Saýlanan şäher
28 iýul 2026
Türkmen
Ulgama girmek
Awtoulaglar
Spestehnika
Awtoşaýlar
Beýleki Bildirişler
Biznes Hasaplar
Habarlar
Ulgama girmek
Baş sahypa
Awtoulaglar
Awtoşaýlar
Beýleki Bildirişler
Biznes Hasaplar
Habarlar
Garaňky tema
Dil
Meniň profilim
Habarlar
Baş sahypa
/
Habarlar
20.06.2025 10:04
2.5k+
2028-nji ýyla çenli Hytaýyň robototehnika bazary iki esse ýokarlanyp biler: $108 mlrd çenli
Morgan Stanley analitikleriniň hasaplamalaryna görä, Hytaýyň robototehnika bazary 2023-nji ýyldaky 47 mlrd dollardan 2028-nji ýyla çenli 108 mlrd dollara çenli ýokarlanar. Ortaça ýyllyk ösüş 23% bolar. Geçen ýyl Hytaý dünýäniň robototehnika bazarynyň eýýäm 40%-ini eýeledi diýip, South China Morning Post habar berýär
20.06.2025 09:52
2.2k+
Intel iýul aýynda çip öndürýän işgärleriniň 20 göterimini azaldar
Intel iýul aýynda Intel Foundry önümçilik bölüminde işleýän işgärleriniň 15% - 20%-ni işden çykarmagy meýilleşdirýär, käbir çaklamalara görä, bu 10 müňden gowrak adam bolup biler. Bu baradaky maglumat önümçiligiň wise-prezidenti Nagi Çandrasekaranyň adyndan täze içerki korporatiw ýaýradylan hatda berilýär diýip, OregonLive habar berýär
20.06.2025 09:50
4.6k+
Napoleon Bonapartyň şahsy goşlary Sotheby’s auksionynda satylar
25-nji iýunda Sotheby’s auksionynda imperator Napoleon Bonapartyň goşlary satylar. Auksiona Pýer-Žan Şalansonyň şahsy kolleksiýasyndan taryhy predmetler çykarylar. Auksiondan öň dizaýner Žan-Şarl de Kastelbažak fransuz hökümdaryna bagyşlanan özboluşly sergini geçirer
20.06.2025 09:48
3.7k+
BMW-niň öňki dizaýnerinden täze Xiaomi YU7 elektrokrossoweri çykmaga taýýarlanýar
Xiaomi müşderilere ikinji awtomobilini – YU7 modelini hödürlemäge taýýarlanýar. Önümçilik eýýäm başlady we müňlerçe ulag Pekiniň Içžuan sebitindäki Xiaomi-niň zawodynda taýýar dur. Üpjünçilik iýul aýynda başlap biler
20.06.2025 09:45
4.6k+
Angliýanyň Premýer-ligasy täze möwsüm üçin senenamany hödürledi
Angliýanyň Premýer-ligasy resmi saýtynda 2025/2026 möwsümi üçin oýunlaryň tertibini hödürledi. Birinji tapgyr 2025-nji ýylyň 16-njy awgustyna geçilýän gije başlar – Angliýanyň häzirki çempiony “Liwerpul” öz meýdançasynda “Bornmuty” kabul eder
20.06.2025 09:43
3.7k+
NBA-nyň “Los-Anjeles Leýkers” kluby sport taryhynda rekord mukdara satylar
Milli basketbol assosiasiýasynyň (NBA) “Los-Anjeles Leýkers” klubuna eýeçilik edýän Bass maşgalasy topary 10 mlrd dollara satar. Bu barada çeşmä salgylanyp, ESPN habar berýär. Klubuň paýnamalarynyň gözegçilik bukjasy 2021-nji ýyldan bäri toparyň paýnamalarynyň az bölegine eýeçilik edýän TWG Global kompaniýasynyň baş direktory Mark Uoltere geçer
20.06.2025 09:28
3.4k+
Aşgabadyň kinoteatrlary we sirki tomaşaçylary gyzykly başdan geçirmelere we ýiti duýgulary duýmaga çagyrýar
Türkmenistanyň Döwlet sirki Türkmenistanyň Döwlet sirki paýtagtyň myhmanlaryny we ýaşaýjylaryny tutuş maşgala üçin hakyky baýramçylyga öwrüljek teatr-sirk çykyşyna çagyrýar. Sahnada “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar topary, şeýle-de “Türkmen jigitleri” we “Gündogaryň ýyldyzlary” toparlary çykyş eder
20.06.2025 09:21
