Saýlanan şäher
28 iýul 2026
Türkmen
Ulgama girmek
Awtoulaglar
Spestehnika
Awtoşaýlar
Beýleki Bildirişler
Biznes Hasaplar
Habarlar
Ulgama girmek
Baş sahypa
Awtoulaglar
Awtoşaýlar
Beýleki Bildirişler
Biznes Hasaplar
Habarlar
Garaňky tema
Dil
Meniň profilim
Habarlar
Baş sahypa
/
Habarlar
31.05.2025 16:23
2.1k+
Kia täze EV3 elektroulagynyň hatyrasyna XCeed krossowerini önümçilikden aýrar
Kia kompaniýasy ykjam XCeed krossowerini ýygnamagy bes etmek kararyna geldi. Bu model üstümizdäki ýylda önümçilikden aýrylar. Munuň sebäbi, elektrik ulaglary segmentinde markanyň strategiýasynyň möhüm bölegine öwrüljek täze Kia EV3 elektrik ulagyny satuwa çykarmak ugrundaky taýýarlyklar bilen baglanyşykly
31.05.2025 16:21
10k+
Finlýandiýada gadymy rus galasy 1 ýewro satyldy
Finlýandiýanyň Kotka şäherinde ýerli hökümet Senaatti-kiinteistöt döwlet kompaniýasyndan gadymy Kýuminlinna (Kýumenegorod) galasyny satyn aldy. Şertnamanyň bahasy simwoliki 1 ýewro boldy. Öňki eýesi çykdajysynyň aşa köpdügi sebäpli emlägi saklamakdan ýüz öwürdi diýip, RBK ýazýar
31.05.2025 16:19
3.4k+
Urguda gataýan ýumşak motosikl şlemi döredildi
«D3O» kompaniýasy dünýäde ilkinji gezek nenýuton materialyndan taýýarlanan podkladkaly motosikl şlemini işläp düzdi. Adaty ýagdaýda ol ýumşak bolýar, emma urgy wagtynda tiz wagtda gatap, goragy üpjün edýär. Täze önümiň 2027-nji ýylda satuwa çykarylmagyna garaşylýar diýip, «ITHome» habar berýär
31.05.2025 16:17
3.4k+
NASA-nyň öňki inženeri kosmosdan selfi edýän mugt hyzmaty ýola goýdy
NASA-nyň öňki inženeri Mark Rober kosmosdan selfi etmäge mümkinçilik berýän mugt hyzmaty ýola goýdy. Surata Sat Gus hemrasynda oturdylan kamera arkaly düşürilýär diýip, CrunchLabs kompaniýasynyň web sahypasynda habar berilýär
31.05.2025 15:59
7.2k+
Ýaralanan, göze görünmeýän gahrymanlar: Environmental Photography Award 2025-iň ýeňijileri
Environmental Photography Award 2025 bäsleşiginiň (“Daşky gurşawyň fotosuraty baýragy 2025”) guramaçylary ýeňijileri we finalçylary yglan etdi. Baýrak ekologiýa, tebigaty goramak we ýitip barýan görnüşleri goramak meselelerine ünsi çekmek üçin Monakonyň knýazy Alber II-niň gaznasy tarapyndan döredildi
31.05.2025 15:51
2.6k+
Benksi täze graffitisini görkezdi, ýöne onuň ýerleşýän ýerini aýan etmedi
Britaniýaly strit-art (köçe sungaty) suratkeşi Benksi täze işini hödürledi. Instagramda ýerleşdirilen suratda goňras diwaryň ýüzüne trafaret bilen çekilen maýak görünýär. Onuň üstünde bolsa: «Men siziň mende görýän zadyňyz bolasym gelýär» diýlip ýazylan
31.05.2025 15:49
2.9k+
Netflix «Pyçaklar çykaryldy» filminiň trikweli üçin syrly tizerleri paýlaşdy
Netflix striming hyzmaty «Pyçaklar çykaryldy: Oýan, merhum» («Wake Up Dead Man: A Knives Out Mystery») atly filme degişli iki sany tizer paýlaşdy. Bu meşhur detektiw Benua Blank barada düşürilýän franşizanyň üçünji bölümi bolup, onuň keşbini ýene-de Deniel Kreýg ýerine ýetirýär
31.05.2025 15:23
5.1k+
Land Rover Defender 2026 tanyşdyryldy: BMW-den V8 hereketlendiriji we 635 at güýji
