Saýlanan şäher
27 iýul 2026
Türkmen
Ulgama girmek
Awtoulaglar
Spestehnika
Awtoşaýlar
Beýleki Bildirişler
Biznes Hasaplar
Habarlar
Ulgama girmek
Baş sahypa
Awtoulaglar
Awtoşaýlar
Beýleki Bildirişler
Biznes Hasaplar
Habarlar
Garaňky tema
Dil
Meniň profilim
Habarlar
Baş sahypa
/
Habarlar
12.03.2026 15:27
1.2k+
YouTube mahabatyň üsti bilen iň iri telestudiýalaryň umumy girdejisinden köp gazandy
2025-nji ýylda YouTube wideo-hyzmatynyň mahabat girdejisi 40,4 milliard dollara deň boldy. Bu görkeziji Disney, NBC, Paramount we Warner Bros. Discovery ýaly kompaniýalaryň mahabatdan gazanan umumy girdejilerinden (37,8 milliard dollar) ýokarydyr
12.03.2026 15:14
4.9k+
It eýesiniň irki tapgyrdaky düwnük keselini lukmanlardan öň duýup halas etdi
Beýik Britaniýadaky Kent graflygynyň Hedkorn obasynyň ýaşaýjysy 70 ýaşly Kollin Fergýuson özüniň Inka atly nemes owçarkasynyň öýken ragyny wagtynda anyklamaga kömek edendigini aýdýar. Daily Star neşiriniň ýazmagyna görä, zenanyň iti özüni adatdakydan üýtgeşik alyp baryp, esasanam eýesiniň dem alşyna aýratyn üns beripdir
12.03.2026 15:07
2.8k+
BMW X7 krossoweriniň iki seýrek görnüşini görkezdi: olar diňe internet arkaly satylar
BMW Korea kompaniýasy flagman X7 krossoweriniň iki sany çäkli neşir görnüşiniň çykarylandygyny yglan etdi. Satuwlar diňe BMW Shop Online arkaly amala aşyrylar we söwda 10-njy martda başlanar. Birinji wersiýasy - BMW X7 M60i xDrive M Sport Pro Marina Bay Blue Edition
12.03.2026 14:15
2.8k+
Apple geljekki iPhone we Apple Watch üçin alýumin korpuslaryny 3D printerde çap edip başlar
Apple kompaniýasy geljekki enjamlary üçin alýumin korpuslaryny 3D çap etmegiň kömegi bilen öndürmek mümkinçiligini gözden geçirýär. Bu barada Bloomberg agentliginiň žurnalisti Mark Gurman habar berdi. Onuň maglumatlaryna görä, ýakyn ýyllarda bu tehnologiýa Apple Watch sagatlarynyň korpuslarynyň aglaba bölegini öndürmekde ulanylyp bilner
12.03.2026 13:43
2.8k+
Çip ýetmezçiligi sebäpli awtoulag önümçiligi togtadylyp bilner
Hytaýyň Kommersiýa ministrligi Niderlandlarda ýerleşýän Nexperia kompaniýasynyň baş edarasy tarapyndan edilýän hereketleriň gepleşikler üçin täze päsgelçilikleri döredýändigini mälim etdi. Mundan ozal, kompaniýa Hytaýdaky işgärleriniň korporatiw hasaplaryny ýapypdy
12.03.2026 12:10
13k+
Eýranyň milli ýygyndysy 2026-njy ýylyň dünýä çempionatyna gatnaşmakdan ýüz öwürdi
Eýranyň futbol boýunça milli ýygyndysy 2026-njy ýylyň dünýä çempionatyna gatnaşmaz. Bu barada Eýran Yslam Respublikasynyň sport ministri Ahmad Donýamali TV2 teleýaýlymyna beren interwýusynda mälim etdi. Bu karar syýasy ýagdaýlar bilen baglanyşyklydyr
12.03.2026 11:32
2.7k+
Hose Antonio Kast Çiliniň prezidenti wezipesine girişdi
Hose Antonio Kast resmi taýdan Çiliniň prezidenti wezipesine girişdi. Walparaiso şäherindäki Kongres binasynda geçirilen kasam kabul ediş dabarasy Meganoticias teleýaýlymy arkaly göni efirde görkezildi. Täze prezident
12.03.2026 11:16
7.7k+
ÇL-nyň 1/8 finaly: Walwerde 3:0 «ManSiti», «PSŽ» Kwarasheliýanyň kömegi bilen «Çelsini» ýeňdi
12-nji marta geçilýän gije UEFA-nyň Çempionlar ligasynyň 1/8 finalynyň galan dört duşuşygy geçirildi. Bu oýunlarda «Real Madrid», «Pari Sen-Žermen» we «Budýo-Glimt» ýeňiş gazandy, «Baýer» bilen «Arsenal» deňme-deň oýnady
12.03.2026 10:59
3.2k+
BYD-niň kaşaň sedany gaýtadan zarýad berilmezden 1000 km-den gowrak ýol geçip bilýär
Hytaýyň BYD awtoulag öndürijisi özüniň Yangwang U7 lyuks sedanyny täzeledi. Täzelenmelere Blade batareýalarynyň ikinji nesli we täze Flash Charging has çalt zarýad beriş ulgamy girýär. Esasy üýtgeşiklik ýöreýiş ätiýaçlygynyň artmagydyr
12.03.2026 10:52
4.1k+
