Saýlanan şäher
26 iýul 2026
Türkmen
Ulgama girmek
Awtoulaglar
Spestehnika
Awtoşaýlar
Beýleki Bildirişler
Biznes Hasaplar
Habarlar
Ulgama girmek
Baş sahypa
Awtoulaglar
Awtoşaýlar
Beýleki Bildirişler
Biznes Hasaplar
Habarlar
Garaňky tema
Dil
Meniň profilim
tebigat
Baş sahypa
/
Habarlar
/
tebigat
02.04.2026 10:40
9.1k+
Daşkentde emeli ýagyş ýagdyrylar
Howanyň hilini gowulandyrmak maksady bilen Daşkentde we Daşkent welaýatynda emeli ygal ýagdyrmak tehnologiýasy ulanylar. Bu çözgüt Özbegistanyň Prezidentiniň howanyň hilini gowulandyrmak baradaky Permanyna...
01.04.2026 14:31
10k+
Iň uly süýji suw gorlaryna eýe bolan ýurtlaryň reýtingi
Bütindünýä bankynyň maglumatlaryna görä, Braziliýa takmynan 5.661 milliard kub metr bilen dünýäde süýji suw gorlary boýunça birinji orny eýeleýär.
31.03.2026 14:51
3.7k+
Braziliýada 1,5 müňden gowrak seýrek görnüşli pyşbaga Riu-Negru derýasyna goýberildi
Braziliýanyň Riu-Negru derýasyna tebigaty gorap saklamak maksatnamasynyň çäginde 1500-den gowrak amazonka pyşbagasynyň (Podocnemis expansa) çagalary goýberildi.
30.03.2026 23:13
14k+
Günbatar Awstraliýany eýmenç gyzyl duman gaplady. Munuň sebäbi näme?
Awstraliýanyň Karnarwon şäheriniň golaýynda tozanly tupan sebäpli asman gyzyl reňke boýaldy. Bu barada "Fox Weather" neşiri habar berýär.
28.03.2026 15:20
17k+
Şu gün Ýer bir sagatlyk tümlüge bürener
Şu gün, 2026-njy ýylyň 28-nji martynda bütin dünýäde millionlarça adamlar, müňlerçe şäherler we ýüzlerçe meşhur binalar taryhda iň köpçülikleýin ekologiýa aksiýasyna goşular. Olar planetamyzyň geljegi baradaky...
24.03.2026 14:46
2.3k+
«Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasynyň resmi web-saýty işe girizildi
«Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasynyň resmi web-saýty tebigatchy.co.tm salgysy boýunça işläp başlady. Bu platformanyň işe girizilmegi guramanyň ekologiýa başlangyçlary baradaky maglumatlaryň elýeterliligini ýokarlandyrmaga gönükdirilendir
24.03.2026 07:08
4.3k+
BMG: 2025-nji ýyl soňky 176 ýylyň içinde iň yssy ýyllaryň biri boldy
Bütindünýä Meteorologiýa Guramasynyň hasabatyna görä, 2025-nji ýyl taryhda iň yssy ýyllaryň biri bolup, bu görkeziji boýunça ikinji ýa-da üçünji orunda durýar. Ýer ýüzüniň ortaça temperaturasy senagatdan öňki 1850–1900-nji ýyllar aralygyndaky derejeden takmynan 1,43 dereje ýokary boldy
23.03.2026 22:21
5.6k+
Mr. Pringles we süýri totuguş: Nikon Comedy Wildlife Awards-yň gülkünç suratlary
Nikon Comedy Wildlife Awards fotosurat bäsleşigi 2026-njy ýyl üçin suratlaryň kabul edişliginiň başlandygyny yglan etdi. Bu mynasybetli guramaçylar 2025-nji ýyldaky bäsleşige gelip gowşan, öň çap edilmedik gyzykly suratlary görkezdiler
23.03.2026 09:29
5.7k+
Panamada iň ownuk ýaprakly agaç tapyldy: görnüş derrew ýitmek howpy astynda diýlip yglan edildi
