Alymlar ebedi doňaklykdaky ýaşy, takmynan, 40 müň ýyl bolan mikrob­lary oýartdylar
07.10.2025 13:02
5.3k+

Alymlar ebedi doňaklykdaky ýaşy, takmynan, 40 müň ýyl bolan mikrob­lary oýartdylar

Kolorado uniwersitetiniň (Boulder şäheri, ABŞ) alymlary on müňlerçe ýyl mundan ozal ebedi doňaklykda doňup galan gadymy mikroblary janlandyrdylar. Käbir nusgalardaky mikroorganizmler, takmynan, 40 müň ýyl bäri «uklapdyr»
Türkmen talyplary Malaýziýada WSDG 2025 bäsleşiginde baş baýraga we taslamany ösdürmek üçin pul baýragyna mynasyp boldular
07.10.2025 06:35
6k+

Türkmen talyplary Malaýziýada WSDG 2025 bäsleşiginde baş baýraga we taslamany ösdürmek üçin pul baýragyna mynasyp boldular

24 — 28-nji sent­ýabr ara­ly­gyn­da Ma­laý­zi­ýa­nyň Saý­ber­ja­ýa şä­he­rin­de Bü­tin­dün­ýä Dur­nuk­ly ösüş mak­sat­la­ry bäs­le­şi­gi (World Sus­tai­nab­le Develop­ment Goals Chal­len­ge — WSDG 2025) ge­çi­ril­di
Fiziologiýa we lukmançylyk boýunça Nobel baýragy immun ulgamynyň öwrenilendigi üçin berildi
06.10.2025 17:39
3.3k+

Fiziologiýa we lukmançylyk boýunça Nobel baýragy immun ulgamynyň öwrenilendigi üçin berildi

Stokgolmda fiziologiýa we lukmançylyk boýunça Nobel baýragynyň eýeleri yglan edildi. Baýrak “periferik immunologik tolerantlyk” diýlip atlandyrylýan ugurdaky açyş üçin amerikalylar Meri E.Brankowa, Fred Ramsdella we ýaponiýaly Şimon Sakaguçä berildi
Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň mugallymlary Ýaponiýada iş saparynda bolýarlar
06.10.2025 10:54
7.9k+

Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň mugallymlary Ýaponiýada iş saparynda bolýarlar

Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň iki mugallymy öňdebaryjy bilim we ylmy tejribeleri özleşdirmek maksady bilen Ýaponiýa gitdiler. Olar 1-17-nji oktýabr aralygynda Ýaponiýanyň Kawasaki şäherinde ýerleşýän we dünýäniň öňdebaryjy ylmy-barlag merkezleriniň biri bolan ICONM – Nanomedisina Innowasiýa Merkezinde tejribe okuwlaryna gatnaşýarlar
Awstraliýaly robot möý bir jaýy 24 sagadyň içinde çap edýär
06.10.2025 10:46
7.7k+

Awstraliýaly robot möý bir jaýy 24 sagadyň içinde çap edýär

Awstraliýada äpet möý şekilli üýtgeşik gurluşykçy robot oýlanyp tapyldy. Crest Robotics we Earthbuilt Technology kompaniýalary tarapyndan döredilen, "Şarlotta" diýlip atlandyrylýan oýlap tapyş, takmynan, 200 inedördül metrlik jaýy 24 sagadyň içinde çap etmäge ukyplydyr diýip, ABC  habar berýär
Alymlar ilkinji gezek deri öýjüklerinden adamyň ýumurtga öýjüklerini ösdürip ýetişdirdiler
06.10.2025 10:42
4.7k+

Alymlar ilkinji gezek deri öýjüklerinden adamyň ýumurtga öýjüklerini ösdürip ýetişdirdiler

Oregonyň Saglyk we ylym uniwersitetiniň alymlary ilkinji gezek deri öýjüklerinden adamyň ýumurtga öýjüklerini döretdiler. Bu tehnologiýa önelgesizligi bejermekde öwrülişik döredip, ýaş, kesel ýa-da himiýa bejergisiniň täsiri sebäpli ýumurtga öndürmek ukybyny ýitiren aýallar üçin täze mümkinçilik döredip biler diýip, "The Guardian" gazeti habar berdi
Wenerada ilkinji läbik turbalaryň bardygynyň alamatlary tapyldy
04.10.2025 15:46
3.4k+

