Ýaponiýada mör-möjekleri çekmek üçin "garynja aldawyny" ulanýan ösümlik tapyldy

29.09.2025, 12:303,981

Ýaponiýada duş gelýän Vincetoxicum nakaianum atly ösümlik tozanlanmak üçin adatdan daşary strategiýany ulanýar. Ol ýarym iýlen ýa-da ýaralanan garynjalaryň çykarýan ysyny gaýtalap, tohumly mör-möjekleri özüne çekýär. Garynjalar ýyrtyjynyň hüjümi barada beýleki ýoldaşlaryna duýdurmak üçin alamat hökmünde şeýle ys çykarýarlar.

Tokio uniwersitetinden botanik Ko Motidzu­ki bu ys bolmasa, ösümligiň köpelmeginiň kyn boljakdygyny aýdýar. Ösümlik diňe geçen ýyl ylmy taýdan beýan edilipdir. Onuň adaty bolmadyk usuly ilkinji gezek Tokiodaky Koisika­wa botanik bagynda ýüze çykaryldy, ol ýerde gülleriň töweregine tohumly mör-möjekler ýygnanyp başlapdylar.
Mör-möjekler ýaralanan ýa-da ölen garynjalaryň biologik suwuklyklary bilen iýmitlenmek üçin olaryň ysy bar ýerleri gözleýärler. Şeýlelikde, olar gülden-güle geçip, ösümligiň tozanlanmagyna ýardam berýärler.
Barlaglara görä, Vincetoxicum nakaianum nonan, undekan ýaly himiki birleşmeleri bölüp çykaryp, garynjalaryň howp fereomonlaryna meňzeş ys döredýär. Y-şekilli labirint bilen geçirilen synaglarda mör-möjekleri hut mynjyradylan mör-möjekleriň däl-de, möýler tarapyndan hüjüm edilen garynjalaryň ysyna barýandygy subut edildi.
Bu görnüşdäki ösümlik tozanlandyryjylary çekmek üçin «garynja aldawyny» ulanýan ilkinji belli ösümlik hasap edilýär. Ol bu strategiýany örän netijeli durmuşa geçirýär.