Ýerli

Aşgabatda 3600 metr aralyga marafon ýaryşy geçirildi
06.05.2025 11:23
8.8k+

Aşgabatda 3600 metr aralyga marafon ýaryşy geçirildi

4-nji maýda Aşgabat şäheriniň ýaşaýjylarynyň hem-de ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň gatnaşmagynda «Sport — parahatçylygyň we ynanyşmagyň girewi» atly 3600 metr aralyga ylgamakda sport marafony geçirildi
BSGG-yň Ýewropa sebiti boýunça edarasynda Türkmenistanyň güni geçirildi
06.05.2025 11:17
4.2k+

BSGG-yň Ýewropa sebiti boýunça edarasynda Türkmenistanyň güni geçirildi

Golaýda Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň Daniýa Patyşalygynyň Kopengagen şäherinde ýerleşýän Ýewropa sebiti edarasynda Türkmenistanyň güni geçirildi. Çäre Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň we «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň 30 ýyllygy mynasybetli guraldy diýip, TDH habar berýär
Serdar Berdimuhamedow welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi
06.05.2025 10:03
6.2k+

Serdar Berdimuhamedow welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi

5-nji maýda Prezident Serdar Berdimuhamedow wise-premýer T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy diýip, TDH habar berýär
Gurbanguly Berdimuhamedow resmi sapar bilen Fransiýa bardy
05.05.2025 18:28
15k+

Gurbanguly Berdimuhamedow resmi sapar bilen Fransiýa bardy

Şu gün, 5-nji maýda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow resmi sapar bilen Fransiýa ugrady. Aşgabadyň Halkara howa menzilinde türkmen halkynyň Milli Liderini ýurdumyzyň resmi adamlary ugratdylar
Geçen hepdede Türkmenistanyň birža söwdalarynda 1,6 mln dollarlyk 11 geleşik baglaşyldy
05.05.2025 13:35
2k+

Geçen hepdede Türkmenistanyň birža söwdalarynda 1,6 mln dollarlyk 11 geleşik baglaşyldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda jemi bahasy ABŞ-nyň 1 million 652 müň dollaryndan gowrak bolan geleşikleriň 11-si hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň we Türkiýäniň işewür toparlarynyň wekilleri “Türkmennebit” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen nebit ýol bitumyny satyn aldylar
Uruş weteranlaryna Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan pul sowgady gowşurylar
05.05.2025 13:31
16k+

Uruş weteranlaryna Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan pul sowgady gowşurylar

1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 80 ýyllygy mynasybetli uruş weteranlaryna Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan 200 manat möçberinde pul sowgady hem-de gymmat bahaly sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşurylar
Howa maglumaty: +41 gradusa çenli yssy, hepdäniň ortasynda ýagyş
05.05.2025 08:57
10k+

Howa maglumaty: +41 gradusa çenli yssy, hepdäniň ortasynda ýagyş

Türkmenistanyň Gidrometeorologiýa baradaky gullugy ýurdumyzda şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada maglumat berdi. Aşgabatda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň ortasynda ýagyş ýagar. Gündogardan demirgazyk-günbatara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 10 — 13 metrden 14 — 16 metre ýetýän şemal öwser
«Türkmenistan» awiakompaniýasy Aşgabat – Seul – Aşgabat ugry boýunça yzygiderli ýolagçy gatnawlaryny açdy
04.05.2025 02:39
13k+

«Türkmenistan» awiakompaniýasy Aşgabat – Seul – Aşgabat ugry boýunça yzygiderli ýolagçy gatnawlaryny açdy

"Türkmenistan" awiakompaniýasy 2025-nji ýylyň 14-nji iýulyndan başlap Aşgabat – Seul – Aşgabat ugry boýunça yzygiderli howa gatnawlaryny amala aşyrar. Bu barada awiakompaniýasynyň saýtynda habar berilýär. Täze gatnaw ugry halkara gatnawlarynyň giňeldilmegine we Türkmenistanyň Günorta Koreýa bilen awiasiýa hyzmatdaşlygynyň pugtalanmagyna gönükdirilendir
Serdar Berdimuhamedow Anjeý Dudany Polşanyň Konstitusiýa güni bilen gutlady
03.05.2025 12:40
3.7k+