Land Rover 2026-njy ýyl üçin täzelenen Defender modelini tanyşdyrdy. Bu barada «Carscoops» habar berýär. Täze model täze görnüşli LED çyralar we garaldylan yzky yşyklar bilen enjamlaşdyrylan. Täze reňk görnüşleriniň goşulmagy bilen, ulagyň daşky görnüşi has-da özüne çekiji boldy: «Woolstone», «Borasco» we «Sargasso» ýaly täze öwüşginler goşuldy
31.05.2025 15:15
1.7k+
Space Epoch dessin ýükleri eltiji raketanyň ilkinji böküş synagyny geçirdi
29-njy maýda Hytaýyň Space Epoch kompaniýasy YXZ-1 göteriji raketanyň ilkinji böküş synagyny geçirdi. Geçen ýyl ol Alibaba Group bilen gaýtadan ulanylýan raketalary ulanyp, tutuş dünýä boýunça harytlary dessin eltmek barada şertnama baglaşdy
31.05.2025 15:00
1.6k+
Bloomberg: Apple kompaniýasy iOS 19-a derek göni iOS 26-ny çykarar
Apple kompaniýasy operasion ulgamlary belgileýiş usulyny düýpgöter üýtgetmegi meýilleşdirýär diýip, Bloomberg agentligi habar berýär. Agentligiň çeşmeleriniň sözlerine görä, Apple-yň indiki operasion ulgamlary wersiýa belgisi boýunça däl-de, çykaryljak ýylyndan soňky ýyl boýunça atlandyrylar
31.05.2025 14:57
3.9k+
Heýli Biber Rhode kosmetika brendini 1 milliard dollara satdy
e.l.f. Beauty kompaniýasy bir milliard dollara amerikaly model Heýli Biber tarapyndan esaslandyrylan Rhode gözellik brendini satyn aldy diýip, CNN habar berýär. Şertnama e.l.f. Beauty-ä 800 million dollara düşdi, galan 200 million dollary kompaniýa Biber-e satuwlaryň bahasy ýokarlanan ýagdaýynda tölär
31.05.2025 14:55
12k+
Ilaty has bilimli ýurtlaryň reýtingi çap edildi
Ýurduň abadançylygy köp babatda zähmete ukyply ilatyň bilim derejesine baglydyr. Bilimli hünärmenler köplenç ýokary netijeliligi gazanýarlar, innowasiýalary ornaşdyrýarlar we ykdysady ösüşe goşant goşýarlar. Olaryň goşandy döwletiň ösüşi üçin durnukly esas döredýär
31.05.2025 13:58
1.8k+
“Tom we Jerriniň” anime wersiýasy YouTube-da mugt görkeziler
Warner Bros. kompaniýasy Tom & Jerri Gokko anime serialynyň treýlerini – syçan bilen pişigiň tükeniksiz oňşuksyzlygy hakyndaky meşhur “Tom we Jerri” multserialynyň täze wersiýasyny hödürledi. Bu treýlerde gahrymanlar, nusgawy multserialdaka garanyňda, biraz dostlukly gatnaşyklara ýykgyn edýärler
31.05.2025 11:09
3.1k+
Skorseze we DiKaprio “Karfagen ýegsan edilmeli” filmine prodýuserlik eder
Martin Skorseze bilen Leonardo DiKaprio “Karfagen ýegsan edilmeli” (Карфаген должен быть разрушен) atly täze uruşly filme prodýuserlik eder. Bu barada Deadline neşiri habar berýär. Film üçin ssenarini “Ouşeniň on bir dosty” (Одиннадцать друзей Оушена) filminiň awtory hökmünde tanalýan Ted Griffin ýazdy
31.05.2025 11:08
3.2k+
Audi önümçiligi we logistikany kämilleşdirmek üçin EA-ny işjeň ulanyp başlady
Audi emeli aňy önümçilik we logistika işlerine işjeň ornaşdyryp başlady. Häzirki wagtda kompaniýa awtomobil ýygnamak işini tizleşdirmäge, hili ýokarlandyrmaga we wagty tygşytlamaga gönükdirilen 100-den gowrak taslamany durmuşa geçirýär
31.05.2025 11:06
12k+
Mekgede robot-ýolbelet peýda boldy: ol zyýaratçylara kömek edýär we 11 dilde gürleýär