Wenerada ilkinji läbik turbalaryň bardygynyň alamatlary tapyldy

Padua uniwersitetinden Barbara De Toffoliniň ýolbaşçylygyndaky alymlar topary Wenerada ilkinji gezek läbik turbalarynyň bardygyny tassyklaýan ylmy delilleri ýüze çykardy. Alymlar öňki kosmos missiýalarynyň radio­loka­siýa we topografiýa maglumatlaryny öwrenip, diametri 100 kilometreden ýokary bolan ullakan şit wulkanlaryna üns berdiler
Alymlar berk sosial baglanyşyklar biologiki taýdan garramagy haýalladýar diýip hasaplaýarlar
30.09.2025 18:01
2.8k+

Alymlar berk sosial baglanyşyklar biologiki taýdan garramagy haýalladýar diýip hasaplaýarlar

Amerikaly barlagçylar ömrüň dowamynda berk sosial baglanyşyklaryň biologiki taýdan haýal garramak bilen baglanyşyklydygyny anykladylar. Bu barada "Brain, Behavior & Immunity - Health” žurnalyndaky makala salgylanýan PsyPost ýazýar
Kofein çylşyrymly meseleleri çözmekde adamlaryň tutanýerliligini ýokarlandyrýar
30.09.2025 10:22
4.3k+

Kofein çylşyrymly meseleleri çözmekde adamlaryň tutanýerliligini ýokarlandyrýar

Täze barlag kofeniň çylşyrymly ýa-da bölekleýin çözmek mümkin bolmadyk meseleleri çözmekde tutanýerliligi ýokarlandyryp biljekdigini görkezdi. Munuň täsiri dartgynly ýagdaýdaky adamlarda has hem göze ilýärdi. Synaglara ABŞ-nyň Massaçusets ştatynyň Amhýorst kollejiniň 329 talyby gatnaşdy
Alymlar Gentington keseliniň ösüşini 75% haýallatmagy başardylar
29.09.2025 14:51
2.1k+

Alymlar Gentington keseliniň ösüşini 75% haýallatmagy başardylar

Londonyň Uniwersitet Kollejiniň alymlary (UCLH) Gentington keseline garşy göreşde ilkinji ynamly netijeler barada habar berdiler. AMT-130 derman serişdesi bilen geçirilen synaglar bejerip bolmaýan bu keseliň ösmegini haýallatmagy başardy
Ýaponiýada mör-möjekleri çekmek üçin "garynja aldawyny" ulanýan ösümlik tapyldy
29.09.2025 12:30
3.9k+

Ýaponiýada mör-möjekleri çekmek üçin "garynja aldawyny" ulanýan ösümlik tapyldy

Ýaponiýada duş gelýän Vincetoxicum nakaianum atly ösümlik tozanlanmak üçin adatdan daşary strategiýany ulanýar. Ol ýarym iýlen ýa-da ýaralanan garynjalaryň çykarýan ysyny gaýtalap, tohumly mör-möjekleri özüne çekýär
Alymlar taryhy taýdan ygtybarly şekilleri döretjek emeli aňy işläp düzýärler
29.09.2025 12:19
7.9k+

Alymlar taryhy taýdan ygtybarly şekilleri döretjek emeli aňy işläp düzýärler

Sýurih uniwersitetiniň gadymy taryh professory Feliks K.Maýer bilen programmist Filipp Ştrebel bilelikde emeli aň esasynda işleýän täze surat generatoryny döredýärler. Ol gural Gadymy Rim we Gadymy Gresiýa döwründen taryhy taýdan hakykata ýakyn sahnalary şekillendirmäge ukyply bolar
Argentinada öň belli bolmadyk ýyrtyjy megaraptoryň we onuň pidasynyň galyndylary tapyldy
27.09.2025 19:28
10k+

Argentinada öň belli bolmadyk ýyrtyjy megaraptoryň we onuň pidasynyň galyndylary tapyldy

Argentinanyň günortasynda paleontologlar güýçli öňki elleri we uzyn dyrnaklary bolan öň näbelli ýyrtyjy dinozawryň galyndylaryny ýüze çykardylar. Bu tapyndy megaraptor nesliniň Günorta Amerikada uzak wagtlap ýaşandygyny tassyklaýar diýip, Nature Communications žurnalynda bellenýär
Haýwanlar üçin birbada iki keselden goraýan ilkinji umumy sanjym döredildi
26.09.2025 19:59
1.8k+

