Saýlanan şäher
26 iýul 2026
Türkmen
Ulgama girmek
Awtoulaglar
Spestehnika
Awtoşaýlar
Beýleki Bildirişler
Biznes Hasaplar
Habarlar
Ulgama girmek
Baş sahypa
Awtoulaglar
Awtoşaýlar
Beýleki Bildirişler
Biznes Hasaplar
Habarlar
Garaňky tema
Dil
Meniň profilim
Ýerli
Baş sahypa
/
Habarlar
/
Ýerli
14.02.2026 09:23
7.5k+
«Altyn asyr» teleradioýaýlymynyň başlygy pensiýa gitmegi sebäpli wezipesinden boşadyldy
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow O.Hojanazarowy pensiýa gitmegi sebäpli, Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň «Altyn asyr: Türkmenistan» teleradioýaýlymynyň başlygy wezipesinden boşatdy
14.02.2026 09:00
7.8k+
Daşky gurşawy goramak ministri wezipesinden boşadyldy
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow anna güni geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda Çarygeldi Gurbangeldiýewiç Babanyýazowy daşky gurşawy goramak ministri wezipesinden boşatdy. Babanyýazow bu wezipäni 2023-nji ýylyň iýul aýyndan bäri ýerine ýetirýärdi
14.02.2026 08:41
23k+
Hökümet Başlygynyň orunbasary wezipesinde Mämmethan Çakyýewiň ýerine Batyr Annaýew bellenildi
Anna güni geçirilen Hökümet mejlisinde Prezident Serdar Berdimuhamedow Mämmethan Berdimyradowiç Çakyýewi Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary wezipesinden boşadyp, degişli resminamalara gol çekdi
14.02.2026 07:31
15k+
Ylym, bilim, sport we saglygy goraýyş toplumyna täze wise-premýer bellenildi
Baýramgül Orazdurdyýewa Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ylym, bilim, saglygy goraýyş we sport, ýaşlar we jemgyýetçilik toplumyna jogap berýän orunbasary wezipesinden boşadyldy. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gelen bu karary barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi
14.02.2026 07:09
12k+
Türkmenistanyň Prezidentiniň nebitgaz meseleleri boýunça geňeşçisi wezipesinden boşadyldy
Aşyrguly Begliýew pensiýa gitmegi sebäpli, Türkmenistanyň Prezidentiniň nebitgaz meseleleri boýunça geňeşçisi wezipesinden boşadyldy. Bu barada Prezident Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisiniň dowamynda yglan etdi, diýip, «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi
14.02.2026 06:38
13k+
Türkmenistanyň nebitgaz pudagyna gözegçilik edýän täze wise-premýer bellenildi
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň nebitgaz toplumy boýunça orunbasary Batyr Amangeldiýewiç Amanowy wezipesinden boşatdy. Döwlet Baştutany bu çözgüdi Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisiniň dowamynda yglan etdi diýip, «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi
14.02.2026 06:06
13k+
2025-nji ýylyň jemleri boýunça Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi geçirildi
13-nji fewralda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. «Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, mejlisiň dowamynda 2025-nji ýylda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi we 2026-njy ýylda ileri tutuljak wezipeler kesgitlenildi
13.02.2026 23:10
6.9k+
Gury ýerdäki ilkinji ot iýýän jandar: 307 million ýyllyk Tyrannoroter tapyldy
Paleontologlar ösümlikler bilen iýmitlenmegi başaran iň irki oňurgaly jandarlaryň birine degişli 307 million ýyllyk galyndylary ylmy esasda suratlandyrdylar. Bu möhüm gözleg Nature Ecology & Evolution žurnalynda çap edildi
13.02.2026 18:26
35k+
2026-njy ýylda Oraza aýynda Aşgabatda we welaýatlarda agyz beklenýän we agzaçar wagtlary
2026-njy ýylyň 17-nji fewralynda Günüň ýaşmagy bilen sahawatyň, halallygyň we haýyrly işleriň aýy bolan mukaddes Oraza aýy başlanýar. Türkmenistanda şu ýyl Orazanyň ilkinji güni 18-nji fewrala, soňky güni bolsa — 19-njy marta gabat gelýär
13.02.2026 17:49
1.7k+
Oguz han adyndaky TITU-da geçirilen forum türkmen-awstriýa ylmy barlaglarynyň netijelerini görkezdi
