Saýlanan şäher
28 iýul 2026
Türkmen
Ulgama girmek
Awtoulaglar
Spestehnika
Awtoşaýlar
Beýleki Bildirişler
Biznes Hasaplar
Habarlar
Ulgama girmek
Baş sahypa
Awtoulaglar
Awtoşaýlar
Beýleki Bildirişler
Biznes Hasaplar
Habarlar
Garaňky tema
Dil
Meniň profilim
Habarlar
Baş sahypa
/
Habarlar
08.06.2025 10:59
3.1k+
Kori Gauff “Rolan Garrosyň” finalynda Arina Sobolenkodan üstün çykdy
Dünýäniň ikinji raketkasy, ABŞ-dan Kori Gauff Parižiň toprak kortunda geçirilen Fransiýanyň Açyk çempionatynyň (“Rolan Garros”) ýeňijisi boldy. Ol finalda dünýäniň birinji raketkasy, belarusly tennisçi Arina Sobolenkony utdy
08.06.2025 10:50
15k+
Britaniýaly adam göwreli gelne halaýan tagamyny eltip bermek üçin uçarda 1600 km geçdi
Britaniýaly bir adam öz doganynyň göwreli aýalyny halaýan tagamy – Beýik Britaniýada meşhur bolan büzmeçli hamyr bilen begendirmek üçin uçarda 1600 km ýol geçdi. Bu barada Mirror neşiri habar berýär. Är-aýal Loren we Jeými Niland Portugaliýada dynç alyşdady
07.06.2025 23:38
23k+
Hytaýda metrony abadanlaşdyrmak üçin 7500 tonnalyk bina duran ýerinden wagtlaýyn başga ýere süýşürildi
Hytaýyň Şanhaý şäherinde ýüzlerçe robotyň kömegi bilen taryhy binalar toplumyny başga ýere göçürdiler. Bu barada New China TV habar berýär. Huaýanli toplumy 1920-1930-njy ýyllarda gurlan. Ol kerpiçden we agaçdan ýasalan üç binadan ybarat
07.06.2025 23:31
9.9k+
Dewid Bekhem rysar derejesine eýe bolar
Angliýanyň öňki futbolçysy Dewid Bekhem geljek hepde rysar bolar diýip, The Times we BBC Sport habar berdi. Bekhemiň ady iýun aýynyň ortalarynda çap ediljek resmi sylag sanawynda peýda bolar. Ol Beýik Britaniýanyň Patyşasy Çarlz III-niň, adatça monarhyň hakyky doglan senesine gabat gelmeýän, resmi doglan gününe gabatlanýar
07.06.2025 23:24
3.5k+
Sony geljekki oýunlaryň treýlerini görkezdi: Silent Hill f, täze Bond we Marvel faýtingi
Adaty tomusky State of Play tanyşdyrylyşynda Sony kompaniýasy düýbünden täze we eýýäm anons edilen oýunlaryň 20-den gowrak treýlerini hödürledi. Olaryň arasynda Silent Hill-iň dowamy, Jeýms Bond barada täze oýun we uzak garaşylan ylmy fantastika Pragmata bar
07.06.2025 23:11
19k+
Tesla Maskyň Tramp bilen düşünişmezligi sebäpli bir günde $150 mlrd ýitirdi. Maskyň özi $34 mlrd ýitirdi
Tesla-nyň bazar bahasy bir günde 150 mlrd dollar arzanlady. Elektrokar öndürijisiniň paýnama bahalarynyň pese gaçmagy sebäpli, kompaniýanyň ýolbaşçysy Ilon Maskyň öz baýlygy bir günde birbada 33,9 mlrd dollar azaldy diýip, Reuters habar berýär
07.06.2025 21:30
8.1k+
Raşid Meredow Hindistanyň Premýer-ministri Narendra Modi bilen duşuşdy
6-njy iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Merkezi Aziýa ýurtlarynyň daşary işler ministrleriniň Hindistanyň Premýer-ministri Narendra Modi bilen bilelikdäki duşuşygyna gatnaşdy. Türkmenistanyň
07.06.2025 20:41
4.2k+
Türkmenistan «Merkezi Aziýa – Hindistan» Dialogynyň dördünji mejlisine gatnaşdy
6-njy iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Hindistana saparynyň çäklerinde «Merkezi Aziýa – Hindistan» Dialogynyň dördünji mejlisine gatnaşdy. Türkmenistanyň DIM-niň metbugat gullugynyň habar
