FIFA 2026-njy ýylyň Dünýä çempionatynda suw içmek üçin üç minutlyk arakesmeleri girizdi

11.12.2025, 18:316,221

Halkara futbol federasiýasy (FIFA) 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň ähli oýunlarynda her ýarymyň ortasynda oýunçylaryň suw içmegi üçin üç minutlyk hökmany arakesmäniň girizilendigini habar berdi.

Arakesmeler ähli gatnaşyjy toparlar üçin deň şertleri üpjün eder ýaly howanyň nähilidigine garamazdan yglan ediler.
Futbolçylara üç minutlyk arakesme iki ýarymyň her biriniň ortasynda berler.

«Oýnuň nirede geçirilýändigine, temperaturanyň nähilidigine we meýdançada üçegiň bardygyna ýa-da ýokdugyna garamazdan, suw balansyny dikeltmek üçin her oýunda üç minutlyk arakesme berler. Oýnuň iki ýarymynda-da arakesme üç minut bolar» – diýip, ABŞ-da ýaryşyň esasy koordinatory Manolo Zubiriýa belledi.

Dünýä çempionatynyň ahyrky tapgyry 2026-njy ýylyň 11-nji iýunyndan 19-njy iýuly aralygynda ABŞ-nyň, Meksikanyň we Kanadanyň çäginde geçiriler. 

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.