Marokkoda DÇ-2030-yň finalyny kabul etjekdiklerini aýdýarlar. FIFA muny heniz tassyklamady

Şu gün, 12:591,757

2030-njy ýylyň dünýä çempionatynyň final duşuşygy Kasablankanyň golaýyndaky Ben-Sliman sebitinde ýerleşýän täze Hasan II adyndaky stadionda geçiriler. Bu barada Marokkonyň Patyşalyk futbol federasiýasynyň ýolbaşçysy Fauzi Lekja yglan etdi. Onuň sözlerini «Efe» agentligi getirýär.

Şol bir wagtyň özünde, FIFA aýgytlaýjy duşuşygyň geçiriljek ýeriniň resmi ýagdaýda entek doly kesgitlenmändigini nygtaýar.

«Ben-Sliman sebiti 2030-njy ýylyň dünýä çempionatynyň finalyny kabul etmek hormatyna mynasyp bolar. Geljekki hökümetiň düzümine girmek isleýän her bir adamyň bu sebiti ösdürmekden başga alajy ýokdur» – diýip, Lekja Buznika şäherinde PAM partiýasynyň saýlaw kampaniýasynyň çäklerinde geçirilen çärede aýtdy.

Häzirki wagtda Kasablankanyň gündogaryndaky El-Mansuriýada 115 müň tomaşaça niýetlenen Hasan II adyndaky stadionyň gurluşygy alnyp barylýar. Işler tamamlanandan soň, ol dünýäde iň uly futbol meýdançasy bolmaly.

Mundan öň FIFA guramanyň ýolbaşçysy Janni Infantinonyň öňde duran saýlawlarda goldaw almak üçin Marokko 2030-yň Dünýä çempionatynyň finalyny bermegi wada edendigi hakdaky habarlary inkär edipdi. Gurama duşuşygyň geçiriljek ýeri baradaky çözgüdiň soňrak kabul ediljekdigini belledi.

Şeýle-de bolsa, Lekja bu meselä öz ýanyndan eýýäm çürt-kesik edilen ýaly seredýär:

«Ben-Sliman şäheri finaly kabul eder. Kimdir birine bu ýarasyn-ýaramasyn. Kimde-kim bu barada ýene gürleşesi gelse, goý, gürläbersin».

Finaly geçirmäge Ispaniýa hem dalaş edýär. Ispaniýanyň federasiýasynda ozal aýgytlaýjy duşuşygyň hut şu ýurtda geçirilmelidigi bellenilipdi. Finaly kabul edip biljek meýdançalaryň arasynda täzelenen «Santýago Bernabeu», şeýle hem düýpli üýtgedilip gurulýan «Spotifaý Kamp Nou» agzalýar.

Dünýä çempionaty — 2030-yň esasy öý eýeleri Marokko, Ispaniýa we Portugaliýa bolar. Ýaryşyň ýüzýyllygy mynasybetli ýene üç duşuşyk Urugwaýda, Argentinada we Paragwaýda geçiriler.