Ak tam TikTok-yň ABŞ-da petiklenmegini ýene 90 güne yza süýşürdi

19.06.2025, 10:267,308

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp TikTok platformasynyň ABŞ-nyň çäginde petiklenmegini ýene 90 güne yza süýşürmäge karar berdi. Bu barada 17-nji iýunda Ak tamyň metbugat sekretary Kerolaýn Liwitt habar berdi.

«Bloomberg» agentliginiň belleýşi ýaly, bu Trampyň wezipesine girişeli bäri platformanyň işini üçünji gezek uzaldyşydyr.

«Prezident Trampyň hem birnäçe gezek belleýşi ýaly, ol TikTok-y petiklejek bolanok. Uzaltma 90 gün dowam eder, şol döwrüň dowamynda administrasiýa belli bir ylalaşyga gelmäge çalşar. Munuň netijesinde, amerikalylar maglumatlarynyň howpsuz saklanýandygyna ynam bildirip, TikTok-y ulanmaga dowam edip bilerler» — diýip, ABŞ-nyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleri Prezidentiň administrasiýasynyň metbugat sekretarynyň sözlerini getirýär.

Onuň sözlerine görä, amerikan lideri platformanyň «garaňkylyga düşmegini» islemeýär.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.