Saýlanan şäher
27 iýul 2026
Türkmen
Ulgama girmek
Awtoulaglar
Spestehnika
Awtoşaýlar
Beýleki Bildirişler
Biznes Hasaplar
Habarlar
Ulgama girmek
Baş sahypa
Awtoulaglar
Awtoşaýlar
Beýleki Bildirişler
Biznes Hasaplar
Habarlar
Garaňky tema
Dil
Meniň profilim
Habarlar
Baş sahypa
/
Habarlar
13.02.2026 15:12
3.2k+
Toyota we Pony.ai Hytaýda bZ4X önümçilik robotaksisini çykarýar
GAC Toyota we Pony.ai kompaniýalary Hytaýda Toyota bZ4X elektrik krossoweriniň esasynda döredilen täze robotaksisini tanyşdyrdy. Bu ulag sürüjini doly çalşyp bilýän ýedinji nesil awtonom dolandyryş ulgamy bilen enjamlaşdyryldy
13.02.2026 15:05
2.2k+
iOS 26.3 Android ulgamyna maglumat geçirmek mümkinçiligine we täze funksiýalara eýe boldy
Apple kompaniýasy iPhone üçin operasion ulgamynyň nobatdaky iri täzelenmesi bolan iOS 26.3 nusgasyny çykardy. Bu täzeleme ulanyjylara amatlylyk döredýän we howpsuzlygy ýokarlandyrmaga gönükdirilen täze funksiýalaryň birnäçesini öz içine alýar
13.02.2026 14:47
8.5k+
ÝB ýewronyň ornuny güýçlendirmek we dollary gysyp çykarmak meýilnamasyny taýýarlaýar
Ýewropa zolagyna girýän ýurtlaryň maliýe ministrleri halkara hasaplaşyklarynda we bergi borçnamalaryny çykarmakda ýewronyň ornuny giňeltmek boýunça strategiýalary öwrener. Bloomberg agentliginiň habar bermegine görä, Ýewropa Bileleşigi ABŞ we Hytaý bilen bäsdeşligiň ýitileşýän şertlerinde maliýe özbaşdaklygyny berkitmäge we dollara bolan garaşlylygy azaltmaga çalyşýar
13.02.2026 14:10
2.5k+
Tahyr Ataýewiň orkestri 26-27-nji fewralda «Mult-konsertini» geçirer
26-27-nji fewralda dirižýor Tahyr Ataýewiň ýolbaşçylygyndaky orkestr «Mult-konsertini» geçirer. Sazly çäre Magtymguly adyndaky Milli sazly drama teatrynyň sahnasynda bolar. Guramaçylar Disney we Pixar studiýalarynyň häzirkizaman meşhur multfilmlerini Netflix-iň meşhur seriallarynyň sazlary bilen utgaşdyrýan täsirli programmany taýýarlady: Tropiki joşgun: «Moana» multfilmdäki adalaryň owazlary
13.02.2026 13:59
6.8k+
Alymlar: Marsda tapylan gadymy alkanlar planetada öň ýaşaýşyň bolandygyny delillendirýär
NASA-nyň «Curiosity» marsohody Geýl krateriniň palçykly jynslarynyň arasyndan uzyn zynjyrly organiki molekulalary — düzüminde 10–12 uglewod atomy bolan alkanlary ýüze çykardy. Science Alert neşirindäki makalada bellenilişi ýaly, häzirki wagtda olaryň dykyzlygy her milliarda 30–50 bölege deňdir
13.02.2026 13:45
2.1k+
Wenerada ägirt uly lawa tuneliniň alamatlary ýüze çykaryldy
Trento uniwersitetiniň alymy Lorenso Brussoneniň ýolbaşçylygyndaky halkara gözlegçiler topary Wenera planetasynda örän uly ýerasty lawa tuneliniň bardygyny subut etdiler. Bu açyşa NASA-nyň mundan 35 ýyl ozal planetada işlän «Magellan» missiýasynyň radiolokasion maglumatlarynyň gaýtadan seljerilmegi esas boldy
13.02.2026 12:26
2.7k+
Gulakdaky göz: AirPods-yň täze nesli «görmek» ukybyna eýe bolar
Apple kompaniýasy AirPods gulaklyklary üçin düýpli täzelemeleri taýýarlaýar. Gulaklyklaryň indiki modeli Face ID ulgamynda ulanylýan kameralaryň kämilleşdirilen görnüşi bolan infragyzyl kameralar bilen enjamlaşdyrylar
13.02.2026 12:24
12k+
Italiýada bir adam 20 sany altyn bölegini ýalňyşlyk bilen zibile taşlapdyr