Hajyň öňüsyrasynda Mekgedäki Al-Haram metjidinde Manara atly gumanoid robot peýda boldy. Ol zyýaratçylary ugrukdyrmaga kömek edip, arap, iňlis, urdu, bengal we malaýýa ýaly 11 dilde soraglara jogap berýär. 2025-nji ýylda haj möwsümi 4 – 9-njy iýunda geçirilýär
31.05.2025 11:03
10k+
Jeki Çan karate boýunça gara guşagyň eýesi boldy
Gonkongly aktýor Jeki Çan karate boýunça gara guşak aldy. Dabara Nýu-Ýorkda “Karateçi oglanjyk: Ussatlar” (Каратэ-пацан: Легенды) filminiň premýerasy wagtynda geçirildi diýip, Bütindünýä karate federasiýasynyň (WKF) saýtynda habar berildi
31.05.2025 10:59
3.9k+
Massimiliano Allegri ýene-de “Milana” tälimçi bellendi
Italýan futbol kluby “Milan” Massimiliano Allegriniň toparyň baş tälimçisi wezipesine bellenendigini habar berdi. Ýylyň başynda “Milana” ýolbaşçy bolan portugaliýaly hünärmen Seržiu Konseýsau bir gün öň işden çykaryldy
31.05.2025 10:57
5.5k+
29-30-njy maýda 2024-nji ýyldan bäri iň dowamly magnit hadysasy boldy: ol 27 sagatlap dowam etdi
29-njy maýda 05:00-dan 30-njy maýda 08:00-a çenli (Aşgabat wagty) Ýer magnit hadysasynyň täsirine düşdi. Ol 2024-nji ýylyň maý aýynda bolup geçen rekord hadysadan soň iň dowamlysy boldy diýip, RYA-nyň Kosmos gözlegleri institutynyň we Gün-Ýer fizika institutynyň Gün astronomiýasy barlaghanasynyň saýtynda habar berilýär
31.05.2025 10:54
6.3k+
“Real” Trent Aleksandr-Arnoldyň geçendigini resmi taýdan yglan etdi
Madridiň “Realy” “Liwerpulyň” ýetişdiren oýunçysy we Angliýanyň milli ýygyndysynyň goragçysy Trent Aleksandr-Arnoldyň topara geçendigini resmi taýdan yglan etdi. Futbolçy bilen şertnama 2031-nji ýylyň iýun aýynyň ahyryna çenli möhlet bilen baglaşyldy
31.05.2025 10:42
4.2k+
Türkmenistan we Italiýa arheologik barlaglar babatynda hyzmatdaşlyk hakynda ylalaşyk baglanyşdylar
Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi Italiýanyň degişli düzümleri bilen arheologik barlaglar babatynda hyzmatdaşlyk hakynda ylalaşyklary gazandy. Ylalaşyklary özara alyşmak dabarasy Prezident Serdar Berdimuhamedowyň Gazagystana iş saparynyň çäklerinde geçirildi
31.05.2025 09:06
7.9k+
Serdar Berdimuhamedowyň Astanada «Merkezi Aziýa — Italiýa» birinji sammitinde eden çykyşy
(Astana şäheri, 2025-nji ýylyň 30-njy maýy) Hormatly Italiýa Respublikasynyň Premýer-ministri hanym Jorja Meloni! Hormatly Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlary! Wekiliýetleriň agzalary! Hanymlar we jenaplar
31.05.2025 09:01
6.4k+
Türkmenistanyň Prezidenti «Merkezi Aziýa — Italiýa» sammitine gatnaşdy
30-njy maýda Prezident Serdar Berdimuhamedow Astana şäherinde geçirilen «Merkezi Aziýa — Italiýa» görnüşindäki birinji sammite gatnaşdy. Sammitiň geçirilen ýeri bolan «Garaşsyzlyk» köşgüniň eýwanynda Türkmenistanyň Prezidentini Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew garşylady
31.05.2025 08:44
7.5k+
Serdar Berdimuhamedow Italiýa bilen hyzmatdaşlygy ulgamlaşdyrmak boýunça tekliplerini beýan etdi
30-njy maýda Gazagystanda «Merkezi Aziýa — Italiýa» görnüşindäki sammite gatnaşmagynyň çäklerinde Prezident Serdar Berdimuhamedow Italiýanyň Premýer-ministri Jorja Meloni bilen duşuşdy diýip, TDH habar berýär.
