Madridiň “Realy” Laureus tarapyndan ýylyň topary diýlip ykrar edildi

23.04.2025, 00:065,156

Madridiň “Real” futbol kluby Laureus World Sports Awards 2025 dabarasynda “Ýylyň topary” diýlip ykrar edildi. Baýragyň gowşurylyş dabarasy 21-nji aprelde Ispaniýanyň paýtagtynda geçirildi.

Bu kategoriýada baýrak üçin şu aşakdakylar hem dalaş etdi:

  • ·“Boston Seltiks” (basketbol, ABŞ);
  • ·“Barselona” (zenanlar futboly, Ispaniýa);
  • ·“Maklaren” (awtosport, Beýik Britaniýa);
  • ·Ispaniýanyň futbol boýunça milli erkekler ýygyndysy;
  • ·ABŞ-nyň basketbol boýunça milli erkekler ýygyndysy.

Düzgüne görä, Laureus nominasiýalarynyň gysga sanawy 70-den gowrak ýurtdan 1000-den gowrak sport KHBS-iniň ses bermeginde düzülýär. Ýeňijileri Bütindünýä sport akademiýasy Laureus saýlaýar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.