6 ýyllyk tejribesi bolan 10 ýaşly dizaýner Pariž moda hepdeliginde öz kolleksiýasyny görkezdi
10 ýaşly amerikaly dizaýner Maks Aleksander Pariž moda hepdeliminde öz kolleksiýasyny hödürläp, bu çärede öz işlerini görkezen iň ýaş kutýurýe (ýokary derejeli moda dizaýneri) boldy. Oglanjyk takmynan alty ýyldan bäri eşik tikmek bilen meşgullanýar
12.03.2026 10:42
6.6k+
Şwarsenegger 1982-nji ýylda özüni meşhur eden keşbine dolanyp geler
Arnold Şwarsenegger «Patyşa Konan» («Король Конан») filminde ýene-de Konan-warwaryň keşbini janlandyrar. «Deadline» neşiriniň habar bermegine görä, bu taslama «20th Century Studios» studiýasy tarapyndan işlenip düzülýär
12.03.2026 10:01
5.1k+
Döwletliler köşgüniň okuwçysy Leýli Möwlamowa «Iň eýjejik gyzjagaz — 2026» boldy
11-nji martda Aşgabatda ýerleşýän Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde umumybilim berýän orta mekdepleriň 2-4-nji synp okuwçy gyzjagazlarynyň arasynda geçirilýän «Iň eýjejik gyzjagaz — 2026» bäsleşiginiň jemleýji tapgyry boldy
12.03.2026 09:39
2.7k+
Serdar Berdimuhamedow Portugaliýanyň täze saýlanan Prezidentini gutlady
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow jenap Antoniu Žoze Seguruwa Portugaliýa Respublikasynyň Prezidenti wezipesine girişmegi mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny ýollady. Döwlet
12.03.2026 07:31
8.3k+
Jeff Bezos «milliarderler bunkerinden» 339 million dollarlyk mülk satyn aldy
Amazon kompaniýasyny esaslandyryjy Jeff Bezos Floridanyň Indian-Krik adasyndan umumy bahasy takmynan 339 million dollar bolan birnäçe mülk ýeri satyn aldy. Maýami-Biç şäheriniň demirgazygynda, Biskeyn aýlagynda ýerleşip, hüşgär goralýan ada özüniň jebis ýapykdygy we ýokary derejeli howpsuzlygy sebäpli ilçilikde «milliarderleriň bunkeri» diýlibem atlandyrylýar
12.03.2026 00:00
4.8k+
Emeli aňa duýduryş: 10 müň ýazyjy içi boş kitap neşir etdiler
«10 000-e golaý ýazyjy öz eserleriniň emeli aňy işläp düzüji kompaniýalar tarapyndan rugsatsyz ulanylmagyna garşylyk bildirip, «Bu kitaby ogurlama!» atly içi boş kitap çap etdiler» diýip, The Guardian gazeti habar berýär
11.03.2026 23:51
4.3k+
Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Halkara Zähmet Guramasynyň wekili bilen duşuşdy
2026-njy ýylyň 11-nji martynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D. Gulmanowa Halkara Zähmet Guramasynyň Ýewropa we Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin direktory jenap Peter wan Roý bilen duşuşyk geçirdi. Bu barada Mejlisiň metbugat gullugy habar berýär
11.03.2026 23:37
6.4k+
Türkmenistanyň Baş konsuly Stambulyň häkimi bilen duşuşdy
2026-njy ýylyň 11-nji martynda Stambul welaýat häkimliginiň binasynda Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Baş konsuly Ö. Jumanazarow bilen Stambulyň häkimi Dawut Gülüň arasynda duşuşyk geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-i habar berýär
11.03.2026 21:31
2.2k+
Sýurihli alymlar süňkleri dikeltmek üçin gidrogel döretdiler
Sýurih uniwersitetiniň alymlary gidrogel implantatynyň kömegi bilen süňk dokumasyny dikeltmegiň täze tehnologiýasyny işläp düzdüler. Bu materialyň 97 göterimi suwdan ybarat bolup, ol želeni ýatladýan gurluşa eýedir
11.03.2026 21:12
9.4k+
Heniz gören ýok: iň gymmat Rolls-Royce-iň nyrhy 28 mln dollardan ybarat
Rolls-Royce Boat Tail britan markasynyň häzirki zaman awtoulaglarynyň arasynda iň gymmady hasaplanýar. Çaklamalara görä, şeýle ulaglaryň biriniň bahasy takmynan 28 million dollara ýetýär. Ozal Rolls-Royce ulaglary üçin iň ýokary bahalar seýrek duş gelýän antikwar nusgalaryň bäsleşikli söwdalarynda hasaba alynýardy
11.03.2026 20:33
18k+
Dünýäniň iň ýaş milliarderleri kimler?
