Saýlanan şäher
28 iýul 2026
Türkmen
Ulgama girmek
Awtoulaglar
Spestehnika
Awtoşaýlar
Beýleki Bildirişler
Biznes Hasaplar
Habarlar
Ulgama girmek
Baş sahypa
Awtoulaglar
Awtoşaýlar
Beýleki Bildirişler
Biznes Hasaplar
Habarlar
Garaňky tema
Dil
Meniň profilim
Habarlar
Baş sahypa
/
Habarlar
13.05.2025 12:24
4.5k+
Milanyň dizaýn hepdeligi sosial torlarda rekord goýdy
Dünýä belli suratkeşleriň, moda we aýakgap brendleriniň gatnaşmagynda geçirilen Milanyň dizaýn hepdeligi sosial torlarda rekord goýdy diýip, «WWD» habar berýär. Karla Otto-nyň maglumatlaryna görä, bu çäre EMV hasabynda, ýagny sosial torlardaky täsirleriň (synlar we organiki gözleg netijeleri ýaly) dollar ekwiwalenti boýunça, 26,1 million dollar girdeji getirdi
13.05.2025 12:22
3k+
Tesla ulanylan Model 3 we Model Y awtoulaglaryny 257 müň km-e çenli kepillik bilen hödürleýär
Tesla ulanylan «Model 3» we «Model Y» elektromobillerini giňeldilen kepillik bilen satuwa çykardy. Kompaniýa batareýa we hereketlendiriji ulgamy üçin, 160 müň mile (takmynan, 257 müň kilometre) çenli kepillik berýär diýip, «Carscoops» neşiri habar berýär
13.05.2025 12:21
6.7k+
Täze MAN ýük ulagy BMW-niň zawodlarynyň arasynda üstünlikli synagdan geçdi
Täze «MAN eTGX» ýük ulagy Germaniýanyň Leýpsig we Regensburg şäherindäki BMW zawodlarynyň arasyndaky gatnawda üstünlikli synagdan geçip, uzak aralyga ýük daşamak üçin amatlydygyny subut etdi. Kuwwaty 544 at güýjüne çenli bolan elektrikli ýük ulagy her 100 kilometre bary-ýogy 75 kWt-sagat energiýa sarp edýär we 500 km çenli aralygy geçip bilýär
13.05.2025 12:02
7.1k+
Baýragyň deňinden uçup geçen guşlar: «Bird Photographer of the Year» bäsleşiginde baýrak almadyk suratlar çap edildi
Her ýyl geçirilýän «Bird Photographer of the Year» bäsleşiginiň guramaçylary öňki ýyllarda finala çykmadyk, emma ähmiýetli we üns çekmäge mynasyp suratlary sosial torlarynda paýlaşdy. Bu suratlar dünýäniň dürli künjeklerinde düşürilen guşlaryň gözelligini we suratçylaryň ussatlygyny görkezýär
13.05.2025 11:41
9k+
Karlo Ançelotti resmi taýdan Braziliýanyň milli ýygyndysynyň baş tälimçisi bellendi
Karlo Ançelotti resmi taýdan Braziliýanyň milli futbol ýygyndysynyň baş tälimçisi bellendi. Italiýaly hünärmen topary 2026-njy ýylyň dünýä çempionatyna taýýarlar diýip, Braziliýanyň futbol konfederasiýasynyň metbugat gullugy habar berdi
13.05.2025 11:28
11k+
Awtoulagyňyz tomus paslyna taýýarmy?
