Saýlanan şäher
28 iýul 2026
Türkmen
Ulgama girmek
Awtoulaglar
Spestehnika
Awtoşaýlar
Beýleki Bildirişler
Biznes Hasaplar
Habarlar
Ulgama girmek
Baş sahypa
Awtoulaglar
Awtoşaýlar
Beýleki Bildirişler
Biznes Hasaplar
Habarlar
Garaňky tema
Dil
Meniň profilim
Habarlar
Baş sahypa
/
Habarlar
23.05.2025 11:47
3.9k+
Barlaglar orta asyrlarda maýyplara nädip çylşyrymly hirurgiki kömegiň edilendigini görkezdi
Şwesiýanyň Lund uniwersitetiniň alymlary giçki orta asyr döwründe maýyplaryň uzak möhletli we ýokary hilli bejergi alyp bilendiklerini anykladylar. Bu barada Open Archaeology žurnalynda çap bolan makalada aýdylýar
23.05.2025 11:44
4.4k+
Hytaýyň dermany rak keseliniň üç görnüşine garşy göreşmekde oňyn netijeleri görkezdi
Hytaýyň Gonkong uniwersitetiniň barlagçylary D3S-001 dermanynyň kliniki synaglarynyň birinji tapgyryny tamamladylar. Derman ownuk däl öýjükli öýken, kolorektal we KRAS-G12C mutasiýaly aşgazan asty mäziniň çişlerini (rak keseli) bejermek üçin niýetlenendir diýip, South China Morning Post habar berýär
23.05.2025 11:41
3.6k+
Ferrari iýulda täze Amalfi sport ulagyny görkezer. Roma-nyň mirasdüşeri geň galdyrmagy wada berdi
Ferrari täze sport awtoulagyny - Ferrari Amalfi çykarmaga taýynlanýar. Ol Ferrari Roma modeliniň mirasdüşeri bolar. Resmi tanyşdyryş çäresini 2025-nji ýylyň iýulynda geçirmek meýilleşdirilýär. Häzirki wagtda awtoulag ýol synaglaryndan geçýär
23.05.2025 11:39
1.4k+
Honda gibridler we elektrik ulaglary üçin täze logotip döretdi
2025-nji ýylyň konferensiýasynda Honda täze firma nyşanyny resmi taýdan hödürledi. Täzelenen "H" nyşany 2027-nji ýyldan başlap gibrid we doly elektrikli modellerde ulanylar. Täze logotip ýönekeýleşdirilen we “tekiz” stilde ýerine ýetirilen
23.05.2025 11:11
3.1k+
Netflix «Clash of Clans» boýunça multserial çykarar
«Netflix» striming hyzmaty «Clash of Clans» mobil oýny boýunça animasion serial dörediljekdigini mälim etdi. «Variety» neşiriniň bellemegine görä, taslamanyň üstünde işlejek topar hem-de premýeranyň senesi entek belli däl
23.05.2025 11:09
12k+
Britaniýada Sezaryň döwrüne degişli iň uly hazyna tapyldy. Tapan adama bir teňňe-de berilmez
Beýik Britaniýada b.e. öňki I asyryň ortalaryna degişli 800-den gowrak altyn teňňeden ybarat hazyna tapyldy. Esseks graflygynyň Çelmsford şäherinde ýüze çykarylan kolleksiýa «Greýt-Beddou hazynasy» diýlip atlandyryldy we demir asyryna degişli altyn teňňeleriň sany boýunça ýurduň taryhynda iň uly tapyndy hökmünde ykrar edildi
23.05.2025 11:05
1.2k+
GPT-4 emeli aňy onlaýn çekişmelerde adamlaryň 64%-inden has ynandyryjy bolup çykdy
GPT-4 neýrotory onlaýn çekişmelerde, aýratyn-da, garşydaşyň şahsy maglumatlary ulanylanda adamlaryň özündenem has ynandyryjy bolup çykdy. Şweýsariýanyň Lozanna şäherindäki Federal politehniki mekdebiň mugallymy Robert Uestiň ýolbaşçylygynda, şweýsariýaly, italiýaly we amerikaly alymlar topary şeýle netijä geldiler
23.05.2025 11:04
5k+
Lexus atmosferaly V8 hereketlendirijili sedanynyň soňky wersiýasyny çykarar
