Saýlanan şäher
28 iýul 2026
Türkmen
Ulgama girmek
Awtoulaglar
Spestehnika
Awtoşaýlar
Beýleki Bildirişler
Biznes Hasaplar
Habarlar
Ulgama girmek
Baş sahypa
Awtoulaglar
Awtoşaýlar
Beýleki Bildirişler
Biznes Hasaplar
Habarlar
Garaňky tema
Dil
Meniň profilim
Habarlar
Baş sahypa
/
Habarlar
27.04.2025 16:50
3k+
Arkadag şäherinde türkmen bedewlerine bagyşlanan XVII halkara ylmy maslahat geçirildi
25-nji aprelde Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda “Türkmen bedewi we dünýäniň seýisçilik sungaty” atly XVII halkara ylmy maslahat geçirildi. Maslahatda, ilki bilen, türkmen halkynyň Milli Lideriniň
27.04.2025 16:41
3k+
Madrid şäherinde Türkmenistanyň we Ispaniýanyň Daşary işler ministrlikleriniň geňeşmeleri geçirildi
24-nji aprelde Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanowyň Ispaniýa saparynyň çäklerinde Madrid şäherinde iki ýurduň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda geňeşmeler geçirildi. Türkmenistanyň DIM-niň habar bermegine görä, duşuşykda ispan tarapyna Ispaniýa Patyşalygynyň DIM-niň halkara gatnaşyklar we ählumumy meseleler boýunça Döwlet sekretary Diego Martines Belio ýolbaşçylyk etdi
27.04.2025 16:32
3.4k+
Türkmenistanyň ilçisi Bahreýniň Patyşasyna ynanç hatlaryny gowşurdy
22-nji aprelde Türkmenistanyň Bahreýn Patyşalygyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi O.Çaryýew Bahreýniň Patyşasy Hamad bin Isa Al Halifa ynanç hatyny gowşurdy. Dabara Manama şäherinde Patyşanyň köşgünde geçirildi diýip, Türkmenistanyň DIM-niň metbugat gullugy habar berýär
27.04.2025 16:27
5.9k+
"Türkmennebit" we "PETRONAS" Özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdiler
24-nji aprelde Türkmenistanyň ykdysadyýetine daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara forumyň (TEIF 2025) çäklerinde "Türkmennebit" döwlet konserni bilen "Petronas Carigali (Turkmenistan) Sdn. Bhd." kompaniýasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi
27.04.2025 15:03
11k+
Garward uniwersiteti Trampyň maliýe kömegini doňdurmagy sebäpli, 1 mlrd dollarlyk paýnamalaryny satmak isleýär
Garward uniwersitetiniň gaznasy ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp bilen ýüze çykan düşünişmezlikler sebäpli, takmynan, 1 milliard dollarlyk hususy maýa goýum gaznasyndaky paýnamalaryny satmak boýunça gepleşikleri alyp barýar
27.04.2025 12:29
10k+
Teylor Swift iň ýaş zenan milliarder adyny asly hytaýly gyza berdi: onuň baýlygy 1,25 mlrd dollar
Asly hytaýly Lýusi Go dünýäniň iň ýaş zenan milliarderleriniň sanawynda Teýlor Swifti yzda galdyrdy. «Forbes-iň» hasaplamasyna görä, Lýusi Gonuň baýlygy 1,25 milliard dollara barabar. Lýusi Go kollejini taşlap, 21 ýaşynda emeli aň tehnologiýasyny işläp düzýän Scale AI kompaniýasynyň esaslandyryjylarynyň biri boldy
27.04.2025 12:26
1.9k+
TSMC ilkinji 1,4-nm çipleriň çykjak wagtyny mälim etdi
Demirgazyk Amerikada geçirilen tehnologik simpoziumyň dowamynda, TSMC taýwan kompaniýasy täze 1,4-nm tehnologiýasyny – Gate-All-Around (GAA) ikinji nesil tranzistorlara esaslanýan A14 tehprosessini hödürledi. 2
27.04.2025 12:23
3.8k+
