Saýlanan şäher
28 iýul 2026
Türkmen
Ulgama girmek
Awtoulaglar
Spestehnika
Awtoşaýlar
Beýleki Bildirişler
Biznes Hasaplar
Habarlar
Ulgama girmek
Baş sahypa
Awtoulaglar
Awtoşaýlar
Beýleki Bildirişler
Biznes Hasaplar
Habarlar
Garaňky tema
Dil
Meniň profilim
Habarlar
Baş sahypa
/
Habarlar
14.06.2025 13:29
10k+
«Altyn topa» dalaşgärler 7-nji awgustda yglan ediler, baýraklar 22-nji sentýabrda gowşurylar
Abraýly futbol baýragy bolan «Altyn top» (Ballon d'Or) baýragyna dalaşgärler 7-nji awgustda yglan ediler. «France Football» neşiriniň resmi hasaby möwsümiň iň gowy oýunçysy bolmaga dalaş edýän futbolçylaryň adynyň şol gün yglan ediljekdigini tassyklady
14.06.2025 13:22
8.1k+
“Real” “Riwer Pleýtiň” 17 ýaşly oýunçysy Mastantuono üçin €63,2 mln töledi
Madridiň “Realy” Argentinanyň “Riwer Pleýt” klubunyň 17 ýaşly wingeri Franko Mastantuononyň transferi üçin 63,2 mln ýewro töledi. Bu transfer Argentina futbolynyň taryhynda iň ulusy boldy diýip, “Riwer Pleýt” toparynyň metbugat gullugy belledi
14.06.2025 12:35
4.2k+
Matematikler çylşyrymly meseleleri çözmekde emeli aňdan geçip bilmediler
Kaliforniýanyň Berkli şäherinde Epoch AI tarapyndan gurnalan iki günlük ýapyk çäre geçirildi. Çärede dünýäniň 30 sany öňdebaryjy matematigi OpenAI-yň o4-mini çat-boty bilen bäsleşdi. Maksat neýro ulgamyň çylşyrymly logiki piker ýörediş ukybyny barlamakdy
14.06.2025 12:28
15k+
Toyota iň güýçli Land Cruiser 300-i tanyşdyrdy. Ol eýýäm BAE-de elýeterli
Toyota ýolsuz ýerler üçin niýetlenen «Land Cruiser 300» kysymly awtoulagynyň täze modifikasiýasyny – gibrid wersiýasyny hödürledi. Ol eýýäm BAE-de sargyt etmek üçin elýeterli. Ol 2026-njy model ýylyndan başlap, Awstraliýada hem satuwa çykarylar
14.06.2025 12:18
19k+
Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýokary okuw mekdepleriniň uçurymlaryny gutlady
Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýokary okuw mekdepleriniň uçurymlaryna, serkerdelerine we professor-mugallymlaryna gutlag iberdi
14.06.2025 12:00
6.1k+
Raşid Meredow bilen Sergeý Lawrowyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi
12-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow russiýaly kärdeşi Sergeý Lawrow bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň daşary syýasat edarasy habar berýär. Söhbetdeşligiň dowamynda taraplar türkmen-rus hyzmatdaşlygyny ösdürmäge ygrarlydyklaryny nygtap, dürli ugurlar boýunça iki ýurduň arasyndaky özara gatnaşyklaryň wajyp meselelerine garadylar
14.06.2025 11:38
3.3k+
Serdar Berdimuhamedow «Sanly çözgüt — 2025» atly bäsleşigi yglan etmek baradaky teklibi goldady
Türkmenistanda “Sanly çözgüt — 2025” atly innowasion taslamalaryň bäsleşigini geçirmek boýunça işler alnyp barylýar. Bu barada Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M
14.06.2025 11:22
9.4k+
UEFA «Barselona» klubuna salan iň ýokary jerimesini üç esse azaldar we synag möhletini berer
