Çikagonyň haýwanat bagynda delfiniň dogluşynyň seýrek pursatlaryny wideo aldylar

13.06.2025, 10:248,818
1 / 3

Çikagodaky Brukfild haýwanat bagynyň gözegçileri hepdäniň ahyrynda çüýşeburun delfiniň çagasynyň dünýä inişiniň seýrek pursatlaryny wideo aldylar diýip, Associated Press ýazýar.

Wideoýazgyda Elli lakamly 38 ýaşly afaliniň haýwanat bagyndaky  ýaşaýan ýerinde çagasyny dünýä indirişi görünýär. Bu pursada weterinarlar we haýwanlara ideg edýän hünärmenler gözegçilik edýär.
Wideoda delfiniň çagasynyň ilki guýrugynyň görünişi we takmynan bir sagatdan soň – çaganyň tutus göwresiniň dünýä inişi görünýär. Dogrum şowly geçdi. Ene delfiniň we çagasynyň ýagdaýyna gowy diýip baha berilýär.
Täze doglan delfin çagasynyň agramy 15-16,7 kilogram, uzynlygy - 115-120 santimetr.
Brukfildiň haýwanat bagynyň uly weterinar lukmany Jennifer Langan delfinleriň  dogluşyna şeýle gözegçilikleriň ylym üçin möhümdigini aýtdy. Olar deňiz ekoulgamlaryny goramakda we ene delfinlerdir olaryň täze doglan çagalary üçin howpsuzlygy ýokarlandyrmakda peýdaly bolup biljek maglumatlary berýär.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.