«Lexus» kompaniýasy brendiň atmosferaly V8 hereketlendirijili iň soňky modeli boljak «IS500 Ultimate Edition» sedanynyň çäkli nusgada çykaryljakdygyny mälim etdi. Ulag jemi 500 nusgada öndüriler we diňe Demirgazyk Amerikada satuwa çykarylar
23.05.2025 10:31
8.2k+
Britaniýaly ejesiniň hatyrasyna tutuş Awstraliýany ylgap, rak bilen göreşmek üçin serişde ýygnady
Britaniýaly ultra-marafonçy Uilýam Guj 3800 km töweregi ylgap, 35 günde tutuş Awstraliýany geçdi. Ol ylgawa 15-nji aprelde Kotteslou kenaryndan başlap, ony 19-njy maýda garşy kenarda, Bondi kenarynda tamamlady
23.05.2025 09:51
3.7k+
“Ýura eýýamynyň dünýäsi: Gaýtadan dogluşyň” täze treýleri peýda boldy. Film 2-nji iýulda çykar
Universal Pictures kinokompaniýasy “Ýura eýýamynyň dünýäsi: Gaýtadan dogluş” filminiň ikinji treýlerini çykardy. Filmiň ilkinji görkezilişini 2025-nji ýylyň 2-nji iýulynda guramak meýilleşdirilýär. Filmiň sýužeti “Agalyk” filminiň wakalaryndan, takmynan, bäş ýyl soň ýaýbaňlanýar
23.05.2025 00:05
8.5k+
2025-nji ýylyň aprel aýynda haýsy ýurtda awtomobil satuwy has ýokary boldy
GlobalData konsalting kompaniýasynyň maglumatlaryna görä, 2025-nji ýylyň aprel aýynda bütin dünýäde 7 324 712 ýolagçy awtomobili we ýeňil täjirçilik ulagy satyldy. Bu 2024-nji ýylyň degişli aýy bilen deňeşdirilende 6% köpdür
23.05.2025 00:03
3.9k+
Elektrokarlardan lapykeç bolan Ford akkumulýator zawodynyň güýjüni Nissan-a berer
Ford Motor elektromobil işläp taýýarlamak meýilnamasyna gaýtadan seredilendigini habar berdi. Awtoöndüriji Kentukkidäki (ABŞ) akkumulýator öndürýän zawodynyň önümçilik kuwwatynyň bir bölegini Nissan kompaniýasyna kärendesine bermek kararyna geldi
23.05.2025 00:00
2.9k+
“Habbl” Eýnşteýniň halkasyny surata aldy. Ol üç galaktikadan ybarat
NASA “Habbl” teleskopy tarapyndan düşürilen üýtgeşik suraty hödürledi – onda bir hatara diýen ýaly düzülen üç galaktika görünýär. Olar Ýerden 19,5 mlrd, 5,5 mlrd we 2,7 mlrd ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýär
22.05.2025 23:58
5.9k+
FIFA täze transfer penjiresiniň açylmagyny tassyklady
ABŞ-da geçiriljek 2025-nji ýylyň Klublaýyn dünýä çempionatyna klublary gatnaşýan FIFA-nyň 20 agza assosiasiýasynyň ählisi ýörite transfer penjiresiniň açylmagyny makullady. Bu barada Halkara futbol federasiýasynyň (FIFA) resmi saýtynda habar berilýär
22.05.2025 20:48
8.7k+
Toyota köne awtomobillerden alnan plastigi täze awtomobiller üçin gaýtadan ulanýar
Toyota Gosei kompaniýasy plastigi “kese gaýtadan işlemek” tehnologiýasyny işläp taýýarlady, bu täze komponentleri döretmek üçin hasapdan aýrylan awtomobillerden materiallary 50%-e çenli gaýtadan ulanmaga mümkinçilik berýär
22.05.2025 20:45
6.6k+
Ispaniýanyň Benidorm şäherindäki Lewante kenary Ýewropada iň arassa kenar boldy
Benidorm şäherindäki Lewante dynç alyş kenary Express britan neşiri tarapyndan Ýewropada iň arassa kenar diýlip atlandyryldy. Ispaniýanyň gündogar kenarýakasyndaky bu şypahana şäheri syýahatçylara diňe bir oturylyşyklary däl, eýsem owadan tebigaty bolan kenarda rahat dynç alşy hödürleýär
22.05.2025 20:44
7.3k+
Hyundai täze Grandeur 2026 kaşaň sedanyny görkezdi