Italiýanyň Torre-Lapillo kurort şäherçesinde 57 ýaşly bir adam içinde takmynan 120 müň ýewrolyk 20 sany altyn bölekleri bolan gutyny ýalňyşlyk bilen zibile taşlapdyr. Bu täsin waka barada RMF24 portaly habar berýär
13.02.2026 12:06
3.4k+
BMW ýangyn howpy sebäpli dünýä boýunça ýarym milliondan gowrak ulagyny yzyna çagyrýar
BMW awtokonserni starteriň näsazlygy sebäpli dünýä boýunça ýüz müňlerçe awtoulagy yzyna çagyrýandygyny yglan etdi. Handelsblatt neşiriniň habar bermegine görä, bu näsazlyk ulagyň ot almagyna sebäp bolup bilýär
13.02.2026 11:54
6.9k+
Awstraliýada Toyota Hilux-yň mahabaty gadagan edildi: Sebäp — itler
Awstraliýanyň mahabat standartlary boýunça geňeşi Toyota Hilux modeliniň täze wideosyny "kanuna garşy we howply hereketleri wagyz edýär" diýip hasaplady. CarExpert portalynyň habar bermegine görä, regulýatorlar wideonyň häzirki görnüşinde efire berilmegini bes etmegi talap etdiler
13.02.2026 11:45
2.2k+
Her 200 elektromobil howadaky azot dioksidini 1,1% azaldýar
The Lancet Planetary Health žurnalynda çap edilen täze barlag Kaliforniýada elektrik we gibrid ulaglaryň howanyň hiline täsirini ýüze çykardy. Alymlaryň anyklamagyna görä, bu ulaglaryň sanynyň artmagy saglyk üçin örän howply bolan azot dioksidiniň (NO₂) derejesini ep-esli peseldýär
13.02.2026 11:38
3.4k+
Lukmançylykda emeli aňyň artmagy hassalaryň şikes almagyna sebäp bolup bilýär
Emeli aňyň (EA) lukmançylyk ulgamyna ornaşdyrylmagy bilen bagly näsazlyklar, nädogry anyklaýyşlar we hassalaryň şikeslenmegi baradaky habarlar barha köpelýär diýip, Reuters habarlar agentliginiň çap eden materialynda aýdylýar
13.02.2026 11:23
1.6k+
Subaru alyjylaryň aladasyny edip, 2026-njy ýylyň Forester-ini 2025 modelinden arzan satýar
Subaru amerikan bazarynda garaşylmadyk we batyrgaý ädim ätdi. Täze 2026-njy ýyl modelindäki Forester krossoweri 2025-nji ýyldaky nusgasyndan has arzan baha bilen satuwa çykaryldy. Kompaniýanyň bellemegine görä, bu wagtlaýyn aksiýa däl-de, eýsem alyjylyk ukybynyň peselmegine garşy durmak üçin saýlanyp alnan ýörite strategiýadyr
13.02.2026 11:13
4k+
Mercedes S-Class ýarym asyrdan soň ilkinji gezek mata salon aldy — ýöne ol deriden has gymmat
Täzelenen Mercedes-Benz S-Class modeliň 54 ýyllyk taryhynda ilkinji gezek oturgyçlaryny deri (koža) bilen däl-de, mata bilen bezemek mümkinçiligini hödürleýär. Bu täze opsiýa häzirki wagtda Germaniýanyň onlaýn konfiguratorynda ulagyň binýatlyk dizel wersiýasy bolan S350d üçin elýeterli edildi
13.02.2026 11:05
1.4k+
Fon Allmen 58 ýyldan soň bir Olimpiadada 3 altyn medal gazanan ilkinji dag lyžaçysy boldy
Şweýsariýaly dag lyžaçysy Franýo fon Allmen 58 ýyldan bäri dag lyžasy sporty boýunça bir Olimpiada oýunlarynda üç sany altyn medal gazanmagy başaran ilkinji türgen boldy. Italiýada dowam edýän Olimpiýa oýunlarynda ol çaltlandyrylan aşak düşme, toparlaýyn birleşme we supergigant ýaryşlarynda ýeňiji boldy
13.02.2026 10:59
1.2k+
ChatGPT-de mahabat hyzmaty synag edilip başlandy
OpenAI kompaniýasy ChatGPT platformasynda mahabatlary görkezmek boýunça synaglara başlady. Häzirki wagtda bu synag diňe ABŞ-daky hasaba alnan uly ýaşly ulanyjylara degişlidir. Synag hem mugt wersiýany, hem-de käbir tölegli nyrhnamalary öz içine alýar
