Saýlanan şäher
27 iýul 2026
Türkmen
Ulgama girmek
Awtoulaglar
Spestehnika
Awtoşaýlar
Beýleki Bildirişler
Biznes Hasaplar
Habarlar
Ulgama girmek
Baş sahypa
Awtoulaglar
Awtoşaýlar
Beýleki Bildirişler
Biznes Hasaplar
Habarlar
Garaňky tema
Dil
Meniň profilim
Habarlar
Baş sahypa
/
Habarlar
12.02.2026 14:08
3.5k+
Ankarada «Kompozitor» atly türkmen filmi görkeziler
17-nji fewralda Ankaranyň Ýaşar Kemal adyndaky medeniýet merkeziniň «İnce Memed» zalynda Oguzhan adyndaky «Türkmenfilm» birleşigi tarapyndan düşürilen «Kompozitor» filminiň görkezilişi bolar. Bu çäre Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky ilçihanasy tarapyndan Türki medeniýetiň halkara guramasy (TÜRKSOÝ) bilen bilelikde guralýar
12.02.2026 13:27
10k+
Batyr Çaryýew Stambulda türki dünýäsiniň iň gowy aktýory diýlip ykrar edildi
Stambul şäherinde türki dünýäsiniň teatr sungatyny ösdürmäge goşan goşantlary üçin sungat işgärlerini sylaglamak dabarasy geçirildi. Çäre Türki medeniýetiň halkara guramasy (TÜRKSOÝ) we Anadolu gazeti tarapyndan bilelikde guraldy
12.02.2026 13:26
3.7k+
Alymlar strategik pikirlenip aw etmek ukyby bolan täsin möý hakda gürrüň berdiler
Alymlar soňky wagtlar Portia urugyna degişli möýleriň geň galdyryjy ukyplaryna üns berdiler. Ratgers uniwersitetiniň ewolýusion biology Skott Trewersiň Forbes neşirinde ýazan makalasynda bellemegine görä, bu möýler özleriniň örän kiçijik nerw ulgamyna garamazdan, çylşyrymly we çeýe awçylyk endiklerini özleşdiripdirler
12.02.2026 12:56
2.5k+
Ýewroparlament 2040-njy ýyla çenli bug gazlarynyň zyňyndylaryny 90% azaltmagy goldady
Ýewroparlament 2040-njy ýyla çenli bug gazlarynyň zyňyndylarynyň 1990-njy ýyldaky dereje bilen deňeşdirilende 90% azaldylmagyna ses berdi. Bu maksat Ýewropa Bileleşiginiň 2050-nji ýyla çenli howa bitaraplygyny gazanmagyna gönükdirilendir
12.02.2026 12:16
2.9k+
Türkmenistanda informatika boýunça mekdep olimpiadasynyň ýeňijileri yglan edildi
S.A. Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti Bilim ministrliginiň goldawy bilen 11-nji we 12-nji synp okuwçylarynyň arasynda informatika boýunça geçirilen döwlet olimpiadasynyň netijelerini mälim etdi
12.02.2026 12:14
8.1k+
Hyundai Elantra-nyň düýpli üýtgeşme girizilen täze nesli synag edilýär
Hyundai Elantra modeliniň täze nesli gyşky ýol synaglarynyň dowamynda ilkinji gezek surata düşürildi. 2027-nji model ýyly hökmünde hödürlenjek bu awtoulag, dizaýn taýdan häzirki wersiýasyndan düýpli üýtgeşmeler bilen hemmeleri geň galdyrdy
12.02.2026 12:10
2.2k+
BMGÖM we Türkmenistan batgalyk-suwly ýerlere sanly gözegçiligi maslahatlaşdy
BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň (BMGÖM) Türkmenistandaky wekilhanasy Daşky gurşawy goramak ministrligi we Durnukly ösüş boýunça döwletara komissiýasynyň Ylmy-maglumat merkezi bilen bilelikde Bütindünýä batgalyk-suwly ýerleriň güni mynasybetli tegelek stol maslahatyny geçirdi
12.02.2026 12:07
2.5k+
«Týudorlaryň ýüregi»: britanlar XVI asyr patyşa tumaryny saklap galmak üçin 3,5 million funt sterling toplady