Smitson institutynyň botanikleri Panamada Clusia nanophylla atly täze agaç görnüşini resmi taýdan beýan etdiler. Bu ösümligiň taryhy 2000-nji ýylda Serro-Kolorado daglyk sebitinden başlandy, ýöne bilermenleriň onuň özboluşlylygyny tassyklamagy üçin 25 ýyl gerek boldy
22.03.2026 03:14
6.4k+
Kirpileriň tas üçden biri ýolda ulag astyna düşýär: Ýewropalylar bu meseläni çözdüler
Geçirilen barlaglaryň netijelerine görä, Ýewropadaky ýerli kirpileriň üçden bir bölegine çenlisi her ýyl awtoulaglaryň astyna düşüp ölýär. Barlagçylar ýollarda bu haýwanlaryň ölmegini azaltmak üçin awtoulaglary üýtgetmegi teklip etdiler diýip, Popular Science ýazýar
21.03.2026 11:26
5.7k+
Gije bilen gündiziň deňleşen pursady: 20-nji martda Ýer ýaz paslyna «geçdi»
20-nji martda Türkmenistanyň wagty bilen takmynan sagat 19:46-da Ýer şary üçin kän bir bildirmeýän, ýöne planeta üçin düýpli ähmiýeti bolan pursat — ýazky gije-gündiz deňleşmesi boldy. Bu wagtda Gün asman ekwatoryny kesip geçýär we gije bilen gündiz deňleşýär: takmynan, 12 sagat gündiz we şonça sagat hem gije
21.03.2026 02:08
3k+
Guşlar, tilkiler we duman: Nandagang surat bäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi
Hytaýdaky Nandagang suw-batgalyk ýerleri dünýäniň iň gowy suratçylarynyň ünsüni özüne çekýän ýere öwrüldi. Olar bu tebigat goraghanasyna bagyşlanan uly halkara bäsleşigine gatnaşdylar. Gündogar Aziýa-Awstraliýa migrasiýa ýolunda ýerleşýän bu özboluşly ýer göçegçi guşlar üçin möhüm dynç alyş nokady bolup hyzmat edýär we ýabany tebigatyň el degrilmedik keşbini saklap gelýär
20.03.2026 12:19
13k+
Pakistany güýçli harasat gaplady
«Pakistanyň Karaçi şäherini örän güýçli harasat gaplap aldy» diýip, Euronews habar berýär. Güýçli ýagyş we şemal bilen gelen zabun howanyň netijesinde azyndan 19 adam pida boldy, köp sanly ýaşaýjy bolsa dürli şikese uçrady
18.03.2026 16:49
7.3k+
Kanadanyň tebigatynyň ajaýyp gözelligini görkezýän surat bäsleşigi geçirildi
Canadian Geographic žurnaly tarapyndan guralan Canadian Photos of the Year 2025 bäsleşiginiň emin agzalary her ýyl geçirilýän surat bäsleşiginiň ýeňijilerini yglan etdiler. Bäsleşige Kanadanyň tebigat görnüşlerini, janly-jandaryny we seýrek duş gelýän tebigy hadysalaryny görkezýän suratlary kabul edilýär
18.03.2026 14:39
3.3k+
Tebigatda geçirilen birnäçe minut hem beýniniň ýagdaýyny üýtgedýär
Tebigatda gysga wagtlyk gezelenç etmek hem beýniniň işini düýpli üýtgedip bilýär. Halkara alymlar topary ýüzden gowrak ylmy barlagy seljerip, şeýle netijä geldiler. Barlagyň netijeleri Neuroscience & Biobehavioral Reviews žurnalynda çap edildi
18.03.2026 11:08
7.8k+
Tehasyň kenaryna jansyz wagty hem çakyp bilýän «gök aždarhalar» çykdy