Haýwanlar üçin birbada iki keselden goraýan ilkinji umumy sanjym döredildi

Belgorod döwlet milli gözleg uniwersitetiniň hünärmenleri Stawropol biofabrikasynyň we RYA-nyň Mikroorganizmleriň biohimiýa we fiziologiýa institutynyň alymlary bilen bilelikde özboluşly bakteriýany we onuň esasynda haýwanlary salmonellýozdan we kolibakteriozdan goraýan sanjymy döretdi
Waksina derä sürtülende sanjymdan has täsirli bolýar: syçanlarda synag edildi
25.09.2025 20:32
3k+

Waksina derä sürtülende sanjymdan has täsirli bolýar: syçanlarda synag edildi

Barlagçylar deri çekilende ýerli ýagdaýda waksinanyň ulanmagyň adaty inýeksiýalardan has täsirli işländigini anykladylar. Synaglar syçanlarda geçirildi. Bu barada Londonyň King’s College uniwersitetiniň hem-de Fransiýanyň INSERM — Milli saglyk we lukmançylyk gözleg institutynyň hünärmenleri Cell Reports žurnalynyň sahypalarynda paýlaşdylar
Alymlar reňkli we has takyk rentgen suratlaryny almagy başardylar
25.09.2025 20:22
2.8k+

Alymlar reňkli we has takyk rentgen suratlaryny almagy başardylar

Amerikanyň Sandia National Laboratories ylmy-barlaghanasynyň barlagçylary has ýokary takyklygy bolan reňkli rentgen suratlaryny almaga mümkinçilik berýän täze tehnologiýa oýlap tapdylar. Taslamanyň ýolbaşçysy Edward Himenes bu usulyň köp metallardan peýdalanylýan reňkli giperspektral rentgen wizualizasiýasy diýlip atlandyrylýandygyny aýtdy
Aýyň topragynda çaý ösdürip ýetişdirdiler - alymlaryň täze barlagynyň netijeleri
25.09.2025 15:48
3.2k+

Aýyň topragynda çaý ösdürip ýetişdirdiler - alymlaryň täze barlagynyň netijeleri

Kentiň uniwersitetiniň alymlary Britaniýanyň Dartmoor Tea çaý plantasiýasy, Lightcurve Films kompaniýasy we Europlanet bilen hyzmatdaşlykda çaýyň Aýyň topragynda ösdürilip ýetişdirilip bilinjekdigini anykladylar
Atlantik ummanynyň düýbünden süýji suwuň ummasyz ätiýaçlygy tapyldy
24.09.2025 11:42
6.7k+

Atlantik ummanynyň düýbünden süýji suwuň ummasyz ätiýaçlygy tapyldy

Alymlar ABŞ-nyň demirgazyk-gündogar kenarýakasynda Atlantik ummanynyň aşagyndan süýji suwuň ägirt uly howdanyny tapdylar. Bu barada üç aýlyk ekspedisiýany tamamlan halkara barlagçylar toparyna salgylanýan  CNN habar berdi
Arheologlar: Gadymy adamlar Afrikadan Ýewropa häzirki Türkiýäniň üsti bilen baran bolup biler
24.09.2025 11:14
5.4k+

Arheologlar: Gadymy adamlar Afrikadan Ýewropa häzirki Türkiýäniň üsti bilen baran bolup biler

Arheologlaryň çaklamalaryna görä, gadymy adamlar Afrikadan Ýewropa häzirki Türkiýäniň çäginden geçip baran bolup bilerler. Bu barada Aýwalygyň (Türkiýede kenarýaka şäher) kenarynda tapylan 138 sany daş gurallary maglumat berýär
Türkmen talyplary WSDG 2025 halkara ylmy bäsleşikde ýeňiş gazandylar
24.09.2025 10:27
1.8k+

Türkmen talyplary WSDG 2025 halkara ylmy bäsleşikde ýeňiş gazandylar

Oguz han adyndaky Türkmenistanyň Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň talyplary halkara derejesindäki «Bütindünýä durnukly ösüş maksatlary bäsleşigi – 2025» (WSDG 2025) atly ýaryşda üstünlik gazandylar. Bäsleşik Malaýziýanyň Multimediýa uniwersiteti we Malaýziýanyň ýaş alymlar birleşigi tarapyndan onlaýn görnüşde guraldy
Ganatynyň bolmagy ýöne ýere däl... Düýeguşlaryň we emularyň ata-babalarynyň uçup bilendigi anyklandy
23.09.2025 17:09
6.7k+

