«PSŽ-niň» prezidenti Al-Helaifi Bütindünýä klublar assosiasiýasyny döretmäge çagyrýar

Şu gün, 11:40200

European Football Clubs guramasynyň (EFC) başlygy we «PSŽ» futbol klubunyň prezidenti Nasser Al-Helaifi dünýädäki klublaryň bähbitlerine wekilçilik etjek täze World Football Clubs guramasyny döretmegiň zerurdygyny yglan etdi. Şeýle pikiri ol Kopengagende geçirilen EFC-niň agzalarynyň duşuşygynda öňe sürdi.

Al-Helaifiniň nygtamagyna görä, häzirki günde futbol klublary öz ýerli jemgyýetçiliginiň çäklerinden çykyp, halkara brendlerine öwrüldi, şol sebäpli dünýäniň ähli toparlary deň wekilçilige we ösüş üçin deň mümkinçiliklere mynasypdyr.

«EFC klublara kim bilen bolsa-da aragatnaşyk saklamaga mümkinçilik berýän ählumumy tora we meýdança öwrüldi. Biz Ýewropanyň içindäki hem-de onuň daşyndaky klublar üçin artykmaçlyklary döredýäris.

Hut şonuň üçin häzir «World Football Clubs» guramasyny döretmegiň wagty geldi. Çünki dünýädäki her bir klub wekilçilik edilmäge, öz sesine eýe bolmaga we üstünlik gazanmak üçin iň gowy mümkinçilige mynasypdyr».

Ol işewür klublaryň birek-birege mätäçdigini aýdyp, umumy bähbitler üçin bilelikde hereket etmäge çagyrdy.

«...Biz bilelikde hereket etmeli. Diňe öz bähbitlerimiz barada pikirlenmegimizi bes edeliň. Geliň, birleşeliň. Geliň, "men" diýmäge derek, "biz" diýeliň. EFC-de biz elmydama açyk dialoga, ylalaşyga we ylalaşykly çözgüde ymtylarys. Uly klublara kiçi klublar gerek. Kiçi klublara bolsa uly klublar derkar. Ähli gyzyklanma bildirýän taraplar birek-birege mätäç. Sebäbi hiç bir oýunçy özbaşyna 11 garşydaşy ýeňip bilmez. Top birek-birege geçirilende öňe has çalt barýar. Topar diýmek şudur. Şonuň üçin geliň, öňe tarap hereket etmegimizi dowam etdireliň. Birek-biregi goraň. Bilelikde zähmet çekiň. Boýun egmäň. Şonda biziň ählimiz öz maksatlarymyza ýeteris» diýip, EFC-niň resmi saýty Al-Helaifiniň sözlerini getirýär.

Bellenilişi ýaly, assambleýanyň käbir gatnaşyjylary World Football Clubs guramasyna FIFA-nyň we Janni Infantinonyň häkimiýetine garşy çykyp biljek resmi bolmadyk «altynjy konfederasiýa» hökmünde garaýar.

Şeýle-de Al-Helaifi öz çykyşynda UEFA-nyň ýolbaşçysy Aleksander Çeferini täze möhlete dalaşgärlik etmäge çagyrdy:

«Futbol siz ýaly liderlere mätäç» diýip, ol belledi.