Saýlanan şäher
27 iýul 2026
Türkmen
Ulgama girmek
Awtoulaglar
Spestehnika
Awtoşaýlar
Beýleki Bildirişler
Biznes Hasaplar
Habarlar
Ulgama girmek
Baş sahypa
Awtoulaglar
Awtoşaýlar
Beýleki Bildirişler
Biznes Hasaplar
Habarlar
Garaňky tema
Dil
Meniň profilim
futbol
Baş sahypa
/
Habarlar
/
futbol
24.12.2025 10:25
5.6k+
Karim Benzema Pikassonyň "Sakgally adamyň portreti" atly eserini satyn aldy
Saud Arabystanynyň “Al-Ittihad” klubunyň hüjümçisi Karim Benzema Pablo Pikassonyň 1964-nji ýylda döreden “Sakgally adamyň portreti” (Portrait d'homme barbu) atly eserini satyn alandygyny mälim etdi. Fransuz futbolçysy bu gymmatbahaly söwdasy barada Instagram sahypasynda habar berdi
24.12.2025 10:04
3.5k+
«Napoli» taryhda üçünji gezek futbol boýunça Italiýanyň Superkubogyny gazandy
«Napoli» futbol boýunça Italiýanyň Superkubogynyň ýeňijisi boldy. Ol final oýnunda «Bolonýany» 2:0 hasabynda utdy. Ýaryş Saud Arabystanynda geçirildi. Neapol klubunyň düzüminde iki goly hem Dawid Neres geçirdi (39-njy we 57-nji minutlar)
24.12.2025 09:44
7.3k+
"Ahal" AFK-2 Çempionlar ligasyndaky çykyşyny "Al-Husseýinden" ýeňilmek bilen tamamlady
Türkmenistanyň "Ahal" futbol kluby AFK-2 Çempionlar ligasynyň toparçalaýyn tapgyryndaky çykyşyny Iordaniýanyň "Al-Husseýin" toparyna garşy myhmançylykda geçiren duşuşygy bilen tamamlady. 23-nji dekabrda Ammanyň Halkara stadionynda geçirilen oýun 3:1 hasabynda ýerli toparyň peýdasyna tamamlandy
23.12.2025 19:27
10k+
«Barselona» agyr keselli çagalara goldaw bermek üçin haýyr-sahawat çäresini geçirdi
«Barselona» futbol kluby we «Barsa» gaznasy (Barca Foundation) agyr keselli çagalary we ýetginjekleri goldamaga gönükdirilen haýyr-sahawat Roždestwo kampaniýasyny geçirdi. Maksatnama bejergi döwründe çagalara we olaryň maşgalalaryna emosional goldawy bermäge gönükdirilýär we Polseres Blaugrana («Gök-gyzyl bilezikler») taslamasynyň çäklerinde durmuşa geçirilýär
23.12.2025 17:24
10k+
Türkmenistanyň milli futbol ýygyndysy FIFA-nyň täzelenen reýtinginde öz ornuny saklady
Halkara futbol federasiýasy (FIFA) milli ýygyndylaryň täzelenen reýtingini hödürledi. Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň orny üýtgewsiz galdy – ol 1087,52 utuk bilen 137-nji orny eýeleýär. 2025-nji ýylda Türkmenistanyň milli ýygyndysy Aziýanyň Kubogy-2027-niň saýlama ýaryşynyň toparlaýyn tapgyrynyň çäklerinde 5 oýun geçirdi
23.12.2025 11:56
7.8k+
Saud Arabystany DÇ-2034 üçin stadion gurluşygynyň çykdajylaryny azaldar
Saud Arabystanynyň garaşsyz gaznasy (PIF) 2034-nji ýylyň futbol boýunça dünýä çempionaty üçin stadion gurluşygynyň çykdajylaryny azaltmak kararyna geldi. Çykdajylary azaltmak meýilnamalary barada The Guardian neşiri habar berýär
22.12.2025 12:37
6.9k+
Pedri kluba wepalylygy we hormaty üçin «Barselonanyň» oýunçylarynyň baýragyny aldy
«Barselonanyň» ispaniýaly ýarymgoragçysy Pedri içerki futbolçylar assosiasiýasy tarapyndan Klubuň oýunçylarynyň baýragyna mynasyp boldy. Bu baýrak möwsümiň dowamynda topara wepalylygy we janköýerlere, garşydaşlara hem eminlere hormatly gatnaşygy görkezen futbolçylara berilýär
22.12.2025 12:23
6.3k+
