“Gözsüz batyr: Täzeden doglan” serialynyň ikinji möwsümi 2026-njy ýylyň martynda çykar

18.04.2025, 16:232,767

“Gözsüz batyr: Täzeden doglan” (Сорвиголова: Рождённый заново) serialynyň ikinji möwsüminiň premýerasy 2026-njy ýylyň martynda bolar.

Dokuz bölümden ybarat bolan birinji möwsüm 16-njy aprelde tamamlandy we tomaşa etmek üçin elýeterli.
Serial Netflix-iň meşhur “Gözsüz batyr” serialynyň gaýtadan düşürilmegi we şol bir wagtyň özünde-de onuň dowamydyr. Taslamada öz keşplerine Çarli Koks (Mett Mýordok), Debora Enn Uoll (Karen Peýj) we Elden Henson (Foggi Nelson) gaýdyp geldi. Antagonist Kingpiniň keşbini ýene-de Winsent D’Onofrio ýerine ýetirdi.
Şeýle-de, serialyň awtorlary mümkin boldugyndan her ýyl täze möwsümi çykarmak meýilnamalary barada aýtdy.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.