Saýlanan şäher
27 iýul 2026
Türkmen
Ulgama girmek
Awtoulaglar
Spestehnika
Awtoşaýlar
Beýleki Bildirişler
Biznes Hasaplar
Habarlar
Ulgama girmek
Baş sahypa
Awtoulaglar
Awtoşaýlar
Beýleki Bildirişler
Biznes Hasaplar
Habarlar
Garaňky tema
Dil
Meniň profilim
futbol
Baş sahypa
/
Habarlar
/
futbol
07.12.2025 12:00
4.9k+
Lego FIFA-nyň dünýä çempionatynyň kubogy görnüşinde kosntruktor toplumyny çykarar
Lego kompaniýasy we Halkara futbol federasiýasy (FIFA) dünýä çempionatynyň kubogynyň şekilini gaýtalaýan täze toplumyň çykarylandygyny habar berdi. 2842 bölekden ybarat toplum 2026-njy ýylyň 1-nji martynda satuwa çykar
07.12.2025 11:59
4.5k+
ABŞ DÇ-2026-nyň howpsuzlygyny üpjün etmek üçin $1,1 mlrd bölüp berer
Amerikanyň Birleşen Ştatlary 2026-njy ýylda futbol boýunça dünýä çempionatynyň geçirilýän wagty howpsuzlygy üpjün etmek üçin bir milliardan dollardan gowrak federal maliýeleşdirmesini bölüp berer. Bu barada brifingde ABŞ-da DÇ-2026-a taýýarlyk görmek boýunça iş toparynyň ýolbaşçysy Endrýu Juliani aýtdy
07.12.2025 11:45
5.9k+
Laporta möhleti tamamlanandan soň “Barselonanyň” prezidenti wezipesinden gider
“Barselonanyň” prezidenti Žoan Laporta üçünji möhlete dalaş etmegi meýilleşdirmeýändigini we häzirki ygtyýarlylyk möhleti tamamlanandan soň wezipeden gitjekdigini habar berdi. Ol kluba 2021-nji ýyldan bäri ýolbaşçylyk edýär, onuň ygtyýarlylyk möhleti bolsa 2027-nji ýylda tamamlanýar
07.12.2025 11:25
5.9k+
“Inter Maýami” Messi bilen ilkinji gezek MLS-iň çempiony boldy
“Inter Maýami” futbol kluby Major League Soccer (MLS) Kubogyny gazandy. Ol finalda “Wankuwer Uaýkepsi” utdy. Florida ştatynyň “Fort-Loderdeýl” şäherinde geçirilen duşuşyk Maýami toparynyň peýdasyna 3:1 hasabynda tamamlandy
06.12.2025 16:22
8.4k+
Donald Tramp FIFA-nyň täze Parahatçylyk baýragynyň ilkinji eýesi boldy
ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp Halkara futbol federasiýasy (FIFA) tarapyndan esaslandyrylan täze Parahatçylyk baýragynyň ilkinji eýesi boldy. Ak tamyň ýolbaşçysyna baýragy FIFA-nyň prezidenti Janni Infantino gowşurdy
06.12.2025 16:19
13k+
Futbol boýunça DÇ-2026-nyň final tapgyrynyň bije çekilişigi geçirildi
Waşingtonda (ABŞ) 2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynyň ahyrky böleginiň bije çekilişigi geçirildi. Çärä ABŞ-nyň we Meksikanyň Prezidentleri Donald Tramp we Klaudiýa Şeýnbaum, şeýle-de Kanadanyň premýer-ministri Mark Karni gatnaşdy
02.12.2025 11:18
19k+
Ronaldu emeli aňly robot derwezebana gol geçirmek üçin 12 gezek synanyşmaly boldy
Portugaliýanyň milli ýygyndysynyň we saud “Al-Nasrynyň” hüjümçisi Kriştianu Ronaldu meşhur ylmy bloger Mark Roberiň topary tarapyndan döredilen emeli aňly robot derwezebana garşy gol geçirmek synanyşygyndan kynlyk bilen baş çykardy
01.12.2025 11:50
7.1k+
UEFA Çempionlar ligasynyň oýnunda janköýerleriň hereketi üçin “Atletiko” jerime saldy
UEFA 22-nji oktýabrda Çempionlar ligasynyň “Arsenal” bilen myhmançylykdaky oýnunda Madridiň “Atletikosynyň” janköýerleriniň gatnaşmagynda bolup geçen wakalardan soň kluba garşy sanksiýalary yglan etdi. Çözgüt guramanyň Gözegçilik, tertip-düzgün we ahlak komissiýasy tarapyndan kabul edildi diýip, AS habar berýär