ABŞ-nyň Tehas ştatynyň kenarýakasynda «gök aždarhalar» diýlip atlandyrylýan seýrak görnüşli zäherli molýuskalar tapyldy. Bu barada People neşiri habar berýär. Harta ylmy-barlag instituty (HRI) plýažlara gelýänlere bu açyk gök reňkli, mylkyk deňiz jandaryna el degirmegiň güýçli ýanyga uçradyp biljekdigi üçin, olara golaýlaşmazlygy duýdurdy
16.03.2026 19:31
5.3k+
Gawaidäki Kilauea wulkany 540 metr beýiklige lawa zyňdy
Gawai adasyndaky Kilauea wulkany soňky atylmasy wagtynda 540 metr beýiklige lawa zyňdy. «IFLscience» neşiriniň ýazmagyna görä, bu beýiklik 2024-nji ýylyň dekabryndan bäri dowam edýän häzirki atylmalar döwründe iň ýokary dereje boldy
16.03.2026 14:30
3.4k+
Beýik Britaniýada BWPA-2026 fotosurat bäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi
British Wildlife Photography Awards baýragynyň guramaçylary Beýik Britaniýanyň tebigatyna bagyşlanan, her ýyl geçirilýän BWPA-2026 bäsleşiginiň ýeňijilerini we baýrakly orunlara mynasyp bolanlary yglan etdiler
15.03.2026 16:30
8.6k+
Reýunýon adasyndaky wulkan oýanyp, ýolundaky ähli zady ýoklamaga başlady
Hindi ummanyndaky fransuz adasy Reýunýonda dünýäniň iň güýçli wulkanlarynyň biri — Piton-de-la-Furnez oýandy. Bu tebigy hadysa barada Shot Telegram-kanaly habar berýär. Paýlaşylan wideoşekillerde lawanyň äpet çogdumyny we kilometrlere uzaýan gyzgyn akymlaryny görmek bolýar
14.03.2026 17:04
10k+
Käsiniň çyndygyna ynanmasy kyn: höwesjeňleriň ýabany tebigatda düşüren naýbaşy suratlary
reFocus baýragynyň guramaçylary “Ýabany tebigatyň höwesjeň suratlary” kategoriýasynda 2025-nji ýylyň ýeňijilerini yglan etdiler. Gysga sanawa dünýäniň dürli künjeklerinde — Antarktidadan we Afrikadan Aziýa, Arktika we Amerika çenli düşürilen suratlar girýär
14.03.2026 16:16
2.4k+
Astronomlar ilkinji gezek magnetaryň döreýşini surata düşürdiler
Astronomlar ilkinji gezek magnetaryň — örän güýçli magnit meýdany bolan neýtron ýyldyzynyň döreýşine tomaşa etdiler. Bu açyş magnetarlaryň aşa ýagty täze ýyldyzlary energiýa bilen üpjün edýändigi baradaky 16 ýyllyk teoriýany tassyklady
14.03.2026 15:03
9.2k+
Efiopiýada Lýusi bilen döwürdeş 600 kg agramly äpet krokodil tapyldy
Paleontologlar mundan 3 million ýyl ozal Gündogar Afrikada ýaşan we gadymy adamlary awlan bolmagy juda ähtimal äpet krokodiliň täze görnüşini anykladylar. Bu görnüşe «Lýusiniň awçysy» diýen manyny berýän Crocodylus lucivenator diýlip at berildi
13.03.2026 23:39
11k+
Serdar Berdimuhamedow awçylyk pudagynda ätiýaçlandyryş ulgamyny kämilleşdirmegi tabşyrdy
Türkmenistanyň Hökümetinde awçylyk we awçylyk serişdelerini goramak ulgamynda gözegçiligi amala aşyrýan döwlet inspektorlary üçin hökmany döwlet şahsy ätiýaçlandyryşyny ornaşdyrmak boýunça işler alnyp barylýar
13.03.2026 19:52
2.9k+
Alymlar Gün partlamalaryny onuň sesinden çaklamagy öwrendiler
