Tomas Tuhel 2028-nji ýyla çenli Angliýanyň milli ýygyndysynyň baş tälimçisi bolup galar

12.02.2026, 20:442,429

Germaniýaly hünärmen Tomas Tuhel Angliýanyň milli ýygyndysy bilen şertnamasyny uzaltdy. Ol 2028-nji ýyla çenli toparyň baş tälimçisi wezipesinde galar.
«Biz saýlap alan ýolumyza wepaly. Täze şertnama gol çekilenden soň, Tomas Tuhel 2028-nji ýyla çenli biziň “üç ýolbars” toparymyza ýolbaşçylyk eder» – diýip, Angliýanyň milli ýygyndysynyň metbugat gullugy X sosial ulgamynda habar berdi.
52 ýaşly Tuhel 2025-nji ýylyň 1-nji ýanwarynda Angliýanyň ýygyndysyna tälim berip başlady. Onuň ýolbaşçylygynda topar 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň saýlama tapgyrynda öz toparçasynda ýekeje goly hem sypdyrmazdan birinji orny eýeledi.
Mundan ozal germaniýaly hünärmen Ýewropanyň «Çelsi», Dortmundyň «Borussiýasy» we Parižiň «PSŽ» ýaly öňdebaryjy klublarynda işläpdi.