Sony kompaniýasy PlayStation-yň täze oýunlaryny fiziki disklerde çykarmagyny bes eder

Şu gün, 13:34797
1 / 2

Sony kompaniýasy 2028-nji ýylyň ýanwaryndan başlap, PlayStation konsollarynda çykýan ähli täze oýunlar üçin fiziki diskleri öndürmegi bes etjekdigini habar berdi. Şondan soň täze oýunlar diňe sanly görnüşde PlayStation Store we bölek satuw dükanynyň üsti bilen ýaýradylar.

Bu çözgüt eýýäm çykarylan oýunlara we 2028-nji ýylyň ýanwaryna çenli disklerde çykjak taslamalara degişli bolmaz. Kompaniýa bu üýtgeşmäni ulanyjylaryň oýun satyn almagyň sanly görnüşine geçmegi bilen düşündirdi.

Şol bir wagtda Sony kompaniýasy PlayStation 3 we PlayStation Vita üçin PlayStation Store dükanlaryny tapgyrlaýyn ýapjakdygyny hem yglan etdi. 2026-njy ýylyň awgustynda bu dükan Meksikada, Gondurasda we Nikaraguada öz işini bes eder, soňra Latyn Amerikasynyň we Ýakyn Gündogaryň birnäçe ýurdunda ýapylar. Beýleki sebitlerlerde bolsa dükanlar bu konsollar üçin 2027-nji ýylyň iýulynda ýapylar.

Dükanlar ýapylandan soň ulanyjylar täze sanly kontenti satyn alyp bilmez, ýöne öň satyn alan oýunlaryny we maglumatlaryny «ýakyn geljekde» ýükläp almak mümkinçiligini saklap galar.

Sony köne konsollaryň häzirkizaman täjirçilik ulgamlaryny we tölegleri işlemegiň standartlaryny indi goldamaýandygyny belledi. Şeýle hem kompaniýa 2021-nji ýylda PS3 we PS Vita üçin dükanlary ýapmaga synanyşandygyny, ýöne ulanyjylaryň tankydyndan soň bu çözgüdinden ýüz öwrendigini ýatlap geçdi. Şol wagt diňe PSP kadadan çykma bolupdy, onuň dükany 2021-nji ýylyň iýulynda öz işini bes etdi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.