30.11.2025 21:35
10k+
Mundo Deportivo: "Barselona" transfer maksatlaryny kesgitledi: gysga sanawda — Keýn, Holland we Alwares
"Barselona" tomusky transfer penjiresi üçin ileri tutulýan oýunçylaryň sanawyny düzdi diýip, Mundo Deportivo habar berýär. Neşiriň maglumatyna görä, toparyň baş tälimçisi Hans-Diter Flik sport direktory Deku we sport komitetiniň beýleki agzalary bilen bilelikde güýçlendirmek üçin esasy pozisiýalary – çep aýakly merkezi goragçyny, wingeri (ganat hüjümçini) we merkezi hüjümçini kesgitlediler
30.11.2025 18:52
6.5k+
“Inter Maýami” Messi bilen MLS Kubogynyň finalyna çykdy we birnäçe rekord goýdy
30-njy noýabrda irden (Aşgabat wagty bilen) “Inter Maýami” MLS Kubogynyň pleý-offunyň ýarym finalynda “Nýu-Ýork Sitini” uly hasap bilen utdy. Fort-Loderdeýldäki oýun 5:1 hasabynda tamamlandy. Bu oýun şol bir wagtyň özünde MLS-iň Gündogar konferensiýasy 2025-iň finaly boldy
29.11.2025 19:46
5.7k+
FIFA we Saud Arabystany ösýän ýurtlara 1 mlrd dollara çenli ýeňillikli karz berer
Halkara futbol federasiýasy (FIFA) Saud ösüş gaznasy (SFD) bilen Ähtnama gol çekdi. Onuň çäklerinde ösüp barýan ýurtlara 1 mlrd dollara çenli ýeňillikli karz berler. Serişdeler stadionlaryň hem-de töweregindäki infrastrukturanyň gurluşygyna we durkuny täzelemek işlerine gönükdiriler diýip, FIFA-nyň resmi saýtyndaky habarda aýdylýar
29.11.2025 09:22
10k+
Ronaldu Milletler ligasyndaky ýeňiş üçin milli ýygyndydaky ýoldaşlaryna ýörite sagat sowgat etdi
Portugaliýanyň milli ýygyndysynyň kapitany Kriştianu Ronaldu UEFA-nyň Milletler ligasynda gazanylan ýeňiş mynasybetli tutuş topar üçin ýörite Jacob&Co sagatlaryny sargyt etdi. Bu barada SIC Noticias habar berýär
28.11.2025 23:17
6.2k+
Ýewropa ligasynyň we Konferensiýa ligasynyň tapgyrynyň netijeleri
Penşenbe güni agşam we anna gününe geçilen gije Ýewropa ligasynyň bäşinji tapgyrynyň we Konferensiýa ligasynyň dördünji tapgyrynyň oýunlary geçirildi. Ýewropa ligasynyň ýaryş jedwelinde fransuz «Liony» birinji orny eýeledi
27.11.2025 12:45
12k+
Çempionlar ligasy: “Arsenal” “Bawariýany” utdy, Mbappe poker etdi we beýleki garaşylmadyk netijeler
UEFA-nyň Çempionlar ligasynyň bäşinji tapgyrynyň jemleýji oýunlary ýokary netijeliligi görkezdi – oýun gününiň dokuz oýnunda futbolçylar jemi 42 gol geçirdi. Tapgyryň merkezi oýnunda “Arsenal” Mýunheniň “Bawariýasyny” 3:1 hasabynda utdy
26.11.2025 12:52
8.4k+
Çempionlar ligasynyň 5-nji tapgyry: “Çelsi” “Barselonany” utdy, “ManSiti” “Baýerden” utuldy
Çarşenbe gününe geçilen gije UEFA-nyň Çempionlar ligasynyň umumy tapgyrynyň bäşinji oýunlary geçirildi. Olardan ikisi garaşylmadyk netije bilen tamamlandy: “Çelsi” “Barselonanyň” derwezesine jogapsyz üç gol geçirdi, “Mançester Siti” bolsa öýünde Lewerkuzeniň “Baýerinden” utuldy
25.11.2025 13:54
5.1k+
Angliýanyň Premýer-ligasynyň klublary zähmet hakyna çäk girizilmegine garşy çykdylar
Angliýanyň Premýer-ligasynyň futbol klublary zähmet haklaryna çäk girizmek baradaky teklibi ret edip, häzirki girdejililik we durnuklylyk düzgünlerini (PSR) çalyşjak täze maliýe düzgünnamasyny tassyklady. Bu barada The Times gazeti habar berdi