Tomus adamlaryň aglabasynyň dynç alşa çykýan, syýahata, uzak ýerlere saparlara gidýän döwri bolýar. Bu jogapkärçilikli döwürde awtoulagyňyzyň lapyňyzy keç etmezligi üçin öňünden yssy howa taýýarlanmak maslahat berilýär
13.05.2025 10:58
3.2k+
Nissan Leaf 2020-de hakerlere ruly dolandyrmaga mümkinçilik berýän howply gowşaklyk tapyldy
Black Hat Asia 2025 konferensiýasynda PCAutomotive kompaniýasynyň hünärmenleri 2020-nji ýylyň Nissan Leaf elektrik ulagynda howply gowşaklygyň bardygyny habar berdiler. Mesele multimediýa ulgamynyň Bluetooth moduly bilen baglanyşykly diýip, SPEEDME neşiri ýazýar
13.05.2025 10:53
14k+
«Turkish Airlines» awiakompaniýasy uçar doly saklanmanka ýerinden turýan ýolagçylara jerime salar
«Turkish Airlines» awiakompaniýasy uçar doly saklanmazdan we howpsuzlyk kemerleriniň çyrasy öçürilmezden öň ýerinden turýan ýolagçylara jerime salar. Bu barada «Akdeniz Gerçek» neşiri habar berýär. Täze düzgünler Türkiýäniň Baş raýat awiasiýasy müdirligi (SHGM) tarapyndan çap edilen görkezmede beýan edilýär
13.05.2025 10:47
1.9k+
BAFTA TV baýragynyň ýeňijileri yglan edildi: “Sýogun”, “Gök çyralar” we “Jenap Beýts vs. poçta bölümi”
Londonda 2024-nji ýylyň BAFTA TV baýragynyň gowşurylyş dabarasy geçirildi. Britan akademiýasy iň gowy seriallary we aktýorlyk işlerini belledi diýip, Deadline habar berýär. Şeýlelikde, “Gök çyralar” iň gowy drama serialy boldy
13.05.2025 10:43
5.5k+
Klein Vision 1000 km-e çenli geçip bilýän uçýan awtomobilini hödürledi
Slowakiýanyň Klein Vision kompaniýasy awtomobil bilen uçaryň funksiýalaryny birleşdirýän ulag serişdesini – AirCar 2-ni hödürledi. Ýerde AirCar 2 tizligini 200 km/sag, howada bolsa 250 km/sag çenli artdyrýar. Režimleriň arasyndaky geçiş 80 sekunt wagt alýar
13.05.2025 10:42
6.6k+
Ilon Mask: Hytaý 2025-nji ýylda ulag satuwy boýunça ABŞ-dan we Ýewropadan öňe geçer
Hytaý 2025-nji ýylda ilkinji gezek umumy awtomobil satuwy boýunça ABŞ-dan we Ýewropadan öňe geçer diýip, Ilon Mask aýdýar. X sosial ulgamyndaky sahypasynda Tesla-nyň ýolbaşçysy bu ýurduň eýýäm birnäçe ýyl bäri adaty liderleriň yzyndan ýetip, ulag önümçiliginde öňdebaryjydygyny belledi
13.05.2025 08:17
19k+
Arkadag şäherinde AFK-nyň Çagyryş ligasynyň çempiony “Arkadag” FK-ny garşy almak dabarasy geçirildi
12-nji maýda Arkadag şäherinde “Arkadag” futbol toparynyň Aziýanyň Futbol konfederasiýasynyň Çagyryş ligasynyň çempiony bolmagynyň hormatyna dabaraly çäreler geçirildi. Dabara Arkadag şäheriniň «Akhan» binasynyň öňündäki meýdançada ýaýbaňlandyrylan aýdym-sazly çykyşlar bilen başlandy
13.05.2025 08:12
19k+
“Arkadag” futbol toparynyň tälimçileri we türgenleri pul baýragy bilen sylaglanyldy
Prezident Serdar Berdimuhamedow Arkadag şäheriniň häkimliginiň “Arkadag” futbol toparynyň tälimçilerini we türgenlerini pul baýragy bilen sylaglamak hakynda Buýruga gol çekdi. Bellenilişi ýaly, bu resminama türkmen
13.05.2025 08:02
6.4k+
Serdar Berdimuhamedow welaýatlarda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy bilen tanyşdy
12-nji maýda Prezident Serdar Berdimuhamedow wise-premýer T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy
12.05.2025 23:26
9.8k+
Fabrisio Romano: “Real” Habi Alonso bilen 2028-nji ýyla çenli şertnama baglaşdy