Forbes 2026-njy ýylda ýaşy heniz 30-a ýetmedik milliarderleriň sanawyny düzdi. Sanawa jemi 35 adam girdi. Olaryň umumy baýlygy 92,4 milliard dollar möçberinde bahalandyrylýar. Ýaşlaryň aglabasy öz baýlygyny miras arkaly, az sanlysy bolsa telekeçilik ukyplary bilen gazanypdyrdylar
11.03.2026 20:11
10k+
Forbes dünýäniň iň baý adamlarynyň sanawyny täzeledi: baýlar baýamagyny dowam etdirýär
«Forbes» neşiri dünýäniň iň baý adamlarynyň ýyllyk sanawyny hödürledi. Täzelenen reýtingde birinji orny yzygider ikinji ýyl telekeçi Ilon Mask eýeledi. «Tesla» we «SpaceX» kompaniýalarynyň esaslandyryjysy hem-de «X» sosial ulgamynyň eýesi bolan Maskyň kapitaly 839 milliard dollara ýetdi
11.03.2026 19:57
2.6k+
ChatGPT aýdym-sazy tanamagy öwrendi: OpenAI çat-bota Shazam-y goşdy
OpenAI kompaniýasy Shazam hyzmatyny gönüden-göni ChatGPT-niň interfeýsine goşdy. Shazam-yň eýesi bolan Apple kompaniýasy bilen baglaşylan strategik hyzmatdaşlygyň netijesinde ulanyjylar indi çat-botdan çykman, golaýda ýaňlanýan aýdymlary tanap bilýär
11.03.2026 19:54
2.9k+
Insaýder geljekki Xiaomi 18 Ultra flagman smartfony hakda ilkinji maglumatlary paýlaşdy
«Smart Pikachu» lakamly meşhur insaýder geljekki flagman smartfony bolan Xiaomi 18 Ultra barada ilkinji maglumatlary paýlaşdy. Onuň aýtmagyna görä, kompaniýa bu täze enjamy şu ýylyň ahyrynda, takmynan dekabr aýynda Hytaýda tanyşdyrmagy meýilleşdirýär
11.03.2026 19:29
3.8k+
Alymlar suw aýylarynyň uzak ýaşamaga jogapkär genini gurçuklara göçürdiler
Fransiýanyň CNRS we INSERM ylmy-barlag edaralarynyň, şeýle-de Monpelýe uniwersitetiniň alymlary ylymda täze sahypa açan üýtgeşik tejribe geçirdiler. Tejribede dünýäniň iň çydamly jandary hasaplanylýan suw aýylarynyň (tihohodkalaryň) geni Caenorhabditis elegans diýlip atlandyrylýan gurçuklaryň genomyna göçürildi we netijede olaryň ömür dowamlylygyny artdyrmak başartdy
11.03.2026 19:05
2.4k+
Porsche-niň iň täsin kolleksiýasyndan 18 awtoulag auksiona çykaryldy
RM Sotheby’s auksion öýi meşhur kolleksioner we dizaýner Magnus Wokeriň «Porsche» kolleksiýasynyň bir bölegini satuwa çykarar. 18-nji martdan 25-nji mart aralygynda geçiriljek auksionda 18 sany awtomobil hödürlener, olaryň agramly bölegi klassyky Porsche 911 modellerine esaslanýar
11.03.2026 18:54
9.2k+
Oliweýra UFC-niň iň gowy söweşijileriniň P4P reýtingine gaýdyp geldi, Sarukýan çykdy
Braziliýaly söweşiji Çarlz Oliweýra agram derejesine garamazdan (pound-for-pound) UFC-niň iň gowy 15 söweşijisiniň sanawyna gaýdyp geldi. Reýtingdäki bu üýtgeşme Oliweýra UFC 326 ýaryşynda Maks Holloweýi ýeňip, BMF guşagyny gazanandan soň bolup geçdi
11.03.2026 18:42
3.9k+
Türkmenistanyň 2026-njy ýylda GDA-da başlyklyk etmeginiň Konsepsiýasy çap edildi
GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň resmi saýtynda Türkmenistanyň 2026-njy ýylda Arkalaşykda başlyklyk etmeginiň Konsepsiýasy we ony durmuşa geçirmek boýunça çäreleriň Meýilnamasy çap edildi. Konsepsiýa bäş sany esasy ugry: parahatçylygy we howpsuzlygy berkitmegi, ykdysady we ulag baglanyşygyny ösdürmegi, sanly özgertmeleri, ekologik gün tertibini hem-de ynsanperwer gatnaşyklary giňeltmegi öz içine alýar
11.03.2026 17:18
2.7k+
Nissan Leaf ulagy Mercedes we Toyota-dan öňürdip, WWCOTY bäsleşiginde iň ýokary tituly aldy
2026-njy ýylyň Nissan Leaf elektrik modeli «Women’s Worldwide Car of the Year» bäsleşiginde ýeňiş gazanyp, iň ýokary — «Supreme Winner» diýen ada mynasyp boldy. Ses bermäge 55 ýurtdan 86 sany zenan awto-synçysy gatnaşyp, olar alty kategoriýa boýunça 55 modele baha berdi
11.03.2026 17:11
2.9k+
Türkmenistan BMG-niň Halkara kofe güni baradaky rezolýusiýasynyň awtordaşy boldy
BMG-niň Baş Assambleýasy 1-nji oktýabry Halkara kofe güni diýip yglan etdi. Degişli rezolýusiýa sişenbe güni Nýu-Ýorkda tassyklanyldy. Onlarça ýurt, şol sanda Türkmenistan, Özbegistan we Gyrgyzystan resminamanyň awtordaşlary hökmünde çykyş etdi
11.03.2026 15:41
2.3k+
«Awatar: Ot we kül» filmi we Tom Kruz «Saturn» baýragyna mynasyp boldy
Los-Anjelesde ylmy fantastika, fentezi we horror žanrdaky filmleri saýlap-seçýän 53-nji «Saturn» baýragynyň gowşurylyş dabarasy geçirildi. Dabarada «Awatar: Ot we kül» filmi iň gowy ylmy-fantastik film diýlip ykrar edildi we Jeýms Kemeron iň gowy režissýor baýragyna mynasyp boldy
11.03.2026 15:23
9k+
Ýaponiýadaky täze açyş saçyň düşmegine garşy netijeli bejerginiň salgysyny berdi
Ýaponiýanyň RIKEN instituty we OrganTech biotehnologiýa kompaniýasynyň alymlary saçyň üznüksiz ösmegini üpjün edýän öýjükleriň ozal näbelli bolan görnüşini tapdylar. Barlagyň netijeleri Biochemical and Biophysical Research Communications atly ylmy žurnalda çap edildi
11.03.2026 15:08
3.5k+
Samsung TCL-iň telewizor mahabatlarynda QLED diýlip belgilenmegini gadagan etdirdi
Samsung kompaniýasy telewizorlaryň belgilenmegi bilen bagly dowam edip gelen jedelde bäsdeşlerine garşy ilkinji uly ýeňşini gazandy. Mýunheniň sebit kazyýeti Günorta Koreýanyň tehno-ägirdiniň delilleri bilen ylalaşyp, TCL kompaniýasynyň käbir telewizorlaryny «QLED» diýip mahabatlandyrmagynyň alyjylary ýalňyşdyrýandygyny tassyklady
11.03.2026 14:53
5.8k+
Teýlor Swiftiň baýlygy 2 milliard dollara ýetdi
Amerikaly aýdymçy Teýlor Swiftiň baýlygy soňky aýlarda 400 million dollar artdy. «Forbes» žurnalynyň täze maglumatlaryna görä, onuň umumy baýlygy 2 milliard dollara ýetdi. Aýdymçy «Forbes World’s Celebrity Billionaires» sanawynda ýedinji orny eýeleýär
11.03.2026 14:45
5.8k+
2000 ýaşly Bagdat batareýasy häzir hem işleýän bolup çykdy