Birmingem we Ýel uniwersitetleriniň alymlary Güne 40 ýyldan gowrak wagtyň dowamynda edilen gözegçilikleriň netijesinde toplanan maglumatlary seljerdiler. Olar onuň akustiki titremeleriniň ýyldyzyň içinde bolup geçýän prosesleri öňünden çaklamakda ulanylyp bilinjekdigi baradaky netijä geldiler
13.03.2026 16:54
5.2k+
Alymlar Ýer şarynyň çaklamalardan-da çalt gyzýandygyny aýdýarlar
«Geljekdäki Ýer», «Ýer-suw Ligasy» we «Howany öwrenmegiň Bütindünýä Maksatnamasy» halkara ylmy guramalary Ýer şarynyň klimat ulgamynyň ýagdaýy barada ýyllyk beýanyny çap etdiler. Resminama hemra gözegçilikleriniň maglumatlaryna we köpýyllyk ölçeglere esaslanýar
12.03.2026 19:17
4.7k+
Kamçatkadaky Şiweluç wulkanyndan 8 kilometr belentlige kül sütüni pürküldi
Şu gün günortanlar Kamçatkada ýerleşýän Şiweluç wulkanyndan deňiz derejesinden 8 kilometr belentlige çenli uzaboýuna kül sütüni pürküldi. Bu barada Russiýanyň Ylymlar akademiýasynyň Uzak Gündogar bölüminiň Wulkanologiýa we seýsmologiýa institutynyň KVERT topary habar berdi
11.03.2026 19:29
3.8k+
Alymlar suw aýylarynyň uzak ýaşamaga jogapkär genini gurçuklara göçürdiler
Fransiýanyň CNRS we INSERM ylmy-barlag edaralarynyň, şeýle-de Monpelýe uniwersitetiniň alymlary ylymda täze sahypa açan üýtgeşik tejribe geçirdiler. Tejribede dünýäniň iň çydamly jandary hasaplanylýan suw aýylarynyň (tihohodkalaryň) geni Caenorhabditis elegans diýlip atlandyrylýan gurçuklaryň genomyna göçürildi we netijede olaryň ömür dowamlylygyny artdyrmak başartdy
11.03.2026 10:27
5.9k+
Niderlandly arhitektorlar Ýerewanda Ararat dagynyň panorama görnüşini açýan ylmy merkezi gurýarlar
Niderlandlaryň MVRDV binagärlik firmasy Ermenistanyň paýtagty Ýerewanda Inženerçilik we amaly ylymlaryň konwergensiýa merkezi EU Tumo-nyň adaty bolmadyk binasynyň gurluşygyna başlady. Geljekki bina Razdan derýasyna we Ararat dagyna bakýan daglyk ýerde ýerleşer
08.03.2026 10:01
6.2k+
Garga özüne azar beren adamy ýatda saklap, ol hakda beýleki guşlara-da habar berip bilýär
Gargalar adamlary tanamaga, olaryň özüni alyp barşyny ýatda saklamaga we bu maglumaty beýleki guşlara ýetirmäge ukyplydyrlar. Bu barada Şmalgauzen adyndaky Zoologiýa institutynyň ylmy işgäri Natalýa Atamas RBK-Ukraina neşirine beren interwýusynda gürrüň berdi
07.03.2026 20:33
7.1k+
Antalýanyň kenarlarynda agramy 10 kg ýetýän howply meduzalar peýda boldy
Türkiýäniň Antalýa şäheriniň kenarýakalarynda ynsan saglygy üçin howply bolan Rhopilema nomadica görnüşli meduzalar peýda boldy. Bu barada Akdeňiz uniwersitetiniň ylmy işgäri Mehmet Gökoglu habar berdi. Ol bu meduzalaryň käbiriniň agramynyň 10 kilograma çenli ýetip bilýändigini belleýär
07.03.2026 16:39
23k+
Şotlandiýada 55 sany läheň özüni kenara taşlady: munuň sebäbi näme?