Ganatynyň bolmagy ýöne ýere däl... Düýeguşlaryň we emularyň ata-babalarynyň uçup bilendigi anyklandy

Alymlar düýeguşuň, emunyň, kazuaryň, kiwiniň we nandunyň ata-babalarynyň uçmaga ukyply bolandygyny ýüze çykardylar. Paleognatlar diýlip atlandyrylýan bu maşgalanyň häzirki zaman wekilleri ewolýusiýanyň netijesinde, indi diňe ylgamaga ukyply bolansoň bu ukybyny ýitiripdir
Beýni özgeleriň hereketlerini özi edýän deýin kabul edýär - alymlar
23.09.2025 16:21
3.2k+

Beýni özgeleriň hereketlerini özi edýän deýin kabul edýär - alymlar

Halkara alymlar topary täze açyş etdi. Adamlar başgalaryň hereketine syn edende, beýni ol hereketi edil özi edýän ýaly kabul edýär. Barlagçylaryň gelen netijeleri Scientific Reports žurnalynda çap edildi. "Biziň eden esasy açyşymyz beýniniň hakyky hereketlerinde, hatda başga bir adamyň hereketine syn edeninde hem şol bir tormozlama mehanizmini işjeňleşdirýändigini anyklamagymyzdan ybarat
Alymlar syçanlaryň göni içinde işleýän böwrek modelini ösdürip ýetişdirdi
21.09.2025 21:20
1.9k+

Alymlar syçanlaryň göni içinde işleýän böwrek modelini ösdürip ýetişdirdi

Alymlar barlaghanada janly syçanlary ulanyp, emeli böwrek modelini ösdürip ýetişdirdiler. Olar böwregiň iki esasy elementini: gany süzýän nefronlary we peşewi ýygnaýan turbalary birleşdirýän aýratyn gurluşlary – assembloidleri ulandy
Ekwadorda 112 mln ýyl ýaşy bolan ýantar tapyldy: onda şol döwrüň mör-möjekleri gatap galypdyr
21.09.2025 21:17
6.3k+

Ekwadorda 112 mln ýyl ýaşy bolan ýantar tapyldy: onda şol döwrüň mör-möjekleri gatap galypdyr

Ekwadoryň gündogaryndaky çägeli karýerde biologiki galyndylar bilen gatan 112 mln ýyllyk ýantaryň Günorta Amerika üçin ilkinji nusgalary tapyldy. Gatan şepbikde dinozawrlar döwründe ýaşan tomzaklar, çybynlar, siňekler, arylar, çirkeýler we kerep saklanyp galypdyr
Ösümliklere ýiti ýagtylyk bolmazdan ösmäge mümkinçilik berýän madda tapyldy
21.09.2025 21:07
2k+

Ösümliklere ýiti ýagtylyk bolmazdan ösmäge mümkinçilik berýän madda tapyldy

Miçigan döwlet uniwersitetinden alymlar ösümliklere ýagtylygyň pes bolan şertlerinde-de ösmäge mümkinçilik berýän ozal näbelli mehanizmi tapdy. Ylmy gözlegiň netijeleri Nature Communications žurnalynda neşir edildi
Mounjaro derman serişdesi 2-nji görnüşli süýji keseli bolan çagalary bejermekde netijeliligini görkezdi
20.09.2025 06:33
2.9k+

Mounjaro derman serişdesi 2-nji görnüşli süýji keseli bolan çagalary bejermekde netijeliligini görkezdi

Eli Lilly kompaniýasynyň Mounjaro derman serişdesi (tirzepatid) 2-nji görnüşli süýji keseli bolan çagalarda we ýetginjeklerde netijeliligini görkezdi. Ol synaga gatnaşanlara ganyň düzümindäki şekeriň gözegçiligini gowulaşdyrmaga we beden agramynyň indeksini (BAI) azaltmaga kömek etdi diýip, Reuters habar berýär
Borty syçanly, siňekli we kömelekli hemra kosmosda 30 gün bolandan soň Ýere gaýdyp geldi
20.09.2025 06:24
9.2k+

Borty syçanly, siňekli we kömelekli hemra kosmosda 30 gün bolandan soň Ýere gaýdyp geldi

