Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky haýyr-sahawat gaznasynyň resmi web-saýty döredildi

11.01.2026, 08:527,128

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň resmi web-saýty işe girizildi.

Resmi web-saýty Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň alyp barýan işleriniň açyklygyny, elýeterliligini üpjün etmek hem-de Türkmenistanyň raýatlary, şeýle hem halkara hyzmatdaşlary üçin amatlylyk döretmek maksady bilen döredildi. Saýtda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň öňde goýan wezipeleri, işiniň esasy ugurlary baradaky giňişleýin maglumatlar, şeýle-de habarlar we media maglumatlar ýerleşdirildi.
Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň özüniň dört ýyllyk işiniň dowamynda ýüzlerçe çaga kömek berip, 700-den gowrak hirurgiki operasiýalaryň hem-de dikeldiş maksatnamalarynyň maliýeleşdirilmegini üpjün etdi. Ýurdumyzyň içinde we halkara derejesinde onlarça haýyr-sahawat taslamalary üstünlikli durmuşa geçirildi. Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda öz şahamçasyny açdy, Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasy (ÝUNISEF) bilen işjeň hyzmatdaşlygy ýola goýdy we hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny giňeltmegini dowam etdirýär.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.