Oguz han adyndaky Türkmenistanyň Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde «Ylymda halkara hyzmatdaşlygy — ählumumy ösüşiň möhüm şerti» atly ylmy-amaly onlaýn maslahat geçirildi. Forum türkmen ýokary okuw mekdebi bilen Graz tehniki uniwersitetiniň (Awstriýa) Elektronika institutynyň arasyndaky özara düşünişmek hakyndaky Ähtnamanyň esasynda daşary ýurtly hyzmatdaş uniwersitetler bilen bilelikde guraldy
13.02.2026 17:45
1.5k+
iDOGI kompaniýasynyň italýan binagärleri TDBGI-niň talyplary üçin leksiýa geçirdi
Aşgabatda geçirilýän Italýan dizaýnynyň günleriniň çäginde «iDOGI» kompaniýasynyň wise-prezidenti Silwiýa Formenti we binagär Serjio Ferrandi Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutyna (TDGI) bardy. Bu barada institutyň resmi saýtynda habar berilýär
13.02.2026 16:13
2.8k+
Balkan welaýatynda «Ýylyň zenany» döredijilik bäsleşiginiň welaýat tapgyry geçirildi
Balkan welaýatynda «Ýylyň zenany» atly bäsleşigiň welaýat tapgyry geçirildi. Bu çäre «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly mynasybetli hem-de Halkara zenanlar gününiň öňüsyrasynda Balkanabat şäherindäki «Bagt köşgi» toý dabaralary merkezinde guraldy
13.02.2026 15:35
2.9k+
Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Şweýsariýanyň ilçisi bilen duşuşdy
12-nji fewralda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa Şweýsariýa Konfederasiýasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi (ýerleşýän ýeri Baku şäherinde) Tomas Şteli bilen duşuşyk geçirdi
13.02.2026 15:34
4.8k+
Marrakeşde Türkmenistanyň gatnaşmagynda Çaga zähmetini aradan aýyrmak boýunça maslahat geçirilýär
Türkmenistanyň wekiliýeti 2026-njy ýylyň 11-13-nji fewraly aralygynda Marokko Patyşalygynyň Hökümetiniň we Halkara Zähmet Guramasynyň (HZG) guramagynda geçirilýän Çaga zähmetini aradan aýyrmak boýunça altynjy bütindünýä maslahatyna gatnaşýar
13.02.2026 15:31
5k+
Raşid Meredow we Sergeý Lawrow telefon arkaly bilelikdäki çäreleriň tertibini ylalaşdy
12-nji fewralda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Russiýa Federasiýasynyň daşary işler ministri Sergeý Lawrowyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Bu barada Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň metbugat gullugy habar berdi
13.02.2026 14:47
8.5k+
ÝB ýewronyň ornuny güýçlendirmek we dollary gysyp çykarmak meýilnamasyny taýýarlaýar
Ýewropa zolagyna girýän ýurtlaryň maliýe ministrleri halkara hasaplaşyklarynda we bergi borçnamalaryny çykarmakda ýewronyň ornuny giňeltmek boýunça strategiýalary öwrener. Bloomberg agentliginiň habar bermegine görä, Ýewropa Bileleşigi ABŞ we Hytaý bilen bäsdeşligiň ýitileşýän şertlerinde maliýe özbaşdaklygyny berkitmäge we dollara bolan garaşlylygy azaltmaga çalyşýar
13.02.2026 14:10
2.5k+
Tahyr Ataýewiň orkestri 26-27-nji fewralda «Mult-konsertini» geçirer
26-27-nji fewralda dirižýor Tahyr Ataýewiň ýolbaşçylygyndaky orkestr «Mult-konsertini» geçirer. Sazly çäre Magtymguly adyndaky Milli sazly drama teatrynyň sahnasynda bolar. Guramaçylar Disney we Pixar studiýalarynyň häzirkizaman meşhur multfilmlerini Netflix-iň meşhur seriallarynyň sazlary bilen utgaşdyrýan täsirli programmany taýýarlady: Tropiki joşgun: «Moana» multfilmdäki adalaryň owazlary
12.02.2026 18:54
1.5k+
Türkmenistanyň ilçisi ýapon hyzmatdaşlary bilen ylmy-tehnologik gatnaşyklary maslahatlaşdy
2026-njy ýylyň 9-njy fewralynda Ýaponiýada Türkmenistanyň ilçisi A. Baýramowyň Türkmen-ýapon ylmy-tehnologik assosiasiýasynyň prezidenti H. Koýnuma we bu assosiasiýa bilen hyzmatdaşlyk edýän ýapon kompaniýalarynyň wekilleri bilen duşuşygy boldy
12.02.2026 18:53
2k+
Buharestde Türkmenistanyň ilçisiniň Rumyniýanyň DIM-niň Döwlet sekretary bilen duşuşygy boldy
2026-njy ýylyň 11-nji fewralynda Rumyniýanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Rumyniýadaky ilçisi A. Annaýewiň Rumyniýanyň DIM-niň Döwlet sekretary Anna Tinka bilen duşuşygy geçirildi. Söhbetdeşler türkmen-rumyn gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýyny we ösüş mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdy
12.02.2026 15:05
2.2k+