Bortunda janly organizmler bolan “Bion-M” № 2 hemrasy kosmosda 30 gün bolandan soň Russiýanyň Orenburg sähralaryna gondy. “Roskosmos” gonuş ýerinden kadrlary hödürledi. Bortda 75 syçan, 1,5 müň töweregi siňek, öýjükli kulturalar, ösümlikler (kalendula, ehinaseýa, moh), däneli, däne kösükli we senagat ekinleriniň nusgalary bardy
NASA “çipdäki beden agzalarynyň” Aýa uçuşa nähili çydajagyny barlar
18.09.2025 10:47
2.1k+

NASA “çipdäki beden agzalarynyň” Aýa uçuşa nähili çydajagyny barlar

NASA 10 gün dowam etjek we Aýa uçuşyň dowamynda geçjek Artemis II missiýasynyň çäklerinde AVATAR (A Virtual Astronaut Tissue Analog Response) synagyny geçirer. Synaglaryň dowamynda “çipdäki beden agzalary” - Artemis II-niň astronawtlarynyň süňk ýiliginiň öýjüklerini öz içine alýan fleşkanyň ölçegindäki enjamlar ulanylar
Ýerdäki çöllerden alnan bakteriýalaryň Aý we Mars topragynda ýaşap biljekdigi anyklanyldy
15.09.2025 17:55
4.5k+

Ýerdäki çöllerden alnan bakteriýalaryň Aý we Mars topragynda ýaşap biljekdigi anyklanyldy

Ýerdäki çöllerde tapylan Chroococcidiopsis görnüşli sianobakteriýalar Aý we Mars topragynda ýaşamaga ukyplydygyny görkezdiler. Italiýanyň kosmos gullugynyň (ASI) barlagçylary ReBUS taslamasynyň çäklerinde şeýle netijä geldiler
Hassanyň kesel kesgidi goýlandan soň rahatlanmasyny “Rumpelştilshen täsiri” diýip atlandyrdylar
15.09.2025 10:38
4.7k+

Hassanyň kesel kesgidi goýlandan soň rahatlanmasyny “Rumpelştilshen täsiri” diýip atlandyrdylar

Lukmanlar gyzykly bir hadysa üns berdiler: käbir hassalar lukmandan keseliniň takyk adyny bilenlerinden soň derrew rahatlyk duýýarlar. Şol sebäpli olaryň saglygy entek bejergä başlanmazdan öň gowlaşyp ugraýar. Amerikaly alymlar bu hadysa doganlar Grimmleriň ertekisindäkä meňzedip “Rumpelştilshen täsiri” diýip at bermegi teklip etdiler
Ekologlar Amazon tokaýlarynyň onlarça keseliň öňüni almaga kömek edýändigini subut etdiler
15.09.2025 10:34
6k+

Ekologlar Amazon tokaýlarynyň onlarça keseliň öňüni almaga kömek edýändigini subut etdiler

Daşky gurşawy goraýjylaryň halkara topary arassa tokaýlyklaryň uly meýdany tutýan Amazon sebitlerinde ýangyn bilen baglanyşykly 27 keseliň we zoonoz ýokançlygynyň ep-esli az bolýandygyny anyklady. Tebigaty goramak boýunça halkara bileleşiginiň (IUCN) habaryna görä, bu maglumatlar tokaýy çapylan ýerleri dikeltmegiň we agaç çapmagyň çäklendirilmeginiň zerurdygyny tassyklaýar
Hytaý alymlary ilkinji gezek dinozawr ýumurtgalarynyň takyk ýaşyny kesgitledi
15.09.2025 09:54
5.6k+

Hytaý alymlary ilkinji gezek dinozawr ýumurtgalarynyň takyk ýaşyny kesgitledi

Hytaý alymlary ilkinji gezek ýurduň merkezi böleginde tapylan dinozawrlaryň ýumurtgalarynyň ýaşyny takyk kesgitlemegi başardy. Science XXI neşiriniň maglumatlaryna görä, täze çemeleşme hek döwrüniň klimatyny has çuň öwrenmäge mümkinçilik berer
Hytaý alymlary sütün öýjükleriniň kömegi bilen maýmynlaryň garramagyny haýallatdy
15.09.2025 09:48
1.8k+

Hytaý alymlary sütün öýjükleriniň kömegi bilen maýmynlaryň garramagyny haýallatdy

Hytaýyň ylymlar akademiýasynyň alymlarynyň geçiren ylmy gözlegleri adamyň genetiki taýdan güýçlendirilen sütün öýjükleriniň maýmynlarda garrama alamatlaryny haýalladyp biljekdigini görkezdi. Netijeler Cell žurnalynda neşir edildi
Hytaýly biologlar 36 petabaýtlyk maglumaty saklamak üçin “DNK- kassetany” döredýärler
14.09.2025 23:25
3.7k+

