futbol

Dewid Bekhem we Gari Newill “Solford Siti” klubunyň eýeleri boldy
10.05.2025 19:50
6.7k+

Dewid Bekhem we Gari Newill “Solford Siti” klubunyň eýeleri boldy

“Mançester Ýunaýtediň” öňki meşhur futbolçylary Dewid Bekhem we Gari Newill “Solford Siti” futbol klubunyň egindeş eýeleri boldy. Bu klub häzirki wagtda ABŞ-nyň dördünji diwizionynda çykyş edýär. Bu barada klubuň resmi saýty habar berdi
Opta superkompýuteri Çempionlar ligasynda “PSŽ” bilen “Interiň” ýeňiş gazanmak mümkinçiligini hasaplady
09.05.2025 16:33
16k+

Opta superkompýuteri Çempionlar ligasynda “PSŽ” bilen “Interiň” ýeňiş gazanmak mümkinçiligini hasaplady

Opta superkompýuteri Çempionlar ligasynyň ýarym final oýunlarynyň netijelerini seljerip, haýsy toparyň finalda ýeňiş gazanmak mümkinçiliginiň ýokarydygyny kesgitledi. Kubok üçin esasy dalaşgär “Pari Sen-Žermen” boldy
Ýewropa ligasynyň finalyna «ManÝunaýted» we «Tottenhem», Konferensiýalar ligasynyňka — «Çelsi» bilen «Betis» çykdy
09.05.2025 10:35
7.6k+

Ýewropa ligasynyň finalyna «ManÝunaýted» we «Tottenhem», Konferensiýalar ligasynyňka — «Çelsi» bilen «Betis» çykdy

Ýewropa ligasynyň finala duşuşygyna iňlis klublary — «Mançester Ýunaýted» we «Tottenhem» çykdy. Konferensiýalar ligasynda bolsa final duşuşygynda «Çelsi» bilen Ispaniýanyň «Betis» kluby güýç synanyşar. «Mançester Ýunaýted» öz meýdançasynda Bilbaodan «Atletik» klubuny kabul etdi
Şotlandiýada iň gadymy futbol meýdançasy tapyldy. Onda 1600-nji ýyllarda oýnapdyrlar
09.05.2025 09:40
7.8k+

Şotlandiýada iň gadymy futbol meýdançasy tapyldy. Onda 1600-nji ýyllarda oýnapdyrlar

Şotlandiýada Solueý-Fert aýlagynyň golaýynda iň gadymy futbol meýdançasynyň galyndylary tapyldy. Bu barada sport taryhçysy, Şotlandiýanyň futbol muzeýiniň esaslandyryjysy Ged O’Braýene salgylanyp, Independent habar berýär
Kriştianu Ronaldunyň ogly Portugaliýanyň ýaşlar ýygyndysyna çagyryldy
08.05.2025 11:59
11k+

Kriştianu Ronaldunyň ogly Portugaliýanyň ýaşlar ýygyndysyna çagyryldy

Kriştianu Ronaldunyň uly ogly – 14 ýaşly Kriştianu duş Santuş Portugaliýanyň 15 ýaşa çenli ýaşlar milli ýygyndysyna çagyryldy. Bu barada Portugaliýanyň futbol federasiýasynyň metbugat gullugy habar berýär. Ýygyndy 13-18-nji maý aralygynda Horwatiýada geçiriljek Wlatko Markowiç adyndaky halkara ýaryşyna gatnaşar
“PSŽ” ikinji gezek “Arsenaly” utup, Çempionlar ligasynyň finalyna çykdy
08.05.2025 08:23
8.9k+

“PSŽ” ikinji gezek “Arsenaly” utup, Çempionlar ligasynyň finalyna çykdy

Parižiň “PSŽ” kluby Londonyň “Arsenalyny” utup, Çempionlar ligasynyň finalyna çykdy. 1/2 finalyň jogap oýny Fransiýanyň paýtagtyndaky “Park de Prens” stadionynda geçirildi we ýer eýeleriniň 2:1 hasabynda utmagy bilen tamamlandy
“Inter” goşmaça wagtda “Barselonany” utup, Çempionlar ligasynyň finalyna çykdy
07.05.2025 10:09
10k+

