«Sony» kompaniýasynyň 2028-nji ýylyň ýanwar aýyndan başlap, PlayStation-lar üçin oýunlary disklere çap etmegi bes etjekdigi baradaky resmi beýannamasyndan soň, iýmit ulgamyndaky iri brendler bu çözgüdiň üstünden degşip, «wirtual» menýu ulgamyna geçýändiklerini yglan etdiler.
«Domino's Pizza UK» (Beýik Britaniýa) şahamçasy 2027-nji ýylyň 1-nji aprelinden başlap hakyky pizzalary öndürmegi bes edip, dolulygyna sanly görnüşe geçjekdikleri barada degişme äheňli beýanat çap etdi. Brendiň wekilleri şeýle diýdiler:
«Sarp edijiler biziň datly pizzalarymyzyň kodlarynyň doly sanawyny göçürip alyp bilerler we hyýallarynyň güýjüni ulanyp, olardan diňe wirtual görnüşde lezzet alyp bilerler».
Bu degişme aksiýasyna «KFC-niň» ispan sosial media hasaby hem goşuldy. Olaryň sosial ulgamlarynda kompaniýanyň şu günden başlap restoranlarda fiziki iýmit bermekden ýüz öwrendigi, müşderileriň bolsa önümleri diňe ykjam goşundynyň üsti bilen «PNG» formatyndaky suratlar görnüşinde alyp biljekdikleri barada habar ýaýradyldy.
Restoran ulgamlaryndan başga-da, bu täzelige wideoýun öndüriji «Bethesda» ( «The Elder Scrolls» seriýasyny döredijiler) hem seslendiler. «Sony-nyň» bildiriş beren gününde studiýa «The Elder Scrolls IV: Oblivion-nyň» «Nintendo Switch 2» konsoly üçin remeýkiniň çykmagy mynasybetli wideorolik çap etdi. Onda gahrymanlaryň biri oýunçydan kartridji (oýun kassetasyny) alýar we gahrymana «hemişe bil baglap bolýandygyny» aýdýar.