Britan muzeýi týudorlar neslinden bolan patyşa Genrih VIII-e dahylly altyn tumary saklap galmak we ony köpçülige görkezmäge elýeterli etmek üçin zerur bolan 3,5 million funt sterlingi toplamagy başardy. Bu barada Independent neşiri habar berýär
12.02.2026 11:38
6.2k+
Apple-yň yzyna eýerip, Samsung hem Galaxy S27-niň korpusyny we kamerasyny üýtgedýär
Samsung kompaniýasynyň häzirki strategiýasy köplenç Apple-yň ädimlerine esaslanýar. Meşhur insaýder Ice Universe-iň habar bermegine görä, Apple-yň girizýän islendik täzeçilligi derrew Günorta Koreýanyň tehnologiýa ägirdiniň meýilnamalaryna täsir edýär
12.02.2026 11:34
2.1k+
Google emeli aňy ösdürmek üçin 100 ýyllyk karz aldy
Google-yň enelik kompaniýasy bolan Alphabet emeli aň taslamalaryny maliýeleşdirmek üçin üç sany halkara bazarynda obligasiýalary (gymmatly kagyzlaryny) ýerleşdirip, iki günüň içinde 32 milliard dollardan gowrak serişde ýygnady
12.02.2026 11:25
1.7k+
Ýanwar aýy soňky 9 ýylda magnit hadysaly iň işjeň aý boldy
Geçen ýanwar aýy 2017-nji ýyldan bäri magnit harasatynyň iň işjeň hasaba alnan döwri boldy. 31 günüň dowamynda geomagnit tupanlary 10 gezek hasaba alyndy. Bu görkeziji häzirki 25-nji gün sikli üçin hem, 2017-nji ýylyň sentýabryndan bäri geçen döwür üçin hem rekord derejedir
12.02.2026 11:19
6.1k+
Guşlaryň iň gowy suratlary: SINWP Bird Photographer of the Year 2025-iň ýeňijileri mälim edildi
Halkara tebigat we haýwanat dünýäsiniň suratçylary jemgyýeti (SINWP) her ýyl geçirilýän «Bird Photographer of the Year 2025» bäsleşiginiň netijelerini yglan etdi. Bu bäsleşik guşlaryň tebigatdaky özboluşly pursatlaryny iň täsirli we ýokary hilli şekillendiren suratçylary ýüze çykarýar
12.02.2026 10:54
3.9k+
Fizikler Edisonyň unudylan tejribesinden geljegiň tehnologiýasynyň salgysyny tapdylar
XIX asyryň ahyrynda Tomas Edison iş edinip, lampalaryň has uzak wagtlap ýanmagynyň ýollaryny gözledi. Aradan takmynan 150 ýyl geçensoň, alymlar onuň tejribelerinden birini gaýtalamak kararyna geldiler we garaşylmadyk açyş etdiler
12.02.2026 10:44
1.6k+
Neýrobiologlar çagalaryň elde hat ýazmaklarynyň peýdalydygyny aýdýarlar
Soňky ýyllarda sanly enjamlaryň giňden ýaýramagy sebäpli, köp ýurtlaryň mekdep maksatnamalaryndan harplaryň biri-birine birikdirilip ýazylýan usuly aýrylyp başlapdy. Emma neýrobiologlaryň we bilim hünärmenleriniň Nature žurnalynda neşir edilen pikirlerine görä, el bilen ýazmak ukyby zehin ösüşi üçin uly ähmiýete eýedir
12.02.2026 10:31
1.5k+
LEGO 80 dollardan köp söwda eden müşderilerine «aşyk» pingwinleri sowgat berýär
LEGO kompaniýasy aşyklar güni mynasybetli möwsümleýin aksiýasyny yglan etdi: 80 dollardan ýokary mukdarda haryt satyn alan müşderilere «Aşyk pingwinler» toplumy sowgat berilýär. Bu toplumyň düzümine ýürek görnüşli galypda ýerleşdirilen iki sany pingwin şekili girýär
12.02.2026 09:07
1.9k+
Täze «Spider-Noir» serialynyň ilkinji suratlary çap edildi: baş keşbi Nikolas Keýj ýerine ýetirýär