«Bawariýanyň» 17 ýaşly oýunçysy 2 aýda 40 mln ýewro gymmatlady
Mýunheniň «Bawariýasynyň» hüjümçi ýarymgoragçysy Lennar Karlyň bazar bahasy iki aýda 20 mln ýewrodan 60 mln ýewro ýetdi. Täzelenen baha nemes Bundesligasynyň iň gymmat oýunçylarynyň reýtingini düzen Transfermarkt portaly tarapyndan hödürlendi
22.12.2025 12:08
8.9k+
Messi we Ronaldu ýok: Transfermarkt 30 ýaşdan ýokary iň gymmat 10 oýunçyny aýtdy
Transfermarkt portaly dünýäniň 30 ýaşdan ýokary iň gymmat on futbolçysynyň täzelenen reýtingini hödürledi. Sanawda öňdebaryjy Mýunheniň «Bawariýasynyň» hüjümçisi Garri Keýn boldy. 32 ýaşly oýunçynyň transfer bahasy 65 mln ýewro diýlip hasaplanýar
22.12.2025 12:04
3k+
FIFA we Netflix DÇ-2026 üçin täze futbol oýnuny taýýarlaýar
Halkara futbol federasiýasy (FIFA) Netflix striming platformasy bilen bilelikde 2026-njy ýylyň dünýä çempionatyna çenli täze futbol simulýatoryny işe girizmegi meýilleşdirýär. Bu barada FIFA-nyň prezidenti Janni Infantino habar berdi
21.12.2025 14:48
5.3k+
FIFA DÇ-2026 üçin rekord baýrak gaznasyny tassyklady: ýeňiji $50 mln alar
FIFA-nyň geňeşi Dohadaky mejlisde 2026-njy ýylyň dünýä çempionaty üçin býujeti tassyklady. Gurama ýaryşa gatnaşýan agza assosiasiýalaryň arasynda 727 mln dollar paýlamagy meýilleşdirýär. Bu mukdar Katardaky dünýä çempionatynyň görkezijisinden 50% ýokarydyr
21.12.2025 14:19
8.6k+
Adidas Mohamed Salah üçin Müsüriň taryhyndan ylham alan aýratyn butsyny döretdi
Adidas kompaniýasy öz resmi saýtynda «Liwerpulyň» we Müsüriň milli ýygyndysynyň hüjümçisi Mohamed Salah üçin ýörite döredilen täze F50 butsy modelini görkezdi. Sport aýakgabynyň daşky görnüşi Gadymy Müsüriň taryhyna we futbolçynyň mirasyna salgylanýar
20.12.2025 20:02
8.9k+
Týerri Anri tutuş karýerasyndaky üstünlikleri üçin BBC-niň hormat baýragyna mynasyp boldy
Fransiýanyň milli ýygyndysynyň we Londonyň “Arsenalynyň” ady rowaýata öwrülen hüjümçisi Týerri Anri karýerasyndaky ajaýyp üstünlikleri üçin "Lifetime Achievement" (Ömrüniň dowamynda gazanylan üstünlik) baýragyna mynasyp boldy
19.12.2025 16:57
6.6k+
Marokko futbol boýunça Arap milletleriniň kubogynyň finalynda Iordaniýany utdy
Marokkonyň milli futbol ýygyndysy 2025-nji ýylyň Arap milletleriniň kubogy ýaryşynyň final oýnunda Iordaniýanyň toparyny utup, ýeňiji boldy. Duşuşyk Katardaky «Lusail» stadionynda geçirildi we goşmaça wagtda 3:2 hasabynda tamamlandy (esasy wagt deňme-deň – 2:2 boldy)
19.12.2025 16:45
6.8k+
FIFA çabga sebäpli Arap milletleriniň kubogynyň bürünç medalyny birbada iki ýygynda berdi
Saud Arabystanynyň we BAE-niň milli ýygyndylary howa şertleri sebäpli üçünji ýer üçin oýun ýatyrylandan soň Arap milletleriniň kubogynyň bürünç medallaryny özara paýlaşdy. Halkara futbol federasiýasy oýny 0:0 hasabynda tamamlanan diýip hasaplady we baýragy iki topara-da berdi
19.12.2025 15:25
5k+
Globe Soccer Awards iň gowy oýunçy, tälimçi, klub we beýleki kategoriýalarda finalçylary kesgitledi
Globe Soccer Awards X sosial ulgamynda dürli kategoriýalarda 2025-nji ýylyň baýraklary üçin dalaşgärleriň ahyrky sanawyny hödürledi. Ýeňijiler ses bermek arkaly saýlanýar. Baýraklaryň gowşurylyş dabarasy 28-nji dekabrda Dubaýda geçiriler
