Saýlanan şäher
14 iýul 2026
Türkmen
Ulgama girmek
Awtoulaglar
Spestehnika
Awtoşaýlar
Beýleki Bildirişler
Biznes Hasaplar
Habarlar
Ulgama girmek
Baş sahypa
Awtoulaglar
Awtoşaýlar
Beýleki Bildirişler
Biznes Hasaplar
Habarlar
Garaňky tema
Dil
Meniň profilim
filmler we multfilmler
Baş sahypa
/
Habarlar
/
filmler we multfilmler
30.04.2025 15:22
2.7k+
Režissýor Aleksandr Peýn şu ýyl Wenesiýa kinofestiwalynyň emin agzalarynyň başlygy bolar
Amerikaly režissýor Aleksandr Peýn 82-nji Wenesiýa kinofestiwalynyň esasy bäsleşiginiň emin agzalarynyň başlygy bolar. Dünýäniň iň esasy üç kinofestiwalynyň biri 2025-nji ýylyň 27-nji awgustyndan 6-njy sentýabry aralygynda geçiriler diýip, Variety habar berýär
30.04.2025 13:53
3.7k+
Nikol Kidman Kann kinofestiwalynda «Women in Motion» baýragyny alar
13-24-nji maý aralygynda geçiriljek 78-nji Kann kinofestiwalynyň guramaçylary esasy bäsleşigiň emin agzalarynyň düzümini yglan etdiler. Emin agzalarynyň başynda meşhur fransuz aktrisasy Žýulýet Binoş durýar. Onuň
30.04.2025 13:39
1.6k+
76-njy Berlin kinofestiwalynyň geçiriljek senesi yglan edildi
76-njy Berlin kinofestiwaly 2026-njy ýylyň 12-nji fewralyndan 22-nji fewraly aralygynda geçiriler. Bu barada abraýly kinofestiwalyň ýolbaşçylary resmi taýdan yglan etdi. Bäsleşik we beýleki programmalara gatnaşyjylaryň sanawy geljek ýylyň başynda belli bolar
30.04.2025 13:06
1k+
Fransua Ozon Albert Kamýunyň “Saýry” romanyny ekranlaşdyrýar
“8 zenan” (“8 женщин”) we “Öýde” (“В доме”) filmleri bilen tanalýan fransuz režissýory Fransua Ozon Albert Kamýunyň “Saýry” romanyny ekranlaşdyrýar. Bu barada Screen Daily habar berdi. Film Gaumont studiýasy tarapyndan çykarylar
30.04.2025 12:19
4.6k+
“Kesgir gaşlar” filminden Killian Mýorfiniň eşigi auksionda satylar
Killian Mýorfiniň “Kesgir gaşlar” (Острые козырьки) serialynda Tommi Şelbiniň rolunda geýen üçli eşigi Omega Auctions haýyr-sahawat auksionyna çykaryldy. Ähli alnan serişdeler onkologiýa keseli bolan adamlaryň goldawyna gönükdiriler
29.04.2025 11:18
5.7k+
“Matrisa” we Village Roadshow-yň beýleki filmleri studiýanyň batmagy sebäpli satylar
Village Roadshow Entertainment Group-yň filmler ýygyndysy satuwa çykarylar. Çözgüt Golliwudyň meşhur studiýasynyň bankrot bolmagynyň çäklerinde kabul edildi diýip, The Hollywood Reporter habar berýär. Aktiwleriň bahasy 417,5 mln dollar bilen bahalandyrylýar
28.04.2025 17:18
3.7k+
Apple Tom Henksiň düşmeginde “Greýhaund” harby dramasynyň dowamyny çykarar
Apple kompaniýasy Tom Henksiň düşmeginde Ikinji jahan urşy döwrüniň esminçisi (harby deňiz gämisi) hakdaky filmiň dowamy bolan “Greýhaund 2-niň” önümçiligine başlady diýip, Deadline neşiri habar berýär. Oskar baýragyny alan aktýor ýene öz keşbine gaýdyp geler
28.04.2025 14:05
3.2k+
Winsan Kassel, Izabel Ýupper we Katrin Denew Asgar Farhadiniň täze filminde surata düşerler