Esquire neşiri «Spider-Noir» («Möý-Nuar») serialyndan ilkinji suratlary çap etdi. Sekiz bölümden ybarat bolan birinji möwsüm şu ýylyň baharynda Prime Video platformasynda görkezilip başlanar (anyk senesi heniz belli däl)
12.02.2026 08:44
12k+
Türkmenabatda 1-nji sentýabrda mugallymçylyk institutynyň täze okuw toplumy açylar
Türkmenabat şäherinde Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň täze binalar toplumynyň gurluşygy tamamlanýar. Desgany täze okuw täze ýylynyň başyna — sentýabr aýynda ulanmaga bermek meýilleşdirilýär
12.02.2026 08:40
6k+
Türkmenistanyň ilçisi Tailandyň Patyşasyna ynanç hatlaryny gowşurdy
10-njy fewralda Bangkok şäherinde Tailand Patyşasynyň Köşgünde (Amphorn Royal Palace) Türkmenistanyň Tailand Patyşalygyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi (oturýan ýeri Kuala-Lumpur şäheri) M. Maşalow Tailandyň Patyşasy Maha Wajiralongkorna ynanç hatlaryny gowşurdy
12.02.2026 04:29
6.8k+
Bu kurort şäherlerde syýahatçylaryň sany ýerli ilatdan hem artyk
MoneyTransfers hyzmaty dünýäniň iň gür syýahatçylyk ugurlary baradaky täze barlagyny neşir etdi. Express neşiriniň habar bermegine görä, reýtingde birinji ýeri ortaça bir ýerli ýaşaýja 118 syýahatçy düşýän Tailandyň Phuket adasy eýeledi
12.02.2026 04:24
2.2k+
Bred Pittiň gatnaşmagyndaky «F1» filminiň dowamy boljagy tassyklanyldy
Bred Pittiň baş keşbi janlandyran «F1» filminiň sikweli resmi taýdan taýýarlanylyp başlandy. Bu barada blokbasteriň prodýuseri Jerri Brukhaýmer Oskar baýragynyň gowşurylyş dabarasy mynasybetli agşam naharynyň dowamynda BBC gullugyna beren interwýusynda tassyklady we «Biz filmiň dowamynyň üstünde işleýäris» diýip, aýratyn belledi
11.02.2026 21:04
27k+
«Al-Nasr» bir gol tapawut bilen «Arkadag» futbol toparyndan üstün çykdy
AFK-nyň Çempionlar ligasy-2-niň 1/8 finaly tapgyrynyň çäginde geçirilen duşuşykda Türkmenistanyň çempiony «Arkadag» futbol topary Aşgabatda Saud Arabystanynyň «Al-Nasr» klubuny kabul etdi. Paýtagtyň Olimpiýa stadionynda geçirilen oýun 0:1 hasabynda myhmanlaryň ýeňşi bilen tamamlandy
11.02.2026 17:50
5.3k+
«Tottenhem» Tomas Franky baş tälimçi wezipesinden boşatdy
Londonyň «Tottenhem» futbol kluby Tomas Franky baş tälimçi wezipesinden boşatmak barada karar kabul etdi. Bu hakda toparyň metbugat gullugy habar berdi. Daniýaly hünärmen «Tottenheme» 2025-nji ýylyň iýun aýynda gelipdi
11.02.2026 17:26
5.9k+
TikTok, Instagram we Facebook ýetginjekler üçin howpsuzlyk synaglaryndan geçmäge razy boldylar
Häzirkizaman iň iri sosial ulgamlary bolan TikTok, Instagram, Facebook we Snapchat öz platformalarynyň ýetginjekleriň ruhy saglygy üçin näderejede howpsuzdygyny anyklajak garaşsyz barlaglardan meýletin geçmäge razy boldylar
11.02.2026 16:16
12k+
ABŞ-da ýangyn söndüriji doňup galan kölüň üstündäki suguny bagryna basyp halas etdi
ABŞ-nyň Waşington ştatyndaky doňan kölleriň birinde edil kinodaky dartgynly pursatlary ýatladýan waka bolup geçdi. Stiwens okrugynyň Lun-Leýk kölüniň ýuka buzunyň üstüne münen sugunyň aýaklary taýgançak ýere ýelmeşip galýar
11.02.2026 16:02
7.2k+