13.02.2026 10:58
3.1k+
Google käbir işgärlerine «öz islegi bilen» işden gitmegi teklip etdi
Google özüniň «Global Business Organization» (GBO) bölüminiň işgärleriniň belli bir bölegini meýletin işden gidermek maksatnamasyna başlaýar. Bu barada kompaniýanyň täjirçilik direktory Filipp Şindleriň gulluk hatyny öwrenen Business Insider neşiri mälim etdi
13.02.2026 10:51
2.5k+
Ford elektrokarlaryň önümçiliginden milliardlarça dollar zyýan çekýär
Ford kompaniýasynyň elektrik ulaglary bölümi ("Model e") 2025-nji ýylyň dördünji çärýegini 1,2 milliard dollar zyýan bilen ýapdy. Kompaniýanyň çap eden maliýe hasabatyna görä, bu döwürde bölümiň girdejisi geçen ýylyň degişli döwrüne garanyňda 7% peselip, 1,3 milliard dollara düşdi
13.02.2026 10:25
1.4k+
Hytaý kosmosda ilkinji gezek «beýni—kompýuter» interfeýsini synagdan geçirdi
Hytaý alymlary dünýäde ilkinji gezek orbitada simsiz oturdylýan «beýni-kompýuter» interfeýsiniň (BCI) işini synagdan geçirendiklerini habar berdiler. Bu synagyň maksady — şeýle tehnologiýanyň kosmos şertlerinde işlemek ukybynyň näderejededigini anyklamakdan ybarat
13.02.2026 10:11
3k+
Alymlar möý kerebiniň berk we çeýeliginiň sebäbini anykladylar
Londonyň Patyşalyk kollejiniň we San-Diegodaky Kaliforniýa uniwersitetiniň alymlary möý kerebine bir wagtyň özünde hem ýokary berklik, hem-de çeýelik berýän molekulýar prosesleri ýüze çykardylar. Bu barlagyň netijeleri Proceedings of the National Academy of Sciences žurnalynda neşir edildi
13.02.2026 09:10
6.7k+
«Waranasi» filmi hindi kinosynyň taryhynda iň gymmat film bolar
«RRR» we «Bahubali» filmleri bilen tanalýan hindi režissýory S.S. Rajamuli hindi kinematografiýasynyň taryhynda iň gymmat taslama boljak «Waranasi» atly täze filminiň üstünde işleýär. Bu barada Variety neşiri habar berýär
13.02.2026 07:34
6.4k+
14-nji fewralda «garaşylmadyk myhman»: Ýylyň iň uly asteroidi Ýeriň golaýyndan uçup geçer
Aşyk-magşuklaryň gününde, has dogrusy, 14-nji fewralda Ýeriň golaýyndan ýylyň iň uly asteroidi bolan 162882 (2001 FD58) geçip gider. Russiýanyň Ylymlar akademiýasynyň Kosmos gözlegleri institutynyň Gün astronomiýasy barlaghanasynyň habar bermegine görä, onuň ölçegi 0,5 kilometrden 1 kilometre çenli diýlip çak edilýär
13.02.2026 06:12
10k+
«Atletiko» 4:0 hasap bilen «Barselonany» Ispaniýanyň kubogynyň birinji ýarym finalynda derbi-dagyn etdi
Madridiň «Atletiko» topary Ispaniýanyň kubogynyň birinji ýarym final duşuşygynda «Barselonany» uly hasap bilen ýeňdi. Madridde geçirilen oýun 4:0 hasabynda tamamlandy, iň geň galdyryjy ýeri bolsa — gollaryň ählisi birinji ýarymda saldy
12.02.2026 23:38
8.3k+
Mumbaýda Hindistanyň iň beýik täze gökdiräni gurlup gutaryldy
Mumbaýda Minerva Tower atly ýaşaýyş toplumynyň gurluşygy tamamlandy. Bu bina 301 metr beýikligi bilen Hindistanyň iň beýik gökdiräni boldy. Bu barada taslamany işläp düzen "Architect Hafeez Contractor" arhitektura býurosy habar berdi
12.02.2026 23:27
2.2k+
Jeýson Momoa "Helldivers" oýnunyň ekranlaşdyrylyşynda baş keşbi janlandyrar