31.05.2025 08:33
3.8k+
Serdar Berdimuhamedow Astanada Kasym-Žomart Tokaýew bilen duşuşdy
30-njy maýda Gazagystana iş saparynyň çäklerinde Prezident Serdar Berdimuhamedow Prezident Kasym-Žomart Tokaýew bilen duşuşdy. Söhbetdeşler sebit we ählumumy gün tertibiniň möhüm meseleleri, hususan-da, parahatçylygy
30.05.2025 17:02
9.3k+
Toyota öz awtomobillerinde hususy operasion ulgamyny ulanyp başlar
Toyota awtomobiller üçin öz Arene operasion ulgamynyň üstünde işleýär. Ony indiki ýylyň mart aýynda kompaniýanyň iň meşhur modelleriniň biri bolan täze nesil RAV4 ulagyna ornaşdyrmak meýilleşdirilýär. Financial Times-yň habar bermegine görä, Arene-niň işlenip taýýarlanmagy ýedi ýyl bäri dowam edýär
30.05.2025 16:59
6.7k+
Nýu-Ýorkuň merkezine tölegli giriş ýylyň başyndan bäri $217 mln getirdi
2025-nji ýylyň başynda Nýu-Ýorkda awtomobil sürüjileri üçin girizilen töleg şäher gaznasyna 4 aýda 217 mln dollar getirdi. Bu barada Nýu-Ýorkda şäher transport ulgamyna jogap berýän şäheriň ulag edarasyna (Metropolitan Transportation Authority, MTA) salgylanyp, Bloomberg habar berýär
30.05.2025 16:58
7.5k+
Alymlar Bethoweniň kelleçanagynyň suraty esasynda onuň ýüzüni gaýtadan dikeltdiler
3D modelirleme boýunça britaniýaly hünärmen Sisero Moraes ilkinji gezek Lýudwig wan Bethoweniň (1770-1827) kelleçanagynyň esasynda onuň daşky keşbini gaýtadan dikeltdi. Onuň aýtmagyna görä, portret “bellibir derejede agras” boldy, kompozitory döwürdeşleri-de hut şeýle suratlandyrypdy diýip, OrtogOnLineMag žurnalyna salgylanyp, Daily Mail ýazýar
30.05.2025 16:57
7.4k+
“Ahyrky nokat: Gan baglanyşygy” horror-franşizanyň iň köp girdeji gazanan bölümi boldy
“Ahyrky nokat: Gan baglanyşygy” (Пункт назначения: Узы крови) filmi meşhur horror-franşizanyň iň girdejili bölümi boldy. Filmiň dünýädäki kassa ýygymy 189 mln dollardan geçdi. Muny BoxOfficeMojo portalynyň maglumatlary delillendirýär
30.05.2025 16:54
5.7k+
Russiýada glaukoma operasiýalary üçin dünýäde ilkinji mikrostent döredildi
Russiýada glaukomany hirurgiki bejermek üçin dünýäde ilkinji mikrostent döredildi. Bu barada Russiýanyň Ylymlar akademiýasynyň (RYA) prezidenti Gennadiý Krasnikow 28-30-njy maý aralygynda Moskwada geçirilýän RYA-nyň umumy ýygnagynda mälim etdi
30.05.2025 16:50
1.8k+
Xiaomi arassa girdejisini 64% artdyryp, I çärýekde smartfon satuwlaryny ýokarlandyrdy
«Xiaomi» kompaniýasy birinji çärýek boýunça maliýe netijelerini çap etdi. Kompaniýanyň umumy girdejisi 111,3 mlrd ýuana (15,4 mlrd dollara) ýetip, geçen ýyl bilen deňeşdirilende 47% köpeldi. Arassa girdeji bolsa 64,5% ýokarlanyp, 1,48 mlrd dollara ýetdi
30.05.2025 16:46
5.2k+
Höwesjeňler ilkinji Macintosh-yň mini-nusgasyny döretdiler: ol indi eliň aýasyna sygýar
1bitrainbow taslamasyna gatnaşyjylar ilkinji Apple Macintosh kompýuteriniň 5,5 esse kiçeldilen nusgasyny hödürledi. Ol Pico-mac-nano diýip atlandyrylýar we bu mini PK-nyň boýy bary-ýogy 62 mm bolup, eliň aýasyna sygýar
30.05.2025 16:41
10k+
Serdar Berdimuhamedow «Merkezi Aziýa – Italiýa» sammitine gatnaşmak üçin Gazagystana bardy