Serdar Berdimuhamedow Anjeý Dudany Polşanyň Konstitusiýa güni bilen gutlady

Prezident Serdar Berdimuhamedow Polşa Respublikasynyň Prezidenti Anjeý Duda we ýurduň ähli halkyna Polşa Respublikasynyň Konstitusiýa güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi. Döwlet Baştutany mümkinçilikden
Türkmen bagşylary Hywada IV halkara bagşyçylyk sungaty festiwalynda üstünlik gazandylar
03.05.2025 12:18
12k+

Türkmen bagşylary Hywada IV halkara bagşyçylyk sungaty festiwalynda üstünlik gazandylar

26 — 28-nji aprel aralygynda Özbegistanyň Hywa şäherinde IV halkara bagşyçylyk sungaty festiwaly geçirildi. Dünýäniň 40-dan gowrak ýurdundan 200-e golaý bagşyny bir ýere jemlän bu festiwala Daşoguz welaýatynyň medeniýet we sungat işgärleri hem gatnaşdylar
Aşgabatda Liwiýa Döwletiniň Medeniýet günleri geçirilýär
03.05.2025 12:12
5.3k+

Aşgabatda Liwiýa Döwletiniň Medeniýet günleri geçirilýär

Aşgabatda Liwiýa Döwletiniň Türkmenistandaky Medeniýet günleri geçirilýär. 1-nji maýda Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde bu medeni çäräniň açylyş dabarasynyň çäklerinde sergi guraldy. Onda arap kalligrafiýasynyň gymmatlyklary, Liwiýanyň milli lybaslary, kitaplardyr milli tagamlar görkezildi
Balkanabat Halkara howa menzili birnäçe halkara güwanamalara mynasyp boldy
03.05.2025 10:35
11k+

Balkanabat Halkara howa menzili birnäçe halkara güwanamalara mynasyp boldy

2-nji maýda ulanyşa girizilen Balkanabat Halkara howa menzili birnäçe halkara talaplaryna laýyklygy barada birnäçe güwanamalara eýe boldy. Halkara raýat awiasiýasy guramasynyň (ICAO) Ýewropa we Demirgazyk Atlantika sebiti boýunça direktory Nikolas Rallo täze howa menziliň Halkara raýat awiasiýasy guramasy tarapyndan resmi bellige alnandygy baradaky güwänamany gowşurdy
Serdar Berdimuhamedowyň Balkanabat Halkara howa menziliniň açylyş dabarasyndaky çykyşy
03.05.2025 10:20
10k+

Serdar Berdimuhamedowyň Balkanabat Halkara howa menziliniň açylyş dabarasyndaky çykyşy

(Balkanabat şäheri, 2025-nji ýylyň 2-nji maýy) Hormatly dabara gatnaşyjylar! Eziz watandaşlar! Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň her bir güni taryhy wakalara, zähmet üstünliklerine beslenýär. Ynha, şu gün hem Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň rowaçlyklara beslenýän günlerinde Balkanabat Halkara howa menziliniň açylyş dabarasyna gatnaşýarys
Tailandyň migrasiýa gullugy Türkmenistanyň raýatlary üçin täze talaplary girizdi
02.05.2025 17:54
24k+

Tailandyň migrasiýa gullugy Türkmenistanyň raýatlary üçin täze talaplary girizdi

2025-nji ýylyň 1-nji maýyndan başlap, Tailanda syýahat etmek isleýän Türkmenistanyň raýatlary üçin Tailandyň Migrasiýa gullugy tarapyndan girizilen täze talaplar güýje girdi. Ozal bu barada “Türkmenistan” awiakompaniýasy habar beripdi
Türkmenistanda kükürt esasynda çygdan goraýjy örtük döretmegiň tehnologiýasy patentlendi
02.05.2025 17:03
11k+

Türkmenistanda kükürt esasynda çygdan goraýjy örtük döretmegiň tehnologiýasy patentlendi

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Halkara ylmy-tehnologiýa parkynda Tehniki ylymlaryň kandidaty Meretmuhammet Hudaýberdiýewiň ýolbaşçylygynda geçirilen giňişleýin ylmy we tejribeli işleriň netijesinde «Suw desgalary we beýlekiler üçin suwdan goraýjy birleşmeli örtük» döretmek tehnologiýasy işlenip düzüldi we patentleşdirildi
Dzýudoçy Oguljan Ruslanowa Germaniýada geçirilen Ýewropa Kubogynda bürünç medal gazandy
02.05.2025 16:38
8.6k+

