Saýlanan şäher
26 iýul 2026
Türkmen
Ulgama girmek
Awtoulaglar
Spestehnika
Awtoşaýlar
Beýleki Bildirişler
Biznes Hasaplar
Habarlar
Ulgama girmek
Baş sahypa
Awtoulaglar
Awtoşaýlar
Beýleki Bildirişler
Biznes Hasaplar
Habarlar
Garaňky tema
Dil
Meniň profilim
Ýerli
Baş sahypa
/
Habarlar
/
Ýerli
05.03.2026 20:23
1.9k+
Duşenbede türkmen-täjik hökümetara toparynyň 14-nji mejlisi geçirildi
2026-njy ýylyň 3-4-nji marty aralygynda Duşenbe şäherinde Söwda-ykdysady we ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-täjik hökümetara toparynyň 14-nji mejlisi boldy. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň
05.03.2026 20:06
12k+
Taňryguly Atahallyýew Täjigistanyň Prezidenti bilen duşuşdy
2026-njy ýylyň 4-nji martynda Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon Duşenbe şäherine iş sapary bilen gelen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Taňryguly Atahallyýewi kabul etdi
05.03.2026 19:17
22k+
Raşid Meredow Eýranyň ilçihanasynda gynanç kitabyna ýazgy galdyrdy
2026-njy ýylyň 4-nji martynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow Eýran Yslam Respublikasynyň Aşgabatdaky ilçihanasyna bardy. Daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy Eýranyň Beýik ruhy Lideri Aýatolla Hameneýiniň aradan çykmagynyň hatyrasyna açylan gynanç kitabyna ýazgy galdyrdy
05.03.2026 17:06
16k+
«Ak Işan» aramgähine mugt awtobus gatnawlary ýola goýuldy
Ahal welaýatynyň Bäherden etrabyndaky «Ak Işan» aramgähine zyýarat etmek isleýän raýatlar üçin «Awtomobil ulag hyzmaty» AGPJ tarapyndan «Sarwan» hususy kärhanasynyň goldawy bilen haýyr-sahawat maksatly tölegsiz awtobus gatnawlary başlandy
05.03.2026 15:54
5.8k+
Hytaý Halk Respublikasynda türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň geljegi maslahatlaşyldy
2026-njy ýylyň 4-nji martynda Türkmenistanyň Hytaý Halk Respublikasyndaky ilçisi P.Durdyýew bilen Hytaýyň Daşary işler ministriniň kömekçisi jenap Lýu Biniň arasynda duşuşyk geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-i habar berýär
05.03.2026 15:37
4.8k+
Türkmenistanda 400-den gowrak mekdep okuwçysy taslamalar bäsleşigine gatnaşdy
2026-njy ýylyň 4-nji martynda Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde 11–12-nji synp okuwçylarynyň arasynda geçirilýän «Altyn asyryň altyn zehinleri» atly bäsleşikleriň çäginde ylmy-döredijilik taslamalarynyň bäsleşiginiň döwlet tapgyry boldy
05.03.2026 15:32
1.9k+
Türkmenistanyň Ilçisi Bolgariýa Respublikasyna iş saparyny amala aşyrdy
2026-njy ýylyň mart aýynyň başynda Türkmenistanyň Bolgariýa Respublikasyndaky (oturýan ýeri Moskwa şäheri) Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Esen Aýdogdyýew Sofiýa şäherinde saparda boldy. Saparyň esasy maksady Bolgariýanyň milli baýramy — Azat ediş güni mynasybetli guralan dabaralara gatnaşmakdy
05.03.2026 13:44
19k+
Aýjan Baýramowa «Talyp gözeli — 2026» boldy
4-nji martda Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyp gyzlarynyň arasynda geçirilýän «Talyp gözeli — 2026» gözellik bäsleşiginiň jemleýji tapgyry boldy. Emin agzalarynyň karary bilen bäsleşigiň baş baýragyna Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň fizika fakultetiniň 2-nji ýyl talyby Aýjan Baýramowa mynasyp boldy
05.03.2026 11:48
14k+
Türkmen-eýran serhediniň üsti bilen Türkmenistana 16 döwletden 200 adam geçdi
Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi Ýakyn Gündogar sebitinde emele gelen häzirki çylşyrymly ýagdaý bilen baglylykda ýörite habar ýaýratdy. Habarda ýurduň ynsanperwerlik we özara hormat goýmak ýörelgelerine, şeýle hem halkara borçnamalaryna ygrarlydygy bellenilip, daşary ýurt raýatlarynyň we ulag serişdeleriniň türkmen-eýran serhedinden geçmegi üçin ähli zerur şertleri üpjün edýändigi nygtalýar
05.03.2026 06:25
15k+
Türkmenistanyň Prezidenti Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisini geçirdi
Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisini geçirdi. Onda harby we hukuk goraýjy edaralaryň şu ýylyň ýanwar–fewral aýlarynda bitiren işleriniň netijelerine seredildi diýip, TDH habar berýär
05.03.2026 05:58
6.1k+
Türkmenistanda saýlawçylar bilen dalaşgärleriň duşuşyklaryna badalga berildi
2026-njy ýylyň 29-njy martynda geçiriljek Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlaryna taýýarlyk işleri işjeň dowam edýär. Häzirki wagtda ýurduň ähli künjeklerinde dalaşgärleriň we olaryň ynanylan wekilleriniň saýlawçylar bilen duşuşyklary geçirilýär
04.03.2026 16:41
7k+
Türkmenistanyň Gahrymany Oleg Kononenko altynjy gezek kosmosa uçmaga taýýarlanýar
Ý.A.Gagarin adyndaky Kosmonawtlary taýýarlamak merkezi «Roskosmosyň» kosmonawty, Türkmenistanyň gahrymany Oleg Kononenkonyň «Soýuz MS-31» gämisiniň serkerdesi edilip bellenilendigini habar berdi. Onuň baştutanlygyndaky uçuş HKS-77 (Halkara kosmos stansiýasy) ekspedisiýasynyň çäklerinde amala aşyrylar
04.03.2026 15:56
5.9k+
Döwlet gullugy akademiýasynda kämil hünärmenleri taýýarlamagyň meseleleri maslahatlaşyldy
Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynda «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe kämil döwlet gullukçylaryny taýýarlamagyň ähmiýeti, olaryň dolandyryş işinde tutýan orny» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi
04.03.2026 15:51
8.7k+
Türkmenistanda birnäçe ulag taslamalary ulanylmaga berler
Şu ýylyň 13-nji fewralynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde kabul edilen «Türkmenistany 2026-njy ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasyny» durmuşa geçirmegiň çäklerinde birnäçe möhüm desgalaryň gurluşygy tamamlanar we ulanylmaga berler
04.03.2026 15:26
1.9k+
Mejlisde BMG-niň Adam hukuklary boýunça Ýokary komissarynyň müdirliginiň Merkezi Aziýa boýunça wekili bilen duşuşyk geçirildi
3-nji martda Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleriniň BMG-niň Adam hukuklary boýunça Ýokary komissarynyň müdirliginiň Merkezi Aziýa boýunça Sebitleýin wekilhanasynyň ýolbaşçysy Matilda Bogner bilen duşuşygy boldy
04.03.2026 14:26
1.6k+
Türkmenistanyň ilçisi Rumyniýanyň agrar ýokary okuw mekdebi bilen hyzmatdaşlygy maslahatlaşdy
3-nji martda Türkmenistanyň Rumyniýadaky ilçisi A. Annaýew Buharestiň Agronomik ylymlar we weterinar medisinasy uniwersitetiniň wise-rektory Teodor Ioan Treske bilen duşuşdy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-iniň metbugat gullugy habar berdi
03.03.2026 15:21
6.8k+
Aşgabatda TFF-iň Kubogy ugrundaky ýaryş başlady
Şu gün, 3-nji martda Aşgabatda Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň (TFF) Kubogy ugrunda geçiriljek nobatdaky ýaryş başlandy. 12-nji marta çenli dowam etjek bu ýaryşda sekiz topar çykyş eder. Geçirilen bije çekişligiň
03.03.2026 14:43
1.1k+
Aşgabatda «Zenan we tebigat» atly döredijilikli duşuşyk geçirildi
Halkara zenanlar güni mynasybetli paýtagtdaky Halkara ylmy-tehnologiýa parkynda «Zenan we tebigat» atly döredijilikli duşuşyk geçirildi. «Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasynyň başlangyçlary we BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň Türkmenistandaky «Milli derejede kesgitlenen goşantlary (MDKG 3
03.03.2026 13:34
2.8k+
Baýramçylyk maslahatynda zenanlaryň we eneleriň ornuna ähmiýet berildi
2-nji martda Aşgabadyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Halkara zenanlar güni mynasybetli «Ene hüwdüsi — iň kämil eser» atly dabaraly maslahat geçirildi. Çäre Türkmenistanyň Halk Maslahaty, Mejlis, Medeniýet ministrligi, ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň sekretariaty we Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşi tarapyndan bilelikde guraldy
03.03.2026 13:18
6.7k+
Magtymguly adyndaky TDU-nyň talyby «Gözlegleriň gözýetimi – 2026» atly halkara bäsleşiginiň ýeňijisi boldy
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň taryh hünäriniň IV ýyl talyby Zyýada Ýusubowa «Gözlegleriň gözýetimi – 2026» (Горизонты исследований – 2026) atly halkara ylmy-barlag işleriniň bäsleşiginiň ýeňijisi boldy
