Ylym, bilim, sport we saglygy goraýyş toplumyna täze wise-premýer bellenildi

14.02.2026, 07:3115,662
1 / 2

Baýramgül Orazdurdyýewa Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ylym, bilim, saglygy goraýyş we sport, ýaşlar we jemgyýetçilik toplumyna jogap berýän orunbasary wezipesinden boşadyldy. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gelen bu karary barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.
Wise-premýer wezipesine Batyr Meretdurdyýewiç Mämmedow bellenildi we ol Türkmen döwlet binagärlik we gurluşyk institutynyň rektory wezipesinden boşadyldy.
Baýramgül Orazdurdyýewa Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary wezipesini 2024-nji ýylyň iýul aýyndan bäri ýerine ýetirýärdi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.