«Barselona» maliýe hasabatyndaky düzgün bozulmalar bilen baglylykda, UEFA bilen jezany ýeňilleşdirmek boýunça ylalaşdy. «Diario Sport» neşiriniň maglumatlaryna görä, UEFA klubuň maliýe hasabatyndaky nädogry maglumatlar sebäpli salynjak jerimesini 60 million ýewrodan, takmynan, 20 million ýewro çenli peselder
14.06.2025 11:10
2.1k+
R.Meredow Türkmenistanyň halkara ekologiýa hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça teklipleri beýan etdi
13-nji iýunda geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredow Türkmenistanyň halkara ekologiýa hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmek boýunça taýýarlanan birnäçe maglumatlary we teklipleri beýan etdi
14.06.2025 10:53
2.7k+
22 — 27-nji iýunda Ahal welaýatynda Medeniýet hepdeligi geçiriler
Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli şu ýylyň 22 — 27-nji iýuny aralygynda Ahal welaýatynda Medeniýet hepdeligini geçirmäge taýýarlyk görülýär
14.06.2025 10:49
1.5k+
15 — 19-njy iýunda Aşgabatda küşt boýunça halkara ýaryş geçiriler
15 — 19-njy iýun aralygynda Aşgabatda küşt boýunça halkara ýaryş geçiriler. Ýaryşa taýýarlyk görlüşi barada anna güni Hökümet mejlisinde wise-premýer B.Orazdurdyýewa hasabat berdi. Ýaryşlar Aşgabat şäherindäki Ýöriteleşdirilen küşt we şaşka mekdebinde geçiriler
14.06.2025 10:43
1.9k+
Türkiýede Türkmenistanyň eksport harytlarynyň sergisi geçiriler
Türkiýe Respublikasynda Türkmenistanyň eksport harytlarynyň sergisini geçirmäge taýýarlyk görülýär. Anna güni wise-premýer N.Atagulyýew sergä görülýän işleri barada hasabat berdi
14.06.2025 10:32
4.8k+
Aşgabatda we welaýatlarda zähmet we ilatyň iş üpjünçilik bölümlerinde okuw-maglumat merkezleri dörediler
Aşgabat şäherinde we welaýatlaryň 6 etrabynda Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň garamagyndaky zähmet we ilatyň iş üpjünçilik bölümlerinde okuw-maglumat merkezlerini döretmek göz öňünde tutulýar
14.06.2025 10:23
2.1k+
“Tottenhem” “Brentforddan” Tomas Franky baş tälimçi wezipesine belledi
“Tottenhem” Tomas Frankyň baş tälimçi wezipesine bellenendigini yglan etdi. 51 ýaşly daniýaly hünärmen bilen şertnama 2028-nji ýyla çenli hereket eder. Frank täze wezipede Enj Postekogluny çalyşdy. KHBS-iň maglumatlaryna görä, “Brentford”, takmynan, 12 mln ýewro möçberde öwez tölegine tälimçini goýbermäge razy boldy
14.06.2025 10:19
1.4k+
Türkmenistanyň wekiliýeti Russiýada halkara ykdysady foruma gatnaşar
Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken Buýrugyna laýyklykda, wise-premýer N.Atagulyýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Russiýa Federasiýasynda gulluk iş saparynda bolar. Sapar 2025-nji ýylyň 17 — 21-nji iýuny aralygynda amala aşyrylar
14.06.2025 10:03
10k+
Türkmenistan Ýakyn Gündogarda emele gelen dartgynly ýagdaý bilen baglanyşykly aladalanmasyny bildirýär - DIM
Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi Ysraýylyň 2025-nji ýylyň 13-nji iýunynda Eýranyň çäginde ýerleşýän ilatly nokatlara we desgalara raketa zarbalaryny amala aşyrmagy bilen baglylykda, resmi beýanat bilen çykyş etdi
14.06.2025 09:53
2.5k+
Suwda ýüzüji Makintoş 5 günde üçünji dünýä rekordyny goýdy
