29-30-njy maýda 2024-nji ýyldan bäri iň dowamly magnit hadysasy boldy: ol 27 sagatlap dowam etdi

31.05.2025, 10:575,502

29-njy maýda 05:00-dan 30-njy maýda 08:00-a çenli (Aşgabat wagty) Ýer magnit hadysasynyň täsirine düşdi. Ol 2024-nji ýylyň maý aýynda bolup geçen rekord hadysadan soň iň dowamlysy boldy diýip, RYA-nyň Kosmos gözlegleri institutynyň we Gün-Ýer fizika institutynyň Gün astronomiýasy barlaghanasynyň saýtynda habar berilýär.

Materialda magnit hadysasynyň “27 sagat dowam edip, 2024-nji ýylyň maý aýyndaky rekord wakalardan bäri iň dowamlysy bolandygy aýdylýar. Şol wagt hasaba alnan magnit tupany 39 sagat dowam edip, iň ýokary derejesinde soňky 20 ýylda iň uly G5 bala ýetdi. 25-nji Gün döwrüniň çäklerinde bolup geçen bu tupan 2023-nji ýylyň 26-28-nji fewralyndaky 33 sagat dowam eden hadysadan soň üçünji orunda durýar”.
Magnit meýdany henizem gozganma ýagdaýynda. Alymlaryň çaklamalaryna görä, günüň dowamynda tupanlar gaýtalanyp biler.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.