«Möý-adam» äleminde ýene dört serial peýda bolar

Düýn, 21:111,697

Amazon we Sony Pictures Television «Nuar-Möý» serialynyň ýapylmagyna garamazdan, «Möý-adam» älemi boýunça birbada dört sany täze serialyň üstünde işleýär. The Ankler neşiriniň habar bermegine görä, taslamalaryň biri önümçilige başlamaga eýýäm ýakynlaberdi.

Geljekki seriallaryň näme hakda we kimler hakda boljagy häzirlikçe aýan edilenok. Taslamalaryň üstünde Kelwin Ýu («Asly hytaý amerikan»), Ben H. Winters («Gözlegçi»), Elison Tetlok («Gowusy, Sola jaň ediň»), Ben Nediwi we Mett Wolpert («Külli adamzadyň hatyrasyna») ýaly ssenariçiler we prodýuserler, şeýle hem Marvel-iň «WandaWižn» we «Bularyň bary Agata» seriallarynyň üstünde işlän Megan MakDonnell işleýär.

Dört taslamanyň hem konsepsiýasy eýýäm taýýarlanyp, Sony bilen Amazon-a hödürlenipdir. Şeýle-de bolsa, studiýalar olaryň ählisini bir wagtyň özünde önümçilige goýbermekçi däl. Ilki bilen diňe bir taslama durmuşa geçirilip başlar.

Bu meýilnamalaryň «Nuar-Möý» serialy bilen göni baglanyşygy ýok. Nikolas Keýjiň baş keşbi ýerine ýetiren serialy ilkibaşda azyndan iki möwsüm üçin meýilleşdirilipdi. Emma Prime Video taslamany ýapmak kararyna gelenden soň, onuň ilkinji möwsümi gutarnykly özbaşdak waka öwrüldi.

«Nuar-Möý» 2026-njy ýylda Prime Video platformasynda çykarylypdy.