Üç gezek Olimpiýa çempiony Sammer Makintoş Kanadanyň çempionatynda 400 metr aralyga toplumlaýyn ýüzmekde dünýä rekordyny täzeledi. Täze netije 4 minut 23,65 sekunt boldy. Bu aralykda öňki rekord hem onuň özüne degişlidi
14.06.2025 09:50
1.8k+
Google, Spotify, ChatGPT we beýleki hyzmatlaryň işinde global näsazlyk ýüze çykdy
Downdetector platformasynyň maglumatlaryna görä, 12-nji iýun gijesi uly sanly hyzmatlaryň birnäçesiniň işinde giň gerimli näsazlyk ýüze çykdy. Ulanyjylar Google hyzmatlaryny – Cloud, Drive, Meet, Gmail, şeýle-de gözleg ulgamy we YouTube wideohostingini ulanmaga synanyşanlarynda kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz bolandyklaryny habar berdiler
14.06.2025 00:39
1.8k+
Microsoft Windows 11-de täze funksiýalar bilen süýşürilýän «Başlat» menýusyny synag edýär
Microsoft korporasiýasy Windows 11 operasion ulgamynyň synagçylary üçin täzelenen «Başlat» (Start) menýusyny Dev Channel arkaly hödürledi. Täze görnüşli menýu has ulaldy, süýşürmäge ukyply interfeýs bilen üpjün edildi we sazlama degişli birnäçe täze mümkinçilikler girizildi
14.06.2025 00:35
2.6k+
Ýewropada maglumat geçiriş tizliginde rekord goýuldy: 3500 km aralykdan 1,2 Tbit/sek
Ýewropaly alymlar rekord goýdy – CSC (Finlýandiýa), SURF (Niderlandlar) we Nokia konsorsiumy 3500 kilometr aralykdan maglumatlary 1,2 Tbit/sek tizlikde geçirmegi başardy. Bu üstünlik superkompýuterleriň işini tizleşdirer we maglumatlaryň kwant goragyny üpjün eder diýip, Interesting Engineering ýazýar
13.06.2025 17:42
9.3k+
Kewin de Brýoýne resmi taýdan “Napoliniň” oýunçysy boldy
Belgiýaly ýarymgoragçy Kewin de Brýoýne “Napoliniň” oýunçysy boldy. Bu barada italýan klubunyň metbugat gullugy habar berdi. “Şa Kew şu ýerde” – diýlip, “Napoliniň” X sosial ulgamyndaky (ozal Twitter) habarynda aýdylýar
13.06.2025 17:37
7.7k+
Balkanabatda mugallymlaryň festiwaly geçirildi
Balkanabat şäherinde “Kämil mugallym – kämil nesil” atly mugallymlaryň festiwaly geçirildi. Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň hem-de “Kämil Bilim” okuw merkeziniň bilelikde guramagynda geçirilen bu çäre ýurdumyzyň günbatar sebitiň orta mekdeplerinde bilim berýän mugallymlaryň ýüzden gowragyny bir ýere jemledi
13.06.2025 17:31
5.4k+
Türkmenistanda ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy geçirildi
12-nji iýunda Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde Ylymlar güni mynasybetli ýurdumyzyň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça yglan edilen bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy geçirildi
13.06.2025 13:02
6.6k+
Serdar Berdimuhamedow ylmy işler boýunça geçirilen bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak hakynda Karara gol çekdi
Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça geçirilen bäsleşigiň jemleri hakynda Karara gol çekdi. Şu ýyl bäsleşigiň emin agzalary hödürlenen işleri seljerip, jemi 118 sany ýaş alymy ýeňiji diýip yglan etdiler
13.06.2025 12:24
18k+
