Saýlanan şäher
26 iýul 2026
Türkmen
Ulgama girmek
Awtoulaglar
Spestehnika
Awtoşaýlar
Beýleki Bildirişler
Biznes Hasaplar
Habarlar
Ulgama girmek
Baş sahypa
Awtoulaglar
Awtoşaýlar
Beýleki Bildirişler
Biznes Hasaplar
Habarlar
Garaňky tema
Dil
Meniň profilim
Ylym we tehnika
Baş sahypa
/
Habarlar
/
Ylym we tehnika
23.06.2025 16:12
2.8k+
Meta we Oakley türgenler üçin akylly äýnek çykardy: terjime we jaň funksiýasy bilen
Meta sport optikasyny öndüriji Oakley bilen hyzmatdaşlykda HSTN akylly äýnegini anons etdi. Öňki Meta Ray-Ban modeli ýaly täze äýnek hem frontal kamera, äýnek çarçuwasyna oturdylan dinamikler we mikrofonlar bilen üpjün edildi
23.06.2025 16:10
5.9k+
Hytaý inženerleri ilkinji gezek habary buzuň içinde kodlamagy başardy
Pekiniň politehniki institutynyň inženerleri Aziýanyň we Ýewropanyň beýleki uniwersitetlerinden kärdeşleri bilen bilelikde maglumatlary saklamagyň we ibermegiň usulyny oýlap tapdy. Olara howa köpürjiklerini ulanyp, buzuň içinde maglumat ýazmak başartdy
23.06.2025 13:30
12k+
10 müň ýyllyk ýalňyşlyk düzedildi. Adamlar Demirgazyk Amerika ozal pikir edilişinden has ir göçüp barypdyrlar
Arizona uniwersitetiniň alymlary ilkinji adamlaryň Demirgazyk Amerikada, takmynan, 23 müň ýyl ozal, ýagny ylmy jemgyýetiň pikir edişinden takmynan 10 müň ýyl öň peýda bolandygyny subut etdiler diýip, BBC ýazýar
23.06.2025 12:49
3.9k+
ChatGPT-ä baglylyk beýniniň işjeňligini we döredijilik ukybyny peseldýär - barlaglar
Massaçusets tehnologiýa institutynyň (MIT) alymlary tekstler bilen işleşende ChatGPT - ä aşa bil baglamagyň öwreniş ukybyňy we tankydy pikirlenmäňi peseldip biljekdigini anykladylar. Bu barada täze barlaga salgylanýan Time žurnaly habar berýär
23.06.2025 12:36
3k+
Russiýada ýadawlygy gözüňden aňyp bilýän neýroulgam işlenip düzüldi
Russiýanyň Ylymlar akademiýasynyň Sankt-Peterburg federal barlag merkeziniň (SPb FIS RAN) we Sankt-Peterburg döwlet uniwersitetiniň alymlary neýroulgama gözüň hereketlerinden adamyň ýadawlygyny tanamagy öwretdiler
22.06.2025 18:13
4k+
Barlag: Aý tozanyndan dem almak ozal pikir edilişi ýaly howply däl
Kosmiki lukmançylyk merkezi bilen beýleki institutlaryň alymlary regolitiň, ýagny Aý tozanynyň potensial zäherliligini barlamak üçin laboratoriýa barlaglaryny geçirdiler. Ýerdäki tozandan tapawutlylykda, Aýdaky tozan bölejikleri has ýiti we eroziýa sezewar bolmansoň, olardan dem almak ozal has howply hasap edilýärdi
22.06.2025 18:11
4.7k+
Ajaýyp, arman peýdasyz: tehnohöwesjeň Nintendo Switch-i iň haýal iPhone-a öwürdi
PatRyk lakamly tehnologiýa höwesjeňi Nintendo Switch oýun konsolynda iOS mobil operasion ulgamyny işe girizmegi başardy. Taslama synag maksatly geçirildi – ulgam, takmynan, 20 minutda ýüklenýär we ähli goşundylar dessine ýalňyşlyk ýüze çykyp ýapylýar diýip, «Tom’s Hardware» neşiri ýazýar
22.06.2025 18:05
3.9k+
NASA «Resilience» enjamynyň Aýa baryp urulmagynyň netijelerini görkezdi
11-nji iýunda NASA-nyň Aýyň orbitasyndaky Lunar Reconnaissance Orbiter (LRO) atly enjamy Sowuk deňiz (Mare Frigoris) sebitini surata düşürdi. Bu ýere 5-nji iýunda ispace Mission 2 SMBC x HAKUTO-R Venture Moon atly («Resilience») Aý moduly baryp urlupdy