“Inter” goşmaça wagtda “Barselonany” utup, Çempionlar ligasynyň finalyna çykdy

Milanyň “Interi” Çempionlar ligasynyň ýarym finalynyň jogap oýnunda “Barselonany” utup, ýaryşyň finalyna çykdy. Duşuşyk italýan toparynyň “San-Siro” stadionynda geçirildi. Esasy wagtda oýun 3:3 hasabynda tamamlandy
Mýunheniň “Bawariýasy” 34-nji gezek Bundesliganyň ýeňijisi boldy
05.05.2025 10:32
5k+

Mýunheniň “Bawariýasy” 34-nji gezek Bundesliganyň ýeňijisi boldy

Mýunheniň “Bawariýasy” möwsümiň gutarmagyna iki tapgyr galanda 2024/25 möwsüminiň futbol boýunça Germaniýanyň çempionatynda öz ýeňşini üpjün etdi. Bu Lewerkuzeniň “Baýeri” 32-nji tapgyrda “Fraýburg” bilen deňme-deň – 2:2 hasabynda oýnandan soň belli boldy
“Al-Ahli” taryhda ilkinji gezek Aziýanyň Çempionlar ligasynyň ýeňijisi boldy
05.05.2025 07:41
10k+

“Al-Ahli” taryhda ilkinji gezek Aziýanyň Çempionlar ligasynyň ýeňijisi boldy

“Al-Ahli” saud futbol kluby öz taryhynda ilkinji gezek Aziýanyň Çempionlar ligasynyň ýeňijisi boldy. Jiddada (Saud Arabystany) geçirilen final oýnunda topar Ýaponiýanyň “Kawasaki Frontale” klubuny 2:0 hasabynda utdy
“Barselona” ýarym sagadyň içinde Trewis Skott logotipli futbolkalarynyň 1,58 million ýewrolygyny satdy
04.05.2025 02:30
12k+

“Barselona” ýarym sagadyň içinde Trewis Skott logotipli futbolkalarynyň 1,58 million ýewrolygyny satdy

“Barselona” futbol kluby Trewis Skottyň brendi bolan Cactus Jack logotipli çäkli sanda çykarylan futbolkalaryny satmak bilen 1,58 million ýewro töweregi girdeji gazandy. Kolleksiýa Madridiň “Realy” bilen boljak oýundan öň artist bilen bilelikde çykaryldy we irden satuwa goýberildi
Ýewropa ligasynyň we Konferensiýalar ligasynyň ilkinji ýarym final oýunlary 3 iňlis klubunyň ýeňşi bilen tamamlandy
02.05.2025 12:59
8.7k+

Ýewropa ligasynyň we Konferensiýalar ligasynyň ilkinji ýarym final oýunlary 3 iňlis klubunyň ýeňşi bilen tamamlandy

2-nji maýa geçilen gije Ýewropa ligasynyň we Konferensiýalar ligasynyň ilkinji ýarym final oýunlary geçirildi. Ýewropa ligasynda Angliýanyň “Mançester Ýunaýted” kluby myhmançylykda Ispaniýanyň “Atletik” toparyny utdy
Ronaldunyň topary “Al-Nasr” AFK-nyň Elita Çempionlar ligasynyň finalyna çykyp bilmedi
01.05.2025 13:29
11k+

Ronaldunyň topary “Al-Nasr” AFK-nyň Elita Çempionlar ligasynyň finalyna çykyp bilmedi

AFK-nyň Elita Çempionlar ligasynyň finalynda “Kawasaki Frontale” ýapon topary Saud-Arabystanyndan “Al-Ahli” bilen duşuşar. 30-njy aprelde geçen ýarym final oýnunda “Kawasaki” Kriştianu Ronaldunyň oýnaýan “Al-Nasr” toparyny utdy
«Barselona» we «Inter» Çempionlar ligasynyň ýarym finalynyň birinji oýnunda 3:3 oýnady
01.05.2025 12:09
10k+

«Barselona» we «Inter» Çempionlar ligasynyň ýarym finalynyň birinji oýnunda 3:3 oýnady

Çempionlar ligasynyň ýarym finalynyň ilkinji oýnunda «Barselona» öz meýdançasynda Milanyň «Interi» bilen 3:3 hasap bilen deňme-deň oýnady. Duşuşygyň geçirilmegi Ispaniýada ýurt möçberinde giň gerimli tok öçüşlik sebäpli sorag astynda boldy
“PSŽ” Çempionlar ligasynyň birinji 1/2 final oýnunda “Arsenaly” utdy
30.04.2025 09:45
8.1k+