Jeýson Momoa "Arrowhead Game Studios" tarapyndan döredilen meşhur wideo oýnunyň esasynda surata düşüriljek "Helldivers" filminde baş keşbi janlandyrmaga hukuk gazandy. Bu barada "The Hollywood Reporter" neşiri habar berýär
12.02.2026 23:21
3.2k+
Ilon Mask: X platformasyny (öňki Twitter-i) 1 milliarddan gowrak adam ulanýar
X sosial ulgamynyň (öňki Twitter) eýesi Ilon Mask bu programmany gurnan adamlaryň sanynyň bir milliarddan aşandygyny mälim etdi. "Biziň bir milliard ulanyjy barada aýtmagymyzyň sebäbi, ortaça aýlyk ulanyjylarymyzyň sany 600 million töweregi bolsa-da, goşundyny ýükläp alanlaryň sany bir milliarddan ep-esli köpdür
12.02.2026 21:08
7.1k+
Fransiýanyň günbatar bölegi «Nils» harasatyna sezewar boldy
Fransiýanyň Atlantik ummanynyň kenarýakasyna we ýurduň günorta-günbatar bölegine «Nils» harasaty uly zarba urdy. Euronews neşiriniň habar bermegine görä, bu tebigy hadysa elektrik energiýasynyň köpçülikleýin kesilmegine we ulag ulgamynyň işiniň bozulmagyna sebäp boldy
12.02.2026 20:56
14k+
Atasynyň donuny geýip, enesiniň ýaglygyny daňynan gyrgyz modeli moda hepdeliginiň ýyldyzy boldy
Gyrgyzystanly model Şadiýa Isaýewa Seulda geçirilen moda hepdeliginiň görkezilişlerine gatnaşyp, dünýä belli «Vogue» žurnalynyň sahypalaryna düşdi. Isaýewa hepdeligiň dowamynda birnäçe görkezilişde boldy. Çäräniň dördünji gününde ol meýdança gyrgyzlaryň milli lybasynda barmagy ýüregine düwdi
12.02.2026 20:44
2.3k+
Tomas Tuhel 2028-nji ýyla çenli Angliýanyň milli ýygyndysynyň baş tälimçisi bolup galar
Germaniýaly hünärmen Tomas Tuhel Angliýanyň milli ýygyndysy bilen şertnamasyny uzaltdy. Ol 2028-nji ýyla çenli toparyň baş tälimçisi wezipesinde galar. «Biz saýlap alan ýolumyza wepaly. Täze şertnama gol çekilenden soň, Tomas Tuhel 2028-nji ýyla çenli biziň “üç ýolbars” toparymyza ýolbaşçylyk eder» – diýip, Angliýanyň milli ýygyndysynyň metbugat gullugy X sosial ulgamynda habar berdi
12.02.2026 19:48
3.9k+
Bikanun kontenti aýyrmak üçin 3 sagat: Hindistan sosial ulgamlara bolan talaplary güýçlendirdi
Hindistanyň hökümeti sosial ulgamlara bolan talaplary güýçlendirip, bikanun diýlip ykrar edilen kontenti aýyrmagyň möhletini habarnama alnan pursatyndan başlap, 36 sagatdan üç sagada çenli gysgaltdy. Täze düzgünler Meta, YouTube we X ýaly iri platformalara degişli bolup, olar 20-nji fewralda güýje girer
12.02.2026 18:59
4.6k+
Britni Spirs öz aýdymlaryna bolan hukugy 200 mln dollara satdy
Amerikaly aýdymçy Britni Spirs öz aýdym-saz katalogyna bolan hukugy, takmynan, 200 mln dollara satdy. Bu barada NBC teleýaýlymy şertnamanyň şertleri bilen tanyş bolan çeşmä salgylanyp habar berýär. Maglumatlara görä, şertnama aýdymçy bilen Primary Wave kompaniýasynyň arasynda baglaşyldy
12.02.2026 18:54
1.5k+
Türkmenistanyň ilçisi ýapon hyzmatdaşlary bilen ylmy-tehnologik gatnaşyklary maslahatlaşdy
2026-njy ýylyň 9-njy fewralynda Ýaponiýada Türkmenistanyň ilçisi A. Baýramowyň Türkmen-ýapon ylmy-tehnologik assosiasiýasynyň prezidenti H. Koýnuma we bu assosiasiýa bilen hyzmatdaşlyk edýän ýapon kompaniýalarynyň wekilleri bilen duşuşygy boldy
12.02.2026 18:53
2.1k+
Buharestde Türkmenistanyň ilçisiniň Rumyniýanyň DIM-niň Döwlet sekretary bilen duşuşygy boldy