Lewerkuzeniň “Baýeriniň” baş tälimçisi Habi Alonso Madridiň “Realy” bilen 2028-nji ýyla çenli möhlet bilen şertnama baglaşdy. Bu barada žurnalist Fabrisio Romano X sosial ulgamynda habar berdi. Çeşmäniň maglumatlaryna görä, ispaniýaly hünärmen tomusda – 15-nji iýundan 13-nji iýul aralygynda ABŞ-da geçiriljek futbol boýunça Klublaýyn dünýä çempionatyndan soň işe girişer
12.05.2025 23:11
2.3k+
Geçen hepdede Türkmenistanyň biržasynda geleşikleriň jemi bahasy 4,57 mln dollar boldy
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 31-si hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň, Owganystanyň işewür toparlarynyň wekilleri
12.05.2025 22:58
6.9k+
“Minecraft kinoda” filminiň onlaýnda çykjak senesi yglan edildi
"Minecraft kinoda" (“Minecraft в кино”) filmi 13-nji maýda onlaýn ýagdaýda görkeziler. Bu barada Warner Bros studiýasyna salgylanýan WhenToStream portaly habar berdi. Filmiň sýužeti hyýaly inedördül dünýä düşýän dört gahrymanyň töwereginde ýaýbaňýar
12.05.2025 16:46
7.6k+
Täze “Godzilla we Kong 3” filmi anons edildi, ol “Supernowa” adyny aldy
Monsterverse älemi boýunça Godzilla we Kong baradaky täze filmi döredijiler täze tizer çykaryp, onda geljekki filmiň adyny we sýužet barada käbir maglumatlary açyp görkezdi. Film “Supernowa” (Godzilla x Kong: Supernova) goşmaça ady bilen çykar
12.05.2025 16:42
5k+
Bad Bunny-nyň konsert syýahatyna petek almak üçin 300 müň adam nobata durdy
Puertorikoly repçi Bad Bunny-nyň Ýewropa boýunça konsert syýahaty üçin petek satuwy tizlik rekordyny goýýar. Madridde uly isleg sebäpli Metropolitano stadionynda konsertleriň sanyny ona ýetirmeli boldy. Petek üçin 300 müňden gowrak adam nobata durdy diýip, El Mundo habar berýär
12.05.2025 16:40
3.1k+
Google Android-de gözleg wijetiniň dizaýnyny üýtgetdi
Google kompaniýasy Android-de gözleg wijetiniň dizaýnyny täzeledi. Indi smartfonyň baş ekranyndaky gözleg paneli has giňeldi we döwrebap boldy. Ol Material 3 Expressive konsepsiýasyna laýyk gelýär – bu geljekki Android wersiýalarynda ulanyljak täze wizual stildir
12.05.2025 16:38
1.6k+
Apple 2024-nji ýylda diňe ABŞ-da App Store-yň üsti bilen $10 mlrd gazandy
2024-nji ýylda Apple-iň diňe ABŞ-da App Store-dan gazanan girdejisi 10,1 mlrd dollara barabar boldy. Bu barada Appfigures analitiki kompaniýasyna salgylanyp, TechCrunch habar berýär. Bu kompaniýanyň programmalar dükanynyň töleg ulgamy arkaly amala aşyrylan her bir amaldan alan mukdarydyr
12.05.2025 16:36
1.8k+
Nvidia Hytaý üçin aýratyn täze emeli aň prosessoryny döretdi
Nvidia Hytaý üçin H20 emeli aň çibiniň ýönekeýleşdirilen görnüşini taýýarlaýar. Bu barada Reuters agentligi ýagdaý bilen tanyş bolan üç çeşmä salgylanyp habar berýär. Çözgüt ABŞ tarapyndan çibiň asyl modeliniň eksportyna çäklendirme girizilenden soň kabul edildi
12.05.2025 16:32
3.4k+
Nissan Ýaponiýada 1 mlrd-lyk taslamasyny ýatyrýar. Kompaniýa ýitgiler sebäpli çykdajylaryny azaldýar
Nissan Motor kompaniýasy Ýaponiýanyň Kitakyusýu şäherinde elektrik ulaglary üçin LFP batareýalaryny öndürýän zawod gurmagy goýbolsun etdi. Taslamanyň bahasy 153,3 milliard ýena (takmynan 1,05 milliard dollar) bolmalydy diýip, Reuters belleýär
12.05.2025 16:20
4.6k+