07.06.2025 20:20
2.6k+
Türkmenistan "Merkezi Aziýa - Hindistan" Işewürlik geňeşiniň mejlisinde çykyş etdi
5-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Nýu-Delide geçirilen «Merkezi Aziýa – Hindistan» Işewürlik geňeşiniň mejlisine gatnaşdy. Mejlisiň barşynda sebit ýurtlarynyň hem-de Hindistanyň arasynda ulag-logistika ulgamynda özara baglanyşyklylygy ösdürmek, sanly ykdysadyýet we maýa goýum hyzmatdaşlygyny giňeltmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy
07.06.2025 20:07
4.8k+
Raşid Meredow Nýu-Delide Hindistanyň daşary işler ministri bilen duşuşdy
5-nji iýunda Nýu-Delide Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow hindistanly kärdeşi Subramanýam Jaýşankar bilen duşuşyk geçirdi diýip, Türkmenistanyň DIM-niň metbugat gullugy habar berdi. Duşuşygyň dowamynda taraplar hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny we ösüşiniň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar
07.06.2025 19:49
1.5k+
ChatGPT indi bulut saklaýjylaryndaky korporatiw faýllary seljerip bilýär
«OpenAI» kompaniýasy ChatGPT üçin täze mümkinçilikleri goşdy. Indi işewür ulanyjylar çat-boty Google Drive, Dropbox, Box, SharePoint we OneDrive ýaly korporatiw bulut saklaýjylarynda ýerleşýän kompaniýanyň içerki maglumatlaryna baglap bilerler
07.06.2025 19:34
8k+
Tom Kruz ot alan paraşýut bilen 16 gezek böküp, Ginnesiň rekordyny goýdy
Aktýor Tom Kruz ot alan paraşýut bilen 16 gezek böküp, Ginnesiň rekordlar kitabyna girmegi başardy. Howply hokga (trýuk) franşizanyň «Missiýa ýerine ýetirmesiz: Ahyrky hasaplaşyk» («Mission: Impossible – The Final Reckoning») atly sekizinji filminiň surata düşürilýän wagty ýerine ýetirildi
07.06.2025 19:20
2.9k+
«Talking Heads» toparynyň meşhur aýdymyna 48 ýyldan soň klip düşürildi
5-nji iýunda «Talking Heads» amerikan nýu-weýw toparynyň «Psycho Killer» atly aýdymy üçin ilkinji resmi klip çykaryldy. Bu aýdym ilkinji gezek 1977-nji ýylda diňleýjilere ýetirildi we şol döwürden bäri meşhurlygyň ýokary derejesine eýe boldy
07.06.2025 19:01
15k+
Kanadadaky tokaý ýangynlaryndan çykýan tüsse baryp kosmosdan hem görünýär
NASA-nyň Ýerden 1,5 million kilometr uzaklykdaky Lagranj L1 nokadynda ýerleşýän DSCOVR hemrasy Kanadadaky tokaý ýangynlaryndan çykan tüssäni surata aldy. Surat 2025-nji ýylyň 31-nji maýynda düşürildi. Kanadadaky tokaý ýangynlary birnäçe gün bäri dowam edýär
07.06.2025 18:55
1.7k+
Iýulda Stiwen Kingiň «Institut» atly romany boýunça düşürilen serial görkeziler
Stiwen Kingiň adybir romany esasynda surata düşürilen «Institut» serialy 13-nji iýulda «MGM+» striming hyzmatynda görkeziler. Bu barada «Deadline» neşiri habar berýär. Taslama sekiz bölümden ybarat. Serialyň režissýory Jek Bender, ssenarisini bolsa Benjamin Kawell ýazdy
07.06.2025 18:54
4.3k+
Öli deňziň golýazmalary alymlaryň pikir edişinden has gadymy bolup çykdy
Niderlandlardan, Daniýadan, Italiýadan we Belgiýadan alymlar topary emeli aňyň kömegi bilen Öli deňziň gadymy golýazmalarynyň ýaşyny has takyk kesgitlemegi başardy. Netijede, olar öň çak edilenden ep-esli gadymy bolup çykdy
07.06.2025 18:49
11k+
