Nikon Comedy Wildlife Awards fotosurat bäsleşigi 2026-njy ýyl üçin suratlaryň kabul edişliginiň başlandygyny yglan etdi. Bu mynasybetli guramaçylar 2025-nji ýyldaky bäsleşige gelip gowşan, öň çap edilmedik gyzykly suratlary görkezdiler.

Metbugat beýanatynda munuň öň görülmedik işleriň ýygyndysydygy aýdylýar. Gatnaşyjylar üçin baýraklar hem yglan edildi. Esasy baýrak — Keniýadaky Masai Mara goraghanasyna gezelenç. Ýeňijilere Nikon fotokameralary we obýektiwleri ýaly beýleki baýraklar hem göz öňünde tutulan.
Bäsleşige gatnaşmak mugt, oňa islendik kamerada düşürilen suratlar kabul edilýär. Arzalar 2026-njy ýylyň 30-njy iýunyna çenli kabul ediler. Finalçylar oktýabr aýynda, ýeňijiler bolsa dekabr aýynda yglan ediler.
Bäsleşik birnäçe nominasiýany öz içine alýar: süýdemdirijiler; guşlar; süýrenijiler, amfibiýalar we mör-möjekler; balyklar we suwda ýaşaýan beýleki jandarlar; ýaş suratçy; portfolio; Nikon wideosy we tomaşaçylaryň halany.
Görkezilen saýlama işler:

"Dünýäde iň uzyn totuguş" / © Elizabeth Sanjuan

"Owadanja bolupdyryn gerek?" / © Morris Hersko

"Çiginleriň güýji" / © Scott Kalter

"Tans meýdançasy" / © Brigitte Alcalay-Marcon

"Dur, men ol ýere birinji bardym!" / © Bruno Zavattin

“Gülgüne çüňkli” / © Arindam Saha

"Golf oýnamagyň howply tarapy" / © Michael Lambie

“Mister Pringles – ýapragyň goragçysy / © Sritam Kumar Sethy