Hyundai 2026-njy ýylyň täzelenen Grandeur sedanyny görkezdi. Model tehnologiýa taýdan has kämil bolup, giňeldilen mümkinçiliklere eýe boldy. Bu, aýratynam, Honors ýörite wersiýasyna degişlidir. Grandeur Honors modeli Hyundai SmartSense II howpsuzlyk ulgamy, Bose audioulgamy, Built-in Cam 2 kamerasy we kämilleşdirilen nawigasiýa bilen üpjün edildi
22.05.2025 20:30
1.4k+
Microsoft ylmy gözlegleri çaltlaşdyrmak üçin Discovery EA platformasyny işe girizdi
Build 2025 konferensiýasynda Microsoft korporasiýasy emeli aňyň kömegi bilen ylmy gözlegleri çaltlaşdyrmak üçin döredilen Discovery platformasyny hödürledi. Kompaniýanyň maglumatlaryna görä, täze ulgam maglumatlary seljermekden we çaklamalary öňe sürmekden başlap, tejribeleri modelirlemäge we netijeleri gaýtadan işlemäge çenli ylmy gözlegiň ähli tapgyrlarynda kömek eder
22.05.2025 20:27
6k+
Kanadada dinozawrlaryň heläk bolan ýerinden 8 müň süňk tapyldy
Kanadanyň Alberta welaýatynda paleontologlar pahirinozawrlaryň 8 müňden gowrak süňküni tapdy. Bu burnunda süňk ösüntgisi bolan we uly göwresi bilen tapawutlanýan ot iýýän dinozawrlardyr. Tapyndy, takmynan, 72 ýyl mundan ozal tutuş bir dinozawrlar sürüsiniň heläk bolandygyny görkezýär diýip, Interesting Engineering habar berýär
22.05.2025 20:17
10k+
Ankara bilen Eskişehiriň arasyndaky ýolda ilkinji aýdym-saz ýoly peýda boldy
Türkiýede ilkinji aýdym-saz ýoly açyldy. Ol Ankara bilen Eskişehiriň arasyndaky awtoulag ýolunda ýerleşýär. Bu ýol böleginiň üstünden bellibir tizlik bilen hereket edilende, awtomobiliň tigirleri Wolfgang Amadeý Mosartyň “Türk marşy” (Rondo alla turca) sazyny “çalyp başlaýar”
22.05.2025 20:12
1.5k+
Türkmenistan we BMG ýaşlar syýasaty babatynda hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryny maslahatlaşdylar
21-nji maýda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow BMG-niň Baş sekretarynyň Ýaşlaryň işleri boýunça kömekçisi Felipe Paulýer bilen duşuşdy. Duşuşygyň barşynda taraplar Türkmenistan bilen BMG-niň arasyndaky ýaşlar syýasaty babatyndaky hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryna we geljegine giňişleýin garadylar hem-de Türkmenistanyň ýaşlar diplomatiýasynyň ösmegine goşýan goşandyny bellediler
22.05.2025 20:04
5.9k+
Aşgabatda halkara ders bäsleşiklerinde ýeňiji bolan okuwçylary sylaglamak dabarasy boldy
20-nji maýda Türkmenistanyň Bilim ministrliginde halkara ders bäsleşikleriniň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy boldy. 4–12-nji maý aralygynda Saud Arabystany Patyşalygynyň Dahran şäherinde geçirilen fizika boýunça 25-nji Aziýa olimpiadasynda (APhO-2025) ýurdumyzyň mekdep okuwçylarynyň üçüsi tapawutlandylar
22.05.2025 12:53
7.4k+
Gazagystana Merkezi Aziýada ilkinji superkompýuter getirildi
Gazagystana öndürijiligi, takmynan, 2 ekzaflops bolan sebitiň taryhynda ilkinji superkompýuter klasteri getirildi. Bu barada respublikanyň Sanly ösüş, innowasiýa we aerokosmos senagaty ministrliginiň metbugat gullugy habar berdi
22.05.2025 12:52
5.9k+
You-Tube kanaly “pi” sanyny hasaplamak boýunça rekord goýdy – 300 trln sifr
