"Barselonada" Kundeniň dubly, "Liwerpulyň" penalti bilen ýeňşi: UEFA-nyň Çempionlar ligasynyň oýunlaryna syn

10.12.2025, 07:139,334

Çarşenbe gününe geçilen gije UEFA-nyň Çempionlar ligasynyň altynjy tapgyrynyň oýunlary geçirildi. «Barselona» öz öýünde «Aýntrahtdan» üstün çykdy, «Atalanta» «Çelsi» bilen oýnuň gidişini üýtgetdi, Angliýanyň «Liwerpuly» bolsa duşuşygyň ahyryndaky penaltiniň netijesinde Milanyň «Interini» utdy.

«Barselona» - «Aýntraht» 2:1
«Barselona» 2023-nji ýylyň maýyndan bäri ilkinji gezek Çempionlar ligasynyň oýnuny «Kamp Nou» stadionynda geçirdi. Ýöne oýnuň birinji ýarymy ýer eýeleri üçin şowly bolmady. Frankfurt topary 21-nji minutda Ansgar Knauffyň goly bilen öňe çykdy.
«Barselona» ikinji ýarymda Žýul Kundeniň iki gezek kelle bilen takyk urgusynyň netijesinde oýnuň soňuny kesgitledi. Ilkibaşda goragçy 50-nji minutda Markus Reşford topy berenden soň hasaby deňledi, üç minutdan soň Lamin Ýamalyň topy geçirmegi bilen gol girizdi.

«Inter» - «Liwerpul» 0:1
«San-Sirodaky» oýun ahyryna çenli dartgynlylygy saklady. Birinji ýarymda VAR Ýugo Ekitike el bilen oýnandygy sebäpli Ibraima Konateniň goluny ýatyrdy. Oýnuň ahyrynda-da ýene VAR goşuldy: wideo gaýtadan seredilenden soň Alessandro Bastoniniň meýdança çykan Florian Wirse garşy düzgüni bozandygy üçin penalti bellendi. 88-nji minutda 11 metrlik urgudan Wengriýanyň milli ýygyndysynyň ýarym goragçysy Dominik Soboslai gol geçirdi. 

«Atalanta» - «Çelsi» 2:1
«Çelsi» Žoao Pedronyň goly bilen hasaby açdy. Arakesmeden tiz wagtdan soň Şarl de Ketelareniň topy geçirmeginde Janluka Skamakka kelle urgusy bilen hasaby deňledi. 83-nji minutda de Ketelareniň özi ýeňiş goluny geçirip, Bergamo klubuny ýaryş jedwelinde üçünji orna çykardy.

 Oýun gününiň galan oýunlarynyň netijeleri:

  • ·«Bawariýa» — «Sporting» 3:1
  • · «PSW» Eýndhowen — «Atletiko» Madrid 2:3
  • ·«Kaýrat» — «Olimpiakos» 0:1
  • ·«Monako» — «Galatasaraý» 1:0
  • ·«Ýunion» — «Olimpik Marsel» 2:3
  • ·«Tottenhem» — «Slawiýa» 3:0

Ikinji oýun gününiň oýunlary
Eger başga wagt görkezilmedik bolsa, ähli oýunlar penşenbe gününe geçilýän gije Aşgabat wagty bilen 01:00-da başlar.

  • ·«Karabah» — «Aýaks» (22:45)
  • ·«Wilýarreal» — «Kopengagen» (22:45)
  • ·«Atletik» — «Pari Sen-Žermen»
  • ·«Baýer» — «Nýukasl»
  • ·«Borussiýa» Dortmund — «Budýo Glimt»
  • ·«Brýugge» - «Arsenal»
  • ·«Ýuwentus» — «Pafos»
  • ·«Real» — «Mançester Siti»
  • ·«Benfika» — «Napoli»
Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.