Türkmenistanyň ýaş robot tehnikaçylary Dubaýda geçiriljek IWISE Global Final bäsleşigine gatnaşar

11.02.2026, 15:114,126
1 / 3

2026-njy ýylyň 14-16-njy fewraly aralygynda Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde IWISE (International World Innovative Student Exhibition) halkara bäsleşiginiň final tapgyry geçiriler. Bu abraýly oýlap tapyşlar bäsleşigine Türkmenistandan zehinli mekdep okuwçylarynyň 12-si gatnaşar.
Beýik Britaniýanyň London şäherinde ýerleşýän IWISE guramasy tarapyndan guralýan bu çäre dünýäniň müňlerçe zehinli ýaşlaryny robot tehnikasy, STEAM we programmirleme ýaly döwrebap ugurlar boýunça bir ýere jemleýär. Türkmen okuwçylary 2025-nji ýylyň noýabrynda geçirilen onlaýn tapgyrda Robot Maze, Line Follower we Mini Sumo ugurlary boýunça altyn, kümüş hem-de bürünç medallary eýeläp, Dubaýdaky finala gatnaşmaga hukuk gazandy.
Halkara ýaryşda ýurduň adyndan aşakdaky okuwçylar çykyş eder:

  • Arkadag şäherindäki ýöriteleşdirilen 3-nji orta mekdepden: Rahman Garrygulow we Ebubekir Berdiýew;
  • Aşgabat şäheriniň dil derslerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 97-nji orta mekdebinden: Aýsenem Akmyradowa, Abdyljelil Patyşagulyýew we Gurbanmuhammet Magtymgulyýew;
  • Aşgabat şäherindäki 7-nji orta mekdepden: Saranur Annaýewa, Abdullah Annaýew we Selim Begmyradow;
  • Aşgabat şäherindäki takyk we iňlis dili derslerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 6-njy orta mekdepden: Muhammedkasym Annaýew we Muhammedulemin Annaýew;
  • Aşgabat şäheriniň dil derslerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 87-nji orta mekdebiniň okuwçysy Bilalkerem Berdiýew hem-de 12-nji orta mekdebiň okuwçysy Polat Saparow.

Arkadag şäheriniň 1-nji ýöriteleşdirilen okuw-terbiýeçilik toplumynyň hem-de “Kämil bilim” okuw merkeziniň bu zehinli agzalaryna mugallymlar Myrat Sähetgulyýew we Halil Kowusow ýolbaşçylyk eder.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.