Eýranly režissýor Asgar Farhadi "Parallel wakalar" atly täze filmini surata düşürer. Film Fransiýanyň öňdebaryjy aktýorlarynyň gatnaşmagynda Parižde düşüriler diýip, Variety habar berýär. Taslamada Wensan Kassel
27.04.2025 12:06
3.6k+
Antonio Banderas baş aşpez we teleýaýlym alyp baryjysy Entoni Burden hakdaky baýopikde oýnar
Antonio Banderas meşhur amerikan aşpezi, teleýaýlymyň alyp baryjysy we syýahatçy Entoni Burden hakdaky “Toni” terjimehal filminde oýnamak üçin keşp aldy. Bu barada Variety habar berýär. Filmdäki baş keşbi "Galdyrylanlar" teleserialyndaky keşbi bilen tanalýan Dominik Sessa ýerine ýetirer
27.04.2025 11:56
1.5k+
Kann film festiwalynyň maksatnamasyna “Alagaraňkylygyň” ýyldyzynyň ilkinji režissýorlyk işi goşuldy
2025-nji ýyldaky Kann film festiwalynyň guramaçylary maksatnama birnäçe täze filmi, şol sanda “Alagaraňkylyk” (“Сумерек”) wampir sagasynda ýerine ýetiren keşpleri bilen tanalýan aktrisa Kristen Stýuartyň ilkinji režissýorlyk çykyşyny goşdy
26.04.2025 16:57
7.2k+
“Günlerde bir gün... Golliwuddanyň” dowamy baradaky maglumatlar aýan edildi
Kwentin Tarantinonyň “Günlerde bir gün... Golliwudda” filminiň dowamynyň jikme-jiklikleri belli boldy. Täze taslama Kliff Buta bagyşlanar. Bu gahrymanyň keşbini birinji filmde Bred Pitt ýerine ýetiripdi. Film baradaky maglumaty Deadline neşiriniň žurnalisti aýan etdi
26.04.2025 13:35
4.7k+
«Uensdeý» serialynyň ikinji möwsüminiň treýleri çykdy
Netflix «Uensdeý» serialynyň ikinji möwsüminiň resmi tizer-treýlerini çykardy. Baş keşbi Jenna Ortega tarapyndan ýerine ýetirilýän serial şu tomus gaýdyp geler. Bölümleriň bir bölegi 6-njy awgustda, galany bolsa 3-nji sentýabrda görkezilip başlanar
25.04.2025 21:58
2k+
2026-njy ýylyň “Altyn globus” dabarasynyň geçiriljek senesi yglan edildi
CBS ýaýlymy 83-nji “Altyn globus” baýragynyň gowşurylyş dabarasynyň geçiriljek senesini yglan etdi. Ol 2026-njy ýylyň 12-nji ýanwaryna geçilýän gije bolar diýip, Deadline habar berýär. Baýrak üçin dalaşgärleriň sanawy 8-nji dekabrda yglan ediler
25.04.2025 15:08
2.3k+
“Minecraft kinoda” filminiň üstünligi Paramount-y täze oýun filmlerini döretmäge ruhlandyrdy
Paramount Pictures “Sonik kinoda” älemini ösdürmegi meýilleşdirýär. Kinokompaniýa franşizanyň beýleki personažlary, şol sanda Şadou barada aýratyn filmleri çykarar. Şeýle çözgüt wideooýunlar boýunça düşürilen filmleriň girdeji üstünlikleri bilen baglanyşyklydyr
25.04.2025 11:49
2.6k+
“Oskar” emeli aňyň kinoda ulanylmagyna rugsat berdi. Ýöne adamyň goşandyna aýratyn üns berler
Amerikan kinematografiýa sungaty we ylymlar akademiýasy ilkinji gezek emeli aňy “Oskar” baýragyna filmleri saýlamagyň düzgünlerinde agzap geçdi. Täze düzgünlere laýyklykda, emeli aňyň ulanylmagy nominasiýa üçin böwet bolmaz, ýöne eminler adamyň filmi döretmäge goşan goşandynyň näderejede ähmiýetlidigine baha berer diýip, The Verge habar berýär
25.04.2025 10:45
1.4k+
Netflix Jorj Oruelliň “Malsaraýy” esasynda multfilm çykarar