“PSŽ” Çempionlar ligasynyň birinji 1/2 final oýnunda “Arsenaly” utdy

Londondaky “Emireýts” stadionynda 2024/2025 möwsüminiň UEFA-nyň Çempionlar ligasynyň “Arsenal” bilen “PSŽ-niň” arasyndaky birinji ýarym final oýny boldy. Duşuşyk fransuz klubunyň 1:0 hasabynda utmagy bilen tamamlandy
«Liwerpul» 20-nji gezek Premýer-liganyň çempiony bolup, "ManÝunaýtediň" rekordyny gaýtalady
28.04.2025 10:38
9.3k+

«Liwerpul» 20-nji gezek Premýer-liganyň çempiony bolup, "ManÝunaýtediň" rekordyny gaýtalady

«Liwerpul» futbol kluby taryhynda 20-nji gezek Angliýanyň Premýer-ligasynyň çempiony boldy. Klub ýekşenbe güni geçirilen oýunda «Tottenhemi» 5:1 hasabynda ýeňip, möhletinden öň çempionlygyny gazandy. Bu «Liwerpul» üçin 2020-nji ýyldan bäri Premýer-ligadaky ilkinji çempionlyk boldy
“Barselona” goşmaça wagtda “Realy” utup, 32-nji gezek Ispaniýanyň Kubogyny gazandy
27.04.2025 11:42
15k+

“Barselona” goşmaça wagtda “Realy” utup, 32-nji gezek Ispaniýanyň Kubogyny gazandy

“Barselona” Ispaniýanyň Kubogynyň finalynda Madridiň “Realyny” goşmaça wagtda 3:2 hasabynda utdy. Oýunda birinji bolup hasaby “Barselona” açdy – 28-nji minutda Pedri gol geçirdi. “Real” 70-nji minutda Kilian Mbappeniň jerime urgusynyň netijesinde hasaby deňledi, ýene 7 minutdan Orelýen Tçuameni madridlileri öňe çykardy
Dewid Bekhem futbol we beýleki temalar barada öz gepleşigini açýar
25.04.2025 22:25
5k+

Dewid Bekhem futbol we beýleki temalar barada öz gepleşigini açýar

Dewid Bekhem Beckham & Friends Live ady bilen öz şüweleň gepleşigini başladýar. Bu barada ol öz sosial ulgamlarynda habar berdi. Onuň ilkinji sany maý aýynda çykar. 49 ýaşly öňki futbolçy alypbaryjy hökmünde çykyş eder
UEFA indiki möwsümden Çempionlar ligasynda goşmaça wagty aýyrmagy maslahatlaşýar
25.04.2025 16:28
8.7k+

UEFA indiki möwsümden Çempionlar ligasynda goşmaça wagty aýyrmagy maslahatlaşýar

UEFA täze möwsümden Çempionlar ligasynyň düzgünlerini üýtgetmek mümkinçiligini öwrenýär. Bild-iň maglumatlaryna görä, gurama täze düzgünleri girizmek barada klublar bilen pikir alyşýar. Teklipleriň biri – pleý-off oýunlarynda goşmaça wagty aýyrmak
“Realyň” oýunçysy Winisiusa futboldan iki ýyl çetleşdirilmek howpy abanýar
25.04.2025 15:14
17k+

“Realyň” oýunçysy Winisiusa futboldan iki ýyl çetleşdirilmek howpy abanýar

“Realyň” we Braziliýanyň milli ýygyndysynyň oýunçysy Winisius Žuniora futboldan iki ýyl çetleşdirilmek  howpy abanýar. Tuttosport-yň we italýan žurnalisti Žanluka di Marsionyň berýän maglumatyna görä, FIFA futbolçynyň birnäçe futbol klublarynyň eýesi bolmak bilen guramanyň ahlak kadalaryny bozýan bolmagynyň mümkindigi bilen bagly iş geçirýär
“Barselona” baş tälimçi Hansi Flik bilen şertnamany uzaltdy
24.04.2025 17:49
6.5k+