03.03.2026 09:30
2.6k+
Serdar Berdimuhamedow Bolgariýanyň Prezidentini Milli baýramy bilen gutlady
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Bolgariýa Respublikasynyň Prezidenti hanym Iliana Ýotowa we ýurduň halkyna milli baýram — Azat ediş güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny ýollady
02.03.2026 23:55
22k+
Gurbanguly Berdimuhamedow Eýranyň Beýik ruhy Lideriniň aradan çykmagy zerarly gynanç bildirdi
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň adyndan Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Masud Pezeşkiana we eýran halkyna Eýran Yslam Respublikasynyň Beýik ruhy Lideri Aýatolla Seýed Ali Hoseýni Hameneýiniň biwagt aradan çykmagy zerarly gynanç hatyny iberdi
02.03.2026 23:06
6.5k+
Serdar Berdimuhamedow häkimlere ýazky meýdan işleri boýunça tabşyryklary berdi
2-nji martda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň oba hojalyk meselelerine gözegçilik edýän orunbasary T. Atahallyýewiň we welaýat häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi
02.03.2026 21:04
9.7k+
Läle Şöhradowa üç ýyldan soň Türkmenistanyň küşt täjini gaýtaryp aldy
Aşgabatda on günüň dowamynda geçirilen Türkmenistanyň çempionatynyň Ýokary ligasynyň zenanlar toparynda FIDE-niň ussady, 20 ýaşly Läle Şöhradowa uly ýeňiş gazanyp, üç ýyldan soň ýurduň küşt täjini özüne gaýtaryp aldy
02.03.2026 16:44
15k+
Türkmenistanyň DIM-i Ýakyn Gündogardaky ýagdaý bilen baglylykda aladalanma bildirdi
Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi Ýakyn Gündogardaky ýagdaýyň ýitileşmegi bilen baglylykda aladalanma bildirýär we onuň bu ýagdaýy düzgünleşdirmek boýunça diplomatik tagallalaryň dowam edýän şertlerinde ýüze çykmagynyň gynanç döredýändigini beýan edýär diýlip, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy belleýär
02.03.2026 15:28
6.7k+
Türkmenistanda «Ýylyň zenany» bäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi
Bahar paslynyň ilkinji gününde Aşgabatdaky Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Halkara zenanlar güni mynasybetli Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşi tarapyndan yglan edilen «Ýylyň zenany» bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi
02.03.2026 14:56
1.4k+
Geçen hepde Döwlet haryt-çig mal biržasynda geleşikleriň bahasy 12 mln dollardan gowrak boldy
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) söwdalarynda geleşikleriň 21-si hasaba alyndy. Bu barada TDH agentligi habar berýär. Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň
02.03.2026 10:48
17k+
«Türkmenistan» awiakompaniýasy Dubaýa we Jiddä uçuşlary wagtlaýyn togtadýar
«Türkmenistan» awiakompaniýasy Aşgabat — Dubaý — Aşgabat we Aşgabat — Jidda — Aşgabat ugurlary boýunça amala aşyrylýan howa gatnawlarynyň wagtlaýyn togtadylýandygyny habar berdi. Awiakompaniýanyň resmi saýtynda berilýän maglumata görä, uçuşlar 2026-njy ýylyň 2-nji martyndan 4-nji martyna çenli ýatyryldy
02.03.2026 09:55
12k+
Ygally hepde: Türkmenistanda hepdelik howa maglumaty
Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň ýurdumyzda şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty Balkan welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň birinji ýarymynda ýagyş ýagar
01.03.2026 21:44
9.4k+
Halk Maslahatynyň Başlygy Ahalteke atçylyk toplumyna baryp gördi we atly gezelenç etdi
28-nji fewralda Arkadag şäherine amala aşyran saparynyň dowamynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Ahalteke atçylyk toplumyna baryp gördi. Ol ýerde Milli Lider Hanbeg atly bedewe atlanyp, birsellem gezim etdi diýip, «Watan» habarlar gepleşigi habar berdi
01.03.2026 21:31
10k+
Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky haýyr-sahawat gaznasynyň 5 ýyllygyna taýýarlyk ara alnyp maslahatlaşyldy
28-nji fewralda Arkadag şäherine amala aşyran iş saparynyň dowamynda Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow iş maslahatyny geçirdi. Maslahat şäheri ösdürmegiň häzirki zaman meselelerine we öňde duran çärelere taýýarlyk görmäge bagyşlandy
