Sony geljekki oýunlaryň treýlerini görkezdi: Silent Hill f, täze Bond we Marvel faýtingi

07.06.2025, 18:243,496
1 / 2

Adaty tomusky State of Play tanyşdyrylyşynda Sony kompaniýasy düýbünden täze we eýýäm anons edilen oýunlaryň 20-den gowrak treýlerini hödürledi. Olaryň arasynda Silent Hill-iň dowamy, Jeýms Bond barada täze oýun we uzak garaşylan ylmy fantastika Pragmata bar.

Silent Hill f
Meşhur horror oýnunyň dowamy 25-nji sentýabrda çykar. Ilkinji gezek oýnuň wakalary 1960-njy ýyllarda Ýaponiýada bolup geçýär. Baş gahryman – mekdep okuwçysy Hinako Simidzu. Ol duman örten syrly şäheri öwrenmeli bolar. Oýun PS5, Xbox Series X|S we Windows-da çykar.

007: First Light
IO Interactive studiýasyndan Jeýms Bond barada täze oýun. Oýunçylar interaktiw kinoformatda ýaş 007 agenti dolandyrar. Ilkinji treýler tanyşdyrylyşda görkezildi. Oýnuň 2025-nji ýylda ilki PS5-de, soňra beýleki platformalarda çykmagyna garaşylýar.

Pragmata
Capcom 2020-nji ýylda anons edilen fantastik oýnuň treýlerini hödürledi. Reliz 2026-njy ýyla süýşürildi. Baş gahrymanlar astronawt we gyz-android bolup, olar weýran bolan Aý stansiýasynda EA-ny ýeňmäge we Ýere gaýdyp barmaga synanyşýar.

Marvel Tokon: Fighting Souls
Marvel supergahrymanlarynyň gatnaşmagynda 4×4 görnüşde toparlaýyn uruş oýny 2025-nji ýylyň ahyryna çenli PS5-de we PK-da çykar. Oýunçylar Demir adamy, Möý adamy, Doktor Dumy, Hanym Marweli we beýleki gahrymanlary saýlap bilýär.

Mortal Kombat: Legacy Kollection
Mortal Kombat-yň nusgawy uruş oýunlarynyň 20-den gowrak wersiýasyndan ybarat ýygyndy 2025-nji ýylda çykar. Oňa birinjiden dördünji bölüme çenli oýunlar, Ultimate MK3 we beýlekiler girer.

Nioh 3
Team Ninja Nioh-yň üçünji bölümini anons etdi. Waka ýene-de Sengoku döwründe bolup geçýär. Oýunçylar üçin samuraý we nindzýa stilleri elýeterli. Reliz 2026-njy ýyla meýilleşdirilýär.

Thief VR: Legacy of Shadow
Mate Theory studiýasy Thief-iň VR wersiýasynyň üstünde işleýär. Oýunçylar Alahekek lakamly gahrymany dolandyrar. Oýnuň 2025-nji ýylyň ahyryna çenli Steam VR, Quest we PS VR2-de çykmagyna garaşylýar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.