“Barselona” baş tälimçi Hansi Flik bilen şertnamany uzaltdy

Ispaniýanyň “Barselona” futbol kluby baş tälimçi Hansi Flik bilen şertnamany ýene bir möwsüm uzaltmak barada ylalaşdy. Bu barada Marca neşiri habar berýär. Taraplar ýakynda geçirilen gepleşikleriň dowamynda hyzmatdaşlygy dowam etdirmegiň şertleri barada ylalaşdy
Madridiň “Realy” Laureus tarapyndan ýylyň topary diýlip ykrar edildi
23.04.2025 00:06
5.1k+

Madridiň “Realy” Laureus tarapyndan ýylyň topary diýlip ykrar edildi

Madridiň “Real” futbol kluby Laureus World Sports Awards 2025 dabarasynda “Ýylyň topary” diýlip ykrar edildi. Baýragyň gowşurylyş dabarasy 21-nji aprelde Ispaniýanyň paýtagtynda geçirildi. Bu kategoriýada baýrak
Lamin Ýamal “Ýylyň öňegidişligi” ugry boýunça Laureus baýragyny aldy
23.04.2025 00:00
4.8k+

Lamin Ýamal “Ýylyň öňegidişligi” ugry boýunça Laureus baýragyny aldy

“Barselonanyň” we Ispaniýanyň milli ýygyndysynyň 17 ýaşly wingeri Lamin Ýamal Madridde geçirilen Laureus World Sports Awards 2025 dabarasynda “Ýylyň öňegidişligi” baýragyny aldy. Bu barada baýragyň metbugat gullugy X sosial ulgamynda habar berýär
Jeep ýene “Ýuwentusyň” hemaýatkäri bolmagy meýilleşdirýär
20.04.2025 14:37
5.5k+

Jeep ýene “Ýuwentusyň” hemaýatkäri bolmagy meýilleşdirýär

Jeep brendiň logotipiniň Turiniň “Ýuwentus” futbol klubunyň eşik toplumynda ýene peýda bolmagy üçin ýylda, takmynan, 25 mln ýewro tölemäge taýýar. Bu barada Reuters agentligi habar berýär. Çeşmäniň maglumatlaryna görä, şertnama taraplaryň arasyndaky köpýyllyk hyzmatdaşlygy gaýtadan dikelder
Messi geljegi uly 10 futbolçyny atlandyryp, olara aýratyn butsylary sowgat etdi
19.04.2025 20:14
22k+

Messi geljegi uly 10 futbolçyny atlandyryp, olara aýratyn butsylary sowgat etdi

Argentinaly futbolçy Lionel Messi iň zehinli ýaş oýunçylary atlandyrdy. Ol sanawy adidas brendinden täze eksklýuziw butsylaryň çykmagy mynasybetli düzdi diýip, Give Me Sport neşiri ýazýar.   “Onuň köpleriň gözünde ähli zamananyň iň beýik futbolçysydygyny göz öňünde tutsak, Lionel Messiniň sport we oňa gatnaşýanlar baradaky pikiri uly ähmiýete eýe
Linkin Park Mýunhende Çempionlar ligasynyň finalyndan öň sahna çykar
19.04.2025 00:56
6.5k+

Linkin Park Mýunhende Çempionlar ligasynyň finalyndan öň sahna çykar

Linkin Park nýu-metal topary 31-nji maýda müňlerçe futbol janköýeriniň öňünde çykyş eder. Bu çykyş topar üçin aýratyn ähmiýetli waka bolup durýar. Sebäbi olar 2024-nji ýylda täze wokalist Emili Armstronk bilen sahna dolanyp geljekdiklerini we «From Zero» atly täze albomlaryny çykarjakdyklaryny yglan edipdiler diýip, «The New York Times» neşiri habar berýär
Konferensiýalar ligasynyň ýarym finalynda “Çelsi”, “Betis”, “Fiorentina” we “Ýurgorden” oýnar
18.04.2025 12:21
6.5k+

Konferensiýalar ligasynyň ýarym finalynda “Çelsi”, “Betis”, “Fiorentina” we “Ýurgorden” oýnar

Konferensiýalar ligasynyň ýarym finalyna gatnaşyjy toparlar kesgitlendi. Çärýek finalyň jogap oýunlary üýtgeşik hadysa bolmazdan geçdi. “Çelsi” – “Legiýa” 1:2 (umumy 4:2) London kluby ýewro-möwsüminde ilkinji gezek utuldy, ýöne ýaryşda galdy
Ärdogan futbol ýyldyzlarynyň gatnaşmagynda Stambulda UEFA-nyň täze wekilhanasy açar
18.04.2025 12:14
5.2k+