9 ýaşly polşaly oglanjyk Rubigiň kubigini 2 sekuntda ýygnady
2,766 sekunt — Polşanyň Gdansk şäherinde geçirilen Gdansk Speedcubing League ýaryşynda dokuz ýaşly Teodor Zaýdere Rubigiň kubigini tiz ýygnamak boýunça täze dünýä rekordyny goýmak üçin bary-ýogy şujagaz wagt gerek boldy
11.02.2026 15:33
3.2k+
Universal täze «Mumiýada» Brendan Freýzeri we Reýçel Waýsy gaýtaryp getirýär: film 2028-nji ýylda çykar
Universal Pictures studiýasy Brendan Freýzeriň we Reýçel Waýsyň gatnaşmagynda «Mumiýa» franşizasynyň dördünji bölüminiň surata düşüriljekdigini resmi taýdan yglan etdi. Bu barada The Hollywood Reporter neşiri habar berýär
11.02.2026 15:11
4.1k+
Türkmenistanyň ýaş robot tehnikaçylary Dubaýda geçiriljek IWISE Global Final bäsleşigine gatnaşar
2026-njy ýylyň 14-16-njy fewraly aralygynda Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde IWISE (International World Innovative Student Exhibition) halkara bäsleşiginiň final tapgyry geçiriler. Bu abraýly oýlap tapyşlar bäsleşigine Türkmenistandan zehinli mekdep okuwçylarynyň 12-si gatnaşar
11.02.2026 14:50
4.9k+
Hytaýda 1100-den gowrak toparyň gatnaşmagynda dünýäde iň uly «kwiddiç» ýaryşy geçirildi
Hytaýyň Çendu şäherinde dron futboly boýunça Ablefly milli çempionatynyň final tapgyry tamamlandy. 7-9-njy fewral aralygynda howa menziliniň Halkara maslahat merkezinde geçirilen bu ýaryş öz gerimi boýunça dünýäde iň uly ýaryş boldy
11.02.2026 14:40
9.2k+
Ýaponiýanyň asmanynda lowurdap uçup barýan otly şar göründi
Ýaponiýanyň merkezi sebitleriniň asmanynda örän ýiti we lowurdap duran otly şar göründi. Şaýatlaryň köpüsi bu pursady kameralaryna düşürip ýetişdiler. Bu geň waka baradaky maglumatlar ýapon sosial ulgamlarynda derrew ýaýrady we iň köp pikir alşylýan temalaryň birine öwrüldi
11.02.2026 13:57
4.7k+
Jastin Biber NFT maýa goýumlarynda 1 million dollardan gowrak pul ýitirdi
Meşhur amerikan aýdymçysy Jastin Biber «Bored Ape Yacht Club» (BAYC) kolleksiýasyndan bolan NFT-lere maýa goýup, 1 million dollardan gowrak serişdesini ýitirdi. Bu barada Happy Coin News neşiri habar berýär. 2022-nji ýylyň ýanwar aýynda «Bored Ape #3001» atly NFT üçin aýdymçy 500 efirium (ETH) sarp edipdi
11.02.2026 13:11
1.4k+
Türkmenistanyň DIM-inde BSGG-niň wekili bilen wideoaragatnaşyk arkaly duşuşyk geçirildi
2026-njy ýylyň 10-njy fewralynda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa BSGG-niň Aşgabatdaky Ýurt boýunça edarasynyň ýolbaşçysy Ýegor Zaýsew we Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty ministriniň orunbasary Azat Öwezow bilen wideoaragatnaşyk arkaly duşuşyk geçirdi
11.02.2026 13:09
9k+
Türkmenistanyň Baş konsuly Owganystanyň Balh welaýatynyň häkimi bilen duşuşdy
2026-njy ýylyň 9-njy fewralynda Türkmenistanyň Owganystandaky Baş konsuly B. Kabaýew (Mazary-Şarif şäheri) Owganystanyň Balh welaýatynyň häkimi Mohammad Ýusuf Wafa bilen duşuşdy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň metbugat gullugy habar berdi
11.02.2026 12:45
3.4k+
Dmitriý Şlapaçenko we Narine Saakýan Türkmenistanyň ýubileý medallary bilen sylaglandy