3.5k+
Serdar Berdimuhamedow Palestinanyň täze bellenen ilçisinden ynanç hatyny kabul etdi
19-njy iýunda Prezident Serdar Berdimuhamedow Palestina Döwletiniň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi hanym Rana Abu Hijlehiden ynanç hatyny kabul etdi. Duşuşygyň dowamynda nygtalyşy ýaly, Türkmenistan bilen Palestina Döwletiniň arasyndaky syýasy-diplomatik gatnaşyklar deňhukuklylyk, birek-birege hormat goýmak we ynanyşmak däplerine esaslanýar
19.06.2025 18:15
8.1k+
Gökderede ýetginjekleriň arasynda ýangyn-amaly sport bäsleşigi geçirildi
Gökderedäki çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezlerinde dynç alýan ýetginjekleriň arasynda ýangyn-amaly sport bäsleşigi geçirildi. «Beýik Serdar nesilleri» çagalar sagaldyş merkezinde geçirilen bäsleşige toparlaryň 14-si gatnaşyp, olar ýangyna garşy göreşmek boýunça ukyplaryny bäş tapgyrda görkezdiler
19.06.2025 17:01
4k+
Meta akylly äýnekleri döretmekde Prada moda öýüni işe çekdi
Meta kompaniýasy Prada italýan moda brendi bilen hyzmatdaşlykda emeli aň funksiýalary bilen akylly äýnekleri işläp taýýarlaýar. Gurluşyň çykjak senesi heniz belli däl. Taslama Meta-nyň tehnologiýalary moda pudagyna ornaşdyrmak strategiýasynyň bir bölegidir
19.06.2025 16:34
9.7k+
“Ýönekeý” kompaniýasy Hytaýda okamak isleýänleriň arzalaryny 30-nji iýuna çenli kabul edýär
Ýurdumyzda isleg bildirilýän ugurlar boýunça Hytaýyň öňdebaryjy uniwersitetlerine okuwa ugratmak bilen meşgullanýan “Ýönekeý” kompaniýasy hasaba almak möhletiniň tamamlanyp barýandygyny ýatladýar. Okuw üçin hasaba almagyň möhleti 2025-nji ýylyň 30-nji iýunyna çenli süýşürildi
19.06.2025 14:42
4.8k+
Türkmenistan Parižde Halkara sergiler býurosynyň mejlisine gatnaşdy
17-nji iýunda Parižde Halkara sergiler býurosynyň (BIE) agza ýurtlarynyň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda Guramanyň Baş Assambleýasynyň 176-njy sessiýasy geçirildi. Mejlisiň gün tertibine halkara we ýöriteleşdirilen sergileri geçirmek bilen baglanyşykly meseleler girizildi
19.06.2025 14:30
8.8k+
Türkmenistanyň wise-premýeri Nökerguly Atagulyýew Sankt-Peterburgda Rustam Minnihanow bilen duşuşdy
Sankt-Peterburg halkara ykdysady forumynyň (SPIEF-2025) çäklerinde Türkmenistanyň wise-premýeri Nökerguly Atagulyýew Tatarystanyň Baştutany Rustam Minnihanow duşuşdy. Taraplar ikitaraplaýyn söwda-ykdysady hyzmatdaşlygynyň ösdürilişiniň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar
19.06.2025 14:15
9.7k+
Kabulda Türkmenistan bilen ulag-üstaşyr hyzmatdaşlyk boýunça gepleşikler geçirildi
Owganystanyň ulag we raýat awiasiýasy ministrligi Türkmenistan bilen ulag-üstaşyr gatnawlary babatyndaky hyzmatdaşlygy giňeltmek boýunça meýilnamalary durmuşa geçirmäge taýýardygyny habar berdi. Orient agentliginiň
19.06.2025 14:04
7.5k+
Gadymy Müsür maşgalalarynda mirasyň geçiş tertibi subut edildi. Uly ogul maşgalabaşy bolupdyr
Leýden uniwersitetinden taryhçy Şteffi wan Gompel tarapyndan geçirilen barlag gadymy Müsürde erk-ygtyýaryň we emlägiň uly ogla miras geçendigini, maşgala ulgamynyň bolsa patriarhal we tire esaslydygyny tassyklady