Şu gün, 30-njy maýda Prezident Serdar Berdimuhamedow «Merkezi Aziýa – Italiýa» görnüşindäki birinji sammite gatnaşmak üçin Gazagystana iş sapary bilen ugrady. Aşgabadyň halkara howa menzilinde döwlet Baştutanyny ýurdumyzyň resmi adamlary ugratdylar
30.05.2025 13:16
12k+
“Bir Supra” çörek önümleri dükany Gurban baýramy mynasybetli arzanlaşyk yglan etdi
Aşgabatda «Bir Supra» ady bilen hereket edýän çörek we çörek önümleri dükanlary Gurban baýramy mynasybetli däp bolan arzanlaşyk aksiýasyny yglan etdi. Her ýyl geçirilmegi däbe öwrülen arzanlaşyklar bu ýyl iýun aýynyň 1-inden 30-y aralygynda hereket eder
30.05.2025 13:15
4.7k+
Instagram Android-de batareýany çalt çökerip başlady: Google eýýäm çözgüt tapdy
Android ulanyjylary Instagram goşundysynyň has köp energiýa sarp edip başlandygyna üns berdi. Bu mesele Reddit-de we beýleki platformalarda işjeň ara alnyp maslahatlaşyldy. Ulanyjylar deň wagtda ulanmak bilen dürli goşundylaryň energiýany sarp edişini deňeşdirdi
30.05.2025 13:13
1.5k+
Apple-iň özbaşdak bejeriş programmasy indi iPad-e hem degişli boldy
Apple kompaniýasy Self Service Repair özbaşdak bejeriş programmasyny giňeltdi, indi ol iPad planşetlerini hem öz içine alýar. Mundan beýläk ätiýaçlyk şaýlary we abatlaýyş gurallary dürli modeller, şol sanda esasy wersiýa, mini, Air we Pro modelleri üçin elýeterlidir
30.05.2025 13:12
8.2k+
Beýik Britaniýada uçýan taksi ilkinji gezek açyk asmanda synag edildi
Britaniýanyň Vertical Aerospace kompaniýasy Ýewropada açyk howa giňişliginde ilkinji gezek howa taksisiniň uçuşyny amala aşyrdy. Bu barada The Daily Telegraph gazeti habar berýär. VX4 elektrouçarynyň prototipi Angliýanyň gündogar-günbataryndaky Kotsuolds sebitiniň asmanyna göterildi
30.05.2025 13:09
8.4k+
BMW-niň ähli modelleri 3,5 ýylda Neue Klasse dizaýnyna geçer
BMW kompaniýasy 5-nji seriýadan başlap, model hatarynyň uly täzelenmesi barada habar berdi. Üç ýarym ýylyň içinde markanyň ähli awtomobilleri, şol sanda benzin ulaglary Neue Klasse dizaýnyna we tehnologiýalaryna geçer
30.05.2025 13:07
3.7k+
iPhone 16 2025-nji ýylyň I çärýeginde dünýäde iň köp satylan smartfon boldy
iPhone 16 2025-nji ýylyň birinji çärýeginde dünýäde iň köp satylan smartfon boldy. Bu barada Counterpoint Research habar berýär. Ýaponiýada we Afrika ýurtlarynda islegiň artmagy we Apple-iň üstünlikli baha strategiýasynyň netijesinde esasy iPhone modeli ikiýyllyk arakesmeden soň birinji orna gaýdyp geldi
30.05.2025 13:03
13k+
Ýewropanyň iň gymmat futbol klublarynyň reýtingi düzüldi
Football Benchmark Group agentligi Ýewropada bazar bahasy ýokary bolan klublaryň reýtingini düzdi. Sanawda öňdebaryjy Madridiň “Realy” boldy. Onuň bahasy 6,3 mlrd ýewro barabar. Bloomberg “patyşalyk klubunyň” girdejileriniň “Bernabeu” stadionynyň durkunyň täzelenmegi netijesinde ep-esli artandygyny belleýär
«
1
…
266
267
268
…
1118
»
«
1
…
263
264
265
266
267
268
269
270
271
…
1118
»
Copyright © 2026
TMCARS News
. All rights reserved.