24.11.2025 17:41
9.6k+
Messi taryhda ilkinji bolup 1300 gol+assist görkezijisine ýetdi
24-nji noýabrda irden Sinsinnatidäki “Ti-Kýu-El Stedium” stadionynda MLS Kubogynyň pleý-offunyň 1/4 finalynyň “Sinsinnati” bilen “Inter Maýaminiň” arasyndaky duşuşygy geçirildi. Oýun “Inter Maýaminiň” 4:0 hasabynda utmagy bilen tamamlandy
22.11.2025 23:07
10k+
“Çelsiniň” futbolçysy Koul Palmer öýünde aýagynyň barmagyny döwdürdi. Ol "Barselona" we"Arsenal" bilen oýunlary sypdyrar
“Çelsiniň” we Angliýanyň milli ýygyndysynyň futbolçysy Koul Palmer ýene hatardan çykdy – ol öýünde gije çep aýagyny gapa urup, külbikesini döwdürdi diýip, Bi-bi-si habar berýär. Ýarymgoragçy ýaňy-ýakynda gasyk nogsanlygy sebäpli iki aýdan soň diýen ýaly dikelip, türgenleşiklere gaýdyp gelipdi
22.11.2025 13:37
10k+
Türkmenistanyň ýygyndysy FIFA-nyň reýtinginde 5 basgançak ýokary galdy
Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndysy Futbol federasiýalarynyň halkara assosiasiýasynyň (FIFA) reýtinginde soňky iki ýylda iň ýokary görkezijisine ýetdi. Milli ýygyndymyz guramanyň ýakynda täzelenen reýtinginde 137-nji basgançaga galdy
21.11.2025 23:45
6.2k+
Uelsdäki muzeýden bürünç asyrynyň altyn şaý-sepleri ogurlandy
Uelsiň paýtagty Kardiff şäherindäki muzeýden bürünç asyrynyň altyn şaý-sepleri ogurlandy. Bu barada ýerli polisiýa salgylanyp, Telegraph gazeti habar berdi. Gazetiň maglumatlaryna görä, bürünç asyrynyň birnäçe özboluşly predmetleri Keramatly Fagan galasynyň çägindäki Milli taryh muzeýiniň baş edarasyndaky witrinadan ogurlandy
21.11.2025 12:47
8.7k+
Aşraf Hakimi Afrikada ýylyň futbolçysy diýlip ykrar edildi
“Pari Sen-Žermeniň” marokkoly goragçysy Aşraf Hakimi Afrikada 2025-nji ýylyň iň gowy futbolçysy diýlip ykrar edildi. Baýragyň gowşurylyş dabarasy Marokkonyň Rabat şäherinde geçirildi. Baýraga “Liwerpulyň” hüjümçisi Mohamed Salah we “Galatasaraýyň” oýunçysy Wiktor Osimhen hem dalaş edipdi
21.11.2025 12:37
7.3k+
Globe Soccer Awards 2025-nji ýylda dünýäniň iň gowy futbolçysy üçin baýraga dalaşgärleri aýtdy
2025-nji ýylyň Globe Soccer Awards futbol baýragynyň esasy kategoriýalarynda dalaşgärler belli boldy. Guramaçylar dürli kategoriýalarda baýrak üçin dalaş etjek futbolçylaryň, tälimçileriň we klublaryň sanawyny yglan etdi
21.11.2025 11:31
7.4k+
DÇ-2026 üçin yklymara pleý-off oýunlarynyň garşydaş toparlary kesgitlendi
Sýurihde 2026-njy ýylyň dünýä çempionaty üçin yklymara pleý-off oýunlarynyň bije çekilişi geçirildi. Bu oýunlaryň netijesinde ýaryşyň ýene iki gatnaşyjysy belli bolar. Bije çekilişigiň netijesi: Ýol 1 ·Ýarym final:
21.11.2025 11:28
7.9k+
Italiýa, Ukraina we Polşa DÇ-2026-a çykmak üçin pleý-off oýunlarynda garşydaşlaryny bildi
2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň Ýewropadaky saýlama ýaryşynyň pleý-off oýunlarynyň bije çekilişiginiň netijesi belli boldy. Bije çekilişik Sýurihde Halkara futbol federasiýasynyň (FIFA) ştab-kwartirasynda geçirildi
20.11.2025 10:19
10k+
ABŞ Dünýä çempionaty-2026-nyň janköýerleri üçin wiza almak işini ýeňilleşdirer
ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp 2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatyna gatnaşmagy meýilleşdirýän daşary ýurtly janköýerler üçin wiza almak işiniň ýeňilleşdirilýändigini aýtdy. Amerikan lideriniň sözlerine görä, syýahatçylyk wizasyny almagyň möhleti ep-esli azaldyldy
19.11.2025 23:25
7.3k+
Kýurasaonyň milli ýygyndysy DÇ-2026-a çykdy: bu ýaryşda iň kiçi we az ilatly ýurt
Kýurasaonyň milli ýygyndysy öz taryhynda ilkinji gezek dünýä çempionatyna çykdy. Saýlama tapgyrynyň aýgytly oýnunda Dik Adwokatyň ýolbaşçylygyndaky topar Ýamaýka bilen deňme-deň oýnady – 0:0. Bu hem ada döwletine dünýä çempionatyna göni ýollama almaga mümkinçilik berdi
19.11.2025 23:20
9.5k+
2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatyna 48 gatnaşyjydan 42-si belli boldy
2026-njy ýylyň tomsunda ABŞ-da, Kanadada we Meksikada geçiriljek futbol boýunça dünýä çempionatyna gatnaşjak 48 milli toparyň 42-si belli boldy. Zolaklar boýunça gatnaşyjylar: ·UEFA (Ýewropa): Germaniýa, Şweýsariýa, Şotlandiýa, Fransiýa, Ispaniýa, Portugaliýa, Niderlandlar, Awstriýa, Norwegiýa, Belgiýa, Angliýa, Horwatiýa
19.11.2025 23:16
20k+
Tramp Ak tamda Ronalduny kabul etdi we ony ähli döwrüň iň beýik oýunçysy diýip atlandyrdy
Portugaliýanyň milli ýygyndysynyň hüjümçisi Kriştianu Ronaldu hormatly myhman hökmünde Ak tama bardy we ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň maşgalasy bilen tanyşdy diýip, ESPN habar berýär. Sişenbe güni Tramp Waşingtonda Saud Arabystanynyň mirasdüşer şazadasy Muhammed bin Salmany kabul etdi
19.11.2025 10:12
7.5k+
Neýmaryň kakasy Pele brendi üçin hukuk satyn aldy
Braziliýaly futbolçy Neýmaryň kakasy Neýmar da Silwa Santosa degişli bolan NR Sports kompaniýasy Pele brendi üçin hukuk satyn aldy. UOL portalynyň maglumatlaryna görä, şertnamanyň bahasy 18 mln dollar boldy. Satyn alyş barada resmi bildirişiň çarşenbede bolmagyna garaşylýar
19.11.2025 10:00
4k+
“Barselona” “Kamp Nou” stadionyna gaýdyp geljek wagtyny aýtdy
22-nji noýabrda “Barselona” durkuny täzelemek işlerinden soň “Kamp Nou” stadionynda ilkinji öý oýnuny geçirer. Şol gün topar Ispaniýanyň çempionatynyň 13-nji tapgyrynda Bilbaonyň “Atletigine” garşy oýnar. “Kamp Nou” 2023-nji ýyldan bäri abatlaýyş üçin ýapykdy, topar oýunlaryny wagtlaýyn Luis Kompanis adyndaky Olimpiýa stadionynda (öň Montžuik Olimpiýa stadiony hökmünde belli) geçirdi
18.11.2025 23:55
11k+
Türkmenistan Aziýa Kubogy-2027-niň saýlama tapgyrynda Hytaý Taýpeýinden üstün çykdy
zzTürkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndysy Aziýa Kubogy-2027-niň saýlama tapgyrynyň bäşinji duşuşygynda Hytaý Taýpeýinden üstün çykdy. Duşuşyk 18-nji noýabrda Arkadag şäheriniň stadionynda geçip, 3:1 hasabynda tamamlandy
18.11.2025 17:52
17k+
Mbappe kazyýetiň üsti bilen “PSŽ-den” 263 mln ýewro, klub bolsa futbolçydan 440 mln ýewro talap edýär
Kilian Mbappe we “Pari Sen-Žermen” kazyýetde biri-birine uly mukdarda maliýe talaplaryny bildirdi. Iş 17-nji noýabrda Parižiň zähmet dawalary boýunça kazyýetinde başlandy. Le Monde-niň habar bermegine görä, hüjümçi şertnamany uzaltmakdan ýüz öwrenden soň ýaramaz gatnaşygy üçin klubdan 263 mln ýewro möçberde öwez tölegini talap edýär
17.11.2025 14:56
9.3k+