22.06.2025 11:36
2.4k+
Falcon 9 bir ýylda orbita global peýdaly ýüküň 85%-ini çykardy
SpaceX kosmos uçuşlary boýunça öňdebaryjylygyny saklamagy dowam etdirýär. Internet torunda hödürlenen infografika Falcon 9 raketasynyň orbita çykarylan peýdaly ýükleriň göwrümi boýunça beýleki – döwlet we hususy raketa göterijilerinden näderejede öňe geçýändigini görkezdi
21.06.2025 17:25
5.1k+
DNK-ny dikeldýän we beýniniň garramagyny haýalladýan belok açyldy
Makkuori uniwersitetiniň barlagçylary PDI belogynyň beýni öýjükleriniň ýadrolaryna aralaşyp, zeper ýeten DNK-ny bejerip biljekdigini ýüze çykardylar. Bu açyş Alsgeýmer we Parkinson ýaly newrodegeneratiw kesellere garşy göreşde kömek edip biler
21.06.2025 17:21
9k+
Hytaýyň magnitli otlusynyň nusgasy täze tizlik rekordyny goýdy
Hytaý magnit lewitasiýaly otlynyň (maglew) prototipiniň tizligini bary-ýogy ýedi sekuntda sagatda 650 kilometre ýetirdi. Bu üstünlik Hubeý prowinsiýasynda gurlan täze 1000 metrlik ýokary tizlikli synag ýolunda gazanyldy diýip, «CGTN» habar berýär
21.06.2025 17:17
1.9k+
Midjourney emeli aň guraly wideo döretmäge niýetlenen ilkinji modelini hödürledi
Emeli aň tehnologiýalary boýunça öňdebaryjy kompaniýalaryň biri bolan Midjourney wideo döretmek üçin ilkinji V1 modeliniň işe girizilendigini habar berdi. V1 modeli ulanyjy tarapyndan döredilen ýa-da ýüklenen islendik suraty gysga wideorolige öwürmäge ukyplydyr
21.06.2025 16:37
2.3k+
Smartfonlar, sagatlar we ýüzükler NFC-iň kömegi bilen töleg terminallarynyň ornuny tutup bilerler
NFC spesifikasiýasynyň täze wersiýasy - Release 15 çykdy. Ol Near Field Communication tehnologiýasynyň diapazonynyň 5 mm-den 2 sm-e çenli dört esse artmagyny üpjün edýär. Bu, esasanam, akylly sagatlar we ýüzükler bolan ýagdaýynda enjamlaryň arasynda has çalt, durnukly birikmäge mümkinçilik berer
20.06.2025 19:15
4k+
Ýaponiýanyň ilçisi Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky HNGU baryp gördi we "Nippon” gaznasynyň kitaplaryny sowgat berdi
17-nji iýunda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde Ýaponiýanyň Türkmenistandaky ilçisi Hiroşi Sasaki bilen duşuşyk geçirildi. Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň metbugat gullugynyň
20.06.2025 19:07
4.2k+
Honda ilkinji gezek Falcon 9-a meňzeş köp gezeklik raketany synagdan geçirdi
Ýaponiýanyň Honda kompaniýasy köp gezeklik raketa göterijisiniň synagyny üstünlikli geçirdi. Synag uçuşy Hokkaýdo prefekturasyndaky Taýki aerokosmos gözlegleri merkeziniň çäginde boldy. Synag wagty raketa 271 metr beýiklige çykdy, soňra bellenilen nokatdan bary-ýogy 37 sm uzaklykda gondy
20.06.2025 18:35
10k+
Eşegiň derisinde sakyrtga garşy täsirli serişde tapyldy
Amherstdäki Massaçusets uniwersitetiniň amerikan alymlary eşekleriň derisiniň ýag mäzleri tarapyndan bölünip çykarylýan (E)-2 oktenal birleşmesiniň sakyrtgalary netijeli kowýandygyny anykladylar. Laboratoriýa synaglarynyň netijesi bu maddanyň täsiriniň pes däldigini, käbir ýagdaýlarda meşhur himiki täsir ediji dietiltoluamiddenem (DEET) has ýokarydygyny görkezdi