Honda yzky çyralaryň näsazlygy sebäpli, 153 müňe golaý Acura MDX ulagy ýene yzyna çagyrýar
Honda kompaniýasy 2014-2020-nji ýyllar aralygynda öndürilen 152 müň 573 sany «Acura MDX» krossowerini täzeden yzyna çagyrýandygyny mälim etdi. Sebäp – yzky çyralara çyglylygyň aralaşmagy. Bu mesele 2019-njy ýylda düzedilmäge synanyşylypdy, ýöne gaýtadan ýüze çykdy: öň bejerilen awtoulaglaryň yzky çyralary hem ýene-de buglanýar we işlemegini bes edýär
27.04.2025 12:20
11k+
Şanhaýyň naýbaşy restoranlaryň biri 550 dollara pil tezeginden taýýarlanan desert hödürleýär
Şanhaýdaky Posh China restorany myhmanlara sterilizasiýa edilen pil tezeginden taýýarlanan desert hödürleýär. Şeýle geň hezzetiň bahasy 550 dollara ýetýär, hyzmatyň özi bolsa hakyky teatrlaşdyrylan sahna öwrülýär diýip, SCMP neşiri habar berýär
27.04.2025 12:06
3.6k+
Antonio Banderas baş aşpez we teleýaýlym alyp baryjysy Entoni Burden hakdaky baýopikde oýnar
Antonio Banderas meşhur amerikan aşpezi, teleýaýlymyň alyp baryjysy we syýahatçy Entoni Burden hakdaky “Toni” terjimehal filminde oýnamak üçin keşp aldy. Bu barada Variety habar berýär. Filmdäki baş keşbi "Galdyrylanlar" teleserialyndaky keşbi bilen tanalýan Dominik Sessa ýerine ýetirer
27.04.2025 12:04
6.1k+
Pariždäki Luksor obeliskinden ýedi sany gizlin hat tapyldy
Sorbonna uniwersitetiniň müsüri öwreniji alymy Žan-Giýom Olett-Pelletýe Pariždäki Luksor obeliskinden ýedi sany gizlin haty tapdy. Bu barada Daily Mail gazeti habar berdi. Obelisk, takmynan, b.e. öňki 1250-nji ýylda faraon Ramses II-niň döwründe gurlupdyr
27.04.2025 11:59
5.5k+
Ummanlaryň gyzmagy merjenleriň 80%-den gowragyna ýok bolup gitmek howpuny salýar
Ummanlaryň temperaturasynyň ýokarlanmagy sebäpli planetanyň merjenleriň 80%-den gowragynyň reňki soldy. Halkara Merjen gaýalary başlangyjy (ICRI) tarapyndan berlen hasabatda olaryň köpçülikleýin ýok bolup gitmek howpy barada aýdylýar diýip, TASS habar berýär
27.04.2025 11:56
1.5k+
Kann film festiwalynyň maksatnamasyna “Alagaraňkylygyň” ýyldyzynyň ilkinji režissýorlyk işi goşuldy
2025-nji ýyldaky Kann film festiwalynyň guramaçylary maksatnama birnäçe täze filmi, şol sanda “Alagaraňkylyk” (“Сумерек”) wampir sagasynda ýerine ýetiren keşpleri bilen tanalýan aktrisa Kristen Stýuartyň ilkinji režissýorlyk çykyşyny goşdy
27.04.2025 11:42
15k+
“Barselona” goşmaça wagtda “Realy” utup, 32-nji gezek Ispaniýanyň Kubogyny gazandy
“Barselona” Ispaniýanyň Kubogynyň finalynda Madridiň “Realyny” goşmaça wagtda 3:2 hasabynda utdy. Oýunda birinji bolup hasaby “Barselona” açdy – 28-nji minutda Pedri gol geçirdi. “Real” 70-nji minutda Kilian Mbappeniň jerime urgusynyň netijesinde hasaby deňledi, ýene 7 minutdan Orelýen Tçuameni madridlileri öňe çykardy
26.04.2025 18:20
4.8k+
Resident Evil 4-üň täzeden işlenen wersiýasynyň satuwy 10 milliondan geçdi
Capcom kompaniýasy Resident Evil 4-üň täzeden işlenen görnüşiniň (remeýkiniň) 10 milliondan gowrak nusgada satylandygyny habar berdi. Kompaniýa bu oýnuň franşizanyň iň çalt satylan oýny bolmagynda galýandygyny hem ýatlatdy
26.04.2025 18:18
4.6k+
Android 16 täzelenmesini aljak Xiaomi, Redmi we POCO enjamlaryň sanawy
