FIFA guramasy 2026-njy ýylyň dünýä çempionatyna taýýarlyk görülýän döwürde Maýamide ýaşan guramanyň prezidenti Janni Infantinonyň ABŞ-da tölemeli bolan salgytlarynyň 4 million dollara golaýyny öz üstüne aldy. Bu barada The New York Times neşiri degişli çeşmelere salgylanyp habar berýär.
Neşiriň maglumatlaryna görä, Infantino 2024–2026-njy ýyllar üçin salgyt tölegleriniň FIFA tarapyndan ödelmegi barada gurama bilen ylalaşypdyr. Aslynda, salgyt öwezini dolmak düzgüni dünýä çempionatyny guramak üçin ABŞ göçüp baran FIFA-nyň işgärlerine niýetlenipdi. Emma bu ýeňillik guramanyň prezidentini öz içine alýan saýlaw arkaly wezipä bellenen ýolbaşçylara degişli däldi.
The New York Times neşiriniň tassyklamagyna görä, 2024-nji ýylda Infantino üçin ýörite salgyt ýeňilligini guramanyň kiçi düzümdäki komiteti makullapdyr. Ýöne bu karar FIFA-nyň resminamalarynda görkezilmändir.
Ýatlap geçsek, 2026-njy ýylyň dünýä çempionaty ilkinji gezek 48 milli ýygyndynyň gatnaşmagynda geçirilipdi. Ýaryşa 11-nji iýundan 19-njy iýul aralygynda ABŞ, Kanada we Meksika bilelikde ýer eýeçilik etdi.
Janni Infantino 2016-njy ýylyň fewralynda FIFA-nyň prezidenti wezipesine saýlandy. Şondan soň ol iki gezek başga dalaşgär bolmazdan gaýtadan saýlandy. Guramanyň prezidentiniň indiki saýlawlarynyň geçirilmegi 2027-nji ýylyň martynda meýilleşdirilýär.