20.06.2025 18:35
2.6k+
Ýagtylyk beýnini bejerip, newrodegeneratiw keselleriň ösüşini haýalladyp bilýär
Çernyşewskiý adyndaky Saratow milli barlag döwlet uniwersitetiniň (SDU) alymlary beýniniň bardasynda ýerleşýän meningeal limfa damarlarynyň (MLV) ýagtylyk bilen bejerilip bilinjekdigini subut etdiler. Fotostimulýasiýa toksinleriň çykarylyşyny gowulandyrýar we keselleriň ösüşini haýalladýar diýip, uniwersitetiň metbugat gullugyna salgylanýan TASS ýazýar
20.06.2025 18:29
3.8k+
Gadymy Rimde saýrak guşlar üýtgeşik nygmat däl-de, adaty köçe nahary bolup çykdy
Ispan arheologlary Maýorka adasynda geçirilen gazuw-agtaryş işleri mahalynda gadymy Rimiň garbanyşhanasyny tapdylar. Alymlar galyndy naharlar dökülen çukuryň içindäkileri öwrenip, şäheriň ýönekeý ilatynyň näme iýendigini anykladylar
20.06.2025 18:19
7.3k+
Kanada Arktikasynda 380 million ýyllyk ýyrtyjy balygyň täze görnüşiniň äňleri tapyldy
Amerikaly paleontologlar Kanadanyň Nunawut welaýatynyň Dewon adasynda Giçki Dewon formasiýasynda Onychodontiformes toparyndan bolan gadymy ýyrtyjy balyklaryň täze görnüşiniň tapylandygyny habar berdiler. Galyndylaryň ýaşy, takmynan, 380 million ýyllyk
20.06.2025 18:14
6.9k+
Alymlar tigriň nädip oýlanyp tapylandygyny düşündirdiler
Barlagçylar irki adamlaryň ata-babalarynyň ýerde ýatan agaç pürsleri ulanyp, agyr zatlary ondan-oňa geçirip başlandyklaryny çaklaýarlar. Şeýle-de bolsa, bu usulyň tigriň döremegine nädip sebäp bolandygy düşnüksiz bolmagynda galýardy
20.06.2025 18:09
6k+
Arahnologlar örümçi möýleriň aw awlaýyş usulyna haýran galdylar. Olar zäher bilen däl-de, ýüpek bilen öldürýärler
Barlagçylar topary örümçi möýleriň (Uloborus plumipes) öz awlaryny adaty bolmadyk usul bilen öldürýändigini anykladylar. Olar köp möýleriň edişi ýaly, çakmak arkaly zäher goýbermeýärler, tersine, pidalarynyň daşyny ýüpek bilen torlaýarlar we sapaklaryny agzyndan çykýan zäherli tüýkülige ezýärler diýip Phys
20.06.2025 18:04
2.2k+
ABŞ-da nerw ulgamy bilen baglanyşygy dikeltmäge ukyply diş implanty döredildi
Tafts uniwersitetiniň Stomatologiýa we lukmançylyk mekdebiniň alymlary diňe bir ýitirilen dişleriň ornuny tutman, eýsem sensor duýgurlygy dikeldýän diş implantynyň täze görnüşini döretdiler diýip, New Atlas neşiri ýazýar
20.06.2025 17:12
2.1k+
Apple 2027-nji ýyla çenli sagatlara gandaky şekeriň derejesini ölçemek funksiýasyny goşar
Apple 2027-nji ýyla çenli Apple Watch sagatlaryna ganyň düzümindäki glýukozanyň derejesini ölçemek funksiýasyny goşmagy meýilleşdirýär. Bu barada GF Securities analitigi Jeff Pu salgylanyp, Appleinsider neşiri habar berýär
20.06.2025 17:11
4.5k+
Starship-iň prototipi statiki otlaýyş synagynda partlady
SpaceX kompaniýasynyň agyr göteriji raketasynyň ikinji basgançagy bolan Ship 36 kosmos gämisi statiki otlaýyş synagynyň geçirilýän mahaly partlady. Waka SpaceX-iň synag meýdançasynda oturdylan NasaSpaceFlight wideokamerasy tarapyndan ýazga alyndy