19.12.2025 15:21
7.3k+
Messi bilen Ýamal biri-birine garşy oýnap biler: Ispaniýa we Argentina 2026-njy ýylyň martynda Katarda duşuşar
Argentinanyň we Ispaniýanyň milli ýygyndylarynyň arasyndaky Finalissima oýny 2026-njy ýylyň 27-nji martynda geçiriler. Duşuşyk Doha şäherindäki (Katar) «Lusail» stadionynda bolar. Belli bolşy ýaly, bu oýun Ýewropa we Amerika çempionatlarynyň häzirki ýeňijileriniň arasynda geçirilýär
19.12.2025 15:03
4.8k+
Konferensiýa ligasynyň 1/8 finalyna we pleý-off tapgyryna ähli gatnaşyjylar belli boldy
19-njy dekabra geçilen gije UEFA-nyň Konferensiýa ligasynyň umumy tapgyry tamamlandy. 6-njy tapgyryň oýunlarynyň netijesi boýunça, gönüden-göni 1/8 finala çykan toparlar, şeýle-de göreşi dowam etdirmek hukugy üçin pleý-off oýunlarynda oýnajak klublar belli boldy
19.12.2025 09:16
16k+
Messä Hindistanda 1,1 mln dollarlyk seýrek sagat sowgat berildi: dünýäde olar bary-ýogy 12 sany
«Inter Maýami» futbol klubunyň argentinaly hüjümçisi Lionel Messi Hindistana eden sapary wagtynda bahasy 1,1 mln dollardan gowrak bolan eksklýuziw Richard Mille RM 003-V2 GMT Tourbillon 'Asia Edition' sagadyny sowgat aldy
18.12.2025 23:12
5k+
FIFA bahalar tankytlanandan soň DÇ-2026 üçin käbir petekleriň bahalaryny arzanlatdy
Halkara futbol federasiýasy (FIFA) 2026-njy ýylyň dünýä çempionaty üçin petekleriň täze arzan kategoriýasyny girizdi. Bu guramanyň baha syýasatynyň ýiti tankytlanmagynyň netijesi boldy. «Janköýerler üçin giriş petegi» atly täze kategoriýa boýunça petek bahasy 60 dollar bolar
18.12.2025 21:47
2.3k+
«Inter Maýami» Luis Suares bilen şertnamany 2026-njy ýyla çenli uzaltdy
Urugwaýly hüjümçi Luis Suares Esasy futbol ligasynyň (MLS) «Inter Maýami» kluby bilen täze şertnama baglaşdy. Ylalaşyk 2026-njy ýylyň ahyryna çenli hereket edýär diýip, toparyň metbugat gullugy habar berdi. 38 ýaşly hüjümçi amerikan klubunda 2024-nji ýyldan bäri çykyş edýär
18.12.2025 13:11
8.6k+
«PSŽ» penalti tapgyrynda FIFA-nyň Yklymara kubogyny utdy: Safonow 4 topy yzyna gaýtardy
«Pari Sen-Žermen» taryhda ilkinji gezek FIFA-nyň Yklymara kubogynyň eýesi boldy. Ol Braziliýanyň «Flamengo» klubuny oýundan soňky penalti tapgyrynda utdy. Er-Raýýanda (Katar) geçirilen duşuşygyň esasy we goşmaça wagty 1:1 hasabynda deňme-deň tamamlandy, 11 metrlikden gol geçirmekde bolsa parižliler güýçli geldi – 2:1
18.12.2025 11:52
3.8k+
Usman Dembele IFFHS tarapyndan 2025-nji ýylyň iň gowy futbolçysy diýlip ykrar edildi
Fransiýanyň milli ýygyndysynyň we «Pari Sen-Žermen» klubunyň hüjümçisi Usman Dembele Halkara futbol taryhy we statistika federasiýasy (IFFHS) tarapyndan geçirilen ses berişligiň netijesi boýunça 2025-nji ýylyň iň gowy futbolçysy diýlip ykrar edildi
17.12.2025 10:52
5.7k+
Pedri, Ýamal we Dembele FIFA-nyň simwolik toparyna girdi
«Barselonanyň» ispaniýaly oýunçylary Pedri we Lamin Ýamal, şeýle-de «Pari Sen-Žermeniň» fransiýaly hüjümçisi Usman Dembele Halkara futbol federasiýasy (FIFA) tarapyndan 2024/25 möwsüminiň simwolik toparyna girizildi
17.12.2025 10:19
2.4k+
Donnarumma möwsümiň iň gowy derwezebany hökmünde FIFA-dan The Best baýragyny aldy