Türkmenistanyň wekilleri germaniýaly işewürler bilen hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi
11-nji fewralda Berline saparynyň dowamynda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow Germaniýanyň we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň daşary işler ministrleriniň germaniýaly işewürler jemgyýetiniň wekilleri bilen geçirilen bilelikdäki duşuşygyna gatnaşdy
12.02.2026 15:04
4.2k+
Türkmen wekiliýeti Berlinde «MA – Germaniýa» görnüşindäki duşuşyga gatnaşdy
2026-njy ýylyň 11-nji fewralynda Berlinde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň Germaniýanyň Federal daşary işler ministri bilen giň gerimli duşuşygy geçirildi. Gepleşiklerde türkmen tarapyna daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow wekilçilik etdi
12.02.2026 14:08
3.5k+
Ankarada «Kompozitor» atly türkmen filmi görkeziler
17-nji fewralda Ankaranyň Ýaşar Kemal adyndaky medeniýet merkeziniň «İnce Memed» zalynda Oguzhan adyndaky «Türkmenfilm» birleşigi tarapyndan düşürilen «Kompozitor» filminiň görkezilişi bolar. Bu çäre Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky ilçihanasy tarapyndan Türki medeniýetiň halkara guramasy (TÜRKSOÝ) bilen bilelikde guralýar
12.02.2026 13:27
10k+
Batyr Çaryýew Stambulda türki dünýäsiniň iň gowy aktýory diýlip ykrar edildi
Stambul şäherinde türki dünýäsiniň teatr sungatyny ösdürmäge goşan goşantlary üçin sungat işgärlerini sylaglamak dabarasy geçirildi. Çäre Türki medeniýetiň halkara guramasy (TÜRKSOÝ) we Anadolu gazeti tarapyndan bilelikde guraldy
12.02.2026 12:16
2.9k+
Türkmenistanda informatika boýunça mekdep olimpiadasynyň ýeňijileri yglan edildi
S.A. Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti Bilim ministrliginiň goldawy bilen 11-nji we 12-nji synp okuwçylarynyň arasynda informatika boýunça geçirilen döwlet olimpiadasynyň netijelerini mälim etdi
12.02.2026 12:10
2.2k+
BMGÖM we Türkmenistan batgalyk-suwly ýerlere sanly gözegçiligi maslahatlaşdy
BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň (BMGÖM) Türkmenistandaky wekilhanasy Daşky gurşawy goramak ministrligi we Durnukly ösüş boýunça döwletara komissiýasynyň Ylmy-maglumat merkezi bilen bilelikde Bütindünýä batgalyk-suwly ýerleriň güni mynasybetli tegelek stol maslahatyny geçirdi
12.02.2026 08:44
12k+
Türkmenabatda 1-nji sentýabrda mugallymçylyk institutynyň täze okuw toplumy açylar
Türkmenabat şäherinde Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň täze binalar toplumynyň gurluşygy tamamlanýar. Desgany täze okuw täze ýylynyň başyna — sentýabr aýynda ulanmaga bermek meýilleşdirilýär
12.02.2026 08:40
6k+
Türkmenistanyň ilçisi Tailandyň Patyşasyna ynanç hatlaryny gowşurdy
10-njy fewralda Bangkok şäherinde Tailand Patyşasynyň Köşgünde (Amphorn Royal Palace) Türkmenistanyň Tailand Patyşalygyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi (oturýan ýeri Kuala-Lumpur şäheri) M. Maşalow Tailandyň Patyşasy Maha Wajiralongkorna ynanç hatlaryny gowşurdy
11.02.2026 21:04
27k+
«Al-Nasr» bir gol tapawut bilen «Arkadag» futbol toparyndan üstün çykdy
AFK-nyň Çempionlar ligasy-2-niň 1/8 finaly tapgyrynyň çäginde geçirilen duşuşykda Türkmenistanyň çempiony «Arkadag» futbol topary Aşgabatda Saud Arabystanynyň «Al-Nasr» klubuny kabul etdi. Paýtagtyň Olimpiýa stadionynda geçirilen oýun 0:1 hasabynda myhmanlaryň ýeňşi bilen tamamlandy
11.02.2026 15:11
4.1k+
Türkmenistanyň ýaş robot tehnikaçylary Dubaýda geçiriljek IWISE Global Final bäsleşigine gatnaşar
2026-njy ýylyň 14-16-njy fewraly aralygynda Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde IWISE (International World Innovative Student Exhibition) halkara bäsleşiginiň final tapgyry geçiriler. Bu abraýly oýlap tapyşlar bäsleşigine Türkmenistandan zehinli mekdep okuwçylarynyň 12-si gatnaşar
11.02.2026 13:11
1.4k+
Türkmenistanyň DIM-inde BSGG-niň wekili bilen wideoaragatnaşyk arkaly duşuşyk geçirildi