Linus Tech Tips You-Tube kanaly “pi” sanyny hasaplamak boýunça dünýä rekordyny goýdy, oturdan soň 300000000000000 (300 trln) sifr kesgitlendi. Taslama 2024-nji ýylyň tomsunda başlandy. Topar Kioxia ýapon kompaniýasy bilen bilelikde superkompýuter ýygnady
22.05.2025 12:50
2.2k+
Xiaomi çip döretmek işine tas $7 mlrd maýa goýar we täze ulagyny hödürlär
Hytaýyň Xiaomi kompaniýasy ýakyn on ýylda ykjam gurluşlar üçin hususy mikroçipleri işläp taýýarlamaga 50 mlrd ýuan ($6,9 mlrd) maýa goýar. Bu barada kompaniýanyň esaslandyryjysy Leý Szýun Weibo sosial ulgamynda habar berdi
22.05.2025 12:43
2.8k+
ESA Aý üçin GPS ýaly nawigasiýa ulgamyny döredýär
Häzirki Aý missiýalary Ýerdäki GPS ýaly ýokary derejede takyk nawigasiýa ulgamynyň ýokdugy sebäpli düýpli çäklendirmeler bilen ýüzbe-ýüz bolýar. Aýda hereket edýän enjamlar we astronawtlar Ýerden gelýän maglumatlara we öz hasaplaýyş modullaryna daýanýar
22.05.2025 12:41
1.6k+
Huawei kompaniýasy HarmonyOS ulgamyny alan ilkinji täjirçilik noutbugyny hödürledi
Huawei kompaniýasy Qingyun hatarynyň täze täjirçilik noutbugyny – Qingyun HM940-y hödürledi. Ol kompaniýanyň öz Huawei OS operasion ulgamyna eýe bolan ilkinji täjirçilik noutbugy boldy. Ozal Qingyun hatarynyň noutbuklary Windows ýa-da Lunix bilen işleýärdi
22.05.2025 12:38
6.6k+
Denzel Waşington garaşylmadyk ýagdaýda “Altyn palma şahasy” hormat baýragy bilen sylaglandy
Amerikaly aktýor Denzel Waşingtona Kann kinofestiwalynda “Altyn palma şahasy” hormat baýragy berildi. Dabara bäsleşikden daşary görkezilen Spaýk Liniň “Jennet we dowzah” (Рай и ад) filminiň premýerasy wagtynda geçirildi
22.05.2025 12:35
5.1k+
Disney “Haýwanlar şäheri-2” multfilminiň ilkinji tizer-treýlerini hödürledi
Walt Disney Animation Studios-yň YouTube kanalynda “Haýwanlar şäheri-2” (Зверополис-2) multfilminiň ilkinji treýleri peýda boldy. Animasion filmiň dünýä prokatyndaky premýerasy 26-njy noýabra meýilleşdirilýär. Ikinji filmde Zootopia şäheriniň ýaşaýjylary täze howpa duçar bolýar
22.05.2025 12:30
4.4k+
Google sesli wideo döredýän ilkinji EA modelini – Veo 3-i hödürledi
Sessiz EA wideolarynyň uzak bolmadyk taryhy soňlandy. I/O 2025 konferensiýasynda Google tekst arkaly sesli wideo döredýän generatiw emeli aňyň ilkinji wersiýasyny – Veo 3 modelini hödürledi. Beýleki çözgütlerden tapawutlylykda, model ses döretmek üçin goşmaça görkezmeleriň bolmagyny talap etmeýär: ol kadrlary seljerip, sesi awtomatik saýlaýar
22.05.2025 12:28
12k+
De Brýoýne “ManSiti” bilen hoşlaşdy: klub “Etihadyň” ýanynda onuň heýkelini oturdar
“Mançester Siti” häzirki möwsümiň ahyrynda kluby terk etjek toparyň kapitany, belgiýaly ýarymgoragçy Kewin de Brýoýneniň heýkelini oturdar. Heýkel “Etihad” stadionynyň girelgeleriniň birinde peýda bolar diýip, klubuň metbugat gullugy habar berdi
22.05.2025 12:26
907
Apple WWDC 2025 konferensiýasynyň geçiriljek senesini resmi taýdan yglan etdi
Apple her ýyl geçirilýän işläp düzüjileriň konferensiýasyny – WWDC 2025-i resmi taýdan yglan etdi. Çäre 9-njy iýundan 13-nji iýun aralygynda geçiriler. Ol 9-njy iýunda, duşenbe güni sagat 22:00-da (Aşgabat wagty) esasy tanyşdyrylyş bilen açylar