20.06.2025 10:43
4.7k+
Star Union welosipedler üçin sürtülmesiz işleýän magnitli hereketlendiriji döretdi
Star Union kompaniýasy adaty dişleriň deregine magnit ulgamy ornaşdyrylan Magnetic Gear Motor (MGM) atly welosiped hereketlendirijisini hödürledi. Bu tehnologiýa güýji fiziki aragatnaşyk bolmazdan geçirýär diýip, «New Atlas» ýazýar
20.06.2025 10:19
4.9k+
BMG Ýeriň pes orbitasynda näçeräk hemranyň bardygyny habar berdi
Ýeriň ilkinji emeli hemrasy 1957-nji ýylda Sowet Soýuzy tarapyndan uçuryldy. Şondan bäri Ýere ýakyn orbitadaky hemralaryň sany ýylsaýyn artýar. Soňky ýyllarda ösüş depgini ep-esli çaltlaşdy. Bu, ilkinji nobatda, ýokary tizlikli giň zolakly internet üçin hemra ýyldyzlarynyň döredilmegi bilen baglanyşykly
20.06.2025 10:16
4.7k+
Alymlar Günorta ummanda ýaşaýşyň ozal näbelli görnüşlerini tapdylar
Halkara alymlar topary Günorta Atlantikadaky Günorta Sandwiç adalarynyň golaýynda ozal bardygy belli bolmadyk özboluşly ekoulgamy tapdy. Şmidt adyndaky Umman institutynyň Falkor gämisinde Ýeriň iň alys künjündäki adalar zynjyrynyň birine guralan çuň deňiz ekspedisiýasy 35 gün dowam etdi diýip, Science Alert habar berýär
20.06.2025 10:13
3.4k+
Hytaýda rekord täzelenme ýygylygy bolan oýun monitory döredildi
Hytaýly öndüriji HKC dünýäde ilkinji bolup 800 Gs täzelenme ýygylygy bolan oýun monitoryny hödürledi. Kompaniýa miniLED yşyklandyryşy we kwant nokat tehnologiýasy bilen FSA VA matrisasyny ulanypdyr. «ITHome» portalynyň habaryna görä, mundan ozal TN panellerde ýetilen iň ýokary täzelenme ýygylygy 750 Gs, OLED panellerde bolsa 720 Gs-dir
20.06.2025 10:10
8.1k+
Alymlar Ýeriň 2700 km çuňlugynda nämeleriň bolup geçýändigini anykladylar
Alymlar Ýeriň mantiýasy bilen ýadrosynyň araçäginde ýerleşýän, D" gatlagy diýlip atlandyrylýan syrly sebitiň nämedigini düşündirdiler. Bu gatlak, takmynan, 2700 km çuňlukda ýerleşýär. Şol ýerde ýertitremelerden döreýän seýsmiki tolkunlar garaşylmadyk ýagdaýda tizlenip başlaýar
20.06.2025 10:04
2.5k+
2028-nji ýyla çenli Hytaýyň robototehnika bazary iki esse ýokarlanyp biler: $108 mlrd çenli
Morgan Stanley analitikleriniň hasaplamalaryna görä, Hytaýyň robototehnika bazary 2023-nji ýyldaky 47 mlrd dollardan 2028-nji ýyla çenli 108 mlrd dollara çenli ýokarlanar. Ortaça ýyllyk ösüş 23% bolar. Geçen ýyl Hytaý dünýäniň robototehnika bazarynyň eýýäm 40%-ini eýeledi diýip, South China Morning Post habar berýär
19.06.2025 14:04
7.5k+
Gadymy Müsür maşgalalarynda mirasyň geçiş tertibi subut edildi. Uly ogul maşgalabaşy bolupdyr
Leýden uniwersitetinden taryhçy Şteffi wan Gompel tarapyndan geçirilen barlag gadymy Müsürde erk-ygtyýaryň we emlägiň uly ogla miras geçendigini, maşgala ulgamynyň bolsa patriarhal we tire esaslydygyny tassyklady
19.06.2025 14:02
6.6k+
Kosmosda emeli Gün tutulmasynyň ilkinji suraty iberildi
Ýewropa kosmos agentligi Proba-3 missiýasyndan alnan, Ýeriň orbitasynda döredilen emeli Gün tutulmasyny görkezýän ilkinji suraty çap etdi. Proba-3 missiýasy 2024-nji ýylyň dekabrynda başlandy. Onuň maksady – Gün koronasyny, ýagny ýyldyzyň atmosferasynyň daşky we iň yssy gatlagyny öwrenmek