Ärdogan futbol ýyldyzlarynyň gatnaşmagynda Stambulda UEFA-nyň täze wekilhanasy açar

Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan 24-nji aprelde Stambulda Ýewropanyň Futbol Assosiasiýalarynyň Birleşiginiň (UEFA) wekilhanasyny açar. Bu barada türk lideriniň kanselýariýasyna salgylanyp, RIA Nowosti habar berýär
“Atletik”, “Tottenhem”, “MÝ” we “Budýo-Glimt” Ýewropa ligasynyň ýarym finalynda oýnar
18.04.2025 10:32
5.2k+

“Atletik”, “Tottenhem”, “MÝ” we “Budýo-Glimt” Ýewropa ligasynyň ýarym finalynda oýnar

18-nji aprele geçilen gije Ýewropa ligasynyň 1/4 finalynyň jogap oýunlary tamamlandy. Olaryň jemi boýunça ýaryşyň ýarym finalyna gatnaşyjylar kesgitlendi. Angliýanyň “Mançester Ýunaýtedi” goşmaça wagtda fransuz
Wan Deýk “Liwerpul” bilen şertnamasyny uzaltdy
18.04.2025 00:26
3.2k+

Wan Deýk “Liwerpul” bilen şertnamasyny uzaltdy

Angliýanyň “Liwerpul” futbol kluby niderlandly goragçy Wirjil wan Deýk bilen şertnamasynyň möhletini uzaltdy. Bu barada toparyň resmi saýty habar berýär. Klubuň 33 ýaşly kapitany bilen täze şertnama 2027-nji ýyla çenli hereket eder
«Arkadag» FK «Al-Arabini» jogap oýunda utup, AFK Çagyryş ligasynyň finalyna çykdy
17.04.2025 00:42
10k+

«Arkadag» FK «Al-Arabini» jogap oýunda utup, AFK Çagyryş ligasynyň finalyna çykdy

16-njy aprelde AFK-nyň Çagyryş ligasynyň ýarymfinalynyň jogap duşuşygynda “Arkadag” futbol kluby öz meýdanynda Kuweýtiň "Al-Arabi" klubuny 3:0 hasabynda ýeňip, ýaryşyň finalyna çykmagy başardy. Birinji duşuşyk kuweýtli klubuň peýdasyna 2:0 hasabynda tamamlanypdy
ÇL: «Borussiýa» we «Aston Willa» utdy, ýöne ýarym finala «Barselona» bilen «PSŽ» çykýar
16.04.2025 10:59
9.9k+

ÇL: «Borussiýa» we «Aston Willa» utdy, ýöne ýarym finala «Barselona» bilen «PSŽ» çykýar

15-nji aprelde “Borussiýa” “Barselonany” 3:1 hasabynda utdy, ýöne iki duşuşygyň jemi boýunça indiki tapgyra ispan topary geçdi. Barselonada geçen birinji oýunda kataloniýalylar 4:0 hasabynda utupdy. Jogap oýnunda
Luka Modriç Çempionşipden “Suonsi” klubunyň egindeş eýesi bolar - Fabrisio Romano
15.04.2025 18:08
5.9k+

Luka Modriç Çempionşipden “Suonsi” klubunyň egindeş eýesi bolar - Fabrisio Romano

Madridiň “Realynyň” we Horwatiýanyň milli ýygyndysynyň oýunçysy Luka Modriç Angliýanyň Çempionşipinde çykyş edýän “Suonsi” futbol klubunyň uly bolmadyk paýynyň eýesi bolar. Bu barada žurnalist Fabrisio Romano X sosial
XXI asyryň iň gowy hüjümçileri atlandyryldy
13.04.2025 17:07
14k+

XXI asyryň iň gowy hüjümçileri atlandyryldy

Abraýly «Goal» sport portaly XXI asyryň iň gowy futbol hüjümçileriniň reýtingini düzdi. Ilkinji 10-luga Ýewropa klublarynyň iň täsirli hüjümçi üçlükleri girýär. Portala görä, müňýyllygyň başyndaky iň gowy hüjümçi
«Liwerpul» Mohammed Salah bilen şertnamasyny uzaldandygyny mälim etdi
11.04.2025 16:07
6.6k+