Tramp 5 mln dollara “altyn kart” almak üçin arzalary kabul ediş saýtyny işe girizdi
ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp çarşenbe güni bahasy bäş million dollar bolan “altyn karty” – ABŞ-da hemişelik wizany almak maksady bilen arzalary tabşyrmak üçin saýtyň işe girizilendigini habar berdi. Onuň aýtmagyna görä, wiza almak üçin nobat eýýäm açyk
13.06.2025 12:19
12k+
Aleksander-Arnold “Realyň” oýunçysy boldy we 12-nji belgini aldy
12-nji iýunda “Real Madrid Sitide” Madridiň “Realynyň” täze gyraky goragçysy Trent Aleksander-Arnoldyň resmi tanyşdyrylyşy geçirildi. 26 ýaşly angliýaly futbolçy bilen şertnama alty ýyl hereket eder. Täze klubda Trent 12-nji belgi bilen oýnar
13.06.2025 12:12
22k+
Serdar Berdimuhamedow Hindistanyň ýolbaşçylaryna awiaheläkçilik zerarly gynanç bildirdi
Prezident Serdar Berdimuhamedow Hindistan Respublikasynyň Prezidenti Draupadi Murmuwa hem-de Premýer-ministri Narendra Modä ýurduň Ahmedabad şäherinde ýolagçy uçarynyň heläkçilige uçramagy hem-de bu betbagtçylygyň köp sanly adam pidalaryna we şikes ýetmelere getirmegi zerarly gynanç hatyny iberdi
13.06.2025 10:58
4.7k+
Hytaýda giriş synaglary döwründe emeli aň programmalarynyň käbir funksiýalary öçürildi
Hytaý kompaniýalary milli giriş synagy bolan Gaokaonyň adalatly geçmegini üpjün etmek maksady bilen, meşhur çat-botlarynda şekil tanamak funksiýalaryny wagtlaýyn öçürdiler. Bu synag 7-10-njy iýun aralygynda mekdeplerde geçirildi diýip, «Bloomberg» agentligi habar berýär
13.06.2025 10:53
8.6k+
«Inoue» teleskoby Günüň fotosferasyny öň görlüp-eşidilmedik jikme-jiklikde görkezdi
«Inoue» teleskoby Günüň fotosferasynyň häzire çenli düşürilen iň jikme-jik suratlaryny aldy we ilkinji gezek, takmynan, 20 kilometrlik inçe magnit zolaklaryny görkezmegi başardy. Bu zolaklar Günüň granullarynyň – konweksion öýjükleriň diwarlary boýunça uzalyp gidýär
13.06.2025 10:47
2.8k+
Chanel galyndylar bilen işlemek boýunça täze bölümçäni işe girizdi
Chanel fransuz moda öýi galyndylar bilen işlemek, gerekmejek materiallary peýdaly ulanmak we gaýtadan işlenilýän materiallary döretmek boýunça täze bölümçäniň işe girizilendigini habar berdi. Ol Nevold (Never Old sözlerinden gysgaltma) adyny aldy
13.06.2025 10:45
6.1k+
“Tanyş görünýär”: Samsung iOS 26-nyň täze funksiýalarynyň anonsy üçin Apple-i ýene ýaňsylady
Samsung-yň amerikan bölümçesi iOS 26-nyň tanyşdyrylyşyna seslenip, bäsdeşini ýene ýaňsylamak mümkinçiligini elden bermedi. WWDC 2025 konferensiýasynyň dowamynda Apple täzelenen operasion ulgamlary we emeli aňa esaslanýan täze funksiýalary hödürledi
13.06.2025 10:40
4.6k+
Hytaýda gök reňkli 131 santimetrlik Labubu gurjagy 1,08 mln ýuana satyldy
Hytaýda geçirilen ýazky “Ýunle” onlaýn auksionynda boýy 131 sm bolan gök plastik Labubu gurjagy 1,08 mln ýuana (takmynan, $150 müň) satyldy. Bu gurjak heýkeliniň şu görnüşde ýeke-täk nusgasydyr diýip, “Keçuanban žibao” neşiri ýazýar
13.06.2025 10:38
1.4k+
Google Chrome täzelenmeleri käbir köne iPhone we iPad modelleri üçin elýeterli bolmaz
