«Arkadag» we «Şagadam» TFF-iň Kubogy — 2026 ugrunda bäsleşer

11.03.2026, 08:105,680

«Aşgabat» köpugurly stadionynda geçirilen TFF-iň Kubogy — 2026-nyň ýarym final oýunlarynyň netijeleri boýunça finala çykan toparlar belli boldy. Aýgytly oýunda «Arkadag» bilen «Şagadam» duşuşar.

Birinji ýarym final duşuşygynda «Şagadam» «Aşgabat» toparyndan 1:0 hasabynda üstün çykdy — ýeke-täk goly 32-nji minutda Akmämmet Metdaýew öz adyna ýazdy.

Ikinji oýunda ýurduň üç gezek çempiony «Arkadag» wise-çempion «Ahal» bilen duşuşdy. Birinji ýarymda gol salynmasa-da, «Arkadag» topary dört minutyň içinde Daýanç Meredowyň we Meýlis Diniýewiň takyk urgulary bilen öňe çykmagy başardy. Duşuşygyň ahyrynda «Ahalyň» futbolçysy Süleýman Mirzoýewiň geçiren jogap goly oýnuň ykbalyna täsir edip bilmedi. Oýun 2:1 hasabynda «Arkadagyň» peýdasyna tamamlandy.

Ýaryşyň aýgytly duşuşygy ertir, 12-nji martda geçiriler. Üçünji orun ugrundaky duşuşykda «Ahal» bilen «Aşgabat» duşuşar.

Şeýle hem ýaryşyň çäklerinde beýleki orunlar ugrunda «Köpetdag» bilen Türkmenistanyň ýaşlar ýygyndy topary (U20) 5-nji orun üçin, «Nebitçi» we «Merw» bolsa 7-nji orun üçin bäsleşer.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.