Android 16 esasynda işlenip düzülen HyperOS 3 interfeýsi 2025-nji ýylyň iýul aýynda çykarylar. Ol täze aýratynlyklary, öndürijilik boýunça kämilleşdirmeleri hem-de täzeden işlenip taýýarlanan interfeýsi üpjün eder
26.04.2025 16:58
5.6k+
Gucci çökgünligi başdan geçirýär. I çärýekde satuwlar 25% peseldi we aşaklama dowam edýär
Gucci modalar öýüniň satuwy 2025-nji ýylyň birinji çärýeginde 25% peseldi. Bu barada WWD neşiri habar berdi. Bu brendi öz içine alýan Kering Holding kompaniýasy hem satuwlaryň umumy mukdarynynyň 14% peselendigini bellige aldy
26.04.2025 16:57
7.2k+
“Günlerde bir gün... Golliwuddanyň” dowamy baradaky maglumatlar aýan edildi
Kwentin Tarantinonyň “Günlerde bir gün... Golliwudda” filminiň dowamynyň jikme-jiklikleri belli boldy. Täze taslama Kliff Buta bagyşlanar. Bu gahrymanyň keşbini birinji filmde Bred Pitt ýerine ýetiripdi. Film baradaky maglumaty Deadline neşiriniň žurnalisti aýan etdi
26.04.2025 13:38
5.4k+
Diňe Ýaponiýanyň özünde täze Nintendo Switch 2 üçin 2,2 mln öňünden sargyt berildi
Nintendo ýapon kompaniýasy 23-nji aprelde beren beýannamasynda täze çykjak Switch 2 oýun konsoly üçin garaşylmadyk derejede köp mukdarda deslapky sargyt alandygyny mälim etdi. Bu barada «Reuters» neşiri habar berýär
26.04.2025 13:37
6.9k+
Wakuumly Raptor 3 hereketlendirijisi ilkinji gezek SpaceX-iň synag meýdançasynda görüldi
SpaceX-iň ABŞ-nyň Tehas ştatynyň Makgregor şäherindäki synag meýdançasynda Raptor 3 hereketlendirijisiniň wakuumly görnüşi ilkinji gezek görüldi. Onuň daşalyşy baradaky wideo NasaSpaceFlight kanaly tarapyndan paýlaşyldy, olaryň kamerasy desganyň içinde ýerleşdirilen eken
26.04.2025 13:35
4.7k+
«Uensdeý» serialynyň ikinji möwsüminiň treýleri çykdy
Netflix «Uensdeý» serialynyň ikinji möwsüminiň resmi tizer-treýlerini çykardy. Baş keşbi Jenna Ortega tarapyndan ýerine ýetirilýän serial şu tomus gaýdyp geler. Bölümleriň bir bölegi 6-njy awgustda, galany bolsa 3-nji sentýabrda görkezilip başlanar
26.04.2025 13:16
4.6k+
YouTube-yň täze dizaýny ulanyjylaryň göwnüne ýaramady
Ýüklenen ilkinji wideonyň 20 ýyllygy mynasybetli, YouTube platformasy özüne degişli pleýeriň web-wersiýasynyň interfeýsini täzelemäge karar beripdir. Käbir ulanyjylar üýtgedilen dizaýny synag tertibinde eýýämden synap gördüler
26.04.2025 13:13
6.2k+
Nissan garaşylmadyk ýagdaýda täze pikabyny hödürledi – Frontier Pro Plug-In Hybrid
Nissan kompaniýasy Şanhaýdaky awtosergide ilkinji plagin-gibrid pikaby bolan «Frontier Pro-ny» tanyşdyrdy. Adynyň tanyşdygyna garamazdan, bu model adaty «Nissan Frontier-den» düýpgöter tapawutlanýar. Täze pikabyň dizaýny Nissan-yň Şanhaýdaky dizaýn studiýasy tarapyndan işlenip taýýarlanyldy
26.04.2025 13:10
9.9k+
Redmi Turbo 4 Pro tanyşdyryldy: 255 dollara nähili telefon alyp bolýar
Xiaomi kompaniýasy resmi taýdan Redmi Turbo 4 Pro smartfonyny tanyşdyrdy. Ol subflagmanlar üçin niýetlenen Snapdragon 8s Gen4 prosessory bilen enjamlaşdyrylan ilkinji model hökmünde çykyş edýär. Smartfon 6,83 dýuýmlyk IPS ekran bilen üpjün edilen, onuň durulygy 1,5K, täzeleniş ýygylygy 120 Gs, iň ýokary ýagtylygy bolsa 3200 nit
