Wenada Türki döwletleriň guramasynyň hepdeliginiň çäklerinde türkmen medeniýetiniň sergisi geçirildi

16.01.2026, 17:342,413

Awstriýanyň paýtagty Wena şäherinde 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň ýyly» şygary astynda geçmegi mynasybetli medeni çäre geçirildi.

Bu çäre Türkmenistanyň Awstriýadaky ilçihanasynyň başlangyjy bilen gurallady. Sergi Türki döwletleriň guramasynyň Medeniýet hepdeliginiň çäklerinde, BMG-niň Wenadaky bölüminiň meýdançasynda amala aşyryldy.
Ekspozisiýa gelenleri türkmen halkynyň däp-dessurlary we baý medeni mirasy bilen tanyşdyrdy. Sergide milli matalar we lybaslar; elde dokalan nepis halylar; halk senetçileriniň önümleri we kümüş şaý-sepleri; Türkmenistanyň milli nyşany bolan ahalteke bedewleriniň şekillendiriş sungatyndaky eserleri görkezildi.
Görkezilen gymmatlyklar türkmen amaly-haşam sungatynyň özboluşlylygyny we ýylyň dowamyndaky esasy ugurlaryny açyp görkezdi.
Açylyş dabarasyna Türki döwletleriň guramasynyň Baş sekretary, BMG-niň Wenadaky bölüminiň, diplomatik korpusyň hem-de medeniýet we sungat wekilleri gatnaşdylar.
Türkmenistanyň diplomatik wekilhanasynda bellenilip geçilişi ýaly, ýurdumyz türki dünýäsiniň çäklerinde halkara medeni hyzmatdaşlygy we ynsanperwer gatnaşyklary yzygiderli ösdürýär.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.