Jorj Oruelliň Endi Serkisiň režissýorlyk etmeginde ekranlaşdyrylýan “Malsaraý” animasiýasy 2025-nji ýylyň ahyryna çenli Netflix-de çykar. IndieWire neşiriniň berýän habaryna görä, Set Rogen, Kiran Kalkin, Wudi
23.04.2025 14:53
5.8k+
2026-njy ýylyň “Oskar” baýragynyň gowşurylyş senesi belli boldy
Amerikan kinematografiýa sungaty we ylymlar akademiýasy indiki “Oskar” baýragynyň gowşurylyş senesini yglan etdi. Ol 2026-njy ýylyň 15-nji martynda geçiriler. “Öz senenamaňyza belläň! 98-nji “Oskar” baýragynyň gowşurylyş dabarasy 2026-njy ýylyň 15-nji martynda, ýekşenbe güni geçer
23.04.2025 14:48
2.7k+
“Günäliler” horrorynyň režissýory “Gizlin materiallar” teleserialynyň gorkuly wersiýasyny düşürer
Geçen hepde “Günäliler” (Грешники) horroryny çykaran režissýor Raýan Kugler indiki taslamasy barada gürrüň berdi. Ol nusgawy “Gizlin materiallar” (Секретные материалы) serialyny gaýtadan düşürmegi meýilleşdirýär diýip, Deadline habar berýär
22.04.2025 15:14
6.2k+
“Günäliler” horrory prokatda öňdebaryjy bolup, “Minecraft kinoda” filminden öňe geçdi
Raýan Kugleriň “Günäliler” (Грешники) wampir horrory demirgazyk amerikan prokatynda 45,6 mln dollar ýygnap, öňdebaryjy boldy. Maýkl B.Jordanyň gatnaşmagyndaky film garaşylmadyk ýagdaýda pasha dynç günleri kassa ýygymy boýunça birinji orny eýeläp, “Minecraft kinoda” filminden öňe geçdi
21.04.2025 20:56
1.5k+
“Ýyldyz söweşleri” boýunça “Dokuzynjy jedaý” ady bilen täze serial düşüriler
Tokioda geçirilen “Ýyldyz söweşleri: Baýram etmek” festiwalynda Lucasfilm kinokompaniýasy “Ýyldyz söweşleri” boýunça “Dokuzynjy jedaý” (Девятый джедай) ady bilen täze serialyň düşüriljekdigini habar berdi. Taslama režissýor Kendzi Kýama tarapyndan düşürilen “Ýyldyz söweşleri: Görüş” (Звездные войны: Видения) animasion şüweleňiniň spin-off-y bolar
20.04.2025 21:56
1.9k+
Kianu Riwz Weezer rok topary hakdaky komediýa baýopiginde zalymyň keşbini ýerine ýetirer
Kianu Riwz Weezer rok topary baradaky komediýa mokýumentarisinde zalymyň keşbini janlandyrar. Bu barada žurnalist Jeff Snaýder Consequence of Sound neşirine habar berdi. "Mokýumentari" adalgasy dokumental filmleri aňlatmak üçin ulanylýar
19.04.2025 20:10
5.4k+
Jennifer Lopez Netflix-de Robert Zemekisiň trillerinde hilegäriň keşbini oýnar
Jennifer Lopez režissýor Robert Zemekisiň “Iň soňky hanym Perriş” (Последняя миссис Пэрриш) trillerinde baş keşbi ýerine ýetirer. Film Netflix akym hyzmatynda çykar diýip, Deadline habar berýär. Film Liw Konstantiniň 2017-nji ýylda çap edilen adybir romanyna esaslanýar
19.04.2025 08:54
4.5k+
Raýan Gosling “Ýyldyz söweşleri” boýunça täze filme gatnaşar
Lucasfilm kinostudiýasy “Ýyldyz söweşleri” (Звездные войны) franşizasy boýunça “Ýyldyz ýok edijisi” (Звездный истребитель) ady bilen täze filmi anons etdi. Filmde baş keşbi Raýan Gosling ýerine ýetirer. Önümçilik şu güýzde başlar, reliz bolsa 2027-nji ýylyň 28-nji maýyna meýilleşdirilýär diýip, Variety ýazýar
18.04.2025 16:50