Käwagt bir ownujak närse tutuş bir döwür baradaky düşünjäni üýtgedip bilýär. Arheologlaryň we inženerleriň arasynda bir asyra golaý wagt bäri çekeleşiklere sebäp bolup gelýän, «Bagdat batareýasy» ady bilen meşhur bolan syrly tapyndy bilen hem hut şeýle ýagdaý ýüze çykdy
11.03.2026 14:33
2.9k+
Gaý Riçi «Kanundan daşary» filminiň ilkinji treýlerini görkezdi: baş rollarda Genri Kawill we Jeýk Jillenhol
Black Bear YouTube kanalynda Gaý Riçiniň «Kanundan daşary» (Вне закона) filminiň treýleri çykdy. Filmde baş keşpleri Jeýk Jillenhol («Ýol ýakasyndaky öý»), Genri Kawill («Polat adam») we Eýsa Gonsales («Üç jisim meselesi») janlandyrýarlar
11.03.2026 14:07
7.8k+
Türkmenistanyň Futbol federasiýasy geçen möwsümiň iň ökde oýunçylaryny we tälimçilerini yglan etdi
Aşgabadyň «Ýyldyz» myhmanhanasynda geçirilen Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň (TFF) konferensiýasynda 2025-nji ýylyň futbol we futzal möwsüminiň jemleri jemlenildi. Sport žurnalistleriniň we klub wekilleriniň arasynda geçirilen ses berişligiň netijesinde ýylyň iň gowy futbolçylary we hünärmenleri kesgitlenildi
11.03.2026 13:54
3.2k+
Meta akylly äýnekleriniň adamlary gizlin synlaýanlygynda aýyplanýar
Meta korporasiýasy ABŞ-da emeli aňly «akylly» äýneklerini ulanmakda gizlinlik düzgünleriniň bozulmalary bilen bagly kazyýet şikaýaty bilen ýüzbe-ýüz boldy. Muňa Şwesiýanyň Svenska Dagbladet we Göteborgs-Posten gazetlerinde çap edilen makalalar sebäp boldy
11.03.2026 13:10
5.7k+
«Arkadag» we «Şagadam» TFF-iň Kubogy — 2026 ugrunda bäsleşer
«Aşgabat» köpugurly stadionynda geçirilen TFF-iň Kubogy — 2026-nyň ýarym final oýunlarynyň netijeleri boýunça finala çykan toparlar belli boldy. Aýgytly oýunda «Arkadag» bilen «Şagadam» duşuşar. Birinji ýarym final duşuşygynda «Şagadam» «Aşgabat» toparyndan 1:0 hasabynda üstün çykdy — ýeke-täk goly 32-nji minutda Akmämmet Metdaýew öz adyna ýazdy
11.03.2026 12:04
3.1k+
BMW 631 at güýji bolan eksklýuziw Alpina XB7 Manufaktur krossowerini tanyşdyrdy
BMW kompaniýasy Alpina brendiniň bawariýaly awtoöndürijisiniň düzümine doly goşulyşmagyndan soňky ilkinji model bolan BMW Alpina XB7 Manufaktur krossowerini görkezdi. Bu awtoulag çäkli seriýada — jemi 120 nusgada öndüriler
11.03.2026 10:50
9.8k+
ÇL-nyň 1/8 finaly: «Barselona» soňky pursatda ýeňlişden gutuldy, «Galatasaraý», «Bawariýa» we «Atletiko» ýeňiş gazandy
Çarşenbe gününe geçilen gije UEFA-nyň Çempionlar ligasynda 1/8 finalynyň ilkinji dört duşuşygy geçirildi. Olaryň netijeleri boýunça «Bawariýa» we «Atletiko» uly hasap bilen ýeňiş gazanyp, çärýek finala has ýakynlaşdylar
«
1
…
80
81
82
…
1117
»
«
1
…
77
78
79
80
81
82
83
84
85
…
1117
»
Copyright © 2026
TMCARS News
. All rights reserved.