18-nji noýabrda Aziýa Kubogynyň saýlama tapgyrynda Türkmenistan Hytaý Taýpeýini kabul eder
18-nji noýabrda Aziýa Kubogy-2027-niň saýlama tapgyrynyň bäşinji tapgyrynyň çäginde Türkmenistanyň milli ýygyndysy Hytaý Taýpeýiniň ýygyndysy bilen duşuşar. Duşuşyk Arkadag şäheriniň stadionynda geçer. Duşuşyk Aşgabat wagty bilen 18:45-de başlanar
17.11.2025 14:17
10k+
Norwegiýa Italiýany utup, soňky 28 ýylda ilkinji gezek dünýä çempionatyna çykdy
Norwegiýanyň milli futbol ýygyndysy soňky 28 ýylda ilkinji gezek dünýä çempionatyna çykdy. 2026-njy ýylyň dünýä çempionaty üçin saýlama ýaryşynyň soňky oýnunda Stole Solbakkeniň ýolbaşçylygyndaky topar myhmançylykda Italiýanyň milli ýygyndysyny 4:1 hasabynda utdy
16.11.2025 19:37
9.6k+
22 ýyl mundan öň şu gün Messi ilkinji gezek "Barselonanyň" eşiginde meýdança çykdy
2003-nji ýylyň 16-njy noýabry «Barselonanyň» taryhynda möhüm senä öwrüldi. Şol gün Lionel Messi bary-ýogy 16 ýaşynda katalon klubunyň esasy düzüminde ilkinji gezek oýnady. Ol täze "Dragau" stadionynyň açylyşynyň hormatyna «Portu» bilen geçirilen ýoldaşlyk duşuşygynda meýdança çykdy
16.11.2025 17:48
4.5k+
Roberto Mançini Kataryň «Al-Sadd» klubuna baş tälimçi boldy
Italiýaly hünärmen Roberto Mançini Kataryň «Al-Sadd» klubunyň baş tälimçisi wezipesine bellendi. Bu barada toparyň metbugat gullugy X (ozalky Twitter) sosial ulgamynda habar berdi. "Roberto Mançini «Al-Sadd» klubunyň tälimçisi wezipesi üçin 2,5 möwsümlik şertnama baglaşdy" – diýip, klubuň beýanatynda aýdylýar
16.11.2025 17:43
7.7k+
"Barselonanyň" prezidenti Laporta "Real" bilen dartgynly gatnaşyklar barada gürrüň berdi
"Barselonanyň" prezidenti Joan Laporta katalon klubunyň Madridiň "Realy" bilen arasyndaky gatnaşyklarda dartgynlylygyň bardygyny aýtdy. Onuň sözlerine görä, "Realyň" Negreýra bilen bagly dawaly işe goşulmagy sebäpli ýagdaý ýitileşdi
15.11.2025 00:42
6.4k+
Ýewro-2028-iň finaly Londonyň "Uembli" stadionynda geçiriler
2028-nji ýyldaky futbol boýunça Ýewropa çempionatynyň final duşuşygy Londonyň "Uembli" stadionynda geçiriler. Bu barada Ýewropa Futbol Assosiasiýalarynyň Bileleşiginiň (UEFA) metbugat gullugy habar berdi. Final oýun 9-njy iýulda bolar
15.11.2025 00:27
14k+
Kriştianu Ronaldu 2026-njy ýyldaky Dünýä çempionatynyň özi üçin iň soňky ýaryşy boljakdygyny tassyklady
Kriştianu Ronaldu 2026-njy ýyldaky Dünýä çempionatynyň Portugaliýanyň milli ýygyndysy üçin çykyş etjek iň soňky uly ýaryşy boljakdygyny mälim etdi. Bu barada futbolçy Saud Arabystanynda geçirilen Tourise atly syýahatçylyk forumynda habar berdi diýip, "Mundo Deportivo" neşiri ýazýar
14.11.2025 11:39
6.7k+
Adidas 2026-njy ýyldaky futbol boýunça Dünýä çempionatynda milli ýygyndylaryň geýjek sport eşiklerini görkezdi
Adidas brendi 2026-njy ýylda geçiriljek futbol boýunça Dünýä çempionatynda bäsleşýän 22 milli ýygyndy üçin täze egin-eşik toplumyny hödürledi. Olaryň arasynda bu brendiň öňden bäri hyzmatdaşlyk edýän Argentinanyň, Germaniýanyň, Italiýanyň, Ýaponiýanyň, Ispaniýanyň we Uelsiň toparlary bar diýip, Hypebeast portaly ýazýar
«
1
…
11
12
13
…
76
»
«
1
…
8
9
10
11
12
13
14
15
16
…
76
»
Copyright © 2026
TMCARS News
. All rights reserved.