7.1k+
Marvel “Gök gürrüldedijiler” filminiň ahyrky treýlerini hödürledi
Marvel Studios “Gök gürrüldedijiler” (Громовержцы / Thunderbolts) filminiň ahyrky treýlerini çykardy. Blokbasteriň premýerasy 2025-nji ýylyň 2-nji maýynda bolar. Sýužetiň merkezinde Gyş esgerinden (Sebastian Sten)
18.04.2025 16:35
5k+
Sony Denni Boýluň “28 ýyl soň” filminiň täze treýlerini hödürledi
Sony Pictures meşhur “28 gün soň” we “28 hepde soň” filmleriniň dowamy bolan “28 ýyl soň” (28 лет спустя) filminiň treýlerini çykardy. Filmiň premýerasy 20-nji iýuna meýilleşdirilýär. Sýužet boýunça gahar wirusy ýaýranyndan bäri tas 30 ýyl geçdi
18.04.2025 16:32
2.7k+
DreamWorks filippin rowaýatlaryndan ylham alan “Unudylan ada” multfilmini çykarar
DreamWorks “Unudylan ada” (Forgotten Island) multfilmini anons etdi. Premýera 2026-njy ýylyň 25-nji sentýabryna meýilleşdirilýär diýip, Deadline habar berýär. Taslamanyň režissýorlary we ssenariçileri bolup Joel Krouford we Hanuel Merkado çykyş eder
18.04.2025 16:23
2.7k+
“Gözsüz batyr: Täzeden doglan” serialynyň ikinji möwsümi 2026-njy ýylyň martynda çykar
“Gözsüz batyr: Täzeden doglan” (Сорвиголова: Рождённый заново) serialynyň ikinji möwsüminiň premýerasy 2026-njy ýylyň martynda bolar. Dokuz bölümden ybarat bolan birinji möwsüm 16-njy aprelde tamamlandy we tomaşa etmek üçin elýeterli
17.04.2025 15:06
2.5k+
«The Last of Us» serialynyň ikinji möwsümi 5,3 million tomaşaçy bilen başlady
«The Last of Us» (Biziň iň soňkymyz) serialynyň ikinji möwsüminiň ilkinji bölümini HBO we Max platformalarynda 5,3 milliondan gowrak adam gördi. Bu görkeziji birinji möwsümiň ilkinji bölüminden 13% köp tomaşaçy çekdi diýip, «Nielsen» we «Warner Bros
17.04.2025 14:54
2.3k+
“Doga”, “Reinkarnasiýa” we “Mikki 17”: Aşgabadyň kinoteatrlarynda nähili filmler görkeziler
“Türkmenistan” kinokonsert merkezi Anna, 18-nji aprel ·19:00 – “Feýa” (Фея / 2018, horror/detektiw) Şenbe, 19-njy aprel ·15:00 – “Men gyzarýaryn” (Я краснею / 2025, multfilm) ·17:00 – “Haýwanat bagynda gije” (Ночь в зоопарке / 2024, multfilm) ·19:00 – “Iň soňky melgun awçysy” (Последний охотник на демонов / 2025, fentezi) Ýekşenbe, 20-nji aprel ·15:00 – “Trollar
15.04.2025 22:42
4.3k+
“Minecraft kinoda” 10 günde $550 mln gazandy: tomaşaçylar öwýär, tankytçylar döwýär
“Minecraft kinoda” filmi 10 günde dünýä prokatynda 550 mln dollardan gowrak gazanyp, 2025-nji ýylyň iň girdejili Golliwud relizi boldy. Tankytçylaryň garyşyk seslenmelerine garamazdan, tomaşaçylar filme şeýle bir
15.04.2025 22:35
5.1k+
Beýik Britaniýada Aladdin baradaky wakanyň esasynda horror düşüriler
Beýik Britaniýada maý aýynda “Aladdin: Maýmyn penjesi” (Aladdin: The Monkey’s Paw) indi-horrory düşürilip başlanar. Bu barada Deadline neşiri habar berýär. Sýužet Londonyň Aladdin atly häzirkizaman ýaşaýjysy barada
15.04.2025 22:31
3.7k+
“Oskar” baýragynyň eýesi Keýt Blanşett kinodan gitmegi meýilleşdirýär
