Ýewropa futbol assosiasiýalarynyň bileleşigi (UEFA) we Demirgazyk, Merkezi Amerika hem-de Karib basseýni futbol konfederasiýasy (CONCACAF) FIFA-dan 211 milli federasiýanyň her birine azyndan $10 million tölemegi talap etdi. Bu barada L’Équipe habar berýär.
Çeşmäniň maglumatyna görä, UEFA-nyň prezidenti Aleksander Çeferin we CONCACAF-yň prezidenti Wiktor Montalýani bu teklip bilen FIFA-nyň prezidenti Janni Infantina ýazmaça ýüz tutupdyr.
UEFA-nyň we CONCACAF-yň ýolbaşçylary öz hatlarynda FIFA-nyň 2023–2026-njy ýyllar aralygyndaky aýlawy, takmynan, $6 milliard ätiýaçlyk serişdeleri bilen tamamlaýandygyny belleýär. Bu guramanyň taryhyndaky iň uly ätiýaçlyk serişdeleri hasaplanýar. Olaryň pikiriçe, şeýle şertlerde indiki dörtýyllyk döwürde her bir milli federasiýanyň azyndan $10 million almaga haky bar. Şeýle tölegleriň umumy möçberi, takmynan, $2,1 milliard bolar.
Şeýle hem olar öz hatlarynda Infantinonyň dolandyryş usullary bilen ylalaşmaýandyklaryny mälim edýär.
Bu täze talap FIFA-nyň ýolbaşçylygy bilen bagly dawanyň nobatdaky tapgyry boldy. Jedeller guramanyň käbir futbol hukuklaryny daşarky maýadarlara açmak baradaky meýilnamalaryndan soň başlandy. FIFA Forward Enterprise taslamasy futbol guramalarynyň tankydyna sezewar bolup, hatda 2030-njy ýyldaky dünýä çempionatyny inkär etmek baradaky howplaryň döremegine sebäp boldy. Netijede, FIFA bu pälinden el çekdi.
Şeýle ýagdaýyň täsirinde birnäçe ýurt eýýäm FIFA-nyň prezidentiniň öňdäki saýlawlarynda Infantinony goldamajakdygyny mälim etdi.