Italiýaly derwezeban Janluiji Donnarumma geçen möwsümiň iň gowy derwezebany hökmünde FIFA-nyň The Best baýragynyň eýesi boldy. Bu barada guramanyň resmi saýtynda habar berildi. Häzirki wagtda «Mançester Sitide» çykyş edýän derwezeban bu baýragy 2024-nji ýylyň 11-nji awgustyndan 2025-nji ýylyň 2-nji awgusty aralygyndaky ajaýyp çykyşlary üçin aldy
17.12.2025 10:17
6.7k+
Mbappe «PSŽ-e» garşy kazyýet işinde utdy: klub oňa 61 mln ýewro tölär
Fransiýanyň milli ýygyndysynyň hüjümçisi Kilian Mbappe öňki kluby «Pari Sen-Žermene» garşy tölenmedik zähmet haklary we bonuslar bilen bagly kazyýet işinde ýeňiş gazandy. Parižiň Zähmet dawalary boýunça kazyýeti «PSŽ-ni» futbolça rugsat tölegleri bilen birlikde 61 mln ýewro tölemäge borçlandyrdy
17.12.2025 10:14
5.1k+
Ýylyň iň gowy goly üçin Puşkaş baýragyny argentinaly Santýago Montiel aldy
«Independente» klubunda çykyş edýän argentinaly futbolçy Santýago Montiel 2025-nji ýylyň iň owadan goly üçin Puşkaş baýragynyň eýesi boldy. Bu barada Halkara futbol federasiýasynyň (FIFA) metbugat gullugy habar berdi
17.12.2025 10:04
2.2k+
Usman Dembele FIFA tarapyndan möwsümiň iň gowy oýunçysy diýlip ykrar edildi
«Pari Sen-Žermeniň» fransiýaly hüjümçisi Usman Dembele Halkara futbol federasiýasy (FIFA) tarapyndan 2024/25 möwsüminiň iň gowy oýunçysy diýlip ykrar edildi. Bu barada gurama Dohada geçirilen The Best FIFA Football Awards dabarasynda yglan etdi
17.12.2025 10:02
1.9k+
Luis Enrike möwsümiň iň gowy tälimçisi boldy
Fransiýanyň «Pari Sen-Žermen» klubuna ýolbaşçylyk edýän ispaniýaly hünärmen Luis Enrike The Best FIFA Football Awards dabarasynda 2024/25 möwsüminiň iň gowy tälimçisi diýlip atlandyryldy. Bu barada Dohada geçirilen dabarada Halkara futbol federasiýasy (FIFA) yglan etdi
17.12.2025 09:19
3.9k+
«Ýuwentusyň» paýnamalary kluby kriptowalýuta kompaniýasyna satmakdan ýüz öwrülenden soň ýokarlandy
Italiýanyň «Ýuwentus» futbol klubuna eýeçilik edýän Juventus Football Club SpA kompaniýasynyň paýnamalary 15-nji dekabrda iň ýokary derejesinde 17,05% ýokarlanyp, bir paý üçin 2,57 ýewro ýetdi. Muny Euronext Milan biržasynyň maglumatlary delillendirýär
16.12.2025 09:53
11k+
KHBS: FIFA Argentinany 2026-njy ýylyň dünýa çempionatyndan çetleşdirip biler
Argentinanyň milli futbol ýygyndysy 2026-njy ýylyň dünýä çempionatyna gatnaşyjylaryň hataryndan çykarylyp bilner. Bolup biljek sanksiýanyň sebäbi Argentinanyň futbol assosiasiýasynyň (AFA) ýolbaşçylygy bilen baglylykda alnyp barylýan korrupsiýa garşy derňew işleri boldy diýip, ýerli La Nacion neşiri habar berýär
15.12.2025 17:21
8.8k+
Mbappe dünýäniň iň gymmat oýunçylarynyň sanawynda Ýamal we Holand bilen deňleşdi
Madridiň “Realynyň” we Fransiýanyň milli ýygyndysynyň hüjümçisi Kilian Mbappe dünýäniň iň gymmat futbolçysy boldy. Bu “Transfermarkt” portaly tarapyndan Ispaniýanyň çempionatynyň oýunçylarynyň bazar bahasy boýunça täzelenen maglumatlardan gelip çykýar
14.12.2025 10:46
21k+
Messi bilen duşuşygyň guramaçylygynyň pes bolmagy Hindistanda janköýerleriň nägileligine getirdi