19.06.2025 14:02
6.6k+
Kosmosda emeli Gün tutulmasynyň ilkinji suraty iberildi
Ýewropa kosmos agentligi Proba-3 missiýasyndan alnan, Ýeriň orbitasynda döredilen emeli Gün tutulmasyny görkezýän ilkinji suraty çap etdi. Proba-3 missiýasy 2024-nji ýylyň dekabrynda başlandy. Onuň maksady – Gün koronasyny, ýagny ýyldyzyň atmosferasynyň daşky we iň yssy gatlagyny öwrenmek
19.06.2025 13:59
6.3k+
Täze Tesla Model X 2026 dizaýn taýdan kämilleşdi, has rahat boldy we geçýän menzili artdy
Tesla dizaýn, aerodinamika taýdan has kämilleşen we has rahat bolan 2026-njy model ýylynyň täzelenen Model X ulagyny hödürledi. Esasy üýtgeşmeleriň biri kuzowyň täze sowuk gök reňki – Frost Blue Metallic boldy
19.06.2025 13:55
4k+
Instagram ulanyjylary akkauntlaryň sebäpsiz petiklenmeginden zeýrenýär
Instagram ulanyjylary eýýäm birnäçe hepde bäri akkauntlaryň açyk sebäp bolmazdan köpçülikleýin petiklenmeginden zeýrenýär. Köpler muny emeli aňa esaslanýan ulgamyň işinde bolup biljek bökdençlikler bilen baglanyşdyrýar
19.06.2025 13:49
10k+
FourFourTwo meýdançada eýeleýän orunlary boýunça dünýäniň iň gowy futbolçylaryny saýlady
Britaniýanyň FourFourTwo neşiri häzirki wagtda dünýäniň iň gowy futbolçylarynyň reýtingini düzdi. Her orun üçin neşir ilkinji onlugy saýlady, ýöne biz olaryň diňe ilkinji bäşligi bilen çäkleneris. Derwezebanlar: 1
19.06.2025 13:02
2.8k+
Türkmenistan bilen ÝB-niň arasynda adam hukuklary boýunça 17-nji dialog geçirildi
17-nji iýunda Brýusselde (Belgiýa) Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda adam hukuklary boýunça dialogyň 17-nji mejlisi geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-nde habar berdiler. Mejlisiň çäginde adam
19.06.2025 11:36
18k+
Türkmenistan Eýrandan gelýän daşary ýurt raýatlary üçin 24 sagatlyk ynsanperwerlik geçelgesini üpjün edýär
Türkmenistan Eýrandan gelýän daşary ýurt raýatlary üçin 24 sagatlyk ynsanperwerlik geçelgesini üpjün edýär. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär. Häzirki wagtdaky ýagdaýa görä, Hindistanyň, Hytaýyň, Pakistanyň we beýleki ýurtlaryň raýatlary bolan ýüzlerçe adam barlag-goýberiş nokatlary arkaly Türkmenistanyň döwlet serhedinden geçdi
19.06.2025 11:34
6.7k+
Aşgabatda küşt boýunça halkara ýaryşyň umumy medal hasabynda Türkmenistan birinji orny eýeledi
18-nji iýunda Aşgabatda üç gün dowam eden küşt boýunça halkara ýaryş tamamlandy. Bu akyl-paýhas bäsleşigine Ýewropanyň, Aziýanyň 11 ýurdundan 8, 10 we 12 ýaşlaryndaky türgenleriň 129-sy gatnaşdy. Arkadag şäherindäki
19.06.2025 11:18
7k+
Kopengagen dünýäniň ýaşamak üçin iň rahat şäheri diýlip ykrar edildi
Kopengagen 2025-nji ýylda dünýäniň ýaşamak üçin iň rahat şäherleriniň sanawynda birinji orny eýeledi. Reýting Britaniýanyň Economist Intelligence Unit (EIU) analitiki merkezi tarapyndan düzüldi diýip, The Economist habar berýär
19.06.2025 11:17
3.2k+
Diňe Samsung I çärýekde smartfon önümçiligini ösdürip bildi
TrendForce analitikleri 2025-nji ýylyň birinji çärýeginde Samsung kompaniýasynyň 64 mln smartfon çykarandygyny habar berdi – bu 2024-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 21% köpdür. Bu hem kompaniýa smartfon öndürijileriniň arasynda öňdebaryjy orny eýelemäge mümkinçilik berdi