2026-njy ýylyň 11-nji fewralynda Rumyniýanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Rumyniýadaky ilçisi A. Annaýewiň Rumyniýanyň DIM-niň Döwlet sekretary Anna Tinka bilen duşuşygy geçirildi. Söhbetdeşler türkmen-rumyn gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýyny we ösüş mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdy
12.02.2026 18:19
3.8k+
Apple kompaniýasynyň täze üstünligi: dünýädäki her dördünji smartfon — iPhone
Apple dünýäde işjeň ulanylýan smartfonlaryň sany boýunça birinji orny eýeledi. Counterpoint Research barlag kompaniýasynyň maglumatyna görä, häzirki wagtda planetada ulanylýan ähli smartfonlaryň takmynan 25%-i iPhone-laryň paýyna düşýär
12.02.2026 17:41
5.9k+
Galaxy S26: Haçan çykýar we Samsung-yň täze flagmanlary barada nämeler belli?
Samsung Hindistanda täze Galaxy S26 seriýasynyň smartfonlary üçin öňünden sargytlary kabul edip başlady. Maksatnama 24-nji fewrala çenli dowam eder, resmi tanyşdyrylyş dabarasy bolsa 25-nji fewralda San-Fransiskoda (Kaliforniýa, ABŞ) geçiriljek Galaxy Unpacked çäresiniň çäklerinde bolar
12.02.2026 17:27
1.1k+
ABŞ Amazon, Google we Microsoft kompaniýalaryny çip paçlaryndan boşatmak isleýär
ABŞ-nyň Söwda ministrligi ýurduň tehnologiýa ägirtleri bolan Amazon, Google we Microsoft kompaniýalaryny ýarymgeçirijileriň importyna giriziljek täze gümrük paçlaryndan boşatmagy meýilleşdirýär. Bu başlangyç dünýäniň iň uly çip öndürijisi bolan Taýwanyň TSMC kompaniýasynyň ABŞ-daky maýa goýum taslamalary bilen göni baglanyşyklydyr
12.02.2026 15:05
2.2k+
Türkmenistanyň wekilleri germaniýaly işewürler bilen hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi
11-nji fewralda Berline saparynyň dowamynda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow Germaniýanyň we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň daşary işler ministrleriniň germaniýaly işewürler jemgyýetiniň wekilleri bilen geçirilen bilelikdäki duşuşygyna gatnaşdy
12.02.2026 15:04
4.2k+
Türkmen wekiliýeti Berlinde «MA – Germaniýa» görnüşindäki duşuşyga gatnaşdy
2026-njy ýylyň 11-nji fewralynda Berlinde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň Germaniýanyň Federal daşary işler ministri bilen giň gerimli duşuşygy geçirildi. Gepleşiklerde türkmen tarapyna daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow wekilçilik etdi
12.02.2026 14:49
3.8k+
Şotlandiýada meýletinçi arheolog piktleriň müň ýyl ozal ýasan ýüzügini tapdy
Beýik Britaniýanyň demirgazygyndaky gadymy Burghed şäherçesinde geçirilen gazuw-agtaryş işleri wagtynda meýletinçi piktlere degişli bolan, takmynan müň ýyl ozal ýasalan del ýüzük tapyldy. Bu barada Popular Mechanics neşiri habar berýär
12.02.2026 14:20
2.2k+
Warner Bros. kompaniýasy Netflix bilen arany üzse, ýitgini Paramount öz üstüne alar
Paramount kompaniýasy Warner Bros. Discovery-ny satyn almak boýunça täze şertleri hödürledi. Teklibe görä, Paramount kompaniýasy Warner Bros.-yň 82,7 milliard dollarlyk şertnamany bozan ýagdaýynda Netflix-e tölemeli boljak öwez tölegini öz üstüne almaga taýýar
«
1
…
101
102
103
…
1118
»
«
1
…
98
99
100
101
102
103
104
105
106
…
1118
»
Copyright © 2026
TMCARS News
. All rights reserved.