Robert Uittakeriň Renýe de Ridder bilen söweşi UFC on ABC 9-yň esasy wakasy bolar
Orta agramda UFC-niň öňki çempiony awstraliýaly Robert Uittaker UFC on ABC 9 ýaryşynda niderlandly Renýe de Riddere garşy söweşer. Söweş 26-njy iýulda Abu-Dabide geçiriler we agşamyň esasy wakasy bolar diýip, liganyň metbugat gullugy habar berdi
12.05.2025 16:19
5.6k+
Wengriýada sönen wulkanyň üstünden syrly taýpanyň gadymy artefaktlary tapyldy
Arheologlar Günbatar Wengriýanyň Şomlo depesinden ýaşy 3400 ýyla çenli bolan alty sany seýrek metal hazynany tapdylar. Olaryň bäşisi giçki bürünç asyry döwrüne (b.e. öňki 1450–800-nji ýyllar), biri irki demir asyryna (b
12.05.2025 16:16
3.5k+
Audi A6 e-hybrid hödürlendi: has uly batareýa, 362 at güýji we benzinsiz 111 km ýol geçýär
Audi täze «A6 sedan» we «A6 Avant» ulaglarynyň tokdan zarýad alýan gibrid görnüşlerini tanyşdyrdy. Öňki modellere garanyňda, täze wersiýalaryň batareýasy 45% ulalyp, 20,7 kWt⋅s sygyma ýetirilipdir. Bu bolsa WLTP standartyna görä, diňe elektrik energiýasy bilen sedanda 111 km, uniwersalda bolsa 106 km ýol geçmäge mümkinçilik berýär
12.05.2025 16:13
3.5k+
Volkswagen Tiguan L Pro 2025 arzanladyş we ömürlik kepillik bilen satuwa çykdy
SAIC Volkswagen bilelikdäki kärhanasy 2025-nji model ýylynyň täzelenen Volkswagen Tiguan L Pro krossoweriniň satuwynyň başlandygyny habar berdi. Model güýçli hereketlendiriji, opsiýalaryň giň toplumy we ömürlik kepillik bilen elýeterlidir
12.05.2025 16:12
2.4k+
Italiýaly alymlar näsagyň demi boýunça böwrek keselini anyklamak üçin datçik döretdiler
Italiýaly fizikler we lukmanlar hassanyň goýberýän deminiň düzümi boýunça ötüşen böwrek keselini anyklap biljek arzan datçigi işläp düzdüler. Bu barada ACS Sensors žurnalynda çap edilen makalada aýdylýar. Sensor çeýe elektronika we porfirinler toparyna degişli dört organiki maddanyň molekulalary goşulan PEDOT/PSS polimerine esaslanýar
12.05.2025 16:10
2.4k+
Şýamalan Jeýk Jillenholyň oýnamagynda romantik trilleri surata düşürýär
M.Naýt Şýamalanyň režissýorlyk etmeginde “Galyndy” (“Остаток”(“ Remain”)) romantiki trilleri 2026-njy ýylyň 26-njy oktýabrynda halkara derejesinde çykar. Bu barada Warner Bros-a salgylanýan Deadline habar berýär
12.05.2025 12:53
4.7k+
BMW-niň girdejisi birinji çärýekde 26,4% aşaklady
BMW Group ýylyň ilkinji çärýegini 2,17 mlrd ýewro girdeji bilen tamamlady, bu bolsa 2024-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 26,4% pesdir. Kompaniýanyň umumy girdejisi hem 7,8% peselip, 33,76 mlrd ýewro boldy
12.05.2025 12:52
14k+
«Ahyrky nokatdaky» 71 ýaşly kaskadýor aýal «ot alyp», rekord goýdy
«Ahyrky nokat: Gan baglanyşyklary» (Пункт назначения: Кровные узы) filminiň döredijileri dünýä rekordyny goýandyklaryny öňe sürýärler. Filmiň surata düşürilýän mahaly, 71 ýaşly kaskadýor aýal «oda berildi». Şeýlelikde, ol kameranyň öňünde «ýanan» iň garry adam boldy
12.05.2025 12:31
3.1k+
Alymlar 3D çap usulynda aortanyň ornuny tutýan bio dokumany çap etdiler
Ýel uniwersitetiniň (ABŞ) alymlary zeper ýeten bio dokumalary 3D çap usulynda döredilen bio dokuma bilen çalyşmagyň tehnologiýasyny işläp düzdüler. Synagda çap edilen aorta syçanlara üstünlikli imlpantasiýa edildi, bu bolsa adamlarda ýürek-damar kesellerini bejermekde täze mümkinçilikleri açýar