01.03.2026 21:23
11k+
Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyry bilen tanyşdy
28-nji fewralda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyryny amala aşyrmagyň barşy bilen tanyşdy. Iş saparynyň dowamynda ol alnyp barylýan gurluşyklar we hödürlenen taslama çözgütleri bilen tanyşdy diýip, «Watan» habarlar gepleşigi habar berdi
28.02.2026 19:21
5.3k+
Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Azerbaýjanyň DIM-niň ýolbaşçysy bilen duşuşdy
27-nji fewralda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow Azerbaýjanyň daşary işler ministri Jeýhun Baýramow bilen duşuşdy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-i habar berýär. Taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ýokary derejededigini nygtady
28.02.2026 18:41
7.9k+
Türkmenistanda ilkinji gezek: Ýörite biznes üçin awtomatlaşdyrylan satyn alyş hyzmaty
Ýerli B2B platformasy 📈ALSAT, täjirçilik teklibini almak üçin awtomatik gabat getirmek funksiýasyny işe girizdi. Türkmen topary tarapyndan döredilen sanly hyzmat kompaniýalara satyn alyşyň täze formatyny hödürleýär: bir haryt sanawy, katalog bilen awtomatik deňeşdiriş we birnäçe sagadyň dowamynda saýlamanyň taýýarlygy barada habarnama
28.02.2026 16:56
2.8k+
Aşgabatda «Zemin görki zenandyr» ady bilen suratkeş zenanlaryň bäsleşik-sergisi geçiriler
Türkmenistanda Halkara zenanlar güni mynasybetli «Zemin görki zenandyr» atly bäsleşik-sergi yglan edildi. Çäräni Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi, Kärdeşler arkalaşygynyň Milli merkezi, Çeperçilik sergiler müdirligi we şekillendiriş sungatynyň sergi merkezi Türkmenistanyň Suratkeşler birleşigi bilen bilelikde gurnaýar
28.02.2026 16:05
1.9k+
Türkmenistan we Azerbaýjan hyzmatdaşlygy giňeltmek meselelerini maslahatlaşdy
27-nji fewralda Baku şäherinde Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň daşary syýasat edaralarynyň arasynda geňeşmeler geçirildi. Wekiliýetlere Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary A.Gurbanow we Azerbaýjanyň daşary işler ministriniň orunbasary S
28.02.2026 15:51
2.5k+
Türkmenistan we Pakistan parlamentara hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy
25-nji fewralda Pakistanyň Parlament binasynda Türkmenistanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi A.Mowlämow Yslam Respublikasynyň Senatynyň başlygy Saýed Ýusuf Reza Gilani bilen duşuşdy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-iniň metbugat gullugy habar berdi
28.02.2026 15:40
3.3k+
«Galkynyş» topary dabaraly ýörişini Mary welaýatynda dowam etdirdi
«Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar topary ýurt boýunça dabaraly ýörişiniň çäginde Mary welaýatynda çykyş etdi. Mundan ozal döredijilik topary Arkadag şäherinde, şeýle hem Balkan, Daşoguz we Lebap welaýatlarynda boldy
28.02.2026 14:08
4.3k+
Döwlet Baştutany 2052-nji ýyla çenli ylmy-lukmançylyk diplomatiýasynyň strategiýasyny taýýarlamagy tabşyrdy
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 2026–2052-nji ýyllar üçin Türkmenistanda ylmy-lukmançylyk diplomatiýasyny ösdürmegiň Milli strategiýasyny taýýarlamagy tabşyrdy. Degişli tabşyryk anna güni sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisinde berildi diýip, TDH habar berýär
28.02.2026 14:06
4.2k+
Beýik Britaniýanyň ilçihanasy sanly wiza ulgamyna geçilýändigini mälim etdi
Beýik Britaniýanyň Türkmenistandaky ilçihanasy ýurduň wiza ulgamyndaky üýtgeşmeler barada habar berdi. 2026-njy ýylyň 25-nji fewralyndan başlap, Beýik Britaniýanyň immigrasiýa ulgamy sanly görnüşe geçdi. Diplomatik wekilhananyň berýän maglumatyna görä, Beýik Britaniýa girmek üçin wiza talap edilýän ähli daşary ýurt raýatlary indi diňe elektron wiza (eVisa) alar
«
1
…
6
7
8
…
160
»
«
1
…
3
4
5
6
7
8
9
10
11
…
160
»
Copyright © 2026
TMCARS News
. All rights reserved.