«Liwerpul» Mohammed Salah bilen şertnamasyny uzaldandygyny mälim etdi

«Liwerpul» müsürli hüjümçi Mohammed Salah bilen şertnamasyny uzaldandygyny mälim etdi. 32 ýaşly futbolçy bilen ylalaşygyň möhleti 2027-nji ýyla çenli dowam eder. Salahyň şertnamasy şu ýylyň tomsunda tamamlanýardy
«Arkadag» futbol kluby AFK-nyň Çagyryş Ligasynda ýarym finalyň ilkinji oýnunda "Al-Arabiden" ýeňildi
11.04.2025 12:07
11k+

«Arkadag» futbol kluby AFK-nyň Çagyryş Ligasynda ýarym finalyň ilkinji oýnunda "Al-Arabiden" ýeňildi

Futbol boýunça Türkmenistanyň çempiony "Arkadag" futbol kluby AFK-nyň Çagyryş Ligasyndaky ýarym finalyň ilkinji duşuşygynda myhmançylykda Kuweýtiň "Al-Arabi" toparyndan 2:0 hasabynda ýeňildi. Duşuşyk El-Kuweýt
Ýewropa ligasynyň we Konferensiýalar ligasynyň çärýek finalynyň birinji duşuşyklarynyň netijeleri
11.04.2025 09:54
6.7k+

Ýewropa ligasynyň we Konferensiýalar ligasynyň çärýek finalynyň birinji duşuşyklarynyň netijeleri

Penşenbe güni agşam we anna gününe geçilýän gije UEFA-nyň Ýewropa ligasynda hem-de Konferensiýalar ligasynda – Ýewropanyň ikinji we üçünji derejeli klub ýaryşlarynda çärýek finalynyň ilkinji duşuşyklary geçirildi
ÇL-iň 1/4 finalynyň ilkinji oýunlarynda “Barselona” “Borussiýany”, “PSŽ” “Aston Willany” utdy
10.04.2025 11:54
9.4k+

ÇL-iň 1/4 finalynyň ilkinji oýunlarynda “Barselona” “Borussiýany”, “PSŽ” “Aston Willany” utdy

Penşenbe gününe geçilen gije bolan Çempionlar ligasynyň 1/4 finalynyň ilkinji oýunlarynda “Barselona” öýünde Dortmundyň “Borussiýasyny” uly hasap bilen utdy (4:0), “Pari Sen-Žermen” bolsa Birmingemiň “Aston Willasyndan”
ÇL-iň 1/4 finalynyň ilkinji oýunlarynda “Arsenal” – “Realy”, “Inter” – “Bawariýany” utdy
09.04.2025 09:33
9.6k+

ÇL-iň 1/4 finalynyň ilkinji oýunlarynda “Arsenal” – “Realy”, “Inter” – “Bawariýany” utdy

Çarşenbe gününe geçilen gije UEFA-nyň Çempionlar ligasynyň çärýek finalynyň ilkinji oýunlary boldy. Londonyň “Arsenaly” öz meýdançasynda Madridiň “Realyny” 3:0 hasabynda utdy. Muňa Deklan Raýsyň iki gezek takyk
«PSŽ» möhletinden öň Fransiýanyň çempiony boldy: taryhynda 12-nji, yzygider dördünji gezek
06.04.2025 16:05
6.1k+

«PSŽ» möhletinden öň Fransiýanyň çempiony boldy: taryhynda 12-nji, yzygider dördünji gezek

5-nji aprelde «PSŽ» Fransiýanyň çempionatynyň 28-nji tapgyr duşuşygynda «Anženi» 1:0 hasaby bilen ýeňip, möhletinden öň Fransiýanyň çempiony boldy. "PSŽ" üçin bu eýýäm yzygider dördünji çempionlykdyr. Duşuşyk Pariždäki
Nemes futbolçysy we dünýä çempiony Mats Hummels karýerasyny tamamlaýar
06.04.2025 12:53
5k+

Nemes futbolçysy we dünýä çempiony Mats Hummels karýerasyny tamamlaýar

36 ýaşly nemes futbolçysy Mats Hummels professional karýerasynyň tamamlanandygyny yglan etdi. Ol muny sosial ulgamlarda habar berdi. "Tamam boldy. Gör, nähili syýahat! Sag boluň" – diýip, oýunçy ýazdy. Hummels
Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.