12.05.2025 12:06
6.8k+
Volvo yzy görkezýän kamerasyndaky näsazlyk sebäpli 413 müňden gowrak ulagyny yzyna çagyrýar
Volvo yzy görkezýän kamerasynda näsazlyk bardygy sebäpli ABŞ-da 413 151 ulagyny yzyna çagyrýar. Yzky geçiriş işledilende kameranyň ýüzüne şekil çykman biler, bu bolsa heläkçilik howpuny ýokarlandyrýar. Bu barada ABŞ-nyň Milli ýol hereketiniň howpsuzlygy gullugy (NHTSA) habar berdi
12.05.2025 07:19
6.3k+
Uly adron kollaýderi ilkinji gezek gurşuny altyna öwürdi
Fizikler dünýäniň iň güýçli elementar bölejik tizlendirijisi bolan Uly adron kollaýderinde ilkinji gezek gurşuny altyna öwürmegi başardylar. Bu barada «Newsweek» habar berýär. Asyrlarboýy «hrizopeýa», ýagny gurşuny altyna öwürmek mümkin däl diýip hasap edildi
12.05.2025 07:15
5.9k+
Ýakyn Gündogaryň ilkinji «Disneýlendi» Abu-Dabide gurlar
The Walt Disney Company Abu-Dabide tematik seýilgäh-dynç alyş merkezini gurmagy meýilleşdirýär. Täze dynç alyş merkezi Disney-iň Ýakyn Gündogardaky ilkinji taslamasy bolar. Bu barada kompaniýanyň resmi web sahypasynda habar berilýär
12.05.2025 07:12
6.1k+
«Dünýäni üýtgetjek» Starlink Mini üçin 40 dollarlyk kiçijik router çykaryldy
SpaceX kompaniýasy ABŞ-da 40 dollarlyk kiçi ölçegli Starlink Router Mini-niň satuwyna başlady. Bu enjam internede birikmäniň hilini ýokarlandyrmak üçin döredildi, şeýle-de öý şertlerinde Wi-Fi zolagynyň giňeldilmegine mümkinçilik berýär
12.05.2025 07:10
2.1k+
Google 2035-nji ýyla çenli 3 sany täze atom elektrik stansiýasyna maýa goýmagy meýilleşdirýär
Google korporasiýasy atom energetikasy ugrundaky taslamalar bilen meşgullanýan Elementl Power amerikan kompaniýasy bilen hyzmatdaşlyk yglan etdi. Bu hyzmatdaşlygyň çäginde, Google umumy kuwwaty 1800 megawatt bolan üç sany täze atom elektrik stansiýasyna maýa goýmagy meýilleşdirýär
12.05.2025 07:09
4.8k+
LG innowasion awtoulag displeýini hödürledi: süýnýän sensorly ekran fiziki düwmeleri emele getirýär
LG Electronics Kaliforniýada (ABŞ) geçirilen SID Display Week sergisinde awtoulaglar üçin täze displeý tehnologiýasyny tanatdy – süýnýän we fiziki düwmeleri emele getirýän OLED ekran. Bu çözgüt sensorly ekran bilen fiziki dolandyryşy utgaşdyrýar diýip, «TechRadar» neşiri habar berýär
12.05.2025 07:06
5.1k+
Baidu haýwan dilini adam diline terjime edýän tehnologiýany patentlemek üçin arza berdi
Hytaýyň Baidu kompaniýasy haýwan seslerini adam diline terjime edip biljek tehnologiýany patentlemek üçin arza berdi. Bu barada South China Morning Post habar berdi. Arza 2023-nji ýylyň dekabrynda berlipdi, ýöne Hytaýyň Milli intellektual eýeçilik müdirligi ony diňe 2025-nji ýylyň 6-njy maýynda neşir etdi
12.05.2025 07:04
5.8k+
ABŞ-da Teslanyň Robotaxi haryt nyşanyny bellige almakdan ýüz öwürdiler. At juda umumy hasaplanyldy
Tesla kompaniýasynyň Robotaxi haryt nyşanyny hasaba almakdan ýüz öwürdiler. ABŞ-nyň patent gullugy bu ady juda umumy gördi we bellige almagyň talaplaryna laýyk gelmeýär diýip hasaplady. Sürüjisiz taksi ugruny işjeň ösdürýän Tesla indi bu önüminiň tutjak ornuna täzeden garamaly bolar
«
1
…
280
281
282
…
1118
»
«
1
…
277
278
279
280
281
282
283
284
285
…
1118
»
Copyright © 2026
TMCARS News
. All rights reserved.