26.04.2025 13:06
2.7k+
Amazon-yň hemra internetiniň geljegi sorag astynda: Starlink-iň bäsdeşi taslamasyna ýetişenok
Amazon kompaniýasynyň emeli hemra arkaly internet ulgamyny döretmek ugrunda işe girizen iri taslamasy bolan Project Kuiper agyr kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz boldy. Içerki çeşmeleriň berýän maglumatlaryna görä, kompaniýa 2026-njy ýylyň tomsuna çenli uçurylmaly 1600 hemranyň bary-ýogy onlarçasyny öndüripdir
26.04.2025 12:35
9.3k+
Türkmenistanyň ilçisi Mongoliýanyň Prezidentine ynanç hatyny gowşurdy
21-nji aprelde Türkmenistanyň Mongoliýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi (oturýan ýeri Pekin ş.) P.Durdyýew Mongoliýanyň Prezidenti Uhnaagiýn Hurelsuha ynanç hatyny gowşurdy. Dabarada Ulan-Bator şäherinde şäherinde Mongoliýanyň Hökümet öýünde geçirildi diýip, Türkmenistanyň DIM-nde habar berdiler
26.04.2025 11:45
6.9k+
Altynhan ikinji gezek konkur bäsleşiginiň ýeňijisi boldy
25-nji aprelde Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynyň ýapyk manežinde atly sportuň päsgelçiliklerden bökmek — konkur görnüşi boýunça bäsleşikler geçirildi. Bäsleşigi «Türkmen atlary» döwlet birleşigi gurady
26.04.2025 11:29
23k+
Baýramçylyk atçapyşyklarynda baş baýragy halypa çapyksuwar Gaýgysyz Handurdyýew aldy
Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli Mary welaýat atçylyk sport toplumynda ýurdumyzyň ýetginjek we uly ýaşly çapyksuwarlarynyň hem-de halypa çapyksuwarlaryň arasynda baýramçylyk at çapyşyklary geçirildi
26.04.2025 11:10
5.6k+
Aşgabatda II Halkara matematika olimpiadasynda türkmenistanly okuwçylar 31 medal gazandylar
25-nji aprelde Aşgabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 131-nji orta mekdepde okuwçylaryň arasynda geçirilen II Halkara matematika olimpiadasynyň jemleri jemlendi. Bu barada Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň metbugat gullugy habar berdi
26.04.2025 09:19
6.2k+
Lýuis Hemilton Dior üçin erkekleriň kolleksiýasyny hödürledi
“Formula-1-iň” ýaryşa gatnaşyjysy Lýuis Hemilton Dior bilen bilelikde erkekleriň täze egin-eşik kolleksiýasyny çykardy. Bu barada Women’s Wear Daily habar berýär. Hemiltonyň Marokko, Mozambik, Benin, Madagaskar we Senegal ýaly ýurtlara syýahaty oňa täze kolleksiýany döretmek üçin ylham çeşmesi bolup hyzmat etdi
26.04.2025 09:18
4.5k+
Instagram CapCut-yň stilinde Edits wideoredaktoryny çykardy
Instagram täze Edits wideoredaktoryny hödürledi. Programma eýýäm ýükläp almak üçin Android-de we iOS-da elýeterli. Bu TikTok işläp düzüjileriniň CapCut programmasy ýaly aýratyn programmadyr. Edits wideolary döretmek we redaktirlemek üçin onlarça gurallary hödürleýär
26.04.2025 00:45
6.7k+
R.Meredow Türkmenistanyň Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasy bilen hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça teklipleri beýan etdi
25-nji aprelde geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredow Türkmenistan bilen Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler barada aýtdy
26.04.2025 00:23
11k+