Hytaýly biologlar 36 petabaýtlyk maglumaty saklamak üçin “DNK- kassetany” döredýärler

Guandunyň Günorta ylym we tehnologiýa uniwersitetiniň alymlary sanly maglumatlary saklamagyň täze usulyny oýlap tapdylar. Olar 1980-nji ýylyň äheňindäki ýüzüne dezoksiribonuklein kislotasynyň sintetiki molekulalary çap edilen plastik lentany öz içine alýan "DNK-kassetany" işläp taýýarladylar
Tozganyň üflenişine ylmy makala bagyşladylar
14.09.2025 20:01
1.8k+

Tozganyň üflenişine ylmy makala bagyşladylar

Näme üçin tozganyň tohumlary sürtülmä garşy durup bilýär-de, şemalyň güýjüne aňsatlyk bilen uçup gidýär? Alymlar bu sowala jogap tapmak üçin tutuş bir barlag geçirdiler we netijede ýeliň ugruna baglylykda, tohumy boşatmak üçin zerur güýjüň 100 gezekdenem köp üýtgäp biljekdigini anykladylar
Gruziýada ösümlikleriň iýmitden başga maksatlar üçin ulanylyşynyň iň gadymy yzlary tapyldy
13.09.2025 14:53
1.5k+

Gruziýada ösümlikleriň iýmitden başga maksatlar üçin ulanylyşynyň iň gadymy yzlary tapyldy

Arheologlar Gruziýadaky gowakda ösümlikleriň iýmit üçin däl-de, boýag hökmünde ulanylandygynyň ilkinji göni subutnamalaryny tapdylar. Ýaşy 32000 - 34000 ýyl bolan daş üweýji gurallarda indigoferanyň yzlary tapyldy diýip, Arkeonews ýazýar
Rak keselini bejermegiň iki täze usuly onkologiýa çemeleşmäni düýpli  özgertmegi wada berýär
11.09.2025 21:25
13k+

Rak keselini bejermegiň iki täze usuly onkologiýa çemeleşmäni düýpli  özgertmegi wada berýär

Onkologiýada iki täze çemeleşme rak keseliniň bejergisini ep-esli üýtgäp biler. Olar barada The Financial Times gazetinde çap edilen makalada aýdylýar. Birinjisi - radioaktiw izotoplary göni çişlere eltmäge mümkinçilik berýän, Şweýsariýanyň Novartis kompaniýasy tarapyndan işlenip düzülen radioligand bejergisidir
Ilkinji gezek Arktikanyň deňizlerinde awtoulag tekerleriniň bölejikleri tapyldy
11.09.2025 21:22
11k+

Ilkinji gezek Arktikanyň deňizlerinde awtoulag tekerleriniň bölejikleri tapyldy

Geçirilen barlaglar sandan galan teker önümleriniň, hatda şäherlerden uzakda ýerleşýän Arktika deňizlerine-de düşýändigini we deňiz durmuşyna täsir edip, mutasiýa sebäp bolup, şeýle hem adamlaryň we haýwanlaryň bedenine aralaşyp biljekdigini tassyklady
“Jeýms Uebb” teleskopy ýaşamak üçin şertleri bolup biljek planetany tapdy
11.09.2025 19:53
7.9k+

“Jeýms Uebb” teleskopy ýaşamak üçin şertleri bolup biljek planetany tapdy

TRAPPIST-1 ýyldyz ulgamyna girýän TRAPPIST-1e ekzoplanetasynda ýaşaýyş üçin laýyk gelýän şertler bolup biler. Bu barada “Jeýms Uebb” kosmos teleskopyndan alnan täze maglumatlara salgylanyp, NewScientist neşiri habar berýär
Fizikler buzy epip, elektrik energiýasyny aldylar
08.09.2025 13:16
3.6k+

Fizikler buzy epip, elektrik energiýasyny aldylar

Alymlar suw buzy epilende elektrik togunyň çykýandygyny ýüze çykardylar. Fleksoelektrik täsiri diýlip atlandyrylýan bu hadysa dürli temperaturalarda syn edildi. Bu açyş çabga bulutlarynda ýyldyrymyň nähili emele gelýändigine has gowy düşünmäge kömek edýär
Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.