10-njy fewralda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde ýurduň Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli döwlet sylaglaryny gowşurmak dabarasy boldy. Halkara guramalarynyň wekillerine «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medaly gowşuryldy
11.02.2026 11:54
26k+
«Al-Nasr» Aşgabada geldi: Ronaldu we beýleki ýyldyzlar düzümde ýok
Saud Arabystanynyň «Al-Nasr» futbol kluby sişenbe güni agşam Aşgabada geldi we dabaraly garşy alyndy. Çarşenbe güni saud kluby AFK-nyň Çempionlar ligasy-2-niň 1/8 finalynyň ilkinji duşuşygynda «Arkadag» toparyna garşy meýdança çykar
11.02.2026 11:52
5.6k+
Serdar Berdimuhamedow Eýrany milli baýramy bilen gutlady
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Masud Pezeşkiana we ýurduň halkyna milli baýram — Ynkylap güni mynasybetli gutlag hatyny ýollady. Bu barada TDH habar berýär
11.02.2026 11:51
3.1k+
Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýe Respublikasynyň söwda ministrini kabul etdi
Prezident Serdar Berdimuhamedow ýurda sapar bilen gelen Türkiýe Respublikasynyň söwda ministri Ömer Bolaty kabul etdi. Duşuşygyň başynda myhman Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň Türkmenistanyň Prezidentine we Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi diýip, TDH habar berýär
11.02.2026 11:25
8k+
Täze eýýam: Toyota Highlander 2027 dolulygyna elektrik görnüşe geçdi
Toyota meşhur Highlander modeliniň 2027-nji ýyl üçin niýetlenen täze neslini tanyşdyrdy. Bu gezek Toyota düýpli ädim ädip, Highlander-iň benzinli we gibrid wersiýalaryndan doly ýüz öwürdi we ony diňe elektrikli (BEV) model hökmünde hödürledi
11.02.2026 10:34
4.4k+
«Karib deňziniň garakçylary» Margo Robbi we täze gahrymanlar bilen dolanýar
Disney dünýä belli «Karib deňziniň garakçylary» filminiň dowamyny surata düşürmäge taýýarlanýar we ony ýakyn wagtda amala aşyrmaly esasy täze taslamalaryň hatarynda görýär. Bu barada studiýanyň öz çeşmelerine salgylanyp, tanymal insaýder Jeff Snaýder habar berdi
11.02.2026 10:07
2.1k+
Toyota awtoulag multimedia ulgamlary üçin hususy oýun hereketlendirijisini hödürledi
Toyota kompaniýasy awtoulaglaryň multimediýa ulgamlary üçin ýöriteleşdirilen Fluorite atly hususy oýun hereketlendirijisini işläp düzmäge başlady. Bu taslama Toyota-nyň sanly hyzmatlar we interfeýsler üçin jogapkär bölümi bolan Toyota Connected North America tarapyndan amala aşyrylýar
11.02.2026 09:54
2.1k+
MrBeast Z we Alfa nesilleri üçin niýetlenen bank goşundysyny satyn aldy
Dünýäniň iň meşhur ýutubçysy Jimmi "MrBeast" Donaldsonyň eýeçiligindäki Beast Industries kompaniýasy ýetginjeklere we ýaşlara hyzmat edýän Step bank goşundysyny satyn alandygyny resmi taýdan yglan etdi. Bu ylalaşyk Donaldsonyň şahsy maliýe serişdelerine we maýa goýumlaryna bagyşlanan täze YouTube kanalyny açmagynyň yzýanyndan baglaşyldy
«
1
…
102
103
104
…
1118
»
«
1
…
99
100
101
102
103
104
105
106
107
…
1118
»
Copyright © 2026
TMCARS News
. All rights reserved.