Türkmenistan Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 80 ýyllygyna taýýarlyk görýär
Türkmenistanda 1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 80 ýyllygy mynasybetli dabaralary geçirmek meýilleşdiriýär. Bu ugurda görülýän taýýarlyk işleri barada wise-premýer B.Orazdurdyýewa Hökümet mejlisinde hasabat berdi
26.04.2025 00:14
9.5k+
Türkmenistanda maý aýynda geçiriljek esasy çäreleriň tertibi yglan edildi
25-nji aprelde geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda wise-premýer B.Seýidowa şu ýylyň maý aýynda geçiriljek esasy çäreleriň tertibi barada Türkmenistanyň Prezidentine hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, maý aýynyň
25.04.2025 23:38
12k+
Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç şäherinde döwrebap bazar gurlar
25-nji aprelde geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda wise-premýer N.Atagulyýew Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç şäherinde döwrebap bazary gurmak boýunça alnyp barylýan degişli işler barada hasabat berdi. Bu barada “Watan” habarlar gepleşiginde aýdyldy
25.04.2025 23:29
9k+
Serdar Berdimuhamedow önümçilik desgalaryny howpsuz ulanmak bilen bagly tabşyryklary berdi
Türkmenistanda Senagat howpsuzlygy çygryndaky kadalary we düzgünleri işläp taýýarlamagyň we tassyklamagyň tertibiniň taslamasy işlenip düzüldi. Bu barada wise-premýer H.Geldimyradow 25-nji aprelde Hökümet mejlisinde döwlet Baştutanyna habar berdi
25.04.2025 23:20
13k+
15-nji maýdan Aşgabat bilen «Awazanyň» arasynda yzygiderli awtobus gatnawy ýola goýlar
2025-nji ýylyň 15-nji maýyndan başlap Aşgabat bilen «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň arasynda yzygiderli awtobus gatnawy ýola goýlar. Bu barada «Türkmenawtoulaglary» agentligi habar berýär. «Awtomobil ulag hyzmaty» AGPJ-niň guraýan şäherara awtobus ugry üçin biletleri öňünden – gatnawyň açylmagyna 10 gün galanda satyn alyp bolar
25.04.2025 22:35
7.2k+
BYD altyn logotip we 1180 at güýji bilen premium ulagyny hödürledi
Şanhaý awtosalonynda BYD kompaniýasy Yangwang U8L premium ulagyny görkezdi. Ýolsuz ýerden ýöreýän bu model iki reňkde hödürlenýär – Obsidian Black we Sun Gold, ýöne onuň esasy aýratynlygy öň we yzky böleklerde ýerleşdirilen Oracle logotipi boldy – ol 24 karat altyndan ýasaldy
25.04.2025 22:25
5k+
Dewid Bekhem futbol we beýleki temalar barada öz gepleşigini açýar
Dewid Bekhem Beckham & Friends Live ady bilen öz şüweleň gepleşigini başladýar. Bu barada ol öz sosial ulgamlarynda habar berdi. Onuň ilkinji sany maý aýynda çykar. 49 ýaşly öňki futbolçy alypbaryjy hökmünde çykyş eder
25.04.2025 22:12
5.9k+
Taryhda ilkinji gezek Aýyň arka tarapyndan getirilen toprak köpçülige görkezildi
2025-nji ýylyň 24-nji aprelinde Hytaý Milli kosmonawtika gününi belledi. 55 ýyl mundan ozal bu günde ilkinji hemra “Dunfan Hun-1” uçurylypdy. Bu waka mynasybetli ýurt ilkinji gezek Aýyň arka tarapyndan “Çane-6” missiýasy tarapyndan ýygnalyp getirilen toprak nusgalaryny köpçülige hödürledi
«
1
…
291
292
293
…
1118
»
«
1
…
288
289
290
291
292
293
294
295
296
…
1118
»
Copyright © 2026
TMCARS News
. All rights reserved.