Şotlandiýada 55 sany läheň (kit) özüni kenara urdy. Independent neşiriniň habar bermegine görä, 6-njy mart güni irden bir kişi Treýg-Mor kenaryndaky äpet jandarlary görüp, bu barada polisiýa habar ýetiripdir. Wakanyň bolan ýerine Britaniýanyň deňiz haýwanlaryny halas ediş gullugynyň hünärmenleri geldiler
07.03.2026 00:06
7.6k+
Gazagystanda gaplaňlary gaýdyp getirmek üçin 37 müň düýp agaç ekildi
Gazagystan sebitde 70 ýyldan gowrak wagt ozal ýitip giden gaplaňlary yzyna gaýtaryp getirmäge taýýarlanýar. Häzirki wagtda olaryň ýaşaýyş gurşawyny dikeltmek üçin Günorta Balhaş sebitinde 37 müňe golaý agaç nahallaryny oturtmak we sapmak işleri geçirildi
06.03.2026 16:26
6.8k+
Üstýurt düzlüginde möýüň täze görnüşi tapyldy: Karakumosa ustyurtica
Özbegistanyň Garagalpagystan böleginde, Üstýurt düzlüginiň gündogarynda ylym üçin nätanyş bolan täze möý görnüşi ýüze çykaryldy. Möjek-möýler maşgalasyna degişli bolan bu täze görnüş baradaky maglumatlar Arachnology halkara ylmy žurnalynda neşir edildi
04.03.2026 16:19
4.8k+
Çybynlaryň «adam kastyna çykanyna» 1,8 million ýyl bolupdyr
Biologlar mör-möjekleriň DNK-syny seljerip, çybynlaryň adamy çakmak arkaly iýmitlenip başlamagynyň takmynan 1,8 million ýyl mundan ozal Günorta-Gündogar Aziýada ýüze çykandygy baradaky netijä geldiler. Çybynlar adam üçin iň wehimli mör-möjekler hasaplanylýar
02.03.2026 14:33
5.1k+
Ýer ýüzündäki arylaryň görnüş sany çak edilişinden köp bolup çykdy
Dünýäde ýabany arylaryň köpdürlüligi 26 müňden-de gowrak görnüşi öz içine alýar. Nature Communications žurnalynyň habar bermegine görä, bu san ozalky çaklamalardan 18-25% köpdür. Awstraliýaly biologlar topary global we sebitleýin derejelerde statistik barlag geçirdiler
27.02.2026 15:56
4k+
Alymlary imperator pingwinleriň ykbaly alada goýýar
Alymlary Antarktikadaky imperator pingwinleriň sany uly alada goýýar. Le Monde gazetiniň habar bermegine görä, guşlar üçin esasy howpy olaryň ýaşamagynyň we köpelmeginiň şerti bolan deňiz buzluklarynyň meýdanynyň azalmagy döredýär
27.02.2026 09:42
7.2k+
Ýaponiýada işçisi we erkegi bolmadyk garynja görnüşi tapyldy
Alymlar koloniýalary diňe ene garynjalardan ybarat bolup, ne işçi garynjalary, ne-de erkek garynjalary öz içine alýan ylma mälim bolan ilkinji garynja görnüşini tapdy. Gürrüň Ýaponiýada ýaşaýan seýrek duş gelýän mugthor Temnothorax kinomurai görnüşi barada barýar diýip, The Independent neşiri habar berýär
25.02.2026 12:01
5k+
Spinozawrlar deňiz mahluklary däl-de, ägirt uly hokgarlar bolup çykdy
Paleontologlar spinozawrlaryň öň çaklanylyşy ýaly, deňiz ýyrtyjylary däldigini anykladylar. Nigerde geçirilen gazuw-agtaryş işleri bu meselä aýdyňlyk girizdi. 2019-njy ýylda barlagçylar ol ýerden äň böleklerini tapan bolsalar, soňky ekspedisiýada bolsa täze görnüşiň — Spinosaurus mirabilis-iň tas doly ystyhanyny ýüze çykardylar
24.02.2026 10:49
13k+
Futbolçy meýdançada top degen çarlagyň ýüregini owkalap, onuň janyny halas etdi
Geçen ýekşenbe güni Stambulyň stadionynda çempionlyk titulyndan hem ähmiýetli bir waka ýüze çykdy. Birinji höwesjeňler ligasynyň finalynda «Istanbul Ýurdum Spor» we «Mewlanakapy Güzelhisar» futbol toparlarynyň arasyndaky duşuşykda uçup barýarka top degen çarlak halas edildi
22.02.2026 14:29
12k+
Alymlar 1949-njy ýylda Bermuda adalarynda ýazga alnan geň sesiň syryny açdylar
Üstünden 77 ýyl geçeninden soň, Bermuda adalarynda ýazgy edilen nämälim sesiň nireden çykanlygy belli boldy. Ol küýki kitiň aýdymynyň iň irki ýazgysy bolup çykdy. 1949-njy ýylyň 7-nji martynda «Atlantis» barlag gämisindäki alymlar Bermud adalarynyň kenarynda akustiki tejribeler geçirdiler
«
1
2
3
4
5
»
«
1
2
3
4
5
»
Copyright © 2026
TMCARS News
. All rights reserved.