky teklibini ret etdi

ABŞ-nyň Kongresi NASA-nyň 2026-njy maliýe ýyly üçin býujetini tassyklaýan kanun taslamasynyň gutarnykly görnüşini kabul etdi. Kanun çykaryjylar Prezident Donald Trampyň administrasiýasynyň çykdajylary ep-esli azaltmak baradaky teklibini goldamadylar
Türkmenistan we BMG 2026 – 2030-njy ýyllar üçin hyzmatdaşlyk maksatnamasyny durmuşa geçirmäge girişýärler
09.01.2026 14:50
3.8k+

Türkmenistan we BMG 2026 – 2030-njy ýyllar üçin hyzmatdaşlyk maksatnamasyny durmuşa geçirmäge girişýärler

8-nji ýanwarda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenkonyň arasynda duşuşyk geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-nde habar berdiler
Türkmenistanyň daşary işler ministri hindi ilçisi bilen duşuşdy
09.01.2026 14:38
2.5k+

Türkmenistanyň daşary işler ministri hindi ilçisi bilen duşuşdy

8-nji ýanwarda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Hindistanyň ilçisi Bandaru Wilsonbabu bilen duşuşdy. Türkmenistanyň DIM-niň habar bermegine görä, duşuşygyň dowamynda taraplar şu ýylyň dowamynda ýokary döwlet derejesindäki saparlary we duşuşyklary guramak bilen baglanyşykly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar
Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.