22.05.2025 12:25
3.3k+
Bitkoiniň bahasy ilkinji gezek 110 müň dollardan geçdi
Maý aýynyň 22-ne geçilýän gije bitkoiniň bahasy ilkinji gezek 110 müň dollardan geçdi. Muňa «Binance» kriptobiržasynyň maglumatlary şaýatlyk edýär. Aşgabat wagty bilen sagat 8:45-de bitkoiniň bahasy iň ýokary derejesine – 111müň 880 dollara ýetdi
22.05.2025 12:19
10k+
Merkezi Aziýa ýurtlarynda temperatura rekordlary hasaba alynýar
Ýaz pasly başlany bäri Merkezi Aziýa ýurtlarynda birnäçe sebitlerde gurakçylyga getiren aşa yssy howa hasaba alynýar. Maglumatlara görä, soňky 30 ýylda sebitde temperatura 1,5°С ýokarlandy – bu ortaça global görkezijiden iki esse ýokarydyr
22.05.2025 12:01
7.2k+
“Tottenhem” “Mançester Ýunaýtedi” utup, soňky 41 ýylda ilkinji ýewrokubok baýragyny gazandy
Ýewropa ligasynyň finalynda “Tottenhem Hotspur” “Mançester Ýunaýtedi” 1:0 hasabynda utdy. Oýun Bilbaodaky (Ispaniýa) “San-Mames Barriýa” stadionynda geçirildi. Ýeňiş goluny 42-nji minutda Brennan Jonson girizdi
22.05.2025 11:55
6.9k+
“Barselona” Flik bilen şertnamany 2027-nji ýyla çenli uzaltdy
“Barselona” futbol kluby baş tälimçi Hans-Diter Flik bilen şertnamany uzaltdy. Bu barada klubuň resmi saýtynda habar berilýär. Ilkibaşdaky şertnama 2026-njy ýylyň tomsuna çenli hereket edýärdi. Täze şertlere görä, germaniýaly hünärmen bu wezipede 2026/27 möwsüminiň ahyryna çenli galar
22.05.2025 00:50
14k+
Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy iş sapary bilen Hytaýa bardy
21-nji maýda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowanyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet iş sapary bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Pekin şäherine bardy. Bu barada milli parlamentiň metbugat gullugy habar berýär
22.05.2025 00:31
12k+
20-nji maýdan Aşgabat - Türkmenbaşy ugry boýunça goşmaça awtobus gatnawy işe girizildi
«Awtomobil ulag hyzmaty» AGPJ 20-nji maýdan başlap Aşgabat (Halkara awtomenzil) - Türkmenbaşy - Aşgabat (Halkara awtomenzil) ugry boýunça gündelik goşmaça awtobus gatnawlaryny işe girizdi. Awtobus Aşgabatdan (A
21.05.2025 16:44
7.9k+
Toyota kämilleşdirilen tehnologiýasy we dizaýny bilen täze RAV4 modelini hödürledi
Ýaponiýada «Toyota RAV4» modeliniň altynjy nesliniň dünýä boýunça resmi tanyşdyrylyşy boldy. Täze krossoweriň ölçegleri öňküsi ýaly saklandy, emma modele uly tehniki we tehnologik täzelikler girizildi, şeýle hem dizaýnda düýpli üýtgeşmeler boldy
21.05.2025 16:36
10k+
Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrligi we FAO mallary bellige almak boýunça taslamany işe girizdi
20-nji maýda Aşgabatdaky «Arçabil» myhmanhanasynda BMG-niň Azyk we oba hojalyk guramasy FAO-nyň TCP/TUK/4002 «Mallary bellige almak we yzarlaýyş boýunça milli ulgamyň (NAITIS) strategiýasyny we Ýol kartasyny işläp taýýarlamak» atly taslamasynyň durmuşa geçirilişine badalga beren tanyşdyryş seminary geçirildi
«
1
…
272
273
274
…
1118
»
«
1
…
269
270
271
272
273
274
275
276
277
…
1118
»
Copyright © 2026
TMCARS News
. All rights reserved.