Meşhur Google Chrome brauzeri indi köne Apple enjamlarynda täzelenmez. MacRumors portalynyň habar bermegine görä, bu birnäçe iPhone we iPad modellerine degişli bolar. Deslapky maglumatlara görä, geljekki Chrome wersiýalary aşakdaky enjamlary goldamaz: iPhone X; iPhone 8; iPhone 8 Plus; 5-nji nesil iPad; Birinji nesil 9,7 dýuýmlyk iPad Pro; Birinji nesil 12,9 dýuýmlyk iPad Pro
13.06.2025 10:35
3.4k+
Repçi Snup Dogg barada baýopik düşüriler
Repçi Snup Dogg özi baradaky filmiň surata düşüriş işlerine gatnaşar. Bu filmde onuň dünýä meşhurlygyna alyp baran ýoly we aýdym-saz pudagyndaky ilkinji ädimleri barada gürrüň berler diýip, Deadline neşiri habar berýär
13.06.2025 10:29
14k+
BMW million kilometre barabar ýol geçen 5 Series E39 modelini görkezdi
BMW Blog web saýty 1996-njy ýylyň 10-njy iýunynda çykan we Finlýandiýada hasaba alnan BMW 5 Series E39 sedany barada habar berdi. Bu awtoulagyň odometri 940 müň 503 kilometr görkezýär. Blogda bellenilişi ýaly, awtoulag ýylda ortaça 35 müň kilometr ýol geçipdir
13.06.2025 10:27
9k+
Türkiýede patyşa Midas bilen baglanyşykly 2800 ýyllyk mazar tapyldy
Ankaranyň günorta-günbatarynda ýerleşýän gadymy Gordion şäherinde arheologlar, takmynan, 2800 ýyl mundan ozalky döwre degişli mazar tapdylar. Hünärmenleriň pikirine görä, bu mazar ady rowaýata öwrülen patyşa Midasyň garyndaşlaryna degişli bolup biler diýip, Live Science ýazýar
13.06.2025 10:24
8.8k+
Çikagonyň haýwanat bagynda delfiniň dogluşynyň seýrek pursatlaryny wideo aldylar
Çikagodaky Brukfild haýwanat bagynyň gözegçileri hepdäniň ahyrynda çüýşeburun delfiniň çagasynyň dünýä inişiniň seýrek pursatlaryny wideo aldylar diýip, Associated Press ýazýar. Wideoýazgyda Elli lakamly 38 ýaşly afaliniň haýwanat bagyndaky ýaşaýan ýerinde çagasyny dünýä indirişi görünýär
13.06.2025 10:14
4.8k+
“Bawariýa” adidas-dan täze öý eşigini görkezdi
Mýunheniň “Bawariýasy” 2025/2026 möwsümi üçin täze öý eşigini hödürledi. Klubuň tehniki hemaýatkäri bolup Germaniýanyň adidas kompaniýasy çykyş edýär. Täze eşik toplumy adaty gyzyl-ak reňklerde ýerine ýetirildi, ýöne onda “M” harpyny emele getirýän özboluşly “glitç” effekti bar
13.06.2025 09:50
21k+
Müňlerçe ulagly Morning Midas gämisi bir hepde bäri Ýuwaş ummanda ýanmagyny dowam edýär
Bir hepde mundan ozal Alýaskanyň kenarlaryndaky Ýuwaş ummanda ot alan Morning Midas ýük gämisi ýanmagyny we ýüzmegini dowam etdirýär. ABŞ-nyň kenar goragy edarasy tarapyndan alnan surat gämä düýpli zyýan ýetendigini görkezýär
13.06.2025 09:48
22k+
Hindistanda dünýäde ilkinji gezek Boeing Dreamliner heläkçilige uçrady, ýekeje ýolagçy diri galdy
12-nji iýunda Hindistanyň günbataryndaky Gujarat ştatynda Air India awiakompaniýasynyň Boeing 787-8 Dreamliner ýolagçy uçary heläkçilige uçrady. Ol Ahmadabat şäherinden Londona gatnaw edýärdi. Heläkçilik uçar howa menzilinden uçandan gysga wagtdan soň bolup geçdi
«
1
…
257
258
259
…
1118
»
«
1
…
254
255
256
257
258
259
260
261
262
…
1118
»
Copyright © 2026
TMCARS News
. All rights reserved.