Dzýudoçy Oguljan Ruslanowa Germaniýada geçirilen Ýewropa Kubogynda bürünç medal gazandy

Türkmenistandan 16 ýaşly dzýudoçy Oguljan Ruslanowa Germaniýada geçirilen Ýewropa Kubogy ugrundaky ýaryşda (Berlin Millennium Team Cadet European Cup 2025) bürünç medal gazandy. Berlinde geçirilen ýaryşa 70 kilograma çenli agram derejesinde 16 ýurtdan 39 türgen gatnaşdy
Serdar Berdimuhamedow Balkanabat Halkara howa menzilini açdy
02.05.2025 16:31
17k+

Serdar Berdimuhamedow Balkanabat Halkara howa menzilini açdy

Şu gün, 2-nji maýda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Balkanabat Halkara howa menziliniň açylyş dabarasy boldy. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi habar berýär. Sagatda 100 ýolagça hyzmat etmek üçin niýetlenen Halkara howa menziliniň ýolagçy terminaly 3 gatdan ybarat bolup, tutýan meýdany 5 müň 203 inedördül metre deňdir
«Awazada» deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça III halkara maslahatyny geçirmäge taýýarlyk görülýär
02.05.2025 16:22
8.4k+

«Awazada» deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça III halkara maslahatyny geçirmäge taýýarlyk görülýär

1-nji maýda Balkan welaýatynda iş saparynda bolýan Prezident Serdar Berdimuhamedow şu ýylyň awgustynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda guraljak Birleşen Milletler Guramasynyň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji halkara maslahatyna taýýarlyk görmek bilen bagly meselelere bagyşlanan Ministrler Kabinetiniň giňişleýin göçme mejlisini geçirdi
Awazada geçiriljek maslahatyň çäklerinde parlamentara forum guralar
02.05.2025 16:13
8.4k+

Awazada geçiriljek maslahatyň çäklerinde parlamentara forum guralar

2025-nji ýylyň awgustynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek Birleşen Milletler Guramasynyň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji halkara maslahatynyň çäklerinde parlamentara forumy guralar
Awazada halkara tans we folklor festiwaly geçiriler
02.05.2025 16:06
5.9k+

Awazada halkara tans we folklor festiwaly geçiriler

1-nji maýda Balkan welaýatynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin göçme mejlisinde wise-premýer B.Seýidowa gözegçilik edýän ulgamy tarapyndan BMG-niň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyna görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi
Arkadag şäherindäki sagaldyş merkezinde we Döwletliler köşgünde terbiýelenýän çagalara süýjülik sowgatlary gowşuryldy
02.05.2025 15:57
9.1k+

Arkadag şäherindäki sagaldyş merkezinde we Döwletliler köşgünde terbiýelenýän çagalara süýjülik sowgatlary gowşuryldy

30-njy aprelde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezinde bejergi alýan we onuň çäginde hereket edýän çagalar baglarynda terbiýelenýän körpelere, şeýle-de paýtagtymyzdaky Döwletliler
Serdar Berdimuhamedow “Awazada” geçiriljek BMG-niň halkara maslahatyna görülýän taýýarlyk işleri bilen tanyşdy
02.05.2025 13:11
9.4k+

Serdar Berdimuhamedow “Awazada” geçiriljek BMG-niň halkara maslahatyna görülýän taýýarlyk işleri bilen tanyşdy

1-nji maýda Balkan welaýatynda iş saparynyň çäklerinde Prezident Serdar Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň geçiriljek ýerindäki gurluşyk we abadanlaşdyryş işleri bilen tanyşdy
Tomusky dynç alyş möwsüminde Balkan welaýatyna ulag gatnawlarynyň sany artdyrylar
02.05.2025 12:45
12k+

Tomusky dynç alyş möwsüminde Balkan welaýatyna ulag gatnawlarynyň sany artdyrylar

1-nji maýda Prezident Serdar Berdimuhamedow Balkan welaýatynda geçiren Ministrler Kabinetiniň giňişleýin göçme mejlisinde tomusky dynç alyş möwsümine taýýarlyk bilen bagly meselelere garalyp geçildi. Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M
Ukrainanyň ilçisi Türkmenistandaky diplomatik işini tamamlady
01.05.2025 23:35
8.5k+