Bahalar düşse-de, isleg ýokarlanmady: BYD öz başladan baha döwüşligi sebäpli $20 mlrd ýitirdi
Hytaýyň BYD elektomobil öndürijisi diňe iki hepdäniň dowamynda, öz başladan baha urşy sebäpli, bazardaky umumy gymmatyndan 20 mlrd dollar ýitirdi diýip, «Bloomberg» habar berýär. Maýadarlar kompaniýanyň 2025-nji ýyl üçin göz öňünde tutulan 5,5 mln awtoulag satmak maksadyna ýetip bilmezliginden howatyrlanýarlar
07.06.2025 13:35
8.2k+
Meta Eminemiň irki hitlerini rugsatsyz ulanandygy üçin, 109 mln dollarlyk kazyýet işi bilen ýüzbe-ýüz
Eminemiň (hakyky ady – Marşall Brýus Meters III) irki aýdymlarynyň hukuklaryna eýe bolan «Eight Mile Style» neşirýat kompaniýasy «Meta» kompaniýasyna garşy kazyýete ýüz tutdy. Facebook, Instagram we WhatsApp-yň enelik kompaniýasy amerikan reperiň aýdymlaryny rugsatsyz ulanmakda aýyplanýar diýip, «TheWrap» habar berýär
07.06.2025 13:34
15k+
«Barselona» Çempionlar ligasynda utuklaryndan mahrum edilip bilner
Ýewropanyň futbol assosiasiýalarynyň bileleşigi (UEFA) «Barselona» maliýe fair play düzgünlerini gaýtadan bozandygy üçin berk çäre görüp biler. «Barselona», «Çelsi» we «Aston Willa» bilen baglanyşykly kararlaryň iýun aýynda mälim edilmegine garaşylýar diýip, «The Times» habar berýär
07.06.2025 13:32
2.1k+
Bezosyň Blue Origin kompaniýasy Aýy özleşdirmek meýilnamasyny hödürledi: gonuş modullary we Aý tankeri
Jeff Bezosyň «Blue Origin» aerokosmos kompaniýasy Aýy özleşdirmek boýunça meýilnamalarynyň käbir jikme-jikliklerini mälim etdi. Kompaniýa şu onýyllygyň ahyryna çenli Aýa iki sany adamly uçuşy amala aşyrmagy meýilleşdirýär
07.06.2025 13:30
5.8k+
Ýaponiýada gözleri elektromagnit tolkunlaryndan goraýan kontakt linzalar işlenip düzülýär
Ýaponiýanyň Waseda uniwersitetiniň fizikleri kontakt linzalar üçin ýagtylygy geçirýän, ýöne elektronika hem-de dürli senagat we lukmançylyk enjamlary tarapyndan döredilýän zyýanly elektromagnit tolkunlaryny saklaýan açyk reňkli nano-örtük döretdiler
07.06.2025 13:17
2k+
Aşgabatda Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli ylmy-amaly maslahat geçirildi
5-nji iýunda Türkmenistanyň oba hojalyk toplumynyň binasynda Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda daşky gurşawy goramak boýunça öňde duran wezipeler we halkara hyzmatdaşlyk» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi
07.06.2025 13:13
2.9k+
Aşgabatda uglewodorod serişdelerini özleşdirmegiň täze tehnologiýalary we ekologiýa jähetleri maslahatlaşyldy
5-nji iýunda «Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynda utgaşykly görnüşde «Uglewodorod ýataklaryny özleşdirmekde innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmagyň ekologik jähetleri» (TESC 2025) atly halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi
07.06.2025 13:05
5.7k+
Ýene-de gonup bilmedi: ispace ýapon kompaniýasynyň Resilience enjamy Aýa baryp uruldy
ispace hususy ýapon kompaniýasy tarapyndan gurlan Resilience gonuş enjamy Aýa asuda gonup bilmedi. Onuň bilen aragatnaşyk gonuşdan 1 minut 45 sekunt öň ýitirildi diýip, Space habar berýär. Enjam 2025-nji ýylyň 15-nji ýanwarynda Firefly Aerospace kompaniýasynyň Blue Ghost Aý moduly bilen bilelikde uçuryldy