Iki gezek “Oskar” baýragynyň eýesi Keýt Blanşett durmuşynyň başga bir taraplaryna ünsi jemlemek üçin aktýorlyk karýerasyny tamamlamagy meýilleşdirýändigini aýtdy. Radio Times bilen söhbetdeşlikde 55 ýaşly awstraliýaly
15.04.2025 18:04
3.9k+
Garri Potter serialyndaky Dambldoryň, Sneýpiň we Hagridiň keşpleri üçin aktýorlar tassyklanyldy
HBO telekompaniýasy Garri Potter baradaky täze serialda esasy uly ýaşly gahrymanlaryň keşplerini ýerine ýetirjek aktýorlary resmi taýdan tassyklady. «Deadline» neşiriniň habaryna görä, serialda dört hemişelik gahryman
14.04.2025 23:48
1.2k+
Disney «Ýyldyz söweşleri» boýunça horror žanryndaky taslamanyň üstünde işleýär
Disney «Ýyldyz söweşleri» älemi boýunça horror taýýarlaýar. Bu barada «Andor» serialynyň döredijisi, režissýor Toni Gilroý «Business Insider» neşiri bilen söhbetdeşlikde mälim etdi. Franşizanyň çäginde horror bilen
14.04.2025 14:40
2.4k+
“Bitljus-3”, “Maýnkraft-2” we “Matrisa-5”: Warner Bros. täze taslamalaryny bildiriş etdi
Warner Bros. kinostudiýasy Bitljus hakyndaky üçünji filmiň üstünde işleýär. Bu barada kinokompaniýanyň baş direktorlary Maýk De Luka we Pem Ebdä salgylanýan Deadline habar berýär. De Luka trikweliň "gürrüňsiz"
14.04.2025 13:02
1.8k+
Apple TV+ islemese-de adamlary halas edýän android baradaky serialyň treýlerini çykardy
Apple TV+ platformasynda adamlary halamaýan, ýöne olary halas etmegini dowam etdirýän android barada ylmy-fantastiki serial “Killerbot” (Murderbot) çykar. Akym hyzmaty onuň treýlerini hödürledi. Serial Marta Uellsiň
14.04.2025 11:22
2.3k+
“Oturan gaplaň, gizlenen aždarha” kyssasynyň esasynda serial düşüriler
Prime Video akym platformasy “Oturan peleň, gizlenen aždarha” («Крадущийся тигр, затаившийся дракон») serialynyň çykjakdygyny bildiriş etdi. Ol hytaý ýazyjysy Du Lu Wangyň birnäçe romany esasynda dörediler diýip
14.04.2025 10:48
3.1k+
2028-nji ýyldan başlap iň oňat trýuklar üçin “Oskar” baýragy berlip başlanar
Amerikan kinoakademiýasy 2028-nji ýyldan başlap filmdäki iň oňat trýuklaryň dizaýny üçin “Oskar” baýragyny gowşuryp başlar. Täze kategoriýa kaskadýorlaryň kino pudagyna goşýan goşandyny ykrar eder. Nominasiýa baýragyň
14.04.2025 10:42
2.6k+
Jeýms Kemeron kino düşürmekde çykdajylary azaltmak üçin EA ulanmaga taýýar
Jeýms Kemeron filmleriň önümçiligindäki çykdajylary azaltmak üçin emeli aňdan peýdalanmagy göz öňünde tutýar. 2024-nji ýylyň sentýabrynda ol teksti surata öwürýän Stable Diffusion modelini işläp düzen Stability
13.04.2025 17:04
2.8k+
«Ýetginjeklik döwri» Netflix-de iň köp görlen iňlis dilli taslamalaryň arasynda 4-nji orny eýeledi
«Ýetginjeklik döwri» (Переходный возраст) mini-serialy Netflix-iň iň meşhur iňlis dilli seriallarynyň arasynda dördünji orna çykdy. 9-njy aprel ýagdaýyna görä, oňa 114,5 million gezek tomaşa edildi diýip, «Deadline» habar
«
1
…
21
22
23
…
40
»
«
1
…
18
19
20
21
22
23
24
25
26
…
40
»
Copyright © 2026
TMCARS News
. All rights reserved.