19.06.2025 11:14
6.5k+
ABŞ-da 2025-nji ýylyň iň ygtybarly pikaplarynyň reýtingi düzüldi
ABŞ-nyň Ýol howpsuzlygy instituty (IIHS) 2025-nji ýylyň iň ygtybarly pikaplarynyň reýtingini hödürledi. Iň ýokary Top Safety Pick we Top Safety Pick+ bahalaryny diňe iki awtomobil aldy. Bu Toyota Tundra-nyň Crew Cab wersiýasy we Rivian R1T elektrik pikapy boldy
19.06.2025 11:10
2.7k+
Porsche Taycan Turbo GT ýaryş ýollarynda köpçülikleýin elektromobilleriň rekordyny täzeledi
Porsche Taycan Turbo GT ýaryş ýollarynda iki sany täze rekord goýdy. Arap ýaryşa gatnaşyjysy Ramez Azzam Abu-Dabidäki “Ýas Marina” ýoly boýunça aýlawy 2 minut 7,2 sekuntda geçdi. Bu “Formula-1-iň” Gran-prisiniň geçirilýän awtodromynda köpçülikleýin elektromobiller üçin täze rekord boldy
19.06.2025 11:07
1.3k+
Adobe kompaniýasy Firefly-yň ähli emeli aň gurallary bilen ykjam goşundysyny çykardy
Generatiw emeli aň hyzmatlarynyň platformasy bolan Adobe Firefly indi Android we iOS smartfonlarynda elýeterli boldy. Täze ykjam goşundy tekst beýany boýunça surat we wideo döretmäge, şeýle-de suraty redaktirlemek üçin EA gurallaryny ulanmaga mümkinçilik berýär diýip, The Verge ýazýar
19.06.2025 11:04
2.8k+
Facebook, YouTube, Instagram, WhatsApp, TikTok... ilkinji gezek esasy habar çeşmesine öwrüldi
Sosial ulgamlar esasy habar çeşmesi hökmünde telewideniýeden, gazetlerden, habar saýtlaryndan we beýleki adaty köpçülikleýin habar beriş serişdelerinden öňe geçýär. Bu barada Oksford uniwersitetiniň Reuters Institute for the Study of Journalism merkeziniň täze hasabatynda aýdylýar
19.06.2025 11:00
12k+
Pensilwaniýada Tesla-nyň awtopiloty elektromobili demirýol relsleriniň üstüne sürdi
Tesla elektromobillerine ornaşdyrylan FSD (Full Self-Driving) awtonom sürüş ulgamy ýene ýol-ulag hadysasyna düşdi. Bu gezek awtopilot bilen dolandyrylýan «Model 3» demirýola çykdy diýip, «Carscoops» habar berýär
19.06.2025 10:40
1.9k+
Audi ähli ulaglaryny elektrikli hereketlendirijä geçirmek pikirinden dändi
Audi ugruny üýtgedýär: kompaniýa 2033-nji ýyla çenli ähli ulaglaryny elektrik hereketlendirijä geçirmek baradaky meýilnamasyndan resmi taýdan ýüz öwürdi. Germaniýaly brend esasy bazarlardaky durnuksyz islege we dürli şertlere uýgunlaşmak zerurlygy bilen baglylykda, içinden ýandyrylýan hereketlendirijili (IÝH) modelleri hatarda saklamaga karar berdi
19.06.2025 10:29
4.7k+
MAN Mýunhende elektrik ýük ulaglarynyň köpçülikleýin önümçiligine başlady
MAN kompaniýasy Mýunhen şäherindäki (Germaniýa) zawodynda elektrik ýük ulaglarynyň köpçülikleýin önümçiligine girişdi. Indi elektrik we dizelli modeller bir hatarda ýygnalýar, bu bazardaky islege görä çeýeligi üpjün edýär
19.06.2025 10:26
7.3k+
Ak tam TikTok-yň ABŞ-da petiklenmegini ýene 90 güne yza süýşürdi
ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp TikTok platformasynyň ABŞ-nyň çäginde petiklenmegini ýene 90 güne yza süýşürmäge karar berdi. Bu barada 17-nji iýunda Ak tamyň metbugat sekretary Kerolaýn Liwitt habar berdi. «Bloomberg» agentliginiň belleýşi ýaly, bu Trampyň wezipesine girişeli bäri platformanyň işini üçünji gezek uzaldyşydyr