07.06.2025 12:21
16k+
Türkmen alymlary Derweze gaz krateriniň alawlamasyny peseltmegi başardylar
Garagum sährasyndaky Derweze gaz krateriniň ýanmagynyň depgini üç esse azaldy. Bu barada «Türkmengaz» döwlet konserniniň Tebigy gaz ylmy-barlag institutynyň barlaghanasynyň müdiri Irina Lurýewa habar berdi. "Krateriň tertipsiz ýanmagynyň ýygjamlygy 2023-nji ýylyň awgust aýy bilen deňeşdirilende üç esseden gowrak azaldy
07.06.2025 12:04
4.5k+
Kia, Porsche we Toyota sürüjilere kömek ulgamlary boýunça Tesla-dan we Volvo-dan öňe geçdi
Euro NCAP 2025 model ýylynyň awtoulaglarynda sürüjilere kömek ulgamlarynyň synaglaryny geçirdi. Synagyň netijelerine görä, Kia EV3, Porsche Macan, Renault 5 we Toyota bZ4X “Örän gowy” diýen ýokary bahany aldy. Bu awtoulaglar ulgamynyň ygtybarly işleýändigini we sürüji bilen gowy gatnaşygy görkezdi
07.06.2025 12:01
3k+
Ford bir günde bäş gezek yzyna çagyryş yglan etdi: kä modeller ot alyp biler
Ford kompaniýasy bir günde ulaglaryň bäşisini yzyna çagyrýandygyny mälim etdi. Olaryň käbiri ýangyn töwekgelçiligi bilen baglanyşykly, biri bolsa eýýäm abatlanan ulaglara degişli diýip, Carscoops ýazýar. 2020-nji ýyllaryň başynda öndürilen Lincoln Corsair, Ford Escape we Maverick krossower modelleriniň 1700 sürüjisine ulagy ulanmagy dessine bes etmek maslahat berildi
07.06.2025 11:56
3.1k+
Mercedes 792 km çenli ýol ätiýaçlygy bolan CLA-nyň önümçiligine başlady
Mercedes-Benz kompaniýasynyň Raştattdaky (Germaniýa) zawodlarynda täze nesil «CLA-nyň» önümçiligine başlandy. Ol brendiň elektrokarlar üçin ýörite döredilen «Mercedes Modular Architecture» (MMA) platformasynyň binýadyndaky ilkinji elektromobilidir
07.06.2025 11:55
2.6k+
Pininfarina brendiň taryhyndaky iň gazaply wersiýa bilen Battista-nyň önümçiligini soňlaýar
Pininfarina kompaniýasy Battista giperkarynyň önümçiligini çäkli nusgada çykarylan Novantacinque wersiýasy bilen soňlaýar. Kompaniýanyň 95 ýyllygyna bagyşlanyp döredilen wersiýa öndürilen 150 sany Battista-nyň iň soňkusy bolar
07.06.2025 11:53
3.5k+
Volkswagen gümrük paçlarynyň peseldilmegine umyt baglap, ABŞ-daky zawodlaryna maýa goýmaga karar berdi
Volkswagen kompaniýasynyň ýolbaşçysy Oliwer Blýume konserniň ABŞ-a uly möçberde maýa goýjakdygyny mälim etdi. The Guardian neşiriniň ýazmagyna görä, ol bu ädim bilen Prezident Donald Trampyň martda awtoulaglara girizilen 25 göterimlik gümrük paçlaryna täzeden seretmegine garaşýar
07.06.2025 11:37
8.8k+
«Missiýa ýerine ýetirmesizdäki» iň howply hokga TikTok wideosyndan gelip çykypdyr
Kann kinofestiwalynyň dowamynda režissýor Kristofer MakKuorri «Missiýa ýerine ýetirmesiz: Ahyrky hasaplaşyk» («Mission: Impossible – The Final Reckoning») filmindäki akyl ýetirip bolmajak hokgalaryň (trýuk) biriniň nädip dörändigi barada aýdyp berdi
07.06.2025 11:29
7.2k+
Tramp polada we alýumine salynýan gümrük paçlaryny iki esse ýokarlandyrdy
ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp polada we alýumine salynýan gümrük paçlaryny 25%-den 50%-e çenli ýokarlandyrmak barada permana gol çekdi. Ol bu karary ýurduň milli howpsuzlygyny üpjün etmek zerurlygy bilen düşündirdi