Lionel Messiniň täjirçilik saparynyň çäklerinde Hindistanyň Kalkutta şäherindäki Vivekananda Yuvabharati Salt Lake stadionyna barmagynyň dowamlylygynyň gysga wagtlyk bolmagy, onlarça müň futbol janköýerleriniň tertipsizlik döretmegine getirdi
13.12.2025 17:42
17k+
Hindistanda Messiniň uly ýadygärligi açylar: dabara futbolçynyň özi gatnaşar
Şenbe güni Kalkuttada (Hindistan) futbolçy Lionel Messi öz şanyna gurlan 20 metrlik ýadygärligi açar diýip, Bi-bi-si habar berýär. Hindistan boýunça üç günlük saparyň dowamynda argentinaly futbolçy «Inter Maýamidäki» klubdaşlary Luis Suares we Rodrigo De Paul bilen bilelikde Haýdarabada, Mumbaýa we Delä barar
12.12.2025 16:20
3.3k+
«Lion», «Aston Willa» we «Betis» Ýewropa ligasynyň pleý-off tapgyryna çykdy
12-nji dekabra geçilen gije UEFA-nyň Ýewropa ligasynyň umumy tapgyrynyň 6-njy oýunlary tamamlandy. Olaryň netijesi boýunça, fransuz «Liony» ýaryş jedweliniň başyndaky ornuny saklady. Topar öýünde Niderlandlaryň «Gou Ehed Iglz» klubuny 2:1 hasabynda utup, 15 utuk bilen ýazky pleý-off tapgyryna çykdy
11.12.2025 18:31
6.2k+
FIFA 2026-njy ýylyň Dünýä çempionatynda suw içmek üçin üç minutlyk arakesmeleri girizdi
Halkara futbol federasiýasy (FIFA) 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň ähli oýunlarynda her ýarymyň ortasynda oýunçylaryň suw içmegi üçin üç minutlyk hökmany arakesmäniň girizilendigini habar berdi. Arakesmeler ähli gatnaşyjy toparlar üçin deň şertleri üpjün eder ýaly howanyň nähilidigine garamazdan yglan ediler
11.12.2025 18:26
9.7k+
Dünýäniň iň gymmat oýunçylarynyň sanawynda Holand Ýamal bilen deňleşdi
“Mançester Sitiniň” we Norwegiýanyň ýygyndysynyň hüjümçisi Erling Holand 200 million ýewro bahasy bilen dünýäniň iň gymmat futbolçysy boldy. Transfermarkt-iň täzelenen reýtingine görä, norwegiýaly oýunçynyň transfer bahasy 20 million ýewro ýokarlanyp, “Barselonanyň” we Ispaniýanyň ýygyndysynyň wingeri Lamin Ýamal bilen deňleşdi
11.12.2025 16:08
8.4k+
Çempionlar ligasy: «Siti» «Realy» utdy, 5 topar pleý-offa çykmagyny kepillendirdi
UEFA-nyň Çempionlar ligasynyň umumy tapgyrynyň altynjy oýunlarynyň netijeleri boýunça, üç futbol kluby – «Pari Sen-Žermen», «Mançester Siti» we «Atalanta» pleý-offa çykmagyny kepillendirdi. Ozal pleý-offa göni ýollamany «Arsenal» we «Bawariýa» alypdy
10.12.2025 12:13
9.3k+
"Barselonada" Kundeniň dubly, "Liwerpulyň" penalti bilen ýeňşi: UEFA-nyň Çempionlar ligasynyň oýunlaryna syn
Çarşenbe gününe geçilen gije UEFA-nyň Çempionlar ligasynyň altynjy tapgyrynyň oýunlary geçirildi. «Barselona» öz öýünde «Aýntrahtdan» üstün çykdy, «Atalanta» «Çelsi» bilen oýnuň gidişini üýtgetdi, Angliýanyň «Liwerpuly» bolsa duşuşygyň ahyryndaky penaltiniň netijesinde Milanyň «Interini» utdy
09.12.2025 22:14
3.4k+
Afrika milletleriniň kubogynyň tumary hödürlendi. Ol Assad atly ýolbars boldy
Afrika milletleriniň kubogynyň guramaçylary Marokkoda geçiriljek geljekki ýaryşyň resmi tumaryny hödürledi. Ol Assad atly ýolbars boldy. «Tumar Marokkonyň iň belli milli nyşanlarynyň biri we Afrika yklymynda birleşdiriji hem kuwwatly keşp bolan Atlas ýolbarsyndan ylham aldy
«
1
…
10
11
12
…
76
»
«
1
…
7
8
9
10
11
12
13
14
15
…
76
»
Copyright © 2026
TMCARS News
. All rights reserved.