18.06.2025 14:36
16k+
Antarktidanyň buzlarynyň astyndan gelen adaty bolmadyk signallar alymlary geň galdyrdy
Pensilwaniýa uniwersitetinden gözlegçileriň ýolbaşçylygyndaky halkara alymlar topary Antarktidada adaty bolmadyk radiosignallary ýüze çykardy. Bu signallar buz bilen örtülen yklymyň üstündäki howa şarlaryna ornaşdyrylan Antarctic Impulsive Transient Antenna (ANITA) detektory tarapyndan ýazga alyndy
18.06.2025 14:34
5k+
Pluton Gün ulgamy üçin howanyň düýbünden täze görnüşine eýe. Muny bilmäge James Uebb kömek etdi
James Uebb kosmos teleskopy (JWST) astronomlara ýene bir möhüm açyşy etmäge kömek etdi, ýagny ol alymlara Plutonyň adaty bolmadyk howa ulgamyny açmaga mümkinçilik berdi. Gözegçilikler planetanyň üstündäki belentlikdäki dumanyň onuň ekstremal howa şertlerine işjeň täsir edýändigini görkezdi
18.06.2025 14:32
7.5k+
Hytaý ýertitremesiniň alamatlaryny gije-gündizleýin öwrenmek üçin hemra uçurdy
Hytaý ýurduň demirgazyk-günbataryndaky Szýusýuan kosmos merkezinden CSES-2 (China Seismo-Electromagnetic Satellite-2) hemrasyny üstünlikli uçurdy. Apparat orbita Long March 2D (“Beýik ýöriş-2D”) raketasy bilen uçuryldy diýip Space News habar berýär
18.06.2025 14:31
2.7k+
Täzelenen ChatGPT suratlar arkaly gözlemegi we kontekste has gowy düşünmegi öwrendi
OpenAI ChatGPT Search gözleg ulgamyny kämilleşdirdi. Täze wersiýasyna surat gözlegini goşdy, kontekste düşünmegi gowulandyrdy we gaýtalanýan jogaplary azaltmak üçin dowamly söhbetdeşligi ýatda saklamagyny gowulandyrdy
18.06.2025 14:13
4k+
Hytaýyň «Mençžou» atly täze nesil uçarmanly kosmos gämisi synagdan üstünlikli geçdi
Hytaý «Mençžou» («Arzuw gaýygy») atly täze nesil uçarmanly kosmos gämisinde synag uçuşyny üstünlikli amala aşyrdy. Nol beýiklikde geçirilen synag uçuşy geljekki Aý missiýasyna taýýarlygyň möhüm tapgyry boldy diýip, «South China Morning Post» habar berýär
17.06.2025 19:33
8.5k+
Ilon Mask 2027-nji ýyla çenli Halkara kosmos stansiýasyny ýok etmegi teklip etdi
SpaceX kompaniýasynyň ýolbaşçysy Ilon Mask Halkara kosmos stansiýasyny (HKS) mümkin boldugyça tiz orbitadan çykaryp, ummana gaçyrmalydygyny aýtdy. Onuň X sosial torunda paýlaşan ýazgysyny «Daily Mail» neşiri getirýär
17.06.2025 19:30
3.6k+
Italiýa 2026-njy ýylda Sardiniýa adasyndan raketa uçuryp başlar
Italiýanyň OLM kompaniýasy 2026-njy ýylda Sardiniýa adasyndan ýeňil raketalaryň suborbital uçuşlaryna başlamagy meýilleşdirýär. Bu barada European Spaceflight neşiri habar berýär. Uçuş üçin ygtyýarnama 2025-nji ýylyň maý aýynda Italiýanyň Goranmak ministrliginden alyndy
17.06.2025 10:30
1.7k+
Russiýa Alsgeýmer keselini irki döwründe anyklamagyň täze usulyny patentledi
Permiň milli barlag politehniki uniwersitetiniň (PNIPU) barlagçylary Alsgeýmer keselini irki döwründe anyklamagyň täze usulyny patentlediler. Bu barada uniwersitetiň metbugat gullugyna salgylanýan TASS habar berdi
«
1
…
23
24
25
…
79
»
«
1
…
20
21
22
23
24
25
26
27
28
…
79
»
Copyright © 2026
TMCARS News
. All rights reserved.