07.06.2025 11:25
6.9k+
Müsürde ýaşy 3500 ýyl töweregi bolan ozal näbelli üç sany gadymy mazar tapyldy
Müsürde ozal näbelli üç mazar tapyldy. Açyş Patyşalar jülgesiniň golaýynda, Nil derýasynyň günbatar kenarynda ýerleşen Luksordaky arheologik gazuw-agtaryş işlerinde mahalynda edildi diýip, Müsüriň Syýahatçylyk we gadymyýet ministrligine salgylanýan Daily Mail habar berýär
07.06.2025 11:23
3.2k+
NASA beýleki planetalaryň buzlarynyň aşagynda ýaşaýyş gözlemek üçin burawçy roboty döretdi
NASA-nyň Reaktiw hereket laboratoriýasynyň (JPL) inženerleri Europa Lander robotynyň prototipini (nusgasyny) görkezdiler. Hünärmenler bu işläp düzmäniň üstünde 10 ýyl bäri işleýärler diýip, Science Robotics žurnalyna salgylanýan Phys
07.06.2025 11:21
2.3k+
Russiýada atmosferadaky kömürturşy gazyny susup alyp, spirte öwürmegi öwrendiler
Rus, eýran we fransuz himikleri birnäçe metalyň grafenine we oksidlerine esaslanýan katalizator döretdiler. Ol kömürturşy gazyny metilbutanola we beýleki senagat taýdan gymmatly spirtlere we ketonlara 77% netijelilik bilen öwürmäge mümkinçilik berýär
07.06.2025 11:20
2.3k+
Astrobiologlar Saturnyň hemrasy Enselada ýaşaýyş «ýokuşdyrmagy» teklip edýärler
Kosmos enjamlarynyň, esasan-da, gonuş apparatlaryň sterilizasiýasy (arassalanmagy) halkara kosmonawtikanyň hökmany talabydyr. Maksat Ýerdäki mikroorganizmleriň beýleki planetalara ýaýramagynyň öňüni almak bolup durýar
07.06.2025 11:18
6.1k+
Hytaýyň eksport çäklendirmeleri Ýewropadaky birnäçe awtoulag zawodynyň işini togtatdy
Ýewropadaky birnäçe awtoulag zawody we önümçilik tapgyrlary seýrek ýerüsti elementleriniň ýetmezçiligi sebäpli, işini togtatmaga mejbur boldy. Munuň sebäbi bolsa, Hytaýyň bu çig mallaryň eksportyna girizen çäklendirmeleri boldy diýip, Ýewropanyň «CLEPA» awtokomponentler assosiasiýasyna salgylanyp, «Reuters» agentligi habar berýär
06.06.2025 16:07
5.7k+
Serdar Berdimuhamedow türkmen halkyny Gurban baýramy bilen gutlady
Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkyny umumadamzat gymmatlyklaryny baýlaşdyrýan hem-de belent ynsanperwerlik gatnaşyklaryny pugtalandyrýan Gurban baýramy bilen gutlady. "Jemgyýetimiziň ruhy sagdynlygy, milletimiziň ahlak kämilligi biziň esasy maksadymyzdyr
06.06.2025 16:00
3.8k+
Apple-iň millionlarça gurluşynda YouTube işlemegini bes etdi
YouTube iOS üçin programmany 20.22.1 wersiýa çenli täzeledi. Indi ony gurnamak üçin iOS 16 ýa-da has täze operasion ulgam gerek diýip, MacRumors habar berýär. Bu täzelenme sebäpli programma 15-nji wersiýadan ýokary iOS-y goldamaýan köne iPhone modellerinde işlemegini bes etdi
06.06.2025 15:57
2.5k+
Adobe kompaniýasy Android üçin täze mugt Photoshop hödürledi
Adobe Android üçin täze Photoshop programmasyny resmi taýdan hödürledi. Önüm ilkinji gezek şu ýylyň fewral aýynda anons edildi. Häzir programma başlangyç beta-synagyň çäklerinde mugt elýeterli boldy. Kompaniýa Photoshop-yň mobil wersiýasynyň üstünde köp wagtlap işledi
«
1
…
261
262
263
…
1118
»
«
1
…
258
259
260
261
262
263
264
265
266
…
1118
»
Copyright © 2026
TMCARS News
. All rights reserved.