Ukrainanyň ilçisi Türkmenistandaky diplomatik işini tamamlady

30-njy aprelde Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow ýurdumyzdaky diplomatik işini tamamlaýan Ukrainanyň ilçisi Wiktor Maýko bilen duşuşdy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň metbugat gullugy habar berýär
Raşid Meredow Somaliniň Türkmenistandaky ilçisi bilen duşuşdy
01.05.2025 23:28
2.1k+

Raşid Meredow Somaliniň Türkmenistandaky ilçisi bilen duşuşdy

30-njy aprelde Aşgabatda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Somali Federal Respublikasynyň ýurdumyzdaky ilçisi Fathudin Ali Muhammediň arasynda duşuşyk geçirildi. Ilçi diplomatik işini Ankara şäherinde oturýan ýerinden alyp barýar
Toyota Türkmenistanyň çäginde sowadyş ulgamlaryny mugt barlamak boýunça aksiýa başlatdy
01.05.2025 20:57
23k+

Toyota Türkmenistanyň çäginde sowadyş ulgamlaryny mugt barlamak boýunça aksiýa başlatdy

Toyota Central Asia FZE resmi distribýutory «Garagum Ulag» HJ we «Beýik Ýüpek Ýoly» HK resmi diler merkezleri bilen hyzmatdaşlykda 2014–2025-nji ýyllar aralygynda öndürilen Toyota we Lexus kysymly awtoulaglaryň esasy sowadyş ulgamlarynyň mugt barlagyny geçirmek boýunça aksiýanyň başlanandygyny habar berdi
Dynç günleri Aşgabatda nirä gitmeli? Sirkemi ýa-da kino?
01.05.2025 14:01
4.7k+

Dynç günleri Aşgabatda nirä gitmeli? Sirkemi ýa-da kino?

Türkmenistanyň Döwlet sirki Türkmenistanyň Döwlet sirki hem teatr-sirk şüweleňini hödürleýär. 4-nji maýda tomaşaçylara halkara sirk festiwallarynyň alty gezek ýeňijisi bolan “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň, şeýle-de,  “Türkmen jigitleri” toparynyň zehinli artistleriniň çykyşlary garaşýar
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Germaniýanyň Federal Prezidenti bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy
30.04.2025 23:38
9.3k+

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Germaniýanyň Federal Prezidenti bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy

Şu gün, 30-njy aprelde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Federal Prezidenti Frank-Walter Ştaýnmaýer bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi
“Bagt şäher” jaý satyn almak-satmakdan başlap, abatlaýyş işleri boýunça hyzmatlary hödürleýär
30.04.2025 15:39
12k+

“Bagt şäher” jaý satyn almak-satmakdan başlap, abatlaýyş işleri boýunça hyzmatlary hödürleýär

"Bagt şäher" gozgalmaýan emläk agentligi diňe bir jaý satyn almaga ýa-da satmaga däl, eýsem müşderiniň islegine görä jaý tapmakdan başlap, dizaýn we abatlaýyṣ işleri boýunça hyzmatlary hem hödürleýär. Jaý satyn almak, satmak, kärendesine bermek işleri hemişe wagty hem ýörite tagallalary talap edýär
“Greenhill”: Türkmen kompaniýasy ýokary görkezijili çalgy ýaglaryny öndürip başlady
30.04.2025 11:39
5.9k+

“Greenhill”: Türkmen kompaniýasy ýokary görkezijili çalgy ýaglaryny öndürip başlady

Türkmenistanda ýakynda täze nesil SP çalgy ýaglaryny öndürýän kärhana işläp başlady. Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynda ýerleşýän "Täze senagat" açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti bu ugurda ilkinji önümçilik işlerine girişdi
Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäheriniň medeni-durmuş maksatly desgalarynyň şekil taslamalary bilen tanyşdy
30.04.2025 10:44
6k+

Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäheriniň medeni-durmuş maksatly desgalarynyň şekil taslamalary bilen tanyşdy

29-njy aprelde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda bina edilýän medeni-durmuş maksatly desgalaryň şekil taslamalary we olaryň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary bilen tanyşdy
Gurbanguly Berdimuhamedow Monakonyň Parahatçylyk we sport guramasynyň prezidenti bilen duşuşdy
30.04.2025 10:18
3.3k+

Gurbanguly Berdimuhamedow Monakonyň Parahatçylyk we sport guramasynyň prezidenti bilen duşuşdy

29-njy aprеlde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Monakonyň Şazadasynyň geňeşçisi, Parahatçylyk we sport guramasynyň prezidenti we esaslandyryjysy Žoel Buzu bilen duşuşdy diýip, TDH habar berýär
Serdar Berdimuhamedow BMG-niň Baş sekretaryny doglan güni bilen gutlady
30.04.2025 10:02
3.1k+

Serdar Berdimuhamedow BMG-niň Baş sekretaryny doglan güni bilen gutlady

Prezident Serdar Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterrişe doglan güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi. Döwlet Baştutany şu ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterrişe tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, egsilmez güýç-kuwwat, alyp barýan işinde uly üstünlikleri arzuw etdi
Bişkekde ulag-üstaşyr geçirmek we logistika meseleleri boýunça türkmen-gyrgyz bilelikdäki toparynyň ilkinji mejlisi geçirilýär
29.04.2025 23:59
3k+

Bişkekde ulag-üstaşyr geçirmek we logistika meseleleri boýunça türkmen-gyrgyz bilelikdäki toparynyň ilkinji mejlisi geçirilýär

Türkmenistanyň wekiliýeti 28-30-njy aprelde Bişkek şäherinde geçirilýän Ulag, üstaşyr geçirmek we logistika meseleleri boýunça türkmen-gyrgyz bilelikdäki toparynyň ilkinji mejlisine gatnaşýar. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň metbugat gullugy habar berýär
Raşid Meredow Monakonyň Şazadasynyň geňeşçisi bilen sport başlangyçlaryny maslahatlaşdy
29.04.2025 23:45
2.2k+

Raşid Meredow Monakonyň Şazadasynyň geňeşçisi bilen sport başlangyçlaryny maslahatlaşdy

28-nji aprelde Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Monakonyň Şazadasynyň geňeşçisi, Parahatçylyk we sport guramasynyň prezidenti we esaslandyryjysy Žoel Buzu bilen duşuşdy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-nde habar berdiler
Türkmenistanda Kolumbiýanyň täze bellenen ilçisi işe girişdi
29.04.2025 14:23
4.6k+

Türkmenistanda Kolumbiýanyň täze bellenen ilçisi işe girişdi

28-nji aprelde Prezident Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa Kolumbiýanyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ektor Isidro Arenas Neýradan ynanç hatyny kabul etdi
Serdar Berdimuhamedow welaýatlaryň häkimleri bilen nobatdaky iş maslahatyny geçirdi
29.04.2025 13:37
8.7k+

Serdar Berdimuhamedow welaýatlaryň häkimleri bilen nobatdaky iş maslahatyny geçirdi

28-nji aprelde Prezident Serdar Berdimuhamedow wise-premýer T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy diýip, TDH habar berýär
Türkmenistan Almatyda “Merkezi Aziýa – Hytaý” formatynyň daşary işler ministrleriniň duşuşygyna gatnaşdy
29.04.2025 11:27
3.8k+

Türkmenistan Almatyda “Merkezi Aziýa – Hytaý” formatynyň daşary işler ministrleriniň duşuşygyna gatnaşdy

25-26-njy aprelde Almaty şäherinde geçirilen “Merkezi Aziýa – Hytaý” formatynyň Daşary işler ministrleriniň altynjy duşuşygy geçirildi. Duşuşykda türkmen tarapyna Türkmenistanyň Hytaýdaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi P
Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Pakistan bilen täze başlangyçlary goldamaga taýýardygyny tassyklady
29.04.2025 11:14
5.1k+

Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Pakistan bilen täze başlangyçlary goldamaga taýýardygyny tassyklady

28-nji aprelde Prezident Serdar Berdimuhamedow Pakistan Yslam Respublikasynyň meýilleşdiriş, ösüş we ýörite başlangyçlar boýunça federal ministri Ahsan Ikbaly kabul etdi. Ol Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň durnukly ösüş boýunça ministrler derejesindäki birinji forumyna gatnaşmak üçin ýurdumyza geldi diýip, TDH habar berýär
Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistanyň Premýer-ministriniň orunbasary bilen duşuşdy
29.04.2025 11:11
3.8k+

Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistanyň Premýer-ministriniň orunbasary bilen duşuşdy

28-nji aprelde Prezident Serdar Berdimuhamedow Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň durnukly ösüş boýunça ministrler derejesindäki birinji forumyna gatnaşmak maksady bilen ýurdumyza gelen Özbegistan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary Açilbaý Ramatowy kabul etdi diýip, TDH habar berýär
Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.