19.06.2025 10:03
2.6k+
“Ýuwentus” adidas bilen şertnamasyny 13 ýyl uzaltdy: ylalaşyk kluba € 408 mln getirer
Turiniň “Ýuwentus” futbol kluby adidas kompaniýasy bilen täze uzak möhletleýin şertnama baglaşdy. Bu barada Tuttosport neşiri habar berýär. Çeşmäniň maglumatlaryna görä, täze şertnama kluba 408 mln ýewro girdeji getirer
19.06.2025 10:00
2.8k+
Tom Kruz kino pudagyna goşan goşandy üçin “Oskar” hormat baýragyny alar
Amerikan kinoakademiýasy kino pudagynyň ösüşine goşan goşandy üçin “Oskar” hormat baýragynyň geljekki eýelerini yglan etdi. Olaryň arasynda “Missiýa ýerine ýetirmesiz” franşizasynyň ýyldyzy we häzirkizaman Golliwudynyň esasy nyşanlarynyň biri bolan aktýor Tom Kruz hem bar
19.06.2025 09:56
8.9k+
Ispaniýada we Portugaliýada aprelde bolup geçen köpçülikleýin tok öçmäniň sebäbi belli boldy
Ispaniýanyň Ekologiýa we demografiýa ministrligi 28-nji aprelde tutuş Ispaniýany we goňşy Portugaliýany elektrik energiýasyz galdyran sebit derejesindäki blekauty (köpçülikleýin tok öçmek) derňemegiň netijelerini hödürledi
19.06.2025 09:53
10k+
Forbes 2025-nji ýylyň iň baý we meşhur 50 blogeriniň reýtingini hödürledi
Forbes dünýäniň 50 sany iň köp girdeji gazanan we abraýly blogerleriniň ýyllyk sanawyny hödürledi. Sanawda öňdebaryjy yzygider dördünji ýyl MrBeast (hakyky ady Jimmi Donaldson) bolmagynda galýar. Neşir onuň girdejisini 85 mln dollar diýip hasaplady, onuň akkauntlaryny yzarlaýjylaryň umumy sany bolsa 634 mln adama barabar
19.06.2025 09:50
4.1k+
BMW karbondan ýüz öwrüp, ulaglarynda zygyr süýümini ulanyp başlady
BMW tebigy süýümden ýasalan elementlere eýe bolan M4 GT4 modelini hödürledi. Ulag 19-22-nji iýunda “24 sagat Nýurburgring” ýaryşyna gatnaşar. Bu awtomobil kompaniýanyň durnukly tehnologiýalary köpçülikleýin önümçilige ornaşdyrmakda ilkinji ädimi boldy
19.06.2025 00:19
3k+
Microsoft korporasiýasy Windows 11 üçin gyssagly patç çykardy we täze meseleleri döretdi
Geçen hepde Microsoft korporasiýasy Patch Tuesday programmasynyň çäklerinde Windows 11 üçin KB5060842 täzelenmesini çykardy. Ýöne ol Easy Anti-Cheat antiçitini ulanýan oýunlar bilen gabat gelmekde mesele döretdi
19.06.2025 00:16
14k+
135 ýaşly pyşdyl ilkinji gezek kaka boldy
Goliaf atly 135 ýaşly Galapagos pyşdyly ilkinji gezek kaka boldy. Bu barada Maýami haýwanat bagynyň işgärleri buşlady diýip, New York Post habar berýär. Olar kiçijik pyşdylyň ejesiniň hem ýaş däldigini belledi, ýagny dürli hasaplamalara görä, Sweet Pea atly pyşdyl 85-den 100 ýaş aralygynda bolmaly
18.06.2025 14:42
5.5k+
Täzelenen Volvo XC40 2026 krossoweriniň satuwy başlandy
Volvo kompaniýasy 2026-njy model ýylynyň täzelenen XC40 krossoweriniň satuwynyň başlandygyny habar berdi. Awtoulag bäş sany toplumda hödürlenýär, olaryň hemmesi «ýumşak» gibrid ulgam bolan 48-woltlyk goşundyly 2,0 litrlik turbohereketlendiriji bilen enjamlaşdyrylan
«
1
…
253
254
255
…
1118
»
«
1
…
250
251
252
253
254
255
256
257
258
…
1118
»
Copyright © 2026
TMCARS News
. All rights reserved.