2026-njy ýylyň 10-njy fewralynda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa BSGG-niň Aşgabatdaky Ýurt boýunça edarasynyň ýolbaşçysy Ýegor Zaýsew we Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty ministriniň orunbasary Azat Öwezow bilen wideoaragatnaşyk arkaly duşuşyk geçirdi
11.02.2026 13:09
9k+
Türkmenistanyň Baş konsuly Owganystanyň Balh welaýatynyň häkimi bilen duşuşdy
2026-njy ýylyň 9-njy fewralynda Türkmenistanyň Owganystandaky Baş konsuly B. Kabaýew (Mazary-Şarif şäheri) Owganystanyň Balh welaýatynyň häkimi Mohammad Ýusuf Wafa bilen duşuşdy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň metbugat gullugy habar berdi
11.02.2026 12:45
3.3k+
Dmitriý Şlapaçenko we Narine Saakýan Türkmenistanyň ýubileý medallary bilen sylaglandy
10-njy fewralda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde ýurduň Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli döwlet sylaglaryny gowşurmak dabarasy boldy. Halkara guramalarynyň wekillerine «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medaly gowşuryldy
11.02.2026 11:54
26k+
«Al-Nasr» Aşgabada geldi: Ronaldu we beýleki ýyldyzlar düzümde ýok
Saud Arabystanynyň «Al-Nasr» futbol kluby sişenbe güni agşam Aşgabada geldi we dabaraly garşy alyndy. Çarşenbe güni saud kluby AFK-nyň Çempionlar ligasy-2-niň 1/8 finalynyň ilkinji duşuşygynda «Arkadag» toparyna garşy meýdança çykar
11.02.2026 11:52
5.6k+
Serdar Berdimuhamedow Eýrany milli baýramy bilen gutlady
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Masud Pezeşkiana we ýurduň halkyna milli baýram — Ynkylap güni mynasybetli gutlag hatyny ýollady. Bu barada TDH habar berýär
11.02.2026 11:51
3.1k+
Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýe Respublikasynyň söwda ministrini kabul etdi
Prezident Serdar Berdimuhamedow ýurda sapar bilen gelen Türkiýe Respublikasynyň söwda ministri Ömer Bolaty kabul etdi. Duşuşygyň başynda myhman Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň Türkmenistanyň Prezidentine we Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi diýip, TDH habar berýär
10.02.2026 22:04
59k+
Henizem giç däl: TMBIZ mega ýaryş yglan edip, her kimi baýrak almaga çagyrýar
Türkmenistanda TikTok we Instagram ýaly platformalaryň bäsdeşi bolan TMBIZ-de Mega ýaryş güýçli depginde dowam edýär. Bu barada biz ozal hem habar beripdik. Ýöne ýaryşa gatnaşmak henizem giç däl. Oňa gatnaşmak üçin platformany öz ykjam telefonuňyza ýükläp alyň
10.02.2026 20:23
16k+
«Arkadag» — «Al-Nasr» duşuşygyna bahreýnli eminler bellenildi
AFK-nyň Çempionlar ligasy-2 bäsleşiginiň 1/8 final tapgyrynyň çäginde Türkmenistanyň çempiony «Arkadag» bilen Saud Arabystanynyň «Al-Nasr» klublarynyň arasynda geçiriljek duşuşyga Bahreýnli eminler topary bellenildi
10.02.2026 19:43
13k+
TMCell Töleg ýakynlaryňyzyň balansyna gözegçilik etmek we tiz töleg hyzmatyny hödürleýär
Telefon belgileriniň balansyny doldurmak we dürli hyzmatlar üçin tölegleri amala aşyrmak üçin niýetlenen TMCell Töleg ykjam goşundysynda täze mümkinçilikler peýda boldy. Indi ulanyjylar diňe bir öz belgileriniň däl, eýsem ýakynlarynyň hem hasabynda näçe pul galandygyny görüp bilerler
10.02.2026 17:52
3.1k+
Türkmenistanyň Tailand Patyşalygyndaky Ilçisi ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy
2026-njy ýylyň 9-njy fewralynda Türkmenistanyň Tailand Patyşalygyndaky Ilçisi (oturýan ýeri Kuala-Lumpur şäheri) M.Maşalow Tailandyň Daşary işler ministrliginiň Protokol departamentiniň başlygy Çakkrid Kraçaýwong bilen duşuşdy we ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy
10.02.2026 10:47
2.5k+
Aşgabatda Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisi açyldy
Aşgabatda Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisi öz işine başlady diýip, TDH döwlet habarlar agentligi habar berýär. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sergä gatnaşyjylara we myhmanlara Gutlag hatyny ýollady
«
1
…
10
11
12
…
160
»
«
1
…
7
8
9
10
11
12
13
14